10:59 Wagtydyr | |
WAGTYDYR
Goşgular
Eý köňül, pendim saňa merdana bolsaň wagtydyr, Örtenip Hak şemgine perwana bolsaň wagtydyr. Gaýry-Hakny terk edip, bigäne bolsaň wagtydyr, Jindeýi-fakryn geýip, diwana bolsaň wagtydyr, Jan çekip Jepbaryňa, janana bolsaň wagtydyr. Bende sen, tur ukudan, wagtyň ki ötmesden burun, Göwsüň üzre şum ajalnyň hary bitmesden burun, Tut, giribanyň ýakaga desti ýetmesden burun, Aždary agzyn açyp, jismiňni ýuwtmasdan burun, Bu gara toprak bilen hemhana bolsaň wagtydyr. Ýaşyň altmyşga ýetipdir, nowça çaglardan geçip, Şer işge baş goýar sen, käri-rehmetden gaçyp, Gahry-Hakdan gorkuban, her günde göz ýaşyň saçyp, Her säherler «hüw» diýip, wahdat şerabyndan içip, Meşreb-u Mansur kibi messana bolsaň wagtydyr. Bu jahan ragnasynyň peýdasy ýokdur janyňa, Şum ajal ýaýyn çekip, tirini atar şanyňa, Hak diýip tapsaň kaza Alla behildir ganyňa, Gije-gün hyzmat kylyp, zynat berip imanyňa, Döwleti-iman bilen döwrana bolsaň wagtydyr. Eý Nepes, ötdi bu ömrüň, nebs üçin mähnet çekip, Ýagşydan ýüz dönderip, gezdiň ýaman sary bakyp, Loly dünýä jilwe eýlär, günde göz-gaşyn kakyp, Husny-jigersuzlar bilen, sen hem jiger-bagryň ýakyp, Hak gaşynda göwheri-ýegana bolsaň wagtydyr. | |
|
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |