19:21 Ganly bukja | |
GANLY BUKJA
Publisistika
• ABŞ-nyñ adam hukuklary boýunça beýanatyna şu göz bilenem seredip görüñ Žurnalistler sorady: "- ABŞ-nyñ Daşary işler ministrliginiñ terrorçylyga goldaw berýän ýurtlaryñ sanawynda Kuba, Eýran, Sudan, Siriýa ýaly ýurtlar ýer alýar. Siz öz sanawyñyzy düzseñiz, bu sanawda kimler bolardy?" Amerikan taryhçysy, pelsepeçi, publisist Noam Homskiý jogap berdi: "Sanawyñ iñ başynda ABŞ bolardy, bu belli. Ikinji edip Birleşen Korollygy (Angliýa) goýardym. Fransiýa we elbetde Ysraýylam ýokarky orunlards bolardy. Ysraýyl diýlende, "Mawy Mermer" wakasyny ýada salalyñ. Belki-de terrorçylykly aktlaryñ iñ ýaramazy däldem welin, ýöne göz-görtele garakçylykdy. Halkara çäge girýän deñiz giñişliginde adam alyp gaçyp, wagşyçylykly jenaýat etdiler. Muny Kuba eden bolsa, ýadro urşy turardy. Emma Ysraýyl edensoñ, "zerur goranyş" diýip başdansowma edäýýäler. Aslynda Ysraýyl otuz ýyl bäri şular ýaly hereketlerini edip gelýär. Kipr bilen Liwanyñ arasyndaky halkara çäge girýän deñiz giñişliklerde-de gämilere çozup, adamlary öldürýär ýa-da alyp gaçyp, Ysraýyldaky türmelere dykýar. Özem bularyñ barsy "mafiýa atasy" ABŞ-nyñ ýol bermegi bilen edilýär. Işiñ aslyýetine seredende, halkara gatnaşyklaryny mafiýa dolandyrýana meñzeýär. Nämäniñ wajypdygyna "mafiýa atasy" karar berýär, intellektual synplaram bu karary kanunylaşdyrmak üçin gol gowşuryp taýýar durlar." Jihan Aksan bilen Joan Bailesiñ 13 kişi bilen gürrüñdeşlik geçirip taýýarlan kitaby 2013-nji ýylda "Metis" neşirýaty tarapyndan çap edildi: "Güýçliniñ ýaragy. Amerikan döwlet terrorçylygy hakda söhbetler" ("Güçlünün Silahı/Amerikan Devlet Terörü Üzerine Söyleşiler"). Gürründeş bolnanlaryñ birem Noam Homskidi! Şu setirleriñ aşagyny çyzyñ: ...Nämäniñ wajypdygyna "mafiýa atasy" karar berýär, intellektual synplaram bu karary kanunylaşdyrmak üçin gol gowşuryp taýýar durlar." Orlando Boş ýadyñyza düşdümi? Intellektual synplaryñ "Ýok bolsun uruş!" sloganyny eşitdigimçe ýadyma kanunylaşdyrylan ABŞ terrorçylygy düşýär. 2002-nji ýylda açylan "Guantanamo" lagerinde Owganystan we Yrak okkupasiýalarynda ýesir alynanlar san-sajaksyz gynamalara uçradyldy. Mysal üçin... Yrak okkupasiýasy döwründe... Dik Çeýniniñ Kondoliza Raýzyñ, Jon Ashcroftyñ, Kolin Paweliñ, Donald Ramsfeldiñ, Jorj Tenetiñ suw tagtasy gynamasy bilen bir hatarda ýowuz soraga çekme usullary üçin rugsat beren ýokary derejeli Döwlet Howpsuzlyk geñeşiniñ ýygnanşyklaryny oñlandygyny Jorj Buş boýun aldy. Muña garamazdan intellektuallar "Ýöne Saddam Hüseýinem diktatordy-da" diýmedilermi? Mysal üçin... Kennedi hökümeti 1962-nji ýylda Günorta Wýetnamy okkupirlände BMG-nyñ şol wagtky wekili Adlai Stwenson Wýetnamy "öz içindäki çozuşlardan" goraýandyklaryny aýtmadymy? Wýetnamda näçe adamyñ wepat bolandygyny bilýänsiñiz. Muña garamazdan intellektuallar "azatlykçy sosializm" sloganyny atmadymy? Mysal üçin... 1976-njy ýylda Kuba howa menziline degişli bir ýolagçy uçary urlup düşürildi we 75 adam öldi. Ganly aktyñ amala aşyryjylaryndan birem Orlando Boşdy. Ata Buş döwrïnde ABŞ-da ýaşan Boş ýurtdan çykarylmak islendi. Adalat ministrligi bilen FBI Boşyñ otuza golaý terrorçylykly akty amala aşyrandygyny anyklady. Buş ýakasy gaýyşly terrorçynyñ günäsini ötdi! Şol wagt intellektualsumaklar nirededi? Mysallary näçe diýseñ köpeltmek mümkin... Agdarlyşyklaryñ we terrorçylygyñ taryhynda ABŞ-dan öñe geçjek ýok! Emma... • "Beştepe" we oppozisiýa 93 sahypany okamaly! ABŞ-nyñ Daşary işler ministrliginiñ çap eden "Adam hukuklary boýunça 2021-nji ýylyñ maglumatnamasyny" okaýaryn. Onuñ togsan üç sahypasy Türkiýä bagyşlanypdyr, geçen ýylam maglumatnamanyñ tutuş togsan üç sahypasyny Türkiýr tutupdy. Öz "ganly bukjasyna" nazar salary gelmeýän ABŞ "15-nji iýul FETÖ-nyñ döwlet agdarlyşygyna synanşygyny" "şowsuz tamamlanan agdarlyşyk synanşygy" diýmek bilen bir hatarda, "sözde FETÖ agdarlyşygy" diýdi. Maglumatnamada şeýle sözler ulanyldy: "Türk hökümeti Fethullah Güleni agdarlyşyga guramaçylyk etmekde aýyplaýar. Türkiýe Fethullah Gülen bilen 2016-njy ýylyñ döwlet agdarlyşygyna synanşygyñ arasynda sözde bir baglanyşyk bardygyny öñe sürýär." ABŞ nämüçin "sözde baglanyşyk" diýýär? Çünki... Öz generallarynyñ pirimleriniñ paşmandygyny bilýär. Gutarmady... "Güljekmi, aglajak" diýip boljak kesgitleme-de şu: ABŞ-nyñ Daşary işler ministrligi 198 ýurtdaky adam hukuklarynyñ berjaý edilişi boýunça beren maglumatnamasy hakynda berilen beýanatynda Baýden hökümetiniñ adam hukuklaryny ABŞ-nyñ içerki we daşarky syýasatynyñ esasy ugry edinendigini nygtap geçdi. Jümle-jahana gan we gözýaş sunýan ýurt - Noam Homskiniñ aýdyşy ýaly "mafiýa atasy" roluny başga ýurtlaryñ üstünden ak jüýje görkezmäge çytraşýar. Hernä, Daşary işler ministrligi bu maglumatnamany "tutuşlygyna" ret edýändigini mälim etdi! NETIJE: "Beştepe" köşgünde we oppozisiýanyñ hatarynda "NATO we ABŞ bilen mundanam ýakyn gatnaşykda bolalyñ" diýýänler, umyt edýärin, 93 sahypalyk bölümi ünsli okandyrlar! Aýtunç ERKIN. "SÖZCÜ" gazeti, 16.04.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |