22:15 Hakyda | |
HAKYDA
Edebi makalalar
Ir bilen gündelik çykýan gazet-žurnallary almak üçin çörek magazininiň ýanyndaky kioska golaýlanymda, magazindan hüňürdäp çykan gelne seredenimi duýman galdym. - Näme, çörek ýok ekenmi? – diýip, berlen soraga ol: - Ömür şeýledir, haçan gelseň, ak çörek ýok – diýip, ýüzüni turşatdy. Ak çörek ýok! Bu söz maňa obadaşym Ajap ejäniň keşbini göz öňüme getirdi. Onuň maňa beren pajygaly gürrüňlerini ýadyma saldym. ...1941-nji ýylyň tomsy. Ýaňy sümmül bolup ugran bugdaýlar bol hasyly wada berýärdi. Emma iýun aýy aýak bolmanka başlan nägehan uruş göýä şol bugdaýlaň hem başyny egen ýalydy. Günüň-güni obadan gidýän ýigitleriň sany köpelmese azalanokdy. Iýul aýynyň ortalarynda dag obasynda oraga girişilipdi. Ýarlaryny, doganlaryny urşa ugradyp, ýürekleri ýaraly, billerini berk guşan gelinler oraga başladylar. Bugdaýyň bir dänesi zaýa edilmän ýygnaldy. Indi ony fronta ibermek galypdy. Bu bolsa aňsat däldi. Bu dilde aňsatdy. Haltalara gapgarylan bugdaý hasylyny Bäherdene äkitmelidi. Erkek kişiler barka bu zatlary alada etmelidir öýtmedik gelinleriň paýyna onlarça kilometr ýoly paý-pyýada geçip eşeklere ýüklenen bugdaýy Bäherdene daşaýardylar. Bu tabşyrylan işe birjigem ýüzlerini çytmadyk gelinler urşa gidenleriň aman gelmegini diläp, daň bilen ýola düşýärdiler. Güni Tagarow dagynda dogrup, gijara Bäherdene gelýärdiler. Çokaýlaryndaky bugdaý dänelerini harmana serpip, yzlaryna dolanmak bilen bolýardylar. Front üçin gyzyl-kümüş şaýlar tabşyrmaly bolanda hemme kişi bir adam ýaly bolup seslenipdi. Ýöne şo zatlary gözi bilen görüp, egni bilen çeken gelinleriň öňünde Ogultäç Ekäýewa, Ajap Muhammetnurowa, Ogulgül Artykowa, Ogulsona Seýitmyradowa, Mama Hojageldiýewa we başga-da onlarça, ýüzlerçe gelinleriň öňünde müň mertebe baş egýärin. Hawa, oragam orlupdy, bugdaýam döwülipdi. Güýzüň çigrek howasy başlapdy. Frontdan gelýýän habarlar bir-birinden iniňi tikenekledijidi. Iki-ýeke onda-munda ýogaldy habary gelýänler hem bardy. Bu zatlar göräýmäge gelinleň bilinji bükjek ýalydy, emma ýeňşe bolan ynam şol egilen billeri ýene dikeldýärdi. - Elindäki bäbegini gaýnyna goýup, ýatymlyk daga ýer sürmäge gitmek olara kyn düşer. Galan-gaçak erkek kişilerem fronta gidýär. Nätsekkäk! – diýip, alada galan garry brigadir Hallysähet çugutdyryp otyrka, goş-golamlaryny düwüp gelen gelinler, brigadiriň başyny göge ýetiren ýaly boldy. Ol ýerinden galyp: - Bajylar, doganlar!.. – diýip, yzyny gürläp bilmän dymdy. Ýer sürmek orak ormakdan kynrakdy. Sebäbi iki öküze goşulan azaly ähli güýjüň bilen basmalydy. Täze bäbegi bolup, bili oňly bitişmedik gelni görende Ogulgülüň süňňi titräp gitdi. Oküz maýdalyna ýöräp, azal bilen bile gelni süýräp gelýärdi. Essine gelen gelin birbada nämäň-nämedigine düşünmedi. Ýerinden galjak boldy. Onýança ylgap gelen Ogulgül: -Zyýany ýok, goşda galyp, birki gün nahar-çaýa seredersiň. Onýança, belkäm, obadan kömek geler – diýdi. Emma bu söze onuň özem ynanyp baranokdy. Entekler sürülmedik ýer kändi. Howa mazaly sowapdy. Gelinlere göz-baş bol diýip iberilen Gurbangeldi aga öküziň başyny çekip barşyna: -Wah, menem gidäýen bolsam bolmaýamy. Men diýen ýigitleň işini bitirjek bolup ýüzleri garaört bolupdyr – diýip, içini gepledip barýardy. –Är işine hötde gelýän balalam, başyňyz dik bolsun. Bu girmanyň soňuna sogan ekeris – diýip, gelinlere göwünlik berdi. Ýerem sürüldi, güýzlük bugdaýam ekildi. Ýöne muň bilenem iş gutaranokdy. Front diýip şol gidilip otyrylyşydy. Ynha birdenem dünýäler üýtgän ýaly boldy. “Biziňkiler nemesleri gabapdyr. Olary indi kowup başlapdyr” diýen hoş habar ýyldyrym bolup ýaýrady. Gelinler öňküdenem kuwwatlanan ýaly boldular. Günde bir hoş habar gelýärdi, emma şol hoş habaryň gapdaly bilen ajy habaram gelip durdy: Hojageldi ýogalypdyr, Artygyň patasy alynýar. Seýitmyrat neresse bolmandyr. Ine, şol iniňi tikenedýän habarlar il arasyna ýaýraýardy. Şeýle-de bolsa birki gün çabyt atyp oturan gelinler umyt baglap, ýene-de işe çykýardylar. Artyk-süýşük zatlaň bary front diýip iberilip duransoň,obada açlyk gidýärdi. 1943-nji ýylyň gyşynyň gazaply gijeleriniň birinde kolhoz işinden ýadap gelen Nowbahar eje pejiň daşynda ýygrylyp oturan çagalarynyň ýüzüne seredip, inçejik umyt bilen kendirigini açdy. Emma onuň düýbi ýalanan ýalydy. Muny görüp ol hasam aljyrady, bokurdagy doldy. Çagalaryna syr bildirmän daşary çykan ene öz yzy bilen ýuwaşja çykan uluja oglundan bihabardy. Ene asmandaky ýyldyzlardan kömek soraýan ýaly, ýokaryk seredip: - Eý, akja ýyldyzlar, heriň bir ok bolup, girmanyň ýüreginden sanjylsaň bolmaýamy. Bu ganym urşy gutaryp, menem çagalammy ine-gana doýursam - diýip, içinden aýtjagyny daşyna çykaryp aglady. Oglan bu zatlary eşidip çydap bilmedi. Ol şol wagt ejesiniň dürli ýürekler bilen müň arzuwlar bilen tikip beren tahýasyny goltugyna salyp, Gurbanmyrat agalara ugrady... Şol zatlary ýada salyp, haltasyny çörekden dolduryp, onam getirip malyna berýän ene bilen, özüne ýyldyzlardan kömek soraýan enäni, heý-de, deňäp bolarmy? Hawa, häzirem daşary ýurtlarda öz çagalaryny doýuryp bilmeýän ene kän. Jorasynyň egninde üýtgeşik matadan tikilen köýnegi görüp, şondan edinmek arzuwy bilen bahymrak adamsynyň işden gelerine howlugyp oturan gelin – gapynyň kakylmagy bilen ýüz-keşbini üýtgetdi. Işden ýadap gelen adamsy muňa kän bir ünsem bermedi. Muňa hasam çişen gelin, oňa, çaý-nahar äbermegiň ýerine hüňürdäp başlady. –Ömür iliň geýýänini geýip bolmaz, geýseňem iliň soňundan geýersiň. Haçan bizem il deňinde geýip çykarkak. –Nämäň-nämedigine bahym göz ýetiren adamsy giňlige salyp, “Hany bir çaý-naharyň ugruna çyk. Öňem köýnegiň az däl-le” diýdi. Ine, şol söz hem oňa otly köýnek geýdirdi. –Az däl, az däl. Olar bireýýäm modadan galypdyr. Şeýdip ol ýadap gelen adamsyny güler ýüz bilen garşylamagyň ýerine, onuň aladasynyň üstüne alada goşup, ýok zatdan şer gözledi. Belki, ol gelin heniz-henizlerem ýarynyň ýoluna göz dikip, oňa niýetläp tiken çilim haltasyny gowşurmagy arzuw edip, kyrk ýyldan gowrak wagt bäri garaşyp ýören Oguldöwlet ejäniň bardygyny unudýandyr. - Toýuma pylan bagşy gelmese, durmuşa çykjak däl. Spisokda görkezilen zatlaryň biri kem bolsa barman... Gynansak-da, şu zatlar häli-şindi gyzlardan eşidilýän sözler. Spisokda görkezilen zatlary almak üçin ýa-da bagşyny çagyrmak üçin gör, näçe harajat gerek!.. *** Kakasy bilen ýalňyz doganyny fronta iberip täk özi galan Ogulsabyr ýaňy 13-14 ýaşyndady. Gör, näçe arzuwlary bardy! Okajakdy, doganynyň toýuna taýynlyk görýärdi. Guda bolnupdy. Emma şol arzuwyň bary ýele sowrulan ýaly bolupdy. Muňa-da nägehan uruş sebäp bolupdy. Kakasydyr doganynyň yzly-yzyna öldi habary geldi. Okuwyny taşlap, işe çykmaly boldy. Bir özüň bolaňda-da gün-güzeran dolama gerekdi. Men ýene-de uruş döwrüniň bir wakasyna ýüzlenesim gelýär. Goňşy-golamlaň çagalaryny yzyna tirkäp, her gün daga alwan ýygnamaga gidýän Nurmuhammet aganyň bu gün öňküligi ýokdy. Ol iki oglunyň öldi habaryny bir günde alypdy. Çagalara syr bildirmejek bolýardy. Şu gün daga gitmese-de boljakdy. Heniz daň atmanka gapylaryna üýşen çagalar, ony bu pikirinden dönmäge mejbur edipdi. Ol eşeginden düşüp, bir kerkaw agajynyň düýbünde oturdy-da, “Balalam, siz arkaýyn aýlanyberiň. Men şu taýdan çapanymy ýygaryn” diýip, olary alwan gözlemäge ugratdy. Çagalar gidensoň düýbünde oturan kerkawyny gujaklap: - Goşa çynarym birden ýykyldy – diýip, garry iner dek bozlady. Ähli zada wagtyndan ir göz ýetirmeli çagalar birsalymdan Nurmuhammet aganyň hem doly torbasyny özleriniňki bilen bile goýdular. Eýsem-de bolsa, şol wagtdan bäri heniz kän bir wagt geçmändir... kyrk ýyldan gowrak wagt munuň özi taryh üçin köp zat däl. Indi şol wagt kösenen çagalaryň çagalary ösüp ulaldy. Şu az wagtyň içinde biziň aň derejämiz ösdi, durmuşymyz has gowulandy. Şeýle ösen durmuşda ýaşaýan bolsak-da, sowet mekdeplerinde aň bilim alýan bolsak-da, öz-özüne baha kesýän gyzlara, gül ýaly durmuşynyň gadyryny bilip, gözel ýarlaryna guwanyp ýörmegiň deregine, ýok zatdan bahana gözleýän gelinlere, ene-atasynyň ýüzüne gelýän ýigitlere, çöregi haltalap mala dökýän garrylara az duşamzok. Şonuň bilen birlikde päk zähmetiň hözürini görüp, durmuşyndan razy gelin-gyzlary näçe sanasaň sanap oturmaly. “Aý näme, ertir gidip, agşam gelýär, hars urup işleýär, görýäni näme, iliň geýýän zadynyň üçden birini hem geýenok” diýip, zähmetden gaça durýan, magazinden-magazine entäp, arzan alyp – gymmat satyp ýören gelin-gyzlaram az däl. Eýsem-de bolsa, şolar özleriniň dakynýan gyzyl şaýlaryna, geýýän gymmat baha eşiklerine mynasypmykan beri? Beýle diýdigimiz, gyzyl dakynmaly däl, gowy geýinmeli däl diýdigimiz däl. Ýöne şol zatlary halal zähmetiň bilen, her zadyň çaky bilen edilse ýagşy. Bir gezek awtobus duralgasynda garaşyp durdum. Şonda iki sany geýnüwli gyzyň bir garry enä seredip pyňkyryşyny halamadym. “Aýagyndaky köwüş näteňet” diýşip hondan bärsi bolýardylar. Şonda men Ajap ejäniň bir wagt beren gürrüňi ýadyma düşdi. ...Işden sütüni süýnüp gelen oglunyň aýagyndaky ýarany görüp, ene gözlerine ýaş aýlady. Gapyň agzyndaky çarygyň aşagyndaky ýyrtygy görüp: “Wah, balam, aýtsaň bolmadymy. Özümiňkini geýdirerdim” diýip, eýýäm süýji uka giden ogluna seretdi. Soňra bolsa ol öz-özüne: “Hany men Ogulgerekden bir habar tutaýyn, şolaň öňräk sygry ölüpdi” diýip, öýden çykdy. Olardanam lapykeç çykan Aşyrgül daýza bir bölejik hamy eline alyp, öýüne geldi... *** Özleriniň gül ýaly dişlerlerini ýonduryp, gyzyl diş goýdurýan, ýa bolmasa, ähli barmaklaryny ýüzükden dolduryp mazamlap barýan gyz-gelinlerem az däl. Eýsem-de bolsa, olar uruş ýyllary Bossan atly gyzy bilýärlermikän?! Yzly-yzyna çagalary durmansoň, Bossanjygyň dünýä inmegi Artygy örän begendiripdi. Onuň yzyndan bolan çagalaram gül ýaly ösüp ýördi. Kakasy: “Çaganyň aýagy düşümli boldy” diýip, şäherden ýörite Bossanjygyň aýagyna bukaw ýasadyp getiripdi. Gyzynyň aýagyna dakylan bu bukawyň şaňňyrdysy onuň gulagyna ähli sazlardan enaýy bolup eşidilýärdi. Ejesiniň ähli şaý-seplerini bir düwünçege düwüp duranyny görüp, Bossanjyk: - Eje olary nirä alyp barýaň? – diýip sorady. Ejesi oňa: - Gyzym, bulary fronta iberýän, kakaň bahym dolanyp geler ýaly – diýdi. Şonda gyzjagaz känbir oýlanyp durman özüniň aýagynda şaňňyrdap duran bukawyny açmaga durdy. - Eje meňem bukawymy ibersene! Kakam sag-aman dolanyp geler ýaly – diýip, ejesine ýüzlenipdi. Elbetde, häzir döwür başga. Bu zatlar häzir erteki ýaly bolup görünýär. Ýöne bu hakykat. Ýyllar tirkeş gurap geçip dur. Şol gazaply ýyllarda ähli kynçylyklara döz gelip, söwer ýaryndan, ýalňyz doganyndan, mähriban kakasyndan jyda düşen gelin-gyzlar barha aramyzdan azalyp gidip otyr. Ýöne biziň durmuşymyz näçe gözel hem bolsa, heniz görlüp-eşidilmedik dokçulyga eýe bolan hem bolsak, biz şol döwürdäki merdana gelinlerden görelde almalydyrys. Şolaryň baky öçmejek şöhratyna hormat goýmalydyrys. Şeýle etsek, biz öz iýýän duzumyzy hakladygymyz we şolaryň öňündäki borjumyzy berjaý etdigimiz bolar. *** Bu gün biz Oktýabryň beren beýik hukugy bilen agzybir maşgalada ýaşaýarys. Muny men öz dogduk obamyň mysalynda-da aýdyň görýärin. Çar tarapy beýik daglar bilen gurşalan dag obasy şu ýetmiş ýylyň içinde tanalmaz ýaly özgerdi. Şonuň bilen bir hatarda dagly obadaşlarymyň hem medeni derejesi, aň-düşünjesi artdy. Men mahal-mahal uzak ýol söküp, özümi şol obanyň gujagyna oklaýaryn. Mähriban we zähmetkeş obadaşlarym bilen durmuş hakda, adam gatnaşyklary dogrusynda içginden-içgin söhbetdeş bolýaryn. Könekesir obasynyň ýaşuly adamlarynyň biri Allanazar aga bilen her gezekki söhbetdeşlik mende uly täsir galdyrýar. Her gezegem bir uly taryhy roman okan ýaly bolýaryn. Şu gezek oba baramda-da, men onuň ýanyna salama bardym. Saglyk-amanlyk soraşanymyzdan soň, ol meni çaý başyna çagyrdy. Ullakan hoz agajynyň aşagynda agaç sekide oturdyk. Biziň gürrüňimiz ýene-de geçmiş hakynda boldy. Sumbar jülgesinde Şerbakowlaryň maşgalasyny ýatdan çykarmandyrlar. Elbetde, olaryň maşgalasyny gözi bilen gören adamlar indi ýok diýen ýaly. Olar asyryň başlarynda Könekesirden uzak bolmadyk Ýamanýol diýen ýerde mekan tutupdyrlar. Maşgalabaşy Pýotr Şerbakow dagly adamlar bilen ysnyşykly ýaşapdyr. Käri feldşer bolansoň, onuň derde derman elinden şypa tapmadyk adamlar bu jelegaýlarda az bolupdyr. Şerbakowyň üç sany ogly bardy: Sergeý, Mitka, onsoňam Waska diýerdiler. Olaryň hemmesem türkmençe bilýärdi, Sergeý türkmen egin-eşigini geýýärdi, dutarda türkmen sazlaryny çalýardy. Öýleri ýoluň ugrundady. Goňşy obalardaky türkmen çagalary olaryňka baryp, bile oýnaýardylar. Olar Sergeýiň türkmençe adyny Döwletgeldi diýip tutýardylar. Şol Döwletgeldi diýlip ady tutulan oglanyň soň graždanlyk urşunyň gahrymany bolanlygyndan, Jüneýit hanyň ýolbaşçylygyndaky basmaçy toparlary derbi-dagyn etmekde uçursyz gaýduwsyzlyk görkezendigini ýaşuly nesil gowy bilýär. Allanazar aga bolsa Sergeý Şerbakow bilen baglanyşykly başga bir wakanyň janly şaýady. Ol waka 1919-njy ýylda Sumbar jülgesinde, has takygy Könekesir obasynda bolup geçipdi. Ýetmiş ýyla golaý wagt mundan öň geçen wakanyň bolan ýeri söhbetdeş bolup oturan ýerimizden kän uzakda däl. Bolsa 200 metr çemesi aralykda. On dokuzynjy ýylyň tomus günleriniň birinde, ertir irden Allanazar agalaryň maşgalasy ojak başyna üýşüp, ondan-mundan gürrüň edişip otyrdylar. Şol wagtlar hem olaryň ýanyna serhetçiler otrýadynyň komandiri gelip, onuň kakasy Towy aga bilen gyssanmaç salamlaşýar. Hemem ony ýanyna çagyryp, gulagyna bir zat pyşyrdaýar. Özi bolsa atyna münýär-de, ýene-de yzyna tarap gidýär. - Biz onuň nähili çininiň bardygyny bilemzokdyk, ýöne oba adamlary ony bolköýnek diýip atlandyrýardylar. Şonda biz kakamyzyň ýüzünden bir bolmasyz zadyň bolandygyny aňdyk. Ol gyssanmaçlyk bilen, çäkmenini egnine atyp ýola düşdi. Köp wagt geçmänem, yzyna bolköýnegiň aýalyny we çagalaryny tirkäp geldi. Olara türkmen egin-eşigini geýdirdi. Oba tiz wagtdan aklaryň otrýadynyň geljekdigini biz şo mahal kakamdan eşitdik. Onuň aýdyşy ýalam boldy. Aradan birki sagat geçip-geçmänkä duşman atlylary göründiler. Gele-gelmäne-de serhet zastawasyna çozdular. Emma güýçleriniň azlygy sebäpli serhetçiler yza çekilmäge mejbur bolupdylar. Muny olar, belki-de, parahat oturan obany gyrgynçylyga bermäli diýen niýet bilen eden bolmaklary ahmal. Biz Allanazar aga bilen şol döwürde serhet zastawasynyňň ýerleşen ýerine tarap ýöneldik. Iki tarapy-da gür baglyga bürenip oturan darajyk köçe bilen ýöräp barşymyza, Allanazar aga maňa dek düýn bolup geçen ýaly, şol taryhy wakalary gürrüň berýärdi. - Aklaryň baştutanyna Läle han diýýän ekenler. Olar gelip ine, şu ýerde doldular – diýip, şahalaryny giň ýaýradyp oturan dört sany armyt agajyny görkezýär. - Şu agaçlar şo döwürde-de ösüp otyrdy. Olar zastawada özleri üçin hiç hili zat tapmadylar. Ýöne howluda duran ullakan sandyk bardy. Şony açjak bolup sandygyň gulpuny oka tutdular. Atylan okuň biri sandyga degip, yzyna gaýtdy. Ok gelibem olaryň biriniň dyzyna degip, garagan etdi – diýip, Allanazar aga dymdy. Ara uzak wagtlyk dymyşlyk düşdi. Megerem oňa soňky wakalary gürrüň bermek agyr düşendir. Serhetçileri ele salyp bilmän, guduz açan Läle hana bir ýol bilen serhetçilerde jigit bolup gulluk edýän Gurbansähet poşy bilen Annadurdy Gödek atly ýaş ýigidi ele salmak başardypdy. Läle han olardan serhetçileri sorady. Emma Gurbansähet poşy aklaryň öňünde mertlerçe durdy. Öz ýoldaşlaryna dönüklik etmedi. Ikisi hem bir-birine çatylyp, zynjyr bilen daňylan bu merdana adamlary Läle han atuwa höküm edipdir. Olary Hojagala obasynyň golaýynda, degirmeniň ýanynda nyşana alypdyrlar. Gurbansähet poşy şonda duşman güllesinden gahrymanlarça wepat bolupdyr. Indi bolsa Şerbakowly gürrüňe dolanalyň. Läle han şonda Şerbakowy ele saljak bolup gaty kän aňtapdyr. Emma oba adamlary ol hakda hiç zat aýtmandyrlar. Ýöne şol wagt Nonur obasyndan Goçmyrat ahunyň Şerbakowyň kakasyny, rus adamsyny duşmanlardan halas edişini weli häzirem bu ýerde ýatlaýarlar. Eýsem-de bolsa, şo döwürde obadaşlary Sergeý Şerbakowyň söweş ýoluna doly belet däl bolsalar gerek. Beýik Oktýabr rewolýusiýasy amala aşanda Sergeý Belarussiýada ekeni. Ol şo bada Gomelde bolşewikler bilen gatnaşygy ýola goýýar. Sergeý Şerbakow şo döwürde möhüm tabşyryk alýar. Belarus tokaýlarynyň içi bilen Koledin stansiýasyna çenli general Kornilowy ugratmaga razylyk beren teke polky onuň tagallasy bilen bölünipdir. Şonda general Kornilowa gaçmak başardypdyr. 270 sany türkmen ýesir düşýär. Olaryň köpüsi ýalňyşyna düşünip, Sergeý Şerbakow bilen bilelikde Nowozybkowo şäherinde formirlenen 71-nji agyr artilleriýa diwizionyna, Gyzyl gwardiýa hataryna goşulypdyr. Soň Sergeý Şerbakow Osipowka obasyndan Asgabada gelýär. Ilkinjileriň hatarynda Gyzyl gwardiýa hataryna girýär. Graždanlyk urşunyň gahrymany Sergeý Şerbakowyň soňky geçen söweş ýollary hakda . Ol Jüneýit hanyň bandasyny ýok etmäge gatnaşýar. Men Allanazar agadan Şerbakowlaryň maşgalasynyň soňky ykbaly bilen gyzyklandym. - Serbakowyň Sergeýden başga-da, Mitýa, Waska diýip ogullaram bardy. Mitýa otuzynjy ýyllarda Garrygalada raýispolkomda dilmaç bolup işledi. Soň Aşgabatda sowet işlerinde işleýä diýip eşitdim. Kakalary pahyr Arçmana göçdi. Şo ýerde-de ýaşadylar. Olaryň soňky ykballarynyň neneňsi-niçiksi bolandygyndan dogrusyny aýtsam habarym ýok – diýip, Allanazar aga aýtdy. Baryp-ha ýigriminji ýyllaryň başlarynda Türkmenistanda Sowet häkimiýeti ugrunda gahrymançylyk görkezen, ady Türkmenistanyň taryhyna ymykly giren Sergeý Şerbakowyň maşgalasynyň soňky ykbaly hakda Sumbar jülgesinde men bir topar adamlar bilen gürrüňdeş boldum. Olaryň arasynda mekdep mugallymlary-da, pionerlerdir komsomollar-da, partiýa işgäreri-de bardy. Her näçe gynançly bolsa-da, hiç kim bu hakda oňly jogap berip bilmedi. Haýp, gaty haýp! Eýsem-de bolsa, öz ýaşaýan obaň taryhyny, onuň şöhratly adamlarynyň geçen ýoluny, edermenligini öwrenmezden, bilmezden uly Watany söýmek mümkinmi? Men muňa uly Watana ýürek söýgüsi ilki bilen öz ojagyňa, mähriban obaňa, onuň adamlaryna bolan söýgüden başlanýar diýip jogap bermekçi. Şu setirleri ýazyp otyrkam, 1962-nji ýylda, heniz mekdep okuwçysykam Bütinsoýuz Artek pioner lagerinde dynç alan günlerim ýadyma düşýär. Ine, şol günleriň birinde “Kiparisniý” lagerindäki fotorsuratlar galereýasynda goýlan bir türkmen ýaşulysynyň keşbinde nazarym eglendi. Ol goja maňa tanyş bolansoň, suratyň aşagyndaky ýazgyny bada-bat okadym. Onda Garrygala raýonynyň Könekesir obasyndan bolan Hojamämmet Öwezowyň döwlet serhedini bozujylaryň iki ýüzden gowragyny ele salandygy hakda ýazylypdyr. Men şonda obamyzda Hojamämmet orus lakamy bilen tanalýan edermen gojanyň bitiren hyzmatlaryna haýran galdym. Bu hakda oňa buşlasym geldi. Emma onuň ýogalanyna birki ýyl geçipdi. Şol wakadan bäri hasaplap otursaň, çärýek asyr wagt ötüpdir. Emma Hojamämmet aganyň obadaşlary – şindiki ösdürimler onuň gahrymançylygyndan habarlary barmykan? Elbetde, habarlary ýok. Meniň mähriban Könekesir obamdan ýetmiş ýylyň içinde atly-abraýly adamlaryň ençemesi ösüp ýetişdi. Şolaryň biri hem Öwez Orazowdy. Ol baryp-ha kyrkynjy ýyllaryň başlarynda ilkinji bolup biziň obamyzdan Türkmenistan hökümetiniň çleni bolan adam, ençeme ýyllap Türkmenistan Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň çlenligine saýlanan adam, respublikanyň Ýokary Sowetiniň deputatlygyna ençeme gezek saýlanan adam. Öwez Orazow geçen ýylyň baharynda ýetmiş alty ýaşynda aradan çykdy. Ol durmuşy biçak söýýän adamdy. Öwez aga iň agyr pursatlarda-da adamlaryň ruhuny götermegi başarýardy. Şonuň üçinem ol päk göwünliligi, hakykatçyllygy, şähdaçyklylygy bilen adamlaryň hormat-sylagyna eýedi. Arman, ol öz ömrüniň men diýen wagty agyr kesele duçar boldy. Ol çärýek asyrdan gowrak şol agyr kesel bilen başa-baş söweşdi. Şonda-da men onuň ruhdan düşenine, gam-gussa batyp oturan wagtyna gabat gelmedim diýsem, ýalan sözledigim bolmazdy. Ýigriminji ýyllaryň başlarynda okuw diýip, dagly obadan paý-pyýada Aşgabada gaýdan Öwez respublikamyzdaky uly özgerilişikleriň şaýady boldy. Öwez Orazow uruş döwründe et-süýt senagaty halk komissarynyň orunbasary bolup işlän döwründe-de, soň birnäçe ministrlige ýolbaşçylyk eden döwründe-de halkyň aladasy bilen ýaşapdy. Durgunlyk döwründe köp sanly wezipeli adamlaryň halkyň ynamyna ikilik edişleriniň şaýady bolduk. Biz ol nogsanlyklar hakda indi aç-açan gürrüň edip, olary ýazgarýarys. Şol döwürde bu ýaşuly kommunist bilen söhbetdeş bolan wagtymda ol haýsydyr bir hojaýynsumagyň kommuniste gelişmeýän hereketleri barada janyýangynlyk bilen gürrüň edip, “Biziň işlän döwrümizde beýle däldi. Bu zatlaryň uzaga gitmäge haky ýok. Wagt geler, onuň öňi hökman alnar” diýip aýdýardy. Ol muňa pugta ynanýardy. Şu zatlar hakda oýlanyp otyrkam, men Kommunistik partiýanyň päk ýürekli esgeri, ähli gujur-gaýratyny, ukybyny öz halkynyň bgty üçin sarp eden Öwez Orazowyň geçen uly we agyr durmuş ýoluny göz öňüne getirýärin. Eýsem-de bolsa, bu gaýduwsyz adamyň ömür ýoly hakda, onuň obadaşlary – ýaş ösdürimler bilýärlermikä? Onuň ýan ýoldaşy ýigriminji ýyllaryň başlarynda türkmen topragyna gelip, sosializm gurluşygynyň öň hatarlarynda bolan Nina Aleksandrowna Orazowa hakda nämeler bilýärler? Agyr kesel Öwez Orazowyň elini-aýagyny baglapdy. Ol hemişe öz obasy, obadaşlary hakdaky ýakymly ýatlamalar bilen ýaşaýardy. Kesel oňa uzak dag obasyna gitmäge mümkinçilik bermeýärdi. Meniň oba gitjegimi eşidip, ol menden dag çeşmesinden suw getirmegi haýyş edýärdi. Ýa-da bolmasa, oglan döwürlerinde öz howlularynda ösüp oturan hoz agajynyň miwesinden getirip bermegimi haýyş edýärdi. Haýyşy bitenden soň bolsa ýaşlyk döwürlerine gaýdyp gelen ýaly bolýardy. Ýeri gelende aýtsak, ýigrimi bäşinji ýylda Aşgabatdan mugallymçylyk işine baran şahyr Şaly Kekilow Öwezleriň öýünde ýaşapdy. Ilkinji goşgularyny şol ýerde ýazypdy. Her nähili gynançly bolsa-da, hakykaty boýun almak gerek. Ýaşlar şeýle adamlar hakda örän az bilýarler. Olar öz obadaşlarynyň atlaryny ebedileşdirmek hakda ýeterlik alada edenoklar. Ýogsam olaryň atlaryny heý bolmanda pioner otrýadlaryna dakyp bilerdiler! Ýa-da bolmasa, öz okaýan mekdeplerinde şöhrat muzeýini hem döredip bilerdiler ahyryn! Atalaryň söweş we göreş ýollaryny öwrenmekde ulularyň göreldesi gerekmikän diýýän. Munuň üçin partiýanyň raýon komitetinde, komsomolyň raýon komitetinde ymykly oýlanarlar diýip pikir edýärin. Men şu ýerde ýene-de bir ykbal hakda pikir öwürýän. Ol ykbal meniň obadaşym Nury Seýitgulyýew. Bu adam ýigriminji ýyllarda meýletinlik bilen raýon milisiýasyna işe gelipdir. Sosializmiň duşmanlaryna garşy göreş alyp barypdyr. Bu mähriban adam hakda otuzynjy ýylyň baharynda Türkmenistana gelen rus ýazyjylary Nikolaý Tihonowdyr Wladimir Lugowskoý eser ýazdy. Tihonowyň “Nury” atly hekaýasynyň, Lugowskoýyň “Nury milisioner” atly goşgusynyň ýazylanyna ýarym asyrdan gowrak wagt geçenem bolsa, öz çeperçiligini, aktuallygyny ýitirmän gelýär. Nury milisioner hakdaky eserleri köp millionly sowet okyjylary häzirem höwes bilen okaýarlar. Emma, Nury milisioneriň öz obadaşy – onunjy klasyň okuwçysy weli, bu eserlerden bihabar. Tihonowdyr Lugowskoýyň söýgüli gahrymanary Nury milisioneriň soňky ykbaly niçik boldukan! Rus ýazyjylary onuň bilen dostlarça hoşlaşanlaryndan soň, uzak wagt geçmedi. Şondan göni bir ýyl geçenden soň, Nury milisioner öz postunda gahrymanlarça wepat boldy. Ol baharda joşgun alan sil suwundan çagaly enäni halas edip, öz janyny gurban etdi. Eýsem ine, şeýle ykbaly biziň unutmaga hakymyz barmy?! Şeýle ykballar bolsa bir ýa iki däl. Meniň göz öňüme mähriban mugallymym, diňe meňkem däl, bütin obamyzyň mugallymy Orazmämme Öwezow gelýär. Ölmeziniň öňünçäsi men onuň bilen söhbetdeş bolupdym. Men şonda, kyrkynjy ýylyň başlarynda heniz ýigrimi ýaşa-da ýetmedik oba mugallymy Orazmämmedi ata-enesiz galan bir ýetim oglanjygyň halyna dözmän, ony Bäherdendäki çagalar öýüne iberendigini bildim. Ýetim çagajygyň haly perişandy. Onuň egnidäki geýim-gejimi sal-saldy. Ol şonda özüniň egnindäki işe geýýän ýeke-täk ak köýnegini çykaryp, oglanjyga geýdirdi. Soňam, “Bar gardaş, ýoluň açyk bolsun, bu günlerem geçer” diýip, ony Bäherden tarap ýola salypdy. Şol ýetim oglanjygyň ady, onuň beýik sungaty soň dünýä ýaýrady. Ol Nury Halmämmedowdy. Eger-de şol döwürde Orazmämmet Öwezow hossar çykmadyk bolsa, onda Nury Halmmämedowyň ykbaly niçik bordy! Dogrusyny aýtsaň, bu hakda pikir etmegiň özem depe saçyňy düýrükdirýär. Şol agyr pursatda oňa hossar çykan Orazmämmet Öwezow şu ýylyň baharynda aradan çykdy. Şu günki durmuşymyz üçin göreşen merdana adamlaryň bitiren hyzmatlary ap-aňsatlyk bilen şeýdip unudylaýmalymyka? Ýok, munuň bilen asla ylalaşmak bolmaz. Atalaryň görkezen edermenligi hakda ýaş nesil bilmelidir. Munda ilkinji nobatda ulularyň tagallasy zerur. Men Könekeisr obasynyň ýaşulysy Allanazar Towy ogly bilen hoşlaşyp durkam, buýsanç hem gynanç duýgusyny başdan geçiripdim. Sowet häkimiýeti ugrunda janyny pida eden, graždanlyk urşunyň gahrymany Sergeý Şerbakowy gören, onuň çagalyk, ýetginjeklik ýyllaryna belet adam bilen söhbetdeş bolanyma buýsandym. Emma gahrymanlaryň hatyrasyny saklamak ugrunda edilýän işiň ýokdugy ýadyma düşende weli, gaty gynandym. Eýsem-de bolsa, gahrymanlar hemişe biziň hakydamyzda ýaşamalydyr! 1987 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |