22:54 "Uly şefiñ" görkezmesi... NATO-nyñ 2030-njy ýyl beýanaty... | |
"ULY ŞEFIÑ" GÖRKEZMESI... NATO-nyñ 2030-njy ÝYL BEÝANATY...
Publisistika
2021-nji ýylyñ 3-nji marty... ABŞ-nyñ Prezidenti Jo Baýden daşary syýasatda näme işleri etjekdiklerini Wagtlaýyn Döwlet howpsuzlyk strategiýasy gözükdirmesinde (Interim National Security Strategic Guidance) gürrüñ berdi: Baýden şeýle diýdi: - ...Häzir ABŞ-nyñ ykbaly deñizden añyrdakylar bilen hemişekisinden has köp wakalar aýrylmaz baglanyşyklydyr. Global epidemiýa bilen ýüzbe-ýüz galdyk, eziji ykdysady yza gaýdyşlyk, etniki adalat konflikti bar. Möwjän milletçilik dünýäsi bilen garşyma-garşy galdyk, demokratiýadan daşlaşýarys. Hytaý, Russiýa we beýleki awtoritar döwletler bilen artýan bäsdeşlik... Biziñ üçin görlüp-eşdilmedik kynçylyklar bilen bir hatarda deñsiz-taýsyz mümkinçilikleriñ döwrüdir. - "Uly şef" sözüni dowam edip, mus-musyñ mustapasyny aýtdy: - Hususanam Hytaý tehnologiýa pudagynda çaltlyk bilen ösüp, öñe saýlandy. Russiýa dünýä sahnasynda. Hem Pekin, hem Moskwa tehnologiýa boýunça alnyp barylýan işlere ummasyz köp maýa goýumlaryny goýdy. ABŞ-ny goramak şol bir wagtyñ özünde goranmak boýunça býužetimizde anyk işleri kesgitlemegiñ gerekdigini añladýar. Hemme zatdan ötri güýjümize hyzmat edýån adamlara maýa goýumlaryny goýmaga dowam etmelidiris. ABŞ-nyñ Ýaragly Güýçleriniñ iñ gowy ýagdaýda bolmagyny gazanmaly. Barha artýan strategiki kynçylyklaryñ garşysynda öñe çykan Hytaýa we ynjalykdan gaçyryjy Russiýa garşy amatly gurluşy, mümkinçilikleri gözden geçireris. "Hiç bir sebäp gözlemezden uruşa nälet!" diýýänler "täze dünýäniñ" we "köp polýusly ýaşaýyşyñ" täzeden başlandygyny nämüçin görenokka? Şonça köp kitap okap, şonça köp halkara konferensiýalara gatnaşyp we şonça köp ezýänlerdir ezilýänleriñ gürrüñini edip, ýagdaýa göz ýetirip bilenoklar! Ýa-da bähbitlerine saz gelýändigi üçin añsadyna seredýärler! Baýdeniñ bu "gözükdirme kitapçasyny" mälik eden wagty 2021-nji ýylyñ 3-nji martyna gabat gelipdi... Üç aýdan soñ bir ýygnanşygyñ bolmagyna garaşylýardy, "uly şef" eýýäm oña taýýarlykly ýagdaýdady! • Täze eýýama utgaşykly täze syýasy rol 2021-nji ýylyñ 14-nji iýuny... "NATO-nyñ 2020-njy ýyl beýanatynyñ" ara alnyp maslahatlaşylan Brýussel şäheri. Şol gün Demirgazyk Atlantik şertnamasy guramasynyñ (NATO) döwlet ýolbaşçylarynyñ we hökümet başlyklarynyñ 31-nji resmi ýygnanşygy bolup geçdi. Muny Daşary işler ministrliginiñ internet saýtyndan okalyñ: “… NATO-nyñ baş sekretary Jens Stoltenberg 2019-njy ýylyñ 4-nji dekabrynda Londonda geçirilen liderleriñ ýygnanşygynda NATO-nyñ döwlet we hökümet ýolbaşçylary tarapyndan bileleşigiñ strategiki we syýasy rolunyñ güýçlendirilmegine gönükdirilen "Seljerme işini" başlamak wezipe edip goýupdy. Munuñ çäginde "Seljerme prosesini" ýöretmek üçin baş sekretar tarapyndan arasynda ilçi Tajan Ildemiñem bolan on agzadan ybarat topar döredildi. Topar tarapyndan 2020-nji ýylyñ 25-nji noýabrynda baş sekretar we 2020-nji ýylyñ 1-nji dekabrynda NATO ýurtlarynyñ daşary işler ministrleriniñ ýygnagyna hödürlenen taslamama degişli gysgaça beýanat aşakda görkezilen." On agzanyñ taýýarlan "NATO-nyñ 2030-njy ýyl beýanatynyñ "Täze eýýama utgaşykly täze syýasy rol" sözbaşyly bölümine göz gezdireliñ: "...2030-njy ýyla çenli NATO-nyñ gurulyş missiýasyny goramak bilen bir hatarda bu missiýany goldamak üçin gerekli sazlaşygy üpjün etmekde kösençlik çekýän... NATO-nyñ içindäki syýasy garaýyşlaryñ deñ gelmezliginiñ Russiýa we Hytaý ýaly daşarky aktýorlaryñ çäresini mümkin kylan... Ýaranlaryñ arasynda agzybirligiñ üpjün edilmedik ýagdaýynda NATO-nyñ agzalarynyñ synaglara garşy ýeke galjakdyklary... Russiýanyñ we Hytaýyñ bir wagtda geosyýasy we ideologik basdaşlygynyñ garşysynda NATO-nyñ syýasy utgaşyga mätäçlik duýýandygy... Global synaglar eýýamynda NATO-nyñ uly syýasy jogapkärçilige we mümkinçiliklete eýedigi..." Ukraina meselesine düşünmekde kynçylyk çekýänler üçin diýseñ açyk ýazylan beýanat dälmi? "Russiýanyñ we Hytaýyñ basdaşlygyna garşy" diýen sözleriñ aşagyny çyzyñ we ýazgynyñ başyndaky Baýdeniñ Moskwa-Pekin ýañzytmasyna serediñ! Diñe şularmy?.. • “Russiýa garşy bökdeýjilik” Beýanatda NATO-nyñ 2030-njy ýyla çenli döwürde üns bermeli 138 ugura ýer berilendigi nygtalýar. Bularyñ klassifikasiýalaşdyrylan ýigrimi sözbaşysynyñ her birinde öñe çykanlar şeýleräk sanalýar: 2010-njy ýyla degişli Strategik Konsepsiýa resminamasynyñ aktuallaşdyrylmagy… Russiýa garşy bökdeýjilik we dialogy bilelikde öz içine alýan jübüt zolakly çemeleşmäniñ ulanylmagy… Syýasy utgaşygyñ we bileleşigiñ dowam etdirilmegi... Transatlantik konsultasiýanyñ güýçlendirilmegi… NATO-nyñ we Ýewropa bileleşiginiñ arasyndaky howpsuzlygyñ we düşünişmegiñ iñ ýokary derejede täzeden janlandyrylmagy... Russiýa garşy Ukraina meselesi barha-da anyklaşýarmy? Ýene biraz aýratyn maglumat bereýin... Beýanatyñ “Esasy wezipeler” bölümüniñ 12-nji maddasy: “… NATO hyzmatdaşlygyny guramanyñ strategik bähbitlerini ösdürmek we has gowy ulanmak üçin sferalaýyn meýilnama taýýarlamalydyr. Häzirki talap merkezli çemeleşmeden gyzyklanma merkezli çemeleşmä geçmelidir. NATO giñelmeli ve güýçlendirmeli. Ukraina we Gürjüstan bilen hyzmatdaşlyklar…” NETIJE: Jo Baýden 2021-nji ýylyñ 3-nji martynda "Barha artýan strategiki kynçylyklaryñ garşysynda öñe çykan Hytaýa we ynjalykdan gaçyryjy Russiýa garşy amatly gurluşy, mümkinçilikleri gözden geçireris" diýipdi. NATO şondan üç aý soñ 2021-nji ýylyñ 14-nji iýunynda "Russiýa garşy bökdeýjilik we dialogy bilelikde öz içine alýann jübüt zolaklh çemeleşmäniñ ulanylmagy" jümlesini ulandy. Aýtunç ERKIN. "SÖZCÜ" gazeti, 09.03.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |