17:56 Gybatçy aýallar | |
GYBATÇY AÝALLAR
Goşgular
Başy birigende iki aýalyñ, Arasynda dürli-dümen gep bolar. Bazardyr goşulsa üçünji aýal, Gulaklary şañladylan köp bolar. Gybatyn ederler ýakynyñ-ýadyñ, Peşe dek aýbyny ederler pil dek. Ilde bolan ýagşy-ýaman habary, Bir-birinden garbap alarlar pul dek. Eger biri-birin öwmeli bolsa, Ýaýdanyşyp durmaz gözläp iç-daşyn. "Bir erkegi güýmär basan yzyñam!" Diýip, magtap başlar her kim boýdaşyn. Gelşiksiziñ puduryny öwerler, Arryjak aýalyñ inçejik bilin. Semiziñ sallamly göwsün öwerler, Gysganyñ sagrysyn, uzynyñ halyn... Şeýleräkdir göwne degmelem bolsa, At dakarlar ogul-gyza, ärine. Garalap çykarlar ýedi pyşdyny, Zäher pürküp bu dünýäde baryna. Heleýleşip, heleýlere goşulyp, Käbir telpekli-de ýortar-da gider. ...Şeýdip, erkekleriñ gowşagy bilen, Aýallaryñ sany artar-da gider. Nazly TUWAKGYLYJOW. | |
|
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |