13:34 Sowuk kejebe | |
SOWUK KEJEBE
Goşgular
Owgan urşuna gatnaşan, zapasdaky esgeriñ haýyşy boýunça ýazylan elegiýa. Gulluk etmeli bolduk, Mundan baryp Owgana. Ah, şol Owgan uruşy Başym goýdy gowgaýa. Daglykdan çykan gülle, Degip, aldy Toýçyny. Näletledim göklügne, Gülw gyrkan gaýçyny. Ene-atañ yhlasy, Ýetişmedi dadyna. Dostumyñ gany siñdi, Şum ajalyn adyna. Heseliñ söýgüsi-de Çyrlak bolup çyrlady. Gaýa güwläp gaýdansoñ, Dagda gaplañ arlady. * * * ...Ak kejebe guruldy, "ZIL" maşynyñ üstüne. Ýaýramady jañ sesi, Ýeriñ belent-pestine. Adamlar müýnli ýaly, Zenanlar geýdi gara. Gözýaş bolup ýürekleñ, Awusy damýar ýere. Meniñ ýüregmi ezip, Ene bwter aglaýar. Ak tutynyñ pürçügi, Gözýaş degip galgaýar. * * * Açyp alçak ýüregni, Ak hat alyşan gözel, Ýetmek üçin wysala, Kän-kän garaşan gözel. Algyr guşun aldyryp, Özün goýberdi ýere. Gözýaşlara öwrül-de, Ere ýüregim, ere! * * * Gyz münmeli kejebä, Mündürdiler Toýçyny. Bakylygyñ goýnuna, Gönderdiler Toýçyny. Jansyz, sowuk kejebe, Hiç gözümden gitmeýär. Her pürçügi bir gülle, Ýarasy hiç bitmeýär. Toýçyñ ene-atasy, Her görende garamy, Menden dostumy gözläp, Gozgaýarlar ýaramy. Heselden-de gaçýaryn, Toýçy düşüp ýadyma. Gyş-da ýaşa gark bolýar, Meni gören badyna. Ah, Owgan, Owgan, Owgan, Ne güne goýdy gowgañ! 1996. Nazly TUWAKGYLYJOW. | |
|
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||