17:22 Hajymelikden hasap soran | |
HAJYMELIKDEN HASAP SORAN
Goşgular
Gurt däl, möjek bolup ineñsoñ dünýä, Öwrenen gylygñy goýaryñ bolmaz. Baýguş ryskyn görseñ, gözleriñ gülýä, Ýaglyja lukmadan do ýarym bolmaz. Keýpine, kireýsiz kakmarsyñ kilim, Ýelmeşseñ - sypma ýok, göýä bir ýelim, Biçak çişirdiler - artykmaç ýeliñ, Agramyñ näçeräk - duýaryñ bolmaz. Bilmeýäne sahawatly, dana sen, Çytraşýarsyñ meñzemäge hana sen. Mugt gazanjy siñdireñsoñ gana sen, Ynsaba-ygrara uýaryñ bolmaz. Ýygyp-düýrüp tomsuñ hakgullasyny, Unudanyñ biri öz Allasyny, Gara şaýa çalşyp söz tyllasyny, Haram puldan başga baýaryñ bolmaz. Ýagmyr PIRGULYÝEW. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 31.07.2024 |
√ Merhum dostumyñ gelnine / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Enem / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Derdi-halym hezretiňde, Rebbena... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Bilýäňmi, kim sen / Goşgular - 08.11.2024 |
√ «Dag başynda mesgen tutan bürgüdi...» / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Bir ýaşuly hakda / Goşgular - 21.05.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Ömrümde / Goşgular - 05.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |