11:35 Hakyda | |
HAKYDA
Goşgular
Agam Allaýar Çaryýewiň ýagty ýadygärligine Ýetmiş bäş ýyl göterýärin adyny, Müň dokuz ýüz kyrk dört, iýun ýigrim bäş. Güllesinden wepat boldy faşistiň, Belorus topragy, Witebsk hem Orş. Doglan ýyly müň dokuz ýüz ýigrim bäş, Ondan galan ýekeje zat suraty. Başga hiç zat – ne galamy, kemeri, Ne ýorgany, ne düşegi, gyraty... Enem bilen gitdi ýatlamalaram, Gujagy nist söýüp giden gyzynyň. Men bu gün ýürekden aglaýan dostlar, Ojagy nist goýup giden yzynyň. Özüçe aglaýar her kim agysyn, On dokuzda ýetmiş ýaşla agasyň... 25.02.2023 ý. | |
|
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |