20:30 Ikiýüzli intelligensiýa bu kitaby okasyn! | |
IKIÝÜZLI INTELLIGENSIÝA BU KITABY OKASYN!
Publisistika
Russiýanyñ Ukrainada Donbas bilen başlan okkupasiýasynyñ üçünji güni... Putiniñ tanklary, uçarlaryñ Kiýewiñ alkymynda! NATO, ýagny ABŞ we Ýewropa bileleşigine (ÝB) girýän ýurtlar ýeke taşlan Ukrainalaryny synlaýar... Russiýanyñ üstünden "imperializmiñ" nämedigini bilenleriñ teswirlerini diñledigimçe we ýazgylaryny okadygymça elimdäki kitabyñ has-da ähmiýetinjñ artandygyny gördüm. Kyrk dört ýyllap dünýäniñ dürli künjünde möhüm reportažlary alan, döwlet agdarlyşyklaryna şaýat bolan we agdarlyşyklary fotosurata düşürip, liderleri bilen görüşen žurnalist Nur Baturyñ "Kırmızı Kedi" neşirýatynda çapdan çykan "Ýakyn Gündogaryñ şalary, wezirleri we pyýadalary" (“Ortadoğu'nun Şahları, Vezirleri ve Piyonları") kitaby meni alagetdin 11 ýyl yza äkitdi. Nämüçinmi? Şumat Russiýa-Ukraina meselesiniñ üstünden "demokratiýa" takalyny okaýanlaryñ 2011-nji ýylda niçiksi "bombasöýüji" bolandygyna ýene bir gezek göz ýetirdim. 2011-nji ýylyñ 15-nji fewraly... Bengazi şäherinde Liwiýanyñ lideri Muammar Kaddafä garşy ilkinji tolgunşyklar başlady, tolgunşyklar artdygyça ýurt möçberinde ýaýramaga başlady we yzyndan Tripolä syçrady. "Arap baharynyñ" täsiri bilen ýurtda içerki gapma-garşylyk turdy. 2011-nji ýylyñ 23-nji awgustynda Tripoliniñ eyelenmegi bilen Kaddafi režimi ýykyldy. Kaddafi 2011-nji ýylyñ 20-nji oktýabrynda Sirtede NATO goldawly Döwlet Wagtlaýyn geñeşiniñ goşun bölümi tarapyndan ele salnyp, gözgyny ýagdaýda linç edildi we ahyrynda atyldy. Bir seller jesedini görene göz edip goýdular. Kim islese jesedi surata alyp ýa-da wideoýazga düşürip bilýärdi. • Bombalara alkyş okan intelligensiýa! Nur Batur kitabynda şu sowala jogap gözläpdir: "Imperializme garşy baýdak göteren arap nasionalisti nädip diktator boldy?" Okalyñ: ...2012-nji ýylyñ 3-nji noýabry. Ýene Tripolide. Muammar Kaddafiniñ birnäçe sagatlap gürlän gala diwarlarynyñ üstüne çykdym. Müñlerçe liwiýaly hamala ýene gygyryşýan ýalydy: "Ýa Alla, ýa Muammar! Ýa Alla, ýa Muammar!" Göýä 32 ýyl öñ Kaddafini diñlän 1-nji sentýabr agşamyna dolanyp gelen ýalydym. Gala diwarlarynyñ üstünden seredenimde, göz açyp-ýumasy salymda birnäçe kilometr uzaklykda Sirtede bolup geçen eýmenç wakanyñ pursatlary kino lentasy ýaly gözlerimiñ öñünden geçmäge durdy. Göýä iñlis istrebitelleri 100 awtoulaglyk bir konwoýyñ üstünden uçup barýan ýalydy. Gözýetimden fransuz bombalaýjy istrebitelleri göründi. Hem amerikan "Predator" uçarmansyz uçary! Dem salymdan asmandan bombalar ýagmaga başlady. Konwoýdaky awtoulaglar saga-sola gaçyşýardy. Kaddafi goragçylary bilen birlikde ýoluñ asgyndaky drenaž geçirijileriñ içinde gizlendi. Topalañçylar tizara ony tapdylar. Daşyna üýşdüler. Kaddafi gara gana boýalyp ýerde ýatyrdy. Ýalbarýardy: "Beýtmäñ. Edýän işiñiz yslamda haramdyr. Men siziñ atañyz ahwetin!.." Ýer-gök "Allahu ekber!" sesleri bilen iñleýärdi. Gahar-gazaba eýlenen jemende ýere düşen Kaddafini aldygyna ýençýärdi. Gözi gapylan azgyn jemende Kaddafiniñ gara gana gark bolan jansyz bedeniniñ goly diýmän, aýagy diýmän eýläk-beýläk çekeleýärdi. Kaddafiniñ linç edilişini we ýalañaç jesediniñ köçeleriñ ugrunda süýrelip, dört günläp sowadyjyda ýatmagyny bütin dünýä ýakasyny tutup tomaşa etdi. Toba, neneñsi ýigrenç, niçiksi gahar-gazapdy bu!.. Ine, şol günlerde NATO-nyñ "bombalaryna" alkyş okanlaryñ häzirki gün berýän düşündirişleriniñ nähili "aldawçydygyny" gördüm. • ABD-nyñ saýlan lideri... Ine-de, Kaddafiniñ ýerine gelen "lideriñ" portreti. "Ýakyn Gündogaryñ şalary, wezirleri we pyýadalary" kitaby hut şu lidere ýazylypdyr. Söz Nur Baturda: Rewolýusiýanyñ lideri Mustapa Abdyljelildi. Ol Liwiýanyñ iki güýçli adamyndan biridi. Beýlekisi Mahmyt Jibril. Bul ikisi Kaddafini egin-egme berip agdarypdylar. Jibril Wagtlaýyn geñeşiñ premýer-ministridi, ýöne geñeşiñ başlygy Abdyljelil oña garanda güýçlüdi. Abdyljelil Liwiýa uniwersitetinde şerigat hukugyny okan kazydy. Dünýä onuñ adyny Bengazide tolgunşyk başlan güni eşitdi. Emma ABŞ ony Kaddafi agdarylmazdan dört ýyl öñ 2007-nji ýylda Adalat ministrligine bellenen wagtynda tanap goýupdy. Nädip diýýäñizmi? ABŞ dünýäde syýasatyñ we jemgyýetiñ pulsuny yzygiderli elinde saklaýar we potansial liderleri çeññegine ildirip goýýar. Uzagyndan ýurtlarynyñ dolandyryş apparatyna gelme mümkinçiligi bolan ýaşlara amerikan uniwersitetlerinde bilim berýär. Syýasat, biznes we ylmy jemgyýetçilik bilenem ýakyndan gyzyklanýar we amerikan sistemasyna düşünmegi añsatlaşdyryp biljek maksatnamalarda, taslamalarda işlemegini üpjün edýär. Şeýdibem dünýädäki syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik üýtgeşmeleri ABŞ-nyñ döwlet bähbidine görä sazlamaga we dolandyrmaga jan edýär. Abdyljelilem bularyñ arasyndady... NETIJE: Häzir... Russiýany tankyt topuna tutup, NATO-ABŞ-ny goldaýanlar Wýetnamda, Yrakda, Liwiýada, Siriýada nämüçin ol uçarlara salama durandyklaryny aýdyp berenoklar? Aýtunç ERKİN. "SÖZCÜ" gazeti, 26.02.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||