20:32 "Taguty" Erdoganyñ gözünden okamak | |
"TAGUTY" ERDOGANYÑ GÖZÜNDEN OKAMAK
Publisistika
Konserwatiw (dindar) gatlaga ýakyn belli işewürleriñ biri bilen gürrüñdeş bolupdym. Ol kapitalizmi öwýärdi, menem kapitalizmiñ açlygyñ we garyplygyñ baş jogapkäridigi baradaky pikirlerimi aýdýardym. Soñra şeýle diýdim: - Netijede kapitalizm siziñ dünýäñize-de ters, emma sizem üýtgediñiz. Ebu Zere serediñ ýa-da Ibn Halduna. Işewür dostumam: - Abdyrahman ibn Awf hem bar. Hawa, olam baýady, baýamadyk galmady. Ýöne ol baýlygyny Allanyñ ýoluna harç etdi. Käbiri baýlyga göz gyzdyranok, gaýtam eliniñ tersi bilen itip goýberýär - diýdi. "SÖZCÜ" gazetiniñ žurnalisti Soner Ýalçynyñ "Tagut. Mukaddes aldanyşyñ şejeresi" kitabyny okanymda, ýadyma ýañky dialog düşdi. Soñra kitabyñ "Ebu Zer sagçymy?" bölüminde sägindim: "Zalym Mugawyýanyñ ekslutasiýasyna we elpe-şelpelige ýykgyn edýän häkimiýetine garşy gidendigi üçin Rebeze çölüne sürgýn edilen sahaba Ebuzer Gifarä "sagçy" diýip bilerismi? Ady Jundub ibn Junade ibn Sekan... Anyk doglan ýylyny bilýän ýok. Lakamy "Zer", ýagny altyn, baýlyk diýmek. Ýogsam bolmasa, Ebu Zer çopandy. Täze dörän dini we pygamberi has ýakyndan tanamak üçin Mekgä gelipdir: Hezreti Alynyñ öýüne myhman bolupdyr, Hezreti Muhammet bilen tanşypdyr, iman edipdir. Ebu Zer ilkinji muhajir musulmanlardandyr... Taryhçy Tabarynyñ aýtmagyna görä, Ebu Zer yslamy kabul eden dördünji ýa bäşinji adam elken. Muhammet pygamberden "Abdylla" adyny aldy. Beni Gifar taýpasy-da 629-njy ýylda musulman boldy. Bir ýyldan soñ... Müñe golaý adam bilen Halit ibn Welidiñ serkerdeliginde Huneýn-Taif ýörişine gatnaşdy. Wizantiýa garşy bolan Tebük söweşinde boldu. Ebu Zer yslamyýetiñ ilkinji uruşlarynyñ hemmesinde bardy". • Ýogsa-da, Ebu Zer haçan "kelle agyrtmaga" başlady? "Onuñ üçin Hezreti Osmanyñ häkimiýetine çenli hiç hili mesele ýokdy. Diñe şondan soñ ol ynjalyksyzlyk duýmaga başlady we muny belent ses bilen dillenmäge başlady. Gurhanyñ baýlyk toplaýanlara dowzah oduny wada berýän aýatlaryny okap berdi. "Haçanda garypluk bir gapydan girse, din başga gapydan çykyp gider". Ebu Zer gitdigisaýy garyplaşýan halkyñ we adalatyñ sesi boldy. Birinji sahabalardan bolandygy üçin halkyñ arasynda hormat-sylagy uludy. Ebu Zer soragyny aç-açan berýärdi: Nämüçin halyf Osman ýüpek geýýär? Nämüçin "Darül-Hilafe"-de iñ datly naharlardan doly saçaklar bezelýär? Nämüçin halyfat şurasynyñ agzasy Zübeýriñ her gün işläp gazananlaryny oña getirip berýän tegelek müñ sany guly bar?" Ebu Zer Hezreti Muhammediñ (s.a.w) durmuşyndan mysallar berýärdi: "Aýlar geçse-de, pygamberiñ öýünde nahar bişirmek üçin oduñ ýanan wagty ýokdy. Pygamberiñ öýünde bar azyk-owkat köplenç suw bilen hurmadan ybaratdy. Ol özüni açlyk bilen synaýardy we köplenç açlyga döz gelmek üçin garnyna daş dañýardy. Geýimi, iýip-içýäni we ýönekeýje öýi bilen biz Ashaby-Suffa jemagatyna teselli berýärdi. Ýersizdik, köplenç aç-suwsuzdyk, aramyzdan bir topary her gihe onuñ bilen bile garbanardy, haçan öýünde nahar bişirilse, bizi çagyrardy. Arpa unundan we hurmadan edilen nahardy o..." • Yslam sagçymy? Soner Ýalçyn "Tagutynda" diýseñ "agyr" çekişmä giripdir. Anyk mysallaryñ üstünden kimleriñ dini bozandygyny gürrüñ beripdir, "sag-çep" düşünjeleriniñ üstünden Hezreti Muhammediñ (s.a.w) beýik rewolýusionerdigini ýazypdyr: "2021-nji ýyldy. "Aýasofýa" metjidinde hapyzlyklaryny tamamlan 136 talyba prezident Erdoganyñ gatnaşmagynda diplomlary gowşuryldy. Dabarada nepagadaky ymam Mustapa Demirkanyñ şu sözleri gowur turuzdy: "Şu we şunuñ ýaly ybadathanalar ybadathana bolup galmagy üçin gurulypdyr, peşgeş berlipdir. Şeýle bir wagt gelip ýetdi, bir asyr ýaly wagtyñ içinde azan we namaz bu ýerde gadagan edildi we muzeýe öwrüldi" diýip, "Bakara" süresiniñ 114-nji aýatyny okap, sözüniñ üstüni ýetirdi: "Hawa, olardan has zalym, has kapyr kim bolup biler? Ýa Rebbi, ol añyýeti bu ymmatyñ başyna gelmegini takdyryna ýazma..." Öñki ymam döwletiñ birinji derejeli adamy Erdoganyñ gözüniñ içine seredip, "Aýasofúany" muzeýe öwren Atatürke nälet okady. Wah, nähili gynançly... bu ýurduñ musulmanlaryna yslamy kim öwretmeli?" Alyñ, size kitapdan ýene bir jedel döretjek pikirler: "Türkiýede wahhabylyk Saud Arabystanyndan has beter güýçli. Geñ galyp oturmañ. Serediñ: professor Ihsan Süreýýa Syrma Ankara uniwersitetiñ ylahyýet fakultetini 1966-njy ýylda tamamlady. Yslam taryhy boýunça doktorlyk dissertasiýasyny goramak üçin Fransiýa gitdi. Arap dilini öwrenmek üçin Tunisde boldy. 1973-nji ýylda ylymlaryñ doktory, 1980-nji ýylda dosent, 1989-njy ýylda professor boldy. 1995-nji ýylda basyş edilip, pensiýa çykaryldy. Yslam taryhy boýunça 30 kitap, 200-den gowrak makala ýazdy. Professor Syrma 2020-nji ýylyñ Giresun Kitap sergisine çagyryldy: uçar biletleri ugradyldy. Soñra "ýerli syýasy deñagramlylyk" diýlip, sergä gatnaşmagy goýbolsun edildi! "Ýerli deñagramlylyk" diýýänlerem Syrmanyñ bä jiltlik "Musulmanlaryñ taryhy" atly ylmy işinde "Mugawyýañky we onuñ ogly Ýezidiñki nädogrudy, Hezreti Alyñky dogrudy" diýip ýazmagydy. Tötänlik... Syrmabyñ ýerli syýasy deñagramlylyk sebäpli Giresuna gelmeginiñ islenmedik güni ABŞ Kasym Süleýmanyny öldürdi! Kasym Süleýmany barada hiç zat bilmeýän ýezitçi tarapdarlaryñ käbiri "şaýy serkerdesi öldürildi" diýip baýram etdi! Olaryñ bar görýän zady - öleniñ şaýy bolmagydy! Olar üçin ýeke-täk ölçeg - Syrmanyñ Hezreti Alyny hakly çykaran pikirleridi. Yñdarma mezhepçilik we syýasat adamlary oýnawaja öwrüp taşlapdyr. Biziñ illerde syýasy yslamçylaryñ 200 ýyl bäri imperializmiñ hatarynda ýer almagynyñ sebäplerine kelle agyrsak gowy bolmazmy?" Onda sorag şu: Yslam sagçymy? AKP we Erdogan Ebu Zeriñ ýanyndamy ýa-da Mugawyýanyñ? Aýtunç ERKIN. "SÖZCÜ" gazeti, 20.06.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |