00:31 Bu mekana gelmişem | |
BU MEKANA GELMIŞEM
Goşgular
Eý göwnümde hoşgähim, ajap Gurhanym sen-sen, Iki jahan çyragym, dinim-imanym sen-sen, Yşk ähliniň soltany, gaşy kemanym sen-sen, Ýas günümiň horramy, göwni handanym sen-sen, Köýen bagrym ataşy, Yşk kärimiň syrdaşy, Sal rehim nazaryň, men hijrana gelmişem. Ajap sünbül saçlaryň, yşk darynyň bagydyr, Göwnüm üstünde çöken Perhat ýykan dagydyr, Bendi reýhan üstünde jyda ülke zagydyr, Andalybym telmuryp, pyragyň tussagydyr, Kapas içinde daýym Ötürip günüm-aýym, Aryz eýläp, ýüz tutup, sen soltana gelmişem. Goýnuň buýy saçylyp, bihuş eýläp ýandyrar, Müjgän okuň ötgürdir, huna kuýaş gandyrar, Suýy-asman tawusyn, zary bilen gondurar, Yşkyň ýüki agyrdyr, ejiz bilim syndyrar, Men tapmadym pälwany, Harç edip hanymany, Geda galyp yşkyda, men yhsana gelmişem. Ömür gysga, ol Huda eýläp ermiş permanyn, Perman gazap donunda bilmez ýagşy-ýamanyň, Ynsanlara aňdyrmaz tartan ahy-pyganyň, Jyda ody ýakypdyr, Zemzem çeşme dahanyň, Ýalňyz goýup dendany, Weýran eýläp zybany, Nähoş gulam süýrenip, ol emire gelmişem. Diýdi Möwlam: «Ezraýyl, ol dilberiň janyn al, Bir çybyndan dert berip, goýgul serine zowal, Diýgil Lukman hekime: «Kylmaň derdine amal», Kaza dolan çagynda zarlar beýtil bir mahal, Behişt rowana bolsun, Jeset zemine galsyn. Lämekanyň içinde, men permana gelmişem». Wah, bihabar dilber-ä, şana urup sünbüle, Ferdows zünnaryn guşap, serwi kamaty bile, Gabaklary gül desse, azm urup bilbile, Seýrana meşgul bolup, barar bagy-mejhula, Hasyl boldy Ezraýyl, Ýaryň boýuna kaýyl Bolup, aklyn ýitirip, diýr: «Amana gelmişem». Mejnun bolup Ezraýyl, gadam urup lämekan, Çöli-Kerbelada duşdy, Hydyr alaýhyssalam, Diýdi peýker hassesi: «Bu derdime kyl derman, Men almaz men janyny, gaýta öz janym gurban», Diýer: «Aklym ýitirdim, Haka pygan getirdim, Yşk toruna baglanyp, matamhana gelmişem». Hydyr gezip beýewan, sataşypdyr ýaryma, Akyl-huşun ýitirip, gol uzatmyş naryma, Pyrkat ýeli öwüsip, degipdir ýapragyma, Roýun sürtüp aglaýyr, ol paýy-topragyma, Diýer: «Köýen guluň men, Umman içre salyň men, Gaýry kärim ýok diýip, men janana gelmişem». Guwwas ummany ýüzüp, duçar bolup salyna, Telwas eýläp ýüregi, çykypdyr ýar ýoluna, Aşna serwi boýuna, bendi bolup halyna, Umman ýakudyn berip, ol peri jemalyna, Geda misgin bolupdyr, Yşka bendi galypdyr. Diýer: «Hakyň alnynda men usýana gelmişem». Ybrahym nar içinde yşkyna bolup hemdem, Bir taryna baglanyp, bent galypdyr dembe-dem, Tün-gijesin gark eýläp, gülzara dönüp älem. Ol reýhanyň şöhlesi bark urup baga her çem Nurun saçyp asmana, Yşyk berip jahana, Namut ýalan dünýäden, merdut jahana gelmişem. Aşyklaryň soltany Ýusup görüp ýüzüni, Züleýhany unudar, ýaşa baglap gözüni, Mejnuna ogşap şol dem, nara urup özüni, Wasp eýlär ýar jemalyn, peşgeş eýläp sözüni, Hakdan jyda düşüpdir, Yşk oduna bişipdir, Diýer: «Derde derman ýok, men Lukmana gelmişem». Bulkus gahry gazapda, Süleýmany isteýip, Yşkdan dertli ýaryna, ol dermany isteýip, Behişt jaýyn agtarar, huramany isteýip, Tapabilmez hiç ýerden, ol Lukmany isteýip, Lukman ýaryň gaşynda Perwaz urup daşynda, Diýer: «Özüm dertliýem, bir dermana gelmişem». Dawut geçip perzentden, diýer: «Geldim gaşyňa, Maly-mülküm, imanym gurban seniň başyňa, Nuhuň ömrün istärin, ajap gözel ýaşyňa, Güzideler akyly bakna bolsun huşyňa, Tagty-Süleýman seniň, Bu belent mekan seniň, Galyp munda binowa, men diwana gelmişem». Ýakup muştak roýuňa, aglaýyp ol hary-zar, Her dem tartyp derdini, daýym galmyş bikarar, Külli älemden ötüp, diýer: «Görkezgil didar, Bir taryňa baglanyp, serwi boýa intizar, Galyp, girmeýen baga Perhat dek çykyp daga, Mejnun sazyny çalyp, dag-nahana gelmişem». Käkillerin şanalap, tel-tel eýläp döküpdir, Garçgaý guş dek daranyp, beýewana çykypdyr, Mahweş eýläp gülleri, hoş roý bilen bakypdyr, Arzyn aýdyp Süleýman, ýar alnynda çöküpdir, Diýer: «Yşkyňda ýandym, Maly-mülkümden döndüm, Hakdan menin arzuwym sen ragnaýa gelmişem». Lebi lagl, zybany asal-şekere meňzär, Barmaklary kümüşden, Jepbar çepere meňzär, Mürçe miýan, boýlary serwi şejere meňzär, Çyksa bulutdan aýym, dilim çykara meňzär. Arzy budur Isanyň, Alnynda gör soltanyň, Diýer: «Yşkyňa gyzyp, men perwana gelmişem». Köllerge nazar salsam, oýun kylar gazlary, Meýlishana içinde, gulluk eýlär gyzlary, Ýedi pelege çykar, her dem tutan sazlary, Käpiri kylar mömin, ýaryň yşky-näzleri, Mäti gelip nyşana, Düşüp haly zebuna, «Beýtil-ahzandan çykyp—diýr—messana gelmişem». Ylýas onda sataşyp, dilber golunda bada, Yşk derýasy joş urup, derdi artyp zyýada, Serhoş bolup zar eýläp, diýer: «Ýetir myrada», Asman lerzana gelip, Ylýas çeken perýada, Zemin eýläpdir jünbüş, Diýer «Alla, nedir iş, Ýa-ki halym elwandan ser jöwlana gelmişem». Aşyk olmuş bir bakyp, oňa Eýýup pygamber, Tenin äşýana eýläp, gurtlar kylar serbeser, «Huw-hak!» – diýip tolgunyp, yşk oduna derbe-der, Ol yşk bilen bu dowzah, walla, bolup münewwer, Behişt halyna dönmüş, Barça ejizler dynmyş, Diýer halas bolanlar: «Gör, handana gelmişem». Üç ýüz altmyş erenler göçüp geler ýurdundan, Ýüzlerine sylarlar ýaryň paýy-gerdinden, Danalykny unudyp «hüw» tartyp yşk derdinden, Pena isläp zarlarlar, Mejnun – yşkyň merdinden, Ýar gaşynda sargaryp, Ýetim dek boýun burup, Diýrler: «Yşkyň soltany, bir aý husna gelmişem». Perişdeler jeň gurar, istäp ajap nahaly, Ýar oturmyş äsgermän, ýüze tartyp desmaly, Bulutlardan çykar aý, degse bahar şemaly, Köwkeplere yşk berer, ýaryň gözel jemaly, Perişdeler perwana, Düşüp ataş ryzwana, Hoş bolup bu gününe, diýr: «Erkana gelmişem». Omar zaryn getirer, serwige degip ýeller, Diýer ýarym: «Eşitmen, bu ne biasal diller», Boý-gerdenin tutupdyr, syýa sünbül käkiller, Iki aždar astynda, galyp ol mürçe biller, Bolup jülge gaýasy, Syna düşüp saýasy, Messana kylyp jahan, zerefşana gelmişem. Osman aýdar dilbere: «Dünýä görki bar sende», Diýer ýarym näz bilen: «sahyp jemal bar mende», «Görkez maňa ýüzüňi, janym simapdyr tende», Diýer ýarym: «Ol göwher daýym oturmyş günde», Aýdar Osman: «Yrakdyr, Kelemeler pyrakdyr, Adalatly soltan sen, sahypkyrana gelmişem». Weýselkara aýdadyr: «Aşnalykdyr hyýalym», «Hindi beçeler ýüzde». Ýarym diýedir: «Halym», «Ajap gerdenmi, nedir?» Dilber diýedir: «Golum», Diýer: «Ne şeker dahan?» Ýar aýdar: «Yşk asalym», Weýsel: «Zybanym geldi, Dile dessanym geldi, Haka aýdyp almadym, men dendana gelmişem». Bagyş eýläp dessanyn, hyzmat kylar Ýasawy, Bir dem salmaz nazaryn ýarym göwni mesawy, Intifaýat golunda berse dertlige dawy, Tuýurlar äşýana gonup, saýýatlar kylyp awy, Beýhuşlar tutup humaý, Karun bolup Hatam Taý, Malyn berip misgine diýr: «Puşmana gelmişem». Diýer Möwlam: «Jebraýyl, ne hadysa jahanda? Pygamberler ataşly, barça ähli pyganda, Bent galypdyr dowzahym, ferdows hasyl messanda, Ne ajaýyp suratdyr, şemsi-kamar dumanda? Aýan kylyň bu işi, Artar älem teşwüşi, Diýer: «Serim çykmaýar, men haýrana gelmişem». Jebraýyl nazar salsa, gapyl oturmyş Osman, Beýhuş ýerde deprener Hydyr, Ylýas, Süleýman. Ýusup, Eýýup, erenler, Ýakup, Dawut hem Lukman, Weýs, Ahmet Ýasawy, Ybraýym tartyp arman, Isa haryn unudyp, Bir dilberi ýat edip, Diýrler: «Yşk ýandyrdy, Hak, lerzana gelmişem». Yşky joşup Eminiň dilbere salyp nazar, Ygtyýaryn aldyryp, tartar boldy ahy-zar, Ýowuz galdy Rahman, bilmeý ne gelmez habar, Görse Jebraýyl onda, yşkyň naryna ýanar, Hak galypdyr haýrana, Perişdeler perwana, Ýar gaşynda oturyp, diýr: «Suzana gelmişem». Diýer Murtuza pirim: «Gör jahanyň hadysyn», Zülpükaryň astynda bilmez sen a: my-hasyn, Ne näletli alamat, pygamber yşk höwesin, Alyp jyda bolupdyr, goýup diniň namysyn, Kimdir bu hala goýan? Kylgyn bu işi aýan, Ýowuzlykda oturyp, men zebuna gelmişem». Çykdy öýden daşary, şugla salyp äleme, Aly haly zebundyr, yşky ýetip kelama, Diýer: «Ulus gelmesin, meniň tartan nalama, Şugla berer ol peýker, walla, mahy-salyma» Aly gaýdyp ýolundan, Zulpükary golundan Düşüp indi topraga, diýr: «Pälwana gelmişem». Gahar bilen ol Möwlam ýörer boldy dembe-dem, Diýer ýaryma meniň: «Nurdan bolduňmy, senem?», Aýdar ýarym: «Toprakdan hasyl kyldyňyz menem, Dahanymda – Köwseriň, zybanymda bar şebnem, Bu toprakdan ýaratdyň, Gudrat bilen bar etdiň», Möwlam aýdar: «Bilmezden, zenehdana gelmişem». Diýer Möwlam bikarar: «Galdy yşka bu başym, Daýym ýowuzlyk bilen bolar meniň syrdaşym, Jahan kärinden geçdim, yşka beren ataşym, Şol ataşyň içinde, Yşky hoşuň içinde Lämekany unudyp, bu jahana gelmişem». Syrdy sünbül saçlaryn, näzli dilber ýüzünden, Gün tutulyp, bu älem şöhle aldy gözünden, Möwlam takat getirmän, gitdi şol dem özünden, Diýdi ýarym: «Hak aşyk, dänebilmez sözünden, Hökmi rowan Biribar, Men Nepese hyrydar, Bir şol diýip ozaldan, bu mekana gelmişem». Çykdy suýy-asmana, gijeler çeken ahym, Aşna boldy jenana, nazar kylyň Hudahym, Erse Hakyň alnynda, bolmaz meniň günähim, Magşuk baryn saklaýyr, yşk mukaddes penahym Ynsan Nepesiň ýary, Külli älem karary, Men andalyp hoşbagt, now reýhana gelmişem. Mollanepes. | |
|
√ Bir ýaşuly hakda / Goşgular - 21.05.2024 |
√ «Dag başynda mesgen tutan bürgüdi...» / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Ol ki maňa ýary dilnowaz, göründi... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Garrylyk hakynda goşgy ýazypdym... / Goşgular - 15.07.2024 |
√ "Zülpükar gylyjy Hezret Alynyň..." / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Sokrat / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Gaplañ ölümi / Goşgular - 22.08.2024 |
√ Soňky sonet / Goşgular - 10.07.2024 |
√ Enem / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Pelek / Goşgular - 12.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |