00:26 Gymmatly taryhy-edebi çeşme | |
GYMMATLY TARYHY-EDEBI ÇEŞME
Edebi makalalar
Bäş müň ýyllyk taryhy bolan, nijeme şöhratly soltanlary jahana peşgeş beren we ençeme akyldarlardyr danalary kemala getiren türkmen topragy Garaşsyzlyk almagy bilen, bu gün dünýäniň iň bir gülläp ösen ýurtlarynyň hataryna goşuldy. Garaşsyz hem Baky Bitarap Diýarymyzda ähli ugurlarda asyrlara barabar işler alnyp barylýar. Eziz Türkmenistan Diýarymyz diňe bir ykdysadyýetde däl, eýsem ylymda, medeniýetde hem uly ösüşler gazanýar. Saparmyrat Türkmenbaşy Ruhnama kitabynda türkmenleriň guran döwletlerini we halkynyň döreden medeni gymmatlyklaryny öwrenmek barada şeýle diýýär: «Mähriban halkym! Türkmen halkynyň taryhy ýoly şanly, göreşli ýoldur. Bu ýol bizi garaşsyzlyga getiren ýoldur. Bu ýol bizi altyn ýaşaýşa ruhlandyran ýoldur! Men ata-babalarymyzyň geçen ýoluna gysgaça ünsüňizi çekdim. «Geljekde biz ata-ba-balarymyzyň geçen ýoluny, guran döwletleriniň taryhyny düýpli öwrenmelidiris. Taryh biziň üçin iň gymmatly ter-biýe mekdebidir. Bize täsin taryhy gymmatlyklarymyzy öwrenmek, ruhy dünýämizi mundan hem baýlaşdyrmak bag¬ty garaşýar». Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolandan soň, Beýik Serdarymyzyň gönüden-göni ýolbaşçylygynda taryhymyzy dürs öwrenmäge, edebi mirasymyzy dikeltmäge giň ýol açyldy. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň atalyk aladasy netijesinde 2004-nji ýylyň Baýdak aýynda Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi açyldy. Bu merkezde ata-babalarymyzyň bize galdyran ylmy mirasyny we genji-hazynalaryny öwrenip, halk köpçüligine ýetirmekde netijeli işler ýola goýuldy. Şeýle genji-hazynalaryň we baý edebi miraslaryň biri-de Hindistanda höküm süren beýik türkmen soltanlarynyň köşgünde terbiýelenen Sedideddin Muhammet ibn Muhammet Awfynyň «Hekaýatlar ýygyndysy» atly eseridir. Ýazaryň doly ady Muhammet ibn Muhammet Awfy, lakamy Sedideddin. Awfy hakda «Tejäribus-selef», «Nüzhetul-kulub, «Taryhy Güzide» we «Keşfuz- zunun» ýaly eserlerde dürli maglumatlar getirilipdir. Ol Buharada, takmynan, 1171-1175-nji ýyllar arasynda dünýä inýär we 1240-1250-nji ýyllar aralygynda dünýäden ötýär. Muhammet Awfy Muhammet pygamberiň meşhur saha-ba¬laryndan bolan Abdyrahman ibn Awfyň neslindendir. Aw-fynyň kakasy Merwde kazy bolupdyr, onuň atasy hem bu ülkede kazy hem meşhur hadysçy alym bolupdyr. Onuň daýysy tanymal alym Şerefuzzaman Mejdeddin bolsa Garahanly döwletiniň hökümdary Gylyç Tamgaç hanyň kätibi eken. Awfy dogduk mekanynda ylym-bilim alyp kämilleşensoň, dürli ýurtlara ylmy saparlara gidip başlaýar we Mawerannahryň köp şäherlerine, Horasana, Hindistana, Samarkanda, Horezme, Merwe, Nyşapura, Hyrata, Sistana, Gaznyna we Delä syýahat edýär. Ol özüniň bu ylmy syýahaty mahaly wagyz-nesihat işleri bilen hem meşgullanypdyr, patyşalardyr emirleriň köşklerinde-de bolupdyr. Ol tä soltan Muhammet Horezmşanyň döwrüniň ahyrlaryna çenli Horasanda we Mawerannahrda bolupdyr. Birnäçe wagt daýysy Şerefuzzamanyň hemaýaty bilen Mawerannahryň garahanlylar nesilşalygynyň günbatar şahasynyň iň soňky patyşasy soltan Gylyç Arslan Nusrateddin Osmanyň (takmynan 1211-1220-njy ýyllar) köşgünde diwanbaşy bolup işläpdir. Soňra ol mongol goşunynyň hüjüminden gaçyp, gurly emirlerinden bolan Nasyreddin Gubajanyň (1225 ý.) hyzmatyna barýar we onuň weziri Aýnylmelik Fahreddin Hüseýine bagyşlap, özüniň «Naýbaşylaryň naýbaşysy» eserini ýazýar. Soňra patyşanyň permany bilen «Hekaýatlar ýygyn¬dy¬sy» eserini ýazyp başlaýar. Nasyreddin Gubaja wepat bolansoň, Gurly patyşalaryndan bolan we Delidäki Şemsiýe soltanlygyny esaslandyran soltan Şemseddin Iltutmuşyň hyzmatynda bolýar. Iltutmüş gypjak türkmenleriniň börüli kabylasyndan bo-lup, onuň kakasyna Aýlam han diýipdirler. Ol söwdagärlik ni-ýe¬ti bilen ilki Buhara, soňra Gazna sapar edýär we 1196-njy ýylda Güjeratdan dolanan mahaly Aýbeg soltan edermenligi üçin ony goşuna gulluga alýar. Ol Iltutmuşa uly derejeleri we wezipeleri berýär. Şeýdip Şemseddin diýlip at berlen bu soltan ýigrimi bäş ýyllap Deli soltanlygyny dolandyrýar. Mertebesi belent Serdarymyzyň: «Hindistan — türkmen halkynyň taryhynyň bir ülşi. Hindi topragynda türkmeniň men-men diýen ärleri ýatyr. Hindi topragynda türkmen halkynyň gahrymançylyk, mertlik yzlary ýatyr» diýip belleýşi ýaly, Hindistan topragynda ýatan türkmeniň men-men diýen ärleriniň biri bolan soltan Şemseddin Iltutmuş ilki Täjeddin Ýyldyzyň goşunyny 1216-njy ýylda ýeňýär. Soňra Deli tagtynyň dawasyny edýän Multanyň häkimi Nasyreddin Gubaja bilen çaknyşýar we 1217-nji ýylda ol Iltutmuşa boýun egýär. Iltutmüş 1228-nji ýylda Gubajany doly boýun etmek üçin, onuň üstüne ýöriş edýär we ony üç aýlap gabawa alansoň, ahyry Gubaja ýaraşyk teklip edýär. Şondan soň köp wagt geçmänkä Gubaja wepat bolýar we Uç, Sint we Multan etraplaryndaky ähli mülkler Deli soltanlygyna geçýär. Iltutmuş Halajy soltany Gyýaseddiniň hüjümine garşy çykyp, 1227-nji ýylda ony jezalandyrýar. Iltutmüş mundan başga-da hindileriň köp galalaryny basyp alypdyr. Ol 1236-njy ýylda Delide ýarawsyzlyk sebäpli aradan çykypdyr. Taryhçylaryň köpüsi ony alçak göwünli, ýagşylygy söýen, älemi birleşdiriji we adyl şa diýip häsiýetlendiripdirler. Hakykatdanam, ol türkmen hökümdarlarynyň köpüsiniň dakan Şemseddin (diniň güneşi) lakamyny doly ödäpdir we oňa mynasyp adam bolupdyr. Awfy onuň weziri Nyzamulmülk Muhammet ibn Abu Sagt Jüneýdä bagyşlap «Hekaýatlar ýygyndysy» eserini ýazýar. Netijede, bu uly ýygyndy, has takygy, ensiklopediýa eseri peýda bolýar. Şeýlelikde, XIII asyryň başlarynda uruşlaryň tutaşyp, pitneleriň joşan döwründe Gurly patyşa Nasyreddin Gubajanyň ornaşan galasynyň ýerleşýän ýeri bolan Bekr obasynda Muhammet Awfy meşhur akyldar we ýazyjy hökmünde özüniň pars dilinde ýazan taryhy, ahlaky eserleri bilen jahana ýaň salýar. Onuň eserleri patyşalardyr han-begleriň, ýagşyzadalardyr serkerdeleriň ömür beýanyndan doly. Ýazar özüniň «Jowamygul-hekaýat we lawamygur-rowaýat» («Hekaýatlaryň ýygyndysy we rowaýatlaryň öwüşgüni») atly bu eserinde özünden öňki döwürde ýazylan taryh we tezkire kitaplaryndan halkyň taryhyna, dinine we medeni durmuşyna degişli baý maglumatlary toplapdyr. Onuň bu eseri gymmatly maglumatlardan, gyzykly hekaýatlardan we täsirli öwüt-ündewlerden doly. Bu kitap jemi ululy kiçili dört bölümden, her bölüm bolsa ýigrimi bäş bapdan durýar. Kitabyň bölümleri şeýle atlandyrylýar: 1-nji bölüm. Patyşalaryň taryhy. 2-nji bölüm. Gözel häsiýetler we ajaýyp ahlaklar. 3-nji bölüm. Ýaramaz häsiýetler. 4-nji bölüm. Dünýädäki geň-taňlyklar we täsin haýwanlar. Olaryň taryha we Muhammet pygamberiň täsin mugjyzalaryna degişli baplary uly göwrümlidir. Biziň okyjylara hödürleýän bu kitabymyz Awfynyň «Hekaýatlaryň ýygyndysy we ro¬waýatlaryň öwüşgini» atly köp jiltlik eseriniň taryhy wakalar bi¬len baglanyşykly birinji bölüminiň dördünji we bäşinji baplary esasynda taýýarlanylan iki jiltlik kitap bolup durýar. Kitabyň täsinliklere we edep-ahlaga degişli baplary diňe birnäçe sahypadan ybarat bolan baplardyr. «Hekaýatlar ýygyndysy» XIII asyryň taryhy, edebi we çeperçilik eserlerinden bolup, soňky ýazyjylar we alymlar bu möhüm çeşmeden yzygiderli peýdalanyp gelipdirler. Alymlaryň köpüsi onuň bu eserini taryplapdyrlar. «Hekaýatlar ýy-gyndysyny» çapa taýýarlan professor Jagfar Şaggaryň aýtmagyna görä, meşhur taryhçy alym Mansur Esfezary Awfynyň ylymda ýeten beýikligi we onuň belli akyldardygy barada aýdyp: «Men ömrümde Sedideddin Awfy ýaly akyldar görmedim» diýýär. Häzirki zaman alymy professor Nyzameddin bolsa Awfynyň «Hekaýatlar ýygyndysy» atly eseri hakynda şeýle ýazýar: «Awfy ylymlaryň mirasdüşeri we olary özünden soňkylara geçirýän belli alymdyr... Bu eser taryhy çeşme hökmünde peýdalanmaga-da mynasypdyr, çünki Muhammet Awfy Sulynyň «El-owrak fi ahbary äli Apbas we eşgarihim» («Apbaslylaryň taryhy we olaryň döwründäki goşgy şiweleri barada ýazgylar») ýa-da Sülläminiň «Kitabut-taryh fi ahbary wulati Hurasan» («Horasan häkimleri barada taryhy kitap») eseri ýaly häzire çenli bize gelip ýetmedik öz döwrüniň ygtybarly çeşmelerinden hem peýdalanypdyr. «Hekaýatlar ýygyndysy» uly göwrümli dürli mowzuklary öz içine alan eser bolup, ol birnäçe bölümlere we baplara bölünýär. Eseriň käbir baplary, ýagny birinji bölümiň dördünji we bäşinji baplary, esasan taryha degişli bolup, dünýäniň döreýşinden tä Beni Apbas halypalygyna çenli döwürdäki wakalary, şol sanda, pişdatlylaryň, kyýanlylaryň, ärsaglylaryň taryhyny, yslam dininiň döremegi, ondan soňky ümewiler we apbaslylar döwrüni öz içine alýar. Ol apbaslylaryň taryhyny tä Mustansyryň halypalygyna (1225-1241 ýyllar) çenli, ýagny öz ömrüniň soňky günlerine çenli yzarlapdyr. Bu eser hut şu nuk¬daýnazardan hem ygtybarly taryhy çeşme hasaplanýar. Elbetde, taryhy maglumatlar diňe şol iki bapda bolman, başga bölümlerde hem duş gelýär. Bu taryhy maglumatlaryň käbiri başga taryhy çeşmelerde bize duş gelmeýär ýa-da edil Muhammet Aw-fynyň beýan edişi ýaly anyk we giňişleýin berilmeýär. Mysal üçin, Mukanna heläk bolandan soň, onuň yzyna eýerýän ak eşiklileriň Mawerannahrda saklanyp galandyklary we onuň ýörelgesiniň haçana çenli dowam edendigi barada «Hududul-älem» kitabynyň ýazary, Biruny we Makdysy dagy giňişleýin maglumat bermän, diňe ýatlap geçýärler. Emma Awfy bu barada anyk we giňişleýin gürrüň berýär. Ol şeýle ýazýar: «Häzirki döwürde Mukanna eýerýänlerden Mawerannahrda bir topar adam bar bolup, olar daýhançylykdyr ekerançylyk bilen meşgullanýarlar. Olara ak eşikliler diýilýär. Olar öz akydalaryny we ynançlaryny gizleýärler. Olaryň hakyky ýörelgeleri barada hiç kim hiç zat bilmeýär». Bu eserde täze ýa-da seýrek duş gelýän maglumatlaryň bolmagy bilen bir hatarda ýazar taryhy wakalary giňden derňäp geçýär. Mysal üçin «Şanamanyň» hekaýatlaryny şol sanda Zalyň Symrug guşuň höwürtgesinde terbiýelenendigi baradaky maglumaty «Bu akyla sygmajak zat» diýip, berk ýazgarýar. Taryhy wakalarda edilen bu bellikler Awfynyň ökde barlagçy, alym we takwa adamdygyny görkezýär. Ol her bir pursatda hak ýoly görkezmekden we ony ündemekden el üzmeýär. Şeýle häsiýetliligi üçin hem ol şunuň ýaly ýüz bapdan ybarat bolan uly göwrümli kitaby ýazmagyň hötdesinden gelipdir. Bu eser şeýle bir giň meşhurlyga ýetipdir welin, ol diňe bir kitap ýazarlarda uly täsir goýman, eýsem Osmanly türkmenleriň soltanlarynyň hem ünsüni özüne çekipdir. Kätip Çelebi «Keşfuz-zunun» atly eserinde Osmanlylaryň döwründe bu eseriň üç gezek türkmençä terjime edilendigini, ýagny ilki Soltan Myrat II tabşyrygy bilen, onuň öz atabegi Ahmet ibn Muhammet Arapşanyň, soňra Möwlana Nejatynyň şazada soltan Muhammet han üçin hem-de Möwla Salyh ibn Jelalyň soltan Baýezit ibn Süleýmana bagyşlap bu kitaby terjime edendiklerini we Muhammet ibn Asgat ibn Abdulla Tusteriniň bu kitabyň gysgaldylan nusgasyny, mundan başga-da soltan Muhammediň şahyrlaryndan bolan Hudabendäniň ony türkmen diline goşga salandygyny belläp geçýär. «Hekaýatlar ýygyndysy» eseri taryhy häsiýete eýe bolmak bilen bir hatarda başga mowzuklarda taryhy hekaýatlardyr wakalary-da beýan etmäge çalyşýar. Bu eserde taryhy maglumatlardan başga-da dürli mowzuklarda şol sanda Muhammet pygamberiň mugjyzalary, täsinlikler, edep-ahlak barada dürli hekaýatlar we rowaýatlar bilen giňişleýin gürrüň edilýär. Muhammet Awfy özüniň bu eserinde öňde agzalan, häzirki döwüre çenli gelip ýetmedik eserlerden başga-da Sagalybynyň «Guraru ahbari mulukil Furs» we «Taryhy muluki ajam» ýaly ygtybarly çeşmelerini ulanypdyr. Bu kitabyň maglumatlaryna görä, onuň Hoja Nyzamul-mül¬kiň «Syýasatnama», Unsurylmagalynyň «Kabusnama» we Zahyr Samarkandynyň «Agrazus-syýasat» atly eserlerinden peý¬dalanandygy hem mälim bolýar. Bu kitap örän çeper dilde ýazylyp, onda meňzetmeler we göçme manyly sözler köp ulanylypdyr. Awfynyň «Hekaýatlar ýygyndysy» atly eserinden başga-da «Lubabul-elbab» («Naýbaşylaryň naýbaşysy») atly eseri bar. Onuň bu eseri iň köne tezkire kitaplardan bolup, «Ýedi yklym» atly eseriň ýazary Emin Ahmet Razy, «Şahyrlaryň bossany» atly eseriň ýazary Wale Dagystany dagylar ondan görelde alyp¬dyrlar. Emma «Naýbaşylaryň naýbaşysy» atly eseriň uly ähmiýetlidigine garamazdan ol «Hekaýatlar ýygyndysy» bilen peýdaly gürrüňleriň köplügi nukdaý nazaryndan deňeşip bilmeýär. «Hekaýatlar ýygyndysy» her hili taryhy, edep-ahlak we jemgyýetçilik baradaky öwüt-nesihatlara ýugrulandyr. Mundan başga-da Muhammet Awfy Abu Aly Tanuhynyň hekaýatlar arkaly ýazylan «El fereju bagdaş-şidde» («Kynçylykdan soňky şatlyk») atly eserini arap dilinden pars diline terjime edipdir. Awfynyň «Naýbaşylaryň naýbaşysy» we «Hekaýatlar ýygyndysy» atly eserlerinden başga-da terjime eden we goşgy görnüşinde ýazan kitaplary hem bolupdyr. Ýöne olar biziň döwrümize gelip ýetmändir. Awfy şahyrana zowkly, talap ediji adam bolupdyr. Ol hatda Muezzi, Zahyr Faraby ýaly meşhur şahyrlaryň şygyrlarynyň ýetmezini görkezer eken. Muhammet Awfynyň «Hekaýatlar ýygyndysy» atly kitabynyň biziň döwrümize onlarça nusgalary gelip ýetipdir. Olardan şu aşakdaky nusgalar has ygtybarly hasaplanýar. 1. Parižiň milli kitaphanasynyň golýazmalary. Bukja belgisi: Ancien Fonds Persan 75. Bu nusga ýazaryň kitaby ýazanyndan takmynan 70 ýyl geçensoň ýazylypdyr. 2. Parižiň milli kitaphanasynyň golýazmalary. Bukja belgisi: Sapplement Persan 95. Doly nusga, haty düşnüksiz. 3. Angliýanyň Britan kitaphanasynyň golýazmalary. Bukja belgisi: Add. 16862. Kämil nusga, haty düşnükli. 4. Angliýanyň Britan kitaphanasynyň golýazmalary. Bukja belgisi: Or. 2676. Doly däl. 5. Angliýanyň Britan kitaphanasynyň golýazmalary. Bukja belgisi: Or. 4392. Doly däl, hatlary düşüniksiz. Biz, okyjylara hödürleniljek bu kitaby çapa taýýarlanymyzda esasan Angliýanyň Britan kitaphanasynda Add.16862 belgili bukjada saklanýan nusgany esas hökmünde ulandyk. Dawut ORAZSÄHEDOW, Türkmenistanyň Milli medeniýet «Miras» merkeziniň uly ylmy işgäri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |