22:11 Ýaş gitdi | |
ÝAŞ GITDI
Goşgular
Bilmeýärdim oglanlykda, ýaşlykda, Bu gün diýýän böküp-böküp: "Ýaş gitdi". Howlugýardym uruş wagty, açlykda, Boş saçaga bakyp-bakyp, Ýaş gitdi. Çybyk atdan böküp mündüm taýa men, Çapyksuwar bolup gitdim toýa men. Kä gyz maña garaýardy ölemen, Gözün-gaşyn kakyp-kakyp, Ýaş gitdi. Atýüwrük çalan dek aýaklaryna, Gözüm gidýär Wagtyñ ýüwrükligine! Burnumyñ teýine, eñeklerime Murtdur sakal ekip-ekip, Ýaş gitdi. Aşyk boldum gara göze, gaşlara, (Şonuñ üçin geñ galamok ýaşlara) Siñip dodaklara, hünji dişlere, Ýüregimi ýakyp-ýakyp, Ýaş gitdi. Söýginiñ öñünde çökdüm men dyza, Dünýäni eçildim garagöz gyza. Men öñe howlukdym, Aý, ýyllar yza, Derýa kimin akyp-akyp, Ýaş gitdi. Sepilen tohum dek azal yzyna, Boý berip körpeje ogul-gyzyma. Ýyl-ýyldan agyr ýük urup özüme, "Burnugymdan" çekip-çekip, Ýaş gitdi. Etjek işim kändi, bitmedi ýary, (Geleñsizlik - senden almaly ary). Şar gara saçyma ap-akja Gary, Habar etmän, sepip-sepip, Ýaş gitdi. Ýyl-ýyldan azalyp deñi-duşlarym, Galypdyryn arasynda ýaşlaryñ Ýeke, iki galan kütek dişlerim, Ötgürini kakyp-kakyp, Ýaş gitdi. Indi oýlanýaryn her bir ädimde: Ikinji ömür ýok hiç bir adamda, Adym galsa Adamlaryñ ýadynda, Diýmerin men çöküp-çöküp: "Ýaş gitdi!" Nazly TUWAKGYLYJOW. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |