19:00 Aýtunç Altyndal | |
Hakykatyñ sesi:
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
▶ AÝTUNÇ ALTYNDAL Aýtun(ç) Altyndal, 12.01.1945-nji ýylda Stambulyñ Bakyrköý raýonynda dogulýar. Din, taryh, syýasat, filosofiýa, ezoteriýa, gizlin gulluklar barada birnäçe kitaplary ýazan teolog, alym we ýazyjy. Asly çerkezlerden. Başlangyç bilimi Stambulda alýar we orta bilimi 1956-njy ýylda Diýarbekirde tamamlaýar. Haýdarpaşa, Kabataş, Pendik liseýlerinde okaýar. Sorbonne uniwersitetine girýär. Şweýsariýanyñ Sýurih uniwersitetinde teologiýadan doktorlyk dissertasiýasyny goraýar. Ilkibaşlarda döredijilik bilen meşgullanan A.Altyndal "Habar", "Agşam", "Cumhuriyet", "Yeni Halkçı", "Ulus", "Yenigün" ýaly gazetlerde makalalar bilen çykyş edýär. Dokuz sany terjime kitaby neşir edilýär. Ýedi kitaby bolsa gadagan edilýär. A.Altyndal 1973-nji ýylda "Partizan" atly goşgular kitaby üçin 7,5 ýyl azatlykdan mahrum etmek islenilýär we ol daşary ýurda gaçýar. 1975-nji ýylda Şweýsariýada "Marksist nukdaýnazardan Türkiýede aýallar" ady bilen kitaby çykýar. 1977-nji ýylda Stambulda "Havass" neşirýatyny esaslandyrýar. 1984-nji ýylda bolsa "Süreç" neşirýatyny gurýar. 1989-njy ýylda Sýurihde "Modus Vivendi" neşirýatyny we Sungat Galareýasyny döredýär. 1989-njy ýylda bir wagtyñ özünde Russiýada Türkiýänin Medeniýet geñeşçisi bolýar. 1992-nji ýylda Angliýanyñ Edinburg şäherinde "International Academy For European and Christian Studies" gurulyşynda "Project Academic Board" (Akademiýanyñ dolandyryjy topary) agzalygyna kabul edilýär. Şol ýyl Angliýada neşir edilen "Three Faces of Jesus" ("Üç Isa") kitaby giñ seslenme döretdi. Bu kitaby 1993-nji ýylda rus diline terjime edilýär. 1993-nji ýylda Ýewropanyñ Halkara Añ-düşünje jemgyýetiniñ ylmy toparynyñ agzasy bolýar. Şol ýyl Awstriýanyñ Graz şäherindäki Karl-Frans uniwersiteti tarapyndan gurnalan "European Seculer Legacy" atly halkara konferensiýasynyñ bölüm başlyklygyna getirilýär. 1995-nji ýylda Nýu-Ýorkdaky "Carnagie Council On Ethics and International Affairs" guramasyna çagyrylan ilkinji we ýeke-täk türk boldy, şol ýyl Nýu-Ýorkda BMG bilen baglanyşykly Adamyñ ýaşaýyşyna jogapkär ruhany we syýasy liderler global forumynyn hem halkara geñeşçi agzasy edilip saýlanýar. "CEDS Türkiýe" ýolbaşçylygyna getirilýär. Sýurihde işlän döwründe alhimist we okultist din alymydygy barada aýdan meşhur fizik Isaak Nýutonyñ häzire çenli bilinmän gelen we ölenden soñra neşir edilmegini wesýet eden kitaby bolan, Daniýal pygamber hakynda bütinleý şertli sözler bilen ýazylan we "Injiliñ" şertli sözleriniñ düşündirilişini beýan edýän kitabyny neşir etdi. A.Altynal aýratynam I.Nýutonyñ 1773-nji ýylda köne latyn dilinde ýazylan we diñe 50 ekzemplýary bolan "Observations Prophecies of Daniel and Apocalypse of St.John" atly keramatlar barada, içinde ibrany (gadymy ýewreý), latyn we köne iñlis dilinde ýazylan bölümleri bolan antikwar kitaby türk diline terjime edip çykarýar. ■ Garaýyşlary: "Türkiýe Ýewropa Bileleşigine girmekçi bolýardy. Häzirem muny isleýänler bar, emma munuñ derejesi 2013-nji ýylda 100%-den 10%-e çenli aşak düşdi". Bu garaýşyny "Gül we Haç doganlygy" atly kitabynda şeýle delillendirýär: "Türkiýe asla Ýewropa Bileleşigine alynmaz we Türkiýe asla ÝB-niñ hatarynda bolmaz, wagtyñyzy biderek ýitirmäñ". A.Altyndalyñ pikirine görä, Türkiýe Ýewropanyñ taryhynda bar, emma medeniýetinde ýok. Ýewropanyñ taryhy türkler bolmazdan ýazyljak taryh däl. Emma medeniýeti bilen olaryñ medeniýetiniñ sazlaşmagy mümkin däl, çünki bu iki medeniýetiñ arasynda gan, damar başga. Aýratynam Kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji häkimiýetiñ, kazyýet organlarynyñ bir-birine bolan özbaşdaklygyna garamazdan bir ýere jemlenmeginiñ, aslynda hristianlygyñ esasy ygtykady bolan "Ata-Ogul-Mukaddes Ruh" ynanjyndan gelip çykýandygyny öñe sürýär. A.Altyndala görä, Ýewropa bileleşigi "düzgünleri masonik bir guramadan ybaratdyr. Hatda şeýle bir derejede masonik guramadyr welin, onuñ edara binalary hem masonik simwollara görä gurulandyr". A.Altyndal dini taýdan şeýle garaýyşy öñe sürýär: "Ateistler kuwantumy peýdalanmak arkaly, ne yaradylyş bar, ne Tañry bar, ýagny Tañry ýok, üns beriñ kuwantum muny subut edýär diýýärler. Şeýdip adamlaryñ añyny üýtgedýärler, olaryñ köpüsi tawistol agzasy. Tañry ýok, kuwantum arkaly ony ortadan aýyrdyk diýýärler. Emma şeýle sorag ýüze çykýar: "Bing-bang (Uly patlama, ýagny ateistleriñ aýtmagyna görã dünýä bir patlamadan soñra emele gelenmişin) bolanmyşyn diýeli, ýöne bu Bing-bang nirede bolup geçdi?? Onuñ üçin mekan gerek. Patlamanyñ bolan mekany nirede diýseñiz "biz ol tema giremzok, muña gelende bu barada aýdyp biljek zadymyz ýok" diýip jogap berýärler". A.Altyndalyñ aýtmagyna görä, din bilen ylym bir-biri bilen sazlaşykly öwrenilmeli. Eger şeýdilende biz ylmy netijelere has añsat ýetip bileris". A.Altyndal Ýewropada Rim imperatorlygynyñ soñuna sogan eken keltler barada ylmy agtaryşlar alyp barypdyr. Anadolyda keltleriñ uzak wagtlap ýaşandygynyñ mälimdigine garamazdan, keltler barada A.Altyndalyñ ylmy işlerinden başga ýerde duş gelmek mümkin däl. Hatda ol öz familiýasyny hem kelt ruhanylary bolan druidleriñ dini däp-dessurlary ýerine ýetirýärkä ulanýan mukaddes agaç şahasy bolan ("Golden-Bough") ýagny Altyndal adyny alýar. 18.11.2013-nji ýylda Stambulda aradan çykýar. A.Altyndalyń "polonium 213" zäheri bilen zäherlenip öldürilendigi çak edilýär, emma şeýle-de bolsa bu barada çynlakaý barlag işleri geçiriliberenok. Dünýä belli bu Türkiýeli alymyñ türkmen okyjylarynyñ hem bilmegi gerek. Gelejekde onuñ kitaplaryny türkmen dilinde görmekligi umyt edýäris. ■ Kitaplary: 1."Marksist nukdaýnazardan Türkiýede aýallar", 2."Türkiýede we dünýäde jansyzlar", 3."Gül we Haç doganlygy; Ýewropa Bileleşiginiñ gizlin masonik sypaty", 4."Tañry neçüýn pikirini üýtgetdi", 5."Üç Isa", 6."Döwlet we kimlik", 7."Türkiýe we prawoslawlar", 8."Tanalman galan Gitler", 9."Türk imperatorlygynyñ ýykylmagy barada Keramatlar kitaby", 10."Dünýewilik", 11."Syýasy medeniýet we taktika", 12."Neçüýn deñ işe deñ hak ýok", 13."Türkiýe we Aýal", 14."Düýniñ maglumatlary, ertiriñ taryhy", 15."Watikan we buthana rysarlary", 16."Ýoksul Tañry", 17."Watikan we Papanyñ gizlin Türkiýe senariýasy" we ş.m... | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |