HALK HAKYDASYNA HORMAT
Ýurdumyzda her ýyl bellenilip geçilýän Hatyra gününde «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül çemenli baryp, Watan gahrymanlarymyzyň belent ruhunyň öňünde tagzym etmek, indi arzyly hem asylly däbe öwrüldi. Gözel paýtagtymyzyň «Baky şöhrat», «Milletiň ogullary», «Ruhy tagzym» ýadygärlikleriniň bir ýere jemlenen bu täsin künjegine zyýarat edeniňde, özüni Watana bolan beýik söýginiň sallançagynda ýaly duyýarsyň. Bu ahwal pederlerimizden miras galan mukaddeslikleri ezizlemek babatda duýgularymyzy barha joşdurýar, watanperwerligimiz, şu günki nesilleriň parahat, abadan, bolelin ýaşaýşynyň binýadyny berkarar eden şöhratly pederlerimiziň ruhlaryna ygrarlylygymyz has-da belende göterilýär.
Ata Watanymyzyň taryhynda ýetmiş ýyl mundan ozal bolup geçen tebigy betbagtçylyk öwezini dolup bolmajak ýitgileri getirdi. XX asyryň iň elhenç tebigy weýrançylyklarynyň biri bolan bu hadysa müňlerçe ynsanyň pida bolmagyna sebäp boldy. 1882-nji ýylda dünýä kartasyna «Aşgabat şäheri» ady bilen giren paýtagtymyz Orta Aziýanyň, Kawkazyň, Russiýanyň we Eýranyň örän möhüm ulag we söwda ýollarynyň çatrygydy. Munüň özi, ilkinji nobatda, paýtagtymyzyň tebigy we geografiýa taýdan amatly ýerde ýerleşýändigi bilen şertlenýär. 1885-nji ýylda Aşgabat — Hazar (Türkmenbaşy ş.), 1899-njy ýylda Aşgabat — Çärjew — Daşkent demir ýollarynyň, olaryň ýany bilen Mara, Bal-kanabada gara ýollaryň, goňşy Eýran döwletine sary rowan bolan Aşgabat — Howdan gara ýolunyň çekilmegi bilen gözel paýtagtymyz tutuş Orta Aziýanyň syýasy, ykdysady we medeni merkezine öwrülýär. Şoňa görä-de, diňe ýurdumyzyň dürli künjekleriniň däl, eýsem, Russiýanyň, Kawkazyň, Eýranyň we beýleki goňşy döwletleriň täjirleri, dürli ugurlardan hünärmenleri, ruhy-medeni ulgamyň öňdebaryjy wekilleri nöwjuwan Aşgabada gelip, şäheriň tiz ösmegine we giňemegine goşantlaryny goşýarlar. Şäherde bir-näçe ýylyň dowamynda senagat we gurluşyk kärhanalary, bazarlar, kerwensaraýlar, myhmanhanalar, orta, hünärment we ýokary okuw mekdepleri, ylmy ojaklar, kitaphanalar, teatrlar we beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň onlarçasy gurulýar. 1941-1945-nji ýyllaryň urşy döwründe öňki soýuzyň ençeme merkezi edaralary, belli alymlary, lukmanlary, ýazyjylary, kompozitorlary Aşgabada wagtlaýyn göçürilýär. Munuň özi paýtagtymyzyň öňdebaryjy senagat, ylmy-medeni merkeze öwrülmegine güýçli täsir edýär. Emma 9 bala barabar bolan ýertitreme şeýle arzyly şäherimiziň weýran bolmagyna getiripdir.
1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda gije 1 sagat 12 minutda bolup geçen bu hadysanyň merkezi paýtagtymyzyň merkezinden 25 km günorta-gündogar tarapynda bolýar. Episentriň çäklerinde Ýer gabygynda uly jaýryklar emele gelýär. Ýertitremesiniň netijesinde guýulardaky suwuň derejesi 2 metr ýokary galýar. Gözbaşyny Köpetdagdan alan 10-dan gowrak täze çeşme peýda bolýar. Ylmy gözlegleriň netijesinde ýertitremäniň ojagynyň 10—15 kilometr çuňlukda bolandygy kesgitlenýär. 9 bally zonadaky iň güýçli ýertitreme 600—800 km2 meýdany öz içine alýar. Kabir jaýlary hasaba almasaň, Aşgabat şäheri we onuň töweregindäki obalar doly diýen ýaly weýran bolýar.
Ýertitremäniň güýji Aşgabat şäherinde, Guryhowdanda, Änewde we Gurtlyda 9 bal; Gäwersde, Kasamly jülgesinde, Bagyrda, Gökdepede, Gypjakda we Yzgantda 8 bal; Aksuwda, Germapda, Akdepede, Ýaňgalada we Keletede 7 bal; Bokurdakda, Kakada, Babadurmazda, Arçmanda 6 bal; Tejende, Bamyda, Serdar, Magtymguly, Bereket etraplarynyň çäklerinde 5; Lebapda, Maryda, Daşoguzda, Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde 4 bal bolýar. 9-njy oktýabrda hökümet tarapyndan «Aşgabada we önuň töweregindäki obalara ýertitremäniň ýetiren täsirini aradan aýyrmaga gaýragoýulmasyz kömek bermek» barada Karar kabul edilýär. Ony ýerine ýetirmegiň çäklerinde halas ediş toparlary döredilip, meýdan hassahanalary badabat işe girişýär. Döwlet ammaryndan ätiýaçlyk un, et, şeker, ýag, süýt we beýleki gündelik möhüm azyklyk harytlary goýberilýär. Moskwadan, Daşkentden, Bakuwdan, Ýerewandan we beýleki şäherlerden uçarlar arkaly halas ediş harby toparlary kömege gelýär. Doganlyk halklarymyz azyk harytlaryny, eşik, aýakgap, gap-gaç, gurluşyk materiallaryny, awtoulaglary ugradýarlar. Şeýle agyr pursatda halkymyzyň agzybirligi we merdanalygy bilen sanlyja günde Aşgabat şäherini dikeldiş işleri ýola goýulýar. Taryhy maglumatlara görä, eýýäm, şol ýylyň 13-nji oktýabrynda Aşgabadyň täzeden dikeldilen 2-nji çörek kärhanasynda çörek bişirilip başlanýar. Soňra onuň gerimi gitdigiçe artdyrylýar. 20-nji oktýabrdan başlap, şäheriň mekdeplerinde okuwlar başlanýar. 27-nji oktýabrda bolsa, binasy ýykylman galan şäheriň iri kärhanalarynyň biri bolan dokma, 31-nji oktýabrda Aşgabadyň 8-nji mart adyndaky ýüpek-egirme fabrikleriniň işe başlandygy barada maglumatlar bar.
Görnüşi ýaly, bu pajygaly waka, onuň ýürekleri lerzana salan ýitgileri baradaky ýatlamalar, ylmy maglumatlar henize çenli halkymyzyň hakydasynda ýaşaýar. Gahryman Arkadagymyzyň mähriban atasy Berdimuhamet Annaýew hem Aşgabat ýertitremesinde şehit bolan müňlerçe atalarymyzyň biri.
Şeýle agyr tebigy betbagtçylygy başdan geçiren gözel paýtagtymyz bu günki gün ýedi yklymdan gelýän myhmanlar üçin gujagyny giňden açan parahatçylyk söýüji paýtagt hökmünde dünýäde meşhurdyr.
Aşyklaryň şäheri ady bilen arzylanýan Aşgabat özüniň birmahalky keşbini üýtgetdi, birmeňzeş jaýlary hatarlanyp gidýän köçeler, selçeň agaçly seýilbaglary öz ornuny şaýollara, başy asmana ýetýan döwrebap ymaratlara, ajaýyp seýilgählere berdi. Ýylsaýyn däl, günsaýyn, ylham bilen döredilýän köşkler, keşde ýaly çekilýan ýollar, sünnälenip gumlýan ymaratlar bu günki gün göreni haýran edýär. Şäher gurluşygynda mizemez ýörelge bolan millilik bolsa ajaýyp gümmezlerde, binalaryň ýüzündäki ajaýyp mozaika eserlerinde we ençeme milli gurluşyk ähenlerinde öz beýanyny tapýar. Munuň aňyrsynda, Gahryman Arkadagymyzyň her bir işe ylmy nukdaýnazardan çemeleşmek ýörelgeleri dur. Alym Prezidentimiziň tagallasy bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň düzüminde Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy ylmy-barlag instituty döredilip, ýurdumyzyň çäklerinde gurulýan her bir bina ýertitremesine garşy durnuklylygy boýunça çuň barlaglardan geçirilensoň, ulanylyşa berilýär. Munuň özi iň soňky tehnologiýalar we enjamlar ulanylyp, binýady berkden tutulýan ajaýyp binalara beslenen Aşgabadyň mizemezligini kepillendirýär.
Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
Arheologiýa we etnografiýa institutynyň alym katibi.
# turkmenistan_2018
Edebi makalalar