17:41 Odeýal paýlaýan döwlet däl, halkyna deñ göz bilen garaýan döwlet gerek! | |
ODEÝAL PAÝLAÝAN DÖWLET DÄL, HALKYNA DEÑ GÖZ BILEN GARAÝAN DÖWLET GEREK!
Publisistika
F.Engels "Tebigatyñ dialektikasy" kitabyndaky makalalarynyñ birinde kapitalizmiñ adamyñ ýaşaýyş-durmuşyna, tebigata ýetirýän zyýanyny şeýle düşündirdi: “…Tebigata garşy gazanýan ýeñişlerimiz bizi onçakly begendirip durmasyn. Bular ýaly ýeñişler üçin tebigat bizden hökman aryny alar. Her bir ýeñişiñ birinji tapgyrda garaşýan netijelerimizi döredýändigi dogry, ýöne ikinji we üçünji tapgyrda köplenç ýagdaýda birinji alynan netijeleri ýom-ýok edýän, has başgaça, öñ duş gelinmedik täsirleri bolýar. Mesopotamiýada, Gresiýada, Kiçi Aziýada we başga ýerlerde ekin ekmäge ýer açmak üçin tokaýlaryñ ýoguna ýanan adamlar tokaýlar bilen birlikde çyglylygy saklaýan we üýşürýän merkezleriñ elden gidendigini, şol ýurtlaryñ häzirki çölleşen ýagdaýyna şert taýýarlandyklaryny akyllaryna-oýlaryna getiren däldir". Hawa, tebigat bizden ar alýar! 1960-njy ýylyñ 22-nji maýynda Çilide bolup geçen 9.5 ballyk ýer titremesi häzire çenli ölçelen iñ uly ýer titremesi. Altynbaş uniwersitetiniñ Inženerçilik we arhitektura fakultetiniñ gurluşyk inženerçiligi bölüminiñ mugallymy professor Zeki Hasgür Kahramanmaraşyñ Pazarjyk raýonynda bolup geçen ýer titremesine şu sözler bilen baha berdi: “Taryha girjek uly ýer titremeleriñ birini başdan geçirdik.” A biz şu ýagdaýyñ parhyndamykak? Her başdan geçirýän ýer titremesi bilen birlikde "üç gün dowam edýän" gyzyklanmadan soñ gündelik durmuşymyzyñ hysyrdylary bilen sönüp gidenokmy? • Stambul ýer titremesine taýýarlyk görlenok! 2020-nji ýylyñ 30-njy iýuny... Öñki deputat Emin Şirin bolmagyna garaşylýan Stambul ýer titremesi üçin taýýarlyga geçip, gyssagly çärelerjñ geçirilmelidigine ünsi çekdi. "Binalaryñ gözden geçirilmegi üçin 30-40 milliard dollar gerek bolar" diýipdi. Şirin şeýle teklip beripdi: "Stambulda boljak ýer titremesinde 100 münlerçe adamyñ gurban boljagy çaklanýar. Suw we lagym geçirijiler ýarylar, elektrik togy kesiler, köpçülikleýin ýokanç keseller ýaýrar, çörek, azyk, agyz suwy tapylmaz. Stambulda 200-300 müñ adama seredip biljek hassahanalar barmy, olaryñ näçesi abat galjak? Haýal etmän Stambul şäheriniñ Seýsmologiki ylmy topary döredilmeli. Jaýlary tizara ýer titremesine çydamly ýagdaýa getirmek gerek". Irden Şirin bilen gürleşdim. Ol şeýle diýdi: "Tebigata tyg çekmek bolmaýar. Häkimiýetiñem, oppozisiýanyñam ýer sarsgynlary babatda hiç hili meýilnamasy ýok. Serediñ, oppozisiýanyñ kabul eden "Bilelikdäki Ylalaşygyñ" tekstinde ýer titremesine aýrylan bölüme bary-ýogy ýekeje sahypa! "Pudaklaýyn syýasatlar" bölümini açyñ-da göräýiñ". Emin Şiriniñ "Seýmologiki ylmy topary" döretmek teklibinden alty aý soña gideliñ. 2020-nji ýylyñ 3-nji dekabry... Professor Naji Görür "Habertürk"-de Fatih Altaýlynyñ taýýarlaýan "Teke Tek" telegepleşigine gatnaşdy. Ol Elazigde emele gelenbwe 41 adamyñ gurban bolan 6.8 ballyk ýer titremesine baha beren Görür şeýle diýdi: "Çykyşlarymda Gündogar Anadoly razlomyndan seresap bolmaly" diýýärdik. Bu razlomyñ oýanmagyndan gorkýardyk. A oýansa näme bolar öýdýäñiz? Biziñ gorkymyz onuñ Demirgazyk Anadoly razlomy ýaly hereket etmäge başlamagy. Şu ýerde döwülen razlomyñ sarsgyny Maraşyñ Türkogly etrabyna gidip biler. Ol ýerdenem Hataýa tarap gidip biler. Biz öñdenem şu sebitde ýer titreme ähtimallygynyñ ýokarydygyny duýdurypdyk. Garaşylman durka bolan zat diýip hiç kimem aýdyp bilmez. Maraşa bakan howp ýokarlanypdy, Karlyowa tarapam howp artypdy. Kahramanmaraşyñ Türkogly etrabynda iñ soñky ýer sarsgyny 1513-nji ýylda bolup geçipdir. 2020-nji ýylda ýaşap ýörüs. Geçen wagta serediñ. Bu ýerde 1573-nji ýylda 7.4 balla ýeten ýer titreme bolup geçipdir. Diýmek, bäri ýer titremä göwreli ýer". Professor Görür mundan başga näme diýsin! Soñra wagty 16 ýyl yza saradym. • Kesekleriñ astyndan çykarylýanlaryñ barsy garyp-gasar! 1999-njy ýylyñ 17-nji awgustynda bolup geçen Marmara ýer titremesiniñ yzysüre 2000-nji ýylda premýer-ministrligiñ görkezmesi bilen Döwlet Seýmologiki geñeşi gurluldy. Geñeşiñ maksady şudy: "Seýsmiki zolaklar bilen bir hatarda raýatlarymyzyñ gorky-ünjä we howatyra düşmeklerine getirip biljek gep-gürrüñleriñ öñüni almakn ýer titremesine garşy geçiriljek çäreler boýunça jemgyýetçuligi ylmy kesgitlemeleriñ çäginde habarly etmek, jemgyýetiñ ylyma we alymlara bildirýän ynamyny gaçyrmazlyk". Geñeşe nä döw çaldy? Premýer-ministrligiñ görkezmesi bilen 2007-nji ýylyñ 6-njy oktýabrynda ýatyryldy. Göz öñüme 2020-nji ýylda bolup geçen Izmir ýer titremesi janlandy. Professor Ahmet Erjan 2020-nji ýylyñ 1-nji noýabrynda şeýle diýipdi: "Haýsy ýurtda ykdysadyýet pes bolsa, ýer titremesi hem şonça öldüriji bolar. Haýsy ýurt garyplygy ýeñmese, ýer titremeleriniñ ikinji ady ölüm bolar. Adamlaryñ özi isläp hili pes jaý salanok". Çünki ýeri öwrenmek boýunça işlere, jaý-gurluşyk taslamalaryna ep-esli pul tölemeli bolýar. Haýsy ýurtda ýer titreme problemasyny çözjek bolsañ, ilki şol ýurduñ ykdysadyýetini, halkyñ maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmaly. Ýagny, garyplyk näçe giñ ýaýran bolsa, ýer titremesi-de size şonça golaýdyr. Bolmanda-da, ýer titrese, diñe garyplar ölýär, baýlar ölenok. Heý, ady il içinde tanalýan meşhur kişiniñ, ýa bir baý adamyñ kesekleriñ astyndan çekip çykarylanyny gördüñizmi, eşitdiñizmi? Görmersiñizem, eşitmersiñizem! Hemme ýük garyplaryñ üstünde. NETIJE: Döwlet edil şu ýerde özüniñ bardygyny görkezmeli! Köpçülikleýin döwlet, meýilnamalaýyn döwlet, munuñ başga çykalgasy ýok! Ýer titränden soñ odeýal paýlaýan döwlet däl-de, ondan öñ çözgüt tapýan döwletiñ bolmagyny arzuwlap, hemmäñiziñ göwnüne giñlik, sabyr-takat dileýärin! Aýtunç ERKİN. "SÖZCÜ" gazeti, 07.02.2023 ý | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |