13:46 "Haç-Ýarymaý" dawasy däl | |
"HAÇ-ÝARYMAÝ" DAWASY DÄL
Publisistika
2023-nji ýylyñ 19-njy oktýabry. ABŞ-nyñ paýtagty Waşington DC-de Ysraýylyñ Palestina garşy gönükdiren hüjümlerine nägilelik bildirip "atyşygy bes etmek" talaby bilen geçirilen protestde demonstratlar Kongresde oturma hereketini amala aşyrdy. Haç ýa-da Ýarymaýyñ dawasy ýokdy. 2023-nji ýylyñ 22-nji oktýabry. Fransiýanyñ paýtagty Parižde ýygnanan on müñlerçe adam Ysraýyl-Palestina çaknyşygynda atyşygy bes etmäge çagyrdy. Haç ýa-da Ýarymaýyñ dawasy ýokdy. 2023-nji ýylyñ 29-njy oktýabry. Ispaniýada, Polşada, Ýaponiýada, Marokkoda, Liwanda, Päkistanda Palestinany goldamak üçin demonstrasiýalar geçirildi. Haç ýa-da Ýarymaýyñ dawasy ýokdy. 2023-nji ýylyñ 11-nji noýabry. Angliýanyñ paýtagty Londonda ýüz müñlerçe adam Palestinany goldap çykyş etdi. Şäher merkezinde bolup geçen we polisiýanyñ berýän maglumatlaryna görä 300 müñ adamyñ gatnaşan parahatçylykly mitingde Gaza üçin atyşygy bes etmäge çagyryş edildi. Haç ýa-da Ýarymaýyñ dawasy ýokdy. 2023-nji ýylyñ 11-nji noýabry. Ysraýylyñ Gaza garşy gönükdiren hüjümleri Germaniýada protest edildi. Müñlerçe adam nemes döwletine ýüzlenip, Ysraýylyñ hüjümlerini togtatmagyny talap etdi. Haç ýa-da Ýarymaýyñ dawasy ýokdy. Şeýle mysally näçe köpeltseñ köpeldip oturmaly. "Celtic" futbol klubynyñ janköýerleriniñ palestin baýdaklary bilen staduonda aýdan gimni, Ispaniýada "Real Sociedad" futbol klubynyñ janköýerleriniñ trubunalarda Ysraýyly protest etmek üçin ganly eşikler bilen palestin baýdagyny asmana galdyrmagy. Nämüçin "Haç ýa-da Ýarymaýyñ dawasy däl" diýýärin? "Terrorçy döwlet" Ysraýylyñ Gazadaky gyrgynçylyklaryna sesini çykarman oturan Günbatary berk ýazgaran prezident Taýýip Erdoganyñ partiýasynyñ geçen gezekki ýygnanşygynda "13 müñe ýakyn adam öldi, nirede bu prezidentler? Ynsabyñyz, wyždanyñyz ýokmy? Ýagdaý haçly-ýarymaý meselesidir" diýendigi üçin. Londonda Ysraýyly ýazgarýan bäş uly demonstrasiýa geçirildi Diñe bulam däl. "Hamasyñ" 7-nji oktýabrda Ysraýyla garşy eden hüjümleriniñ yzyndan Ysraýylyñ Gazada dowam edýän hüjümleri sebäpli käbir ýurtlar diplomatiki derejede ädim ätmegiñ ýoluny saýlady. "Sosialistik hereket" partiýasynyn dolandyrýan Boliwiýa respublikasy Ysraýyl bilen diplomatiki gatnaşyklaryny kesen birinji ýurt boldy. Çiliniñ Daşary işler ministrligi-de "Ysraýylyñ Gazadaky ýönekeý ilaty-da nyşanasyna alan harby operasiýalaryny berk ýazgarýarys we hüjümleri halkara adam hukuklaryna ters we ylalaşyp bolmajak gabahatlyk hasaplaýandygymyz üçin Ysraýyldaky ilçimiz Horhe Karwahaly maslahatlaşmak üçin yzyna - Santýago çagyrdyk" diýip beýanat berdi. Edil şolar ýaly Kolumbiýanyñ prezidenti Gustawo Petro Ysraýylyñ Gazada dowam edip duran hüjümleri sebäpli Tel-Awiwdäki ilçisini yzyna çagyrdy. • Yslamçy hökümetler diñe ýazgaryp oñýar Meselä "haç-ýarymaýyñ" üstünden çemeleşsek gaty erbet taryhy ýalñyşlyga düşeris. Ýa-da "Hamas" terrorçymy ýa-da terrorçy däl?" jedelini etsek, 1948-nji ýyldan bäri ýer basyp alyp gelýän Ysraýyla özümiz islemezden goldaw berdigimiz bolar. Arhiwleri dörüp durkam, Soner Ýalçynyñ dokuz ýyl öñ ýazan şu makalasyny tapdym. Şol wagtam Gaza bombalanýardy, şol wagtam palestin halkyna garşy genosid bardy: "...Braziliýa, Peru, Çili, El-Salwador, Elwador ilçilerini Ysraýyldan yzyna çagyrdy. Şeýle-de Çili Ysraýyl bilen ähli ykdysady gatnaşyklaryny kesýändigini mälim etdi. Kubadyr Boliwiýa bolsa Ysraýyly terrorçy döwlet yglan etdi. Hawa, çepçi hökümetler Gaza garşy wagşyýanalyk görkezýän Ysraýyla şular ýaly garşylyk berdi. A yslamçy hökümetler? Ysraýylyñ Palestina garşy edýän hüjümlerine nämüçin seslerini çykaranoklar? Aslynda bu, öñem şeýledi. Palestin halkynyñ hakyky ýoldaşlary hemişe rewolýusionerler boldy. Edil Türkiýedäki ýaly... Nädip diýýäñizmi? 1967-nji ýylyñ 6-njy iýunynda Stambuldaky rewolýusioner ýaşlar toparlary şondan bir gün öñ başlan Arap-Ysraýyl urşy babatda nägileliklerini bildirip ýazan beýannamasyny orta goýdy. Arap ýurtlaryny goldan ýaşlar tutaryklaryny şeýle beýan etdi: "...Çünki bu uruş garyp arap ýurtlarynyñ agressiw Ysraýyla garşy alyp barýan garaşsyzlyk urşudyr. Bu uruşyñ gysga wagtda parahatçylyk bilen soñlanmagy hakykatyñ tarapdarlarynyñ agressiwleriñ garşysynda hak-hukuklaryny gazanmagyna baglydyr. Bu uruşyñ uzamagy Ýakyn Gündogar ýurtlarynyñ däl, nebit eksplutasiýasyny dowam etdirmek isleýän we iki tarapa-da ýarag satýan imperialistleriñ peýdasynadyr". ("Sözcü" gazeti, 03.08.2014 ý.) Ýaffa... 1915-1918-nji ýyllarda Osmanly imperiýasynyñ düzümindedi. Ysraýylyñ 1948-nji ýulda Palestinany basyp almagy bilen häzir Tel-Awiwiñ bir raýony hasaplanýar... Bu ýer Palestinanyñ halkara söwdasyny ugrukdyrýan iñ esasy portlaryñ biri! Ýaffa pyrtykaly... Tagamly we çigitsiz... Palestinada önümçiligiñ simwoly! Basylyp alynandan soñ Ysraýylyñ pyrtykaly boldy! Žurnalist Hüsnü Mahalliniñ "Palestina meñkidir. Ýakyn Gündogaryñ ganly taryhy" (“Filistin Benimdir/Ortadoğu'nun Kanlı Tarihi") kitabynyñ yzky sahabyndaky "Ýaffa pyrtykallarymyzdan gülüñ ysy geler. Ýatdan çykarma, bulary maña sen aýdypdyñ. Eneler balalaryna ýalan sözlemeýär" jümlesi kalbymy lerzana getirdi! Ysraýyla garşy watan goragçylaryna goşulan palestinaly ýigit ölenden soñ ejesine bermek üçin hat ýazypdyr we ýoldaşyna beripdir. Haty alan ejesi gözüne ýaş aýlaman okapdyr: "...Ejejan, adamy öz topragyndan goparyp zyñyp bilerler; emma şol adamyñ ýüreginden watan söýgüsini ýok edip bilmezler. Çünki watan enedir. Ýagny sensiñ. Ejejan, watanymy azat edip bilmän ölýändigim üçin maña gahar ediji bolma. Ýakynda kakamdyr atam bilen bile mazarystanlykda ýatanlaryñ barsyny jemläp ilki ýeriñ astyny, soñ ýokary çykyp üstüni-de azat ederis. Ýakynda zeýtun agaçlarymyz azat bolar. Ýaffa pyrtykallarymyzdan gülüñ ysy geler. Ýatdan çykarma, bulary maña sen aýdypdyñ. Eneler bagalaryna ýalan sözlemeýär. Sen aýtdyñ, menem ynandym. Çünki sen enesiñ, çünki seniñ adyñ Palestina. Men ölmedigimsaýy sen ebedilik ýaşarsyñ". Mesele "haç-ýarymaý dawasy" däl. Mesele Kürejik radar harby bazasynyñ açyklygy, Ysraýyl bilen söwdanyñ gyzgalañly dowam etmegi. Aýtunç ERKIN. "SÖZCÜ" gazeti, 17.11.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |