09:09 Jaýryk halkasy 509 ýyl bäri ukuda... | |
JAÝRYK HALKASY 509 ÝYL BÄRI UKUDA, 7 BALLYK SARSGYN HERAN-HAÇAN BOLUBILER
Publisistika
Kahramanmaraşyñ "Sütçü İmam" uniwersitetiniñ mugallymy doktor Kop bir ýyl öñ duýduran eken… 2022-nji ýylyñ 10-njy marty... “…Gündogar Anadoly jaýryk halkasynyñ bäş parçasyndan biri bolan Gölbaşy-Türkogly segmenti 509 ýyl bäri energiýa toplady. Heran-haçan döwülip biljekdigini we döwülen ýagdaýynda 7 balla ýetjek ýer yranmasyny emele getirjekdigini çaklaýaryn". Şu kesgitlemäni 11 aý öñ Kahramanmaraşyñ "Sütçü İmam" uniwersitetiniñ (KSU) Seýsmiki barlaglar we howp merkeziniñ müdiri, Inženerçlik we arhitektura fakultetiniñ geologiýa inženerçiligi bölüminiñ mugallymy Alijan Kop beripdir. Her ýylyñ 1-7-nji martynda Seýsmiki hepdelik sebäpli geçirilýän ýygnanşyklaryñ materiallarynyñ jikme-jik ýygyndysy KSU-nyñ ýörite neşirinde bar. Şindi Alijan Kopyñ duýduryşlaryny okalyñ: “…Kahramanmaraş Türkiýede seýsmiki taýdan iñ howply welaýatlarynyñ başyny çekýär. Şol sebäpli-de birnäçe maksatnamada Kahramanmaraş pilot sebit hökmünde howply welaýatlaryñ başyny çekýär. ...Kahramanmaraşda ýer yranma howpunyñ ýokary bolmagynyñ iki sebäbi bar. Bulardan birinjisi: Gündogar Anadoly jaýrygynyñ Gölbaşy bilen Türkoglynyñ arasyndan geçýän zolagy. Bu segmente Gölbaşy-Türkogly adyny berýäris. Bu segment şäheriñ merkezine bary-ýogy 15-16 km uzaklykdan geçýär. …Gündogar Anadoly jaýrygynyñ jemi 6 sany parçasy (segmenti) bar. Şu 6 segmentden 5 sanysy 1800-nji ýyllarda sarsgyn döredenem bolsa, Gölbaşy-Türkogly segmenti şol döwürde sarsgyn döretmändir. ...Bu segmentiñ döreden soñky iki ýer titremesine seredenimizde taryhy çeşmelere görä 1114-nji, 1513-nji ýyllarda sarsgyn berendigini görýäris. Ýagny, her 400 ýyla golaý wagtdan bir gezek sarsgyn döredýän bu segment 1513-nji ýyldan bäri sarsgyn bermändir we güýç toplapdyr. Hususanam 509 ýyl bäri bu segmentiñ üstünde eneregiýa toplanypdyr bu segmente Türkiýäniñ iñ möhüm seýsmiki boşluklarynyñ biri hökmünde baha berilýär. ....Ýagny, sarsgyn döretme potensialy bolup, häzire deñiç sarsgyn döretmek halka hökmünde baha berilýär. Gecmişde-de 7 balldan geçýän ýa-da 7 ball çemesi sarsgyn döreden bu segment islendik wagt 7 ball çemesi sarsgyn döredip biler. Munuñ täsiri aýratynam Kahramanmaraşda ýiti duýular." Kesgitlemeler mundan soñ has-da wehim! • 28 km uzynlykda Kahramanmaraş jaýryk zolagynyñ bardygy anyklandy KSU-nyñ Seýsmiki barlaglar we howp merkeziniñ müdiri Alijan Kopyñ aýdan şu sözleriniñ aşagyny çyzalyñ: "Mysal üçin Kahramanmaraşdan ýüzlerçe km uzaklykda emele gelen soñky Siwrije (Elazig 2022) ýer yranmasynyñ täsiri Kahramanmaraşda has ýiti duýuldy we adamlar gorka düşüp, eýläk-beýläk gaçmaga synanyşdy. Eýsem-de Gölbaşy-Türkogly segmenti bilen baglanyşykly sarsgyn hem-ä örän golaýymyzda, hemem örän uly möçberde bolar". Ýer yranmasynyñ ýakynlaşyp gelýänini we örän aýylganç boljagyny mugallym duýdurýar, ýöne ony diñleýänem ýok, eşidýänem! Diñe bulam däl... Seretseñizläñ, Kop ýene nähili duýduryşlary beren eken: “…Kahramanmaraşyñ seýsmiki häsiýetiniñ ikinji çeşmesi 2011-nji ýylda täzelenen Aktiw razlomlar boýunça Türkiýäniñ kartasynda birinji gezek görkezilen Kahramanmaraş razlom zonasydyr. ...Birnäçe jaýryk şahasyndan ybarat we 28 km uzynlykdaky bu zona gündogar-günbatar tarapa uzamak bilen Kahramanmaraş şäher merkeziniñ içinden geçýär. ...Şeýle hem has öñden gurluşyga açylan we oturymly massiwler bilen bir hatarda gurluşyk üçin täze bölünip berilen birnäçe massiwde bu razlom zonasyna degişli şahalaryñ bardygyny görýäris. Ýagny, Kahramanmaraş şäher merkezinde häzir birnäçe bina ýa-da birnäçe raýon, gynansak-da, gönüden-göni şol razlomyñ üstünde otyr. ...Galyberse-de; şäheriñ günbatara tarap giñelen massiwleriniñ aşagyndanam şeýle razlomlaryñ geçýändigini bilýäris. Geçiren ylmy barlaglarymyza görä, 28 km uzynlykdaky bu razlom (jaýryk) 6,8 ball magnitudaly ýer yranmasyny döretme mümkinçiligine eýe. ...Munuñ özi şäheriñ merkezinde edil Siwrije ýer yranmasyna meñzeş ýer yranmasynyñ boljakdygyny añladýar. Ýagny, ýüzlerçe km uzaklykda emele gelendigine garamazdan, adamlar gorka düşüp, uly howatyrlanma bilen eýläk-beýläk gaçyşan ýer yranmasynyñ hut Kahramanmaraş şäheriniñ merkezinde bolup geçjekdigini añladýar. Şonuñ üçinem şolar ýaly güýçli ýer titreme howpunyñ abanýandygyny bilmegiñizi isleýärin". • Jaýrygyñ boş ýerlerde nireden geçýändigi belli edildi KSU-nyñ Seýsmiki barlaglar we howp merkezi bar. Maglumatlara görä, merkez gurlan gününden bäri Kahramanmaraşyñ sarsgyn howpy we bu babatda şäherde edilmeli işler boýuna ylmy-barlag işlerini, konferensiýalary, panelleri, reportažlary, bildirişleri we şuña meñzeş görnüşde adamlaryñ habardar edilmegi ugrunda birgiden işleri edip gelýär. 2021-nji ýylda Kahramanmaraşyñ "12-nji fewral" munisipaliteti bilen KSU-nyñ gol çekişen protokolynyñ çäklerinde "Kahramanmaraş razlom zonasynyñ" "12-nji fewral" etrabynyñ içindäki ýerleşişiniñ kesgitlenmegine gönükdirilip iş geçirildi. Geçirilen işleriñ dowamynda razlomyñ üstünde garym gazyldy we ol ýerdäki razlomlar anyklandy. By razlomlaryñ könelişenligi bilen birlikde iñ soñky gezek haçan ýer yranypdyr, iñ soñky ýer yranmasyndan soñ şu güne çenli näçe wagt geçipdir, sarsgynyñ gaýtalanma period we opurylma tizligi nähili diýen ýaly meseleler boýunça maglumat toplandy. Netijede şäher merkezinden Kylawuzla çenli uzalan meýdanda birnäçe şahadan ýaýrap biljek görnüşdäki jaýrygyñ bardygy anyklandy. Şol şahalaryñ üstünde-de kyrka golaý garym gazyldy. Eýsem bu garymlar gazylandan soñ nämäniñ üstünden baryldy. Alijan Kop şeýle diýýär: "Gazdyran garymlarymyzda Kahramanmaraş razlom zonasynyñ bardygyny örän aýdyñ ýagdaýda görübildik. "12-nji fewral" munisipaliteti bilen geçiren işlerimiziñ netijesi bilenem razlomyñ boş meýdanda ymykly nireden geçýändigini anykladyk. Bu boýunça toplan maglumatlarymyzy-da munisipalitetimiziñ dykgatyna ýetirdik. Olaryñ elinde bolmaly, şäher munisipaliteti bilen paýlaşyp bilerler we şoña laýyklykda degişli öñüni alyş işleri geçirilip, bu razlom zolagynyñ üstünde ilatly punktlaryñ bolmazlygy üpjün edilip biliner". NETIJE: Ýer yranjakdygy görnetin öñündenem bellidi we yranybam dyndy. Döwletiñ borjy şeýle maglumatnamalaryñ üstünde işläp, degişli öñüni alyş işlerini geçirmek dälmi? Aýtunç ERKİN. "SÖZCÜ" gazeti, 08.02.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |