23:09 Habar ber | |
HABAR BER
Goşgular
Däli göwnüm, dönüp yzyň gözlegin, Ne galmagal geçdi başdan, habar ber. Ýalana ýaran ýok, dogry sözlegin, Ýol başladyň nije işden habar ber. Ussa bolduň, teşe tutduň eliňde, Bor-bolgusyz söz aýladyň diliňde, Näme täsin iş görkezdiň iliňde, Dogry dur-da, ilki başdan habar ber. Oglankaň okardyň dürli dessany, Göýä seýil ederdiň bagy-bossany, Sanardyň özüňi yşgyň messany, Aşyk bolsaň, galam-gaşdan habar ber. Ylym okap, haýsy ýola ýollandyň, Sen bir nadan halk içinde bellendiň, Arypmysyň, itden beter aldandyň, Namys etme, Bossantäçden habar ber. «Men Mollanepes» diýp adyň tutarsyň, Il içinde akyllylyk satarsyň, Pikir etgin, nam-nyşansyz ötersiň, Nirde galdy, ýigrim bäşden habar ber. Hiç bir işe ýapyşmadyň jan bilen, Belki, sen sanaldyň gury san bilen, Ters jedelde garşy durup on bilen, Nämä gördüň, şol boluşdan habar ber. Nepes, sen diýmegin, çeper dilim bar, Pylan kesde döwlet ýa-da ylym bar, Her kim bolsun, gutulgysyz ölüm bar, Ajal meýin içhä-içden habar ber. | |
|
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |