23:48 Bu jany gördüm | |
BU JANY GÖRDÜM
Goşgular
Kadyr Alla, bizni ýokdan bar etdi, Jismime ruh saldy, bu jany gördüm. Ab-u ataş, häkden, ýelden ýaratdy, Elestu Rabbiküm – Rahmany gördüm. Gulak goýdum Biribaryň sözüne, Iman ata kyldy, bitdim Özüne, Gudrat bilen indim dünýä ýüzüne, Gözüm açdym, ýagty jahany gördüm. Dahanyn deň açar iki aždarha, Biriniň reňňi ak, birisi syýa, Peý der peý aýlanmyş onki asyýa, Bogazynda mahluk-Hudany gördüm. Myhman içre bolmuş bir ajap şejer, Dört şahasy bardyr müň elwan semer, Onuň her ýapragy şemsu-wel-kamar, Hakyň sungy, gudrat nemany gördüm. Asly peýda bolmuş ýeriň astynda, Pudaklary arşy-sema üstünde, Rozy kylsa mömin guluň destinde, Hazan degmez bagy-bossany gördüm. Aýalyny talak kylyp, bir bende, Enesine zyna kylmyş her günde, Gardaşyn öldürmiş, gany boýnunda, Hakyň söwer dosty – jenany gördüm. Ol niçik janawer otuz müň başy, Otuz otuz müňdür agzy, dilhoşy, Onuň her agzynda otuz müň dişi, Dört aýakly mary-syýany gördüm. Dünýäniň zowkydyr, bende matlaby, Ajal käsesinde adamyň lebi, Jahany tutmuşdyr zulmatyň şebi, Içinde bir röwşen nyşany gördüm. Wujudym jem olup gelmiş bir taýdan, Ýüz on dört derweze şähri-Saraýdan, Ýaý kimin tartylyp, atyldym ýaýdan, Syjjyn atly betboý mekany gördüm. Nepes diýer beýan etdim bu sözi, Bir zerre gudratdyr jahanyň ýüzi, Rahymdyr, Rahmandyr, Kerimbagş Özi, Bagş eýledi nury-imany gördüm. | |
|
√ Garrylyk bazary / Goşgular - 24.05.2024 |
√ Päliýamanlar / Goşgular - 20.05.2024 |
√ Şygyrdaky yşkym / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Ýadyňdamy, ajalyň?! / Goşgular - 19.07.2024 |
√ Oýnam setirler / Goşgular - 08.06.2024 |
√ Baýar bagşa / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Sen nebisiň ýörtünden / Goşgular - 16.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |