22:27 Duş bolar | |
DUŞ BOLAR
Goşgular
Adamzat bir guwwas, dünýä bir derýa, Dünýä gelen bu derýaga duş bolar; Kimler hasyl eýlär göwher imany, Kimsäniñ ýygdygy gara daş bolar. Ömrüñi geçir sen haý bilen hoýda, Saýýat yzyñ yzlar gapyl sen öýde, Ahyret ýaragyñ kylmadyñ peýda, Magşar güni gözüñ ganly ýaş bolar. Dünýäniñ hyrsyndan öte bilmes sen, Tutdum diýp dünýäni tuta bilmes sen, Günähe ýüklendiñ, ýete bilmes sen, Maksatly jaýyña menzil duş bolar. Dünýäni dost tutmak külli zyýandyr, Aşnadan daş salar, mekri aýandyr, Dünýe maly magşar içýan-ýylandyr, Mary-geždum niçik garyndaş bolar. Akyl bolan gözlär barar jaýyna, Bakmazlar dünýäniñ gün-u-aýyna, Muhannesler gider nebsiñ raýyna, Çyn adam nebs bile dert-talaş bolar. Haka bendelik kyl muhaýýyr ýerde, Şermende bolup ömrüñ ötürme şerde, Görer başyñ ýalñyz garañky görde, Duşmanyñ müñ bolar, dostuñ bäş bolar. Nepes diýr, bibaka jahan ragnasy, Dünýä magrur bolup gezmegin asy, Mümine joş eýlär rehmet derýasy, Müñküre zäher-ab zakgun aş bolar. Mollanepes. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |