13:07 Daşlydepe - oguz şäheri | |
DAŞLYDEPE — OGUZ ŞÄHERI
Arkadag Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseri köp müň ýyllyk şan-şöhratly taryhymyzy goýnunda saklap oturan taryhy-arheologiýa ýadygärliklerimizi, ümmülmez etnografiýa baýlyklarymyzy ylmy taýdan toplumlaýyn öwrenmegiň wajyplygyny artdyrdy. Çünki soňky ýyllarda türkmen alymlarynyň Gahryman Arkadagymyzyň ylmy taglymatlaryna eýerip alyp barýan arheologiýa we etnografiýa barlaglary şöhratly taryhymyzyň öň mälim bolmadyk täze sahypalaryny açýar. Şonuň bilen birlikde ýurdumyzyň Ýewraziýa medeniýetleriniň ösüşine uly täsir edendigini tekrarlaýar. Şeýle gymmatly ýadygärlikleriň biri hem Daşlydepedir. Daşlydepe ýadygärligi Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynyň günbataryndaky Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän 27-nji orta mekdebiň golaýynda ýerleşýär. Gadymy Oguz kendiniň iň gadymy ýadygärlikleriniň biri bolan bu arheologiýa depesine XX asyrda hem syýahatçylardyr alymlaryň ençemesi gelip görüpdirler. Ýöne olar diňe ýatlap geçmek ýa-da gysgaça suratlandyrmak bilen çäklenipdirler. Gahryman Arkadagymyzyň 2012-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda gurlup, ulanylmaga berlen Mälikguly Berdimuhamedowyň ady dakylan Medeniýet köşgünde eden taryhy çykyşy bu obanyň gadymy oguz ýurdy, oguz şäheri bolandygy baradaky aýdan çuň ylmy esasly maglumatlary Daşlydepe ýadygärliginiň, has takygy, birnäçe arheologiýa depeleri bilen göreni haýran edýän Yzgant obasynyň şöhratly taryhymyzda tutýan ornuna ylmy taýdan öwrenmäge täzeçe çemeleşmäge esas berdi. Alym Arkadagymyzyň bu şäherçäniň täze bina edilen durmuş-medeni ähmiýetli binalar toplumynyň açylyş dabarasyndaky taryhy çykyşynda aýdyşy ýaly: « Yzgant orta asyrlarda hem tutuş bir welaýatyň merkezi hökmünde belli bolupdyr. Oguzlaryň erkana ýaşan, döwran süren mekany bolan bu ýerleriň gadymylygy hem-de nesilbaşymyz Oguzhan bilen baglydygy biziň üçin aýratyn buýsançlydyr!». Oguzkendiň merkezini bezäp, taryh bilen şu güni bir sapaga düzüp oturan Daşlydepe ýadygärliginiň biziň günlerimize çenli gelip ýeten galyndysy töwerekdäki meýdandan 3 metre golaý belentlikde howalanyp dur. Bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň çuň many-mazmunly ylmy garaýyşlaryny ýörelge edinip, şeýle hem, «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018-2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, türkmen arheologlary hem-de etnograflary bu ýadygärlikde ylmy-gözleg işlerini giňden ýaýbaňlandyrdylar. Arheologiýa depesinde 4 metre çenli çuňlukda barlag çukury gazyldy. Geçirilen gazuw-agtaryş işleri ýadygärligiň 1,5 — 2 metr aralygyndaky ýokarky gatlagynyň bürünç eýýamyna, ýagny biziň eýýamymyzdan öňki III-II müňýyllyklara, ondan aşakdaky 2 metrden 3,3 metr aralygyndaky gatlagyň biziň eýýamymyzdan öňki V-IV müňýyllyklar bilen senelenýän mis-daş eýýamyna degişlidigi kesgitlenildi. Ondan aşakda hem medeni gatlak dowam edýär. Ol medeni gatlaklaryň bolsa biziň eýýamymyzdan öňki VII-V müňýyllyklara, ýagny täze daş eýýamyna degişli bolmagy mümkindigi çaklanylýar. Mälim bolşy ýaly, biziň eýýamymyzdan ozalky IV müňýyllyklar «Jeýtun medeniýeti» diýlip atlandyrylýar. Bu arheologiýa medeniýetiniň ýadygärlikler toplumynyň esasy bölegi Köpetdagyň merkezi bölegindäki dag jülgeleri bilen Garagum sähralyklarynyň arasyndaky boz toprakly zolakda ýerleşipdir. Bu ýerde biziň eýýamymyzdan ozalky V-IV müňýyllyklarda Diýarymyzyň çägindäki ilkinji oturymly ekerançylyk hojalyklary döräpdir. Maldarçylyk kemala gelipdir, bajak kerpiçlerinden iň gadymy binalar – bir otagly öýler gurlupdyr. Gadymy pederlerimiziň durmuşynda şeýle öňegidişlikleriň gazanylmagyna bolsa Köpetdagdan gözbaş alýan çeşme-çaýlar, olaryň kenarlarynda ösen ir-iýmişli baglardyr däneli ösümlikler, süri-süri bolup mesgen tutan dürli jandarlar giň şert döredipdir. Jeýtun ýadygärlikler toplumynyň hatarynda Aşgabadyň demirgazyk çägindäki Jeýtun, Gökdepe etrabynyň çägindäki Pessejikdepe, Togalakdepe, Çopandepe, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çägindäki Çagyllydepe ýaly ýadygärlikleri görkezmek bolar. Alymlaryň soňky ýyllarda geçiren arheologik gözleg işleri Daşlydepäniň aşaky – düýp gatlagynyň Jeýtun medeniýetiniň ýadygärliklerine degişlidigini tassyklaýar. Yzgant obasynyň ýaşuly wekilleri bilen geçirilen gürrüňdeşlikler esasynda toplanan etnografiýa maglumatlary ýadygärligiň adynyň bu arheologiýa depesinde çakmakdaşlaryň hem-de gadymy döwürlerde dürli maksatlar üçin ulanylan daşlaryň köp tapylýandygy sebäpli Daşlydepe diýlip atlandyrylandygyny tassyklady. Geçirilen ylmy barlaglaryň netijesinde Daşlydepäniň otaglarynda ýüze çykarylan çakmakdaşdan ýasalan gyrgyçlar, ýüzi orak ýaly dişlenen kesgiçler, daşdan ýasalan dürli iş gurallary biziň eýýamymyzdan öňki V-IV müňýyllyklara degişlidigi bilen ähmiýetlidir. Ýadygärligiň taryhy gatlaklaryndan haýwanlaryň süňkünden ýasalan iňňeleriň, temendir çişleriň tapylmagy hem örän wajypdyr. Şeýle iş gurallary Jeýtun medeniýetine degişli Jeýtun, Pessejikdepe, Çopandepe, Togalakdepe we beýleki ýadygärliklerde hem ýüze çykaryldy. Daşlydepäniň täze daş, irki mis-daş, bürünç asyra degişli galyň diwarly, ýüzüne gara ýakyn goňur reňk bilen üçburçlukdyr tolkun, göni çyzykdyr pişme şekilli we beýleki nagyşlar çekilen küýze önümleriniň bölekleri hem arheologiýa ylmy taýdan örän gymmatlydyr. Bu gymmatlyklar daşlydepelileriň gündelik durmuşynda küýzegärçiligiň giňden ösdürilendiginden habar berýär. Küýzegärçilik önümleriniň ýüzüne galyň çyzgy bilen ösüp barýan agajyň keşbiniň suraty ylmy taýdan aýratyn gyzyklanma döredýär. Çünki gadymy ruhy ýörelgelere görä, agaç ýaşaýşyň — dowamatyň nyşany hasaplanylypdyr. Ýüzüne surat çekilen küýze önümleriniň arasynda üçburçluk şekil çyzylyp, iki üçburçlugyň arasyndan üç dişli çarşagyň suratynyň çekilmegi özüniň täsinligi bilen tapawutlanýar. Küýze önümleriniň ýüzüne çekilen üç dişli çarşak häzirki wagta çenli Türkmenistanyň çäklerinde örän seýrek duş gelýär. Alymlaryň pikiriçe, şeýle şekiller belli bir manyny aňladýan nyşan, harp, ýazgy, has takygy, Oguz tagmalarynyň biri bolupdyr. Namazgadepede, Altyndepede, Goňurdepede we beýleki ýadygärliklerde ýüze çykarylan tagma görnüşli nyşanlaryň mazmunyna görä, ok-ýaýyň, naýzanyň, hasanyň, çomagyň, şonuň ýaly hem üç dişli çarşagyň şekili adatça, hökümdarlaryň häkimiýet nyşany hökmünde alamatlandyrylypdyr. Ýadygärligiň irki mis-daş, täze daş eýýamlaryna degişli gatlaklaryndan ynsan elleri bilen ybadathana otagynyň merkezinde ýakylan oduň közüniň üstünde öküziň süňkleriniň hem-de şol ýerden öküzüň laýdan ýasalyp birsydyrgyn bişirilen, şeýle hem, otda bişirilmedik heýkelleriniň tapylmagy bu ýerde ýaşan pederlerimiziň ruhy dünýäsinde öküziň biziň eýýamymyzdan öňki V-IV müňýyllyklarda oňon hökmünde keramatlaşdyrylandygyndan habar berýär. Ýeri gelende aýtsak, şu ybadathana otagynda üsti açylan közüň kömre öwrülen bölekleriniň biziň eýýamymyzdan öňki V-IV müňýyllyklara degişlidigi ylmy taýdan tassyklanyldy. Kömrüň radiouglerod derňewi Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Arheologiýa institutynda geçirildi. Ybadat dessurlaryny berjaý etmekde ulanylan, ýagny közüň üstünde endigan ýerleşdirilen süňkleriň dessur ähmiýetli şeýle üýşmegi ýadygärligiň iki otagyndan tapyldy. Özem, ybadat dessurlary berjaý edilende, esasan, kelleçanagyň, dişiň, topazyň, aýak hem-de boýun süňkleri ulanylypdyr. Ýöne gapyrga, oňurga we beýleki süňk bölekleri ulanylmandyr. Muňa iki otagdan tapylan süňkleriň galyndylaryny deňeşdirmek arkaly göz ýetirildi. Ýeri gelende aýtsak, daşlydepelileriň öküziň keramatyna ybadat etmek dessury Jeýtun medeniýetinden II-III müň ýyldan soňky eýýamda Goňurdepede mesgen tutan pederlerimiz tarapyndan has-da kämilleşdirilipdir. Muny ýadygärlikden öküziň dessur ähmiýetli jaýlanyş ybadathanasynyň tapylmagy hem doly tassyklaýar. Daşlydepeden ýüze çykarylan jandarlaryň süňkünden ýasalan birnäçe çiş görnüşindäki iňňedir temeniň, şeýle hem, dürli ölçegdäki ikbaşlaryň tapylmagy, bu ýerde dokmaçylygyň biziň eýýamymyzdan öňki V-IV müňýyllyklara degişli gadymy köklerinden habar berýär. Daşlydepede geçirilen arheologik gözleg işleri buýsançly taryhymyzyň örän täsin gymmatly sahypalarynyň ýene-de birnäçesiniň üstüni açdy. Muny ýadygärlikden biziň eýýamymyzdan öňki III-II müňýyllyklara degişli naýzanyň bürünç metaldan ýasalan ujunyň tapylmagy hem tassyklaýar. Alymlaryň deslapky ylmy seljermelerine görä, naýzanyň ujunyň kämil derejede bejerilmegi hem-de onuň abat saklanylmagy bu tapyndynyň şol döwrüň belli hökümdaryna degişlidigini hem-de onuň arzylanyp saklanandygyny tassyklaýar. Naýzanyň häkimiýet nyşany hökmünde ulanylmagynyň bürünç asyra degişli Altyndepe, Goňurdepe ýaly şäherleriň ýaşaýjylarynyň durmuşynda giňden ýaýrandygy mälimdir. Daşlydepede ýüze çykarylan bugdaýyň kömre öwrülen däneleriniň Germaniýanyň arheologiýa barlaghanasynda geçirilen ylmy seljermeler esasynda medeni gallanyň miladydan öňki müňýyllyklara degişlidigi hem-de türkmen topragynyň mundan ýedi-sekiz müň ýyl ozal hem bereketli bugdaýyň bol hasylynyň ýetişdirilen ojagy bolandygyny subut edýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Türkmen alymlarynyň Daşlydepede geçirýän ylmy barlaglarynyň dowamynda ýazuw çeşmelerinden, ylmy edebiýatlardan we ýaşuly nesliň wekillerinden taryhy we etnografiýa maglumatlar toplanyldy. Geçirilen ylmy barlaglaryň dowamynda ýüze çykarylan tapyndylar bu ýerde biziň eýýamymyzdan öňki V-IV müňýyllyklarda Merkezi Aziýa sebitinde iň gadymy oturymly obalaryň peýda bolup, ilatyň ekerançylyk, maldarçylyk, senetçilik bilen meşgul bolandygyna we giçki döwürlere çenli ösen medeniýetiň yzygiderli dowam edendigine güwä geçýär. Arheologik barlaglaryň dowamynda mis-daş we bürünç zamanlaryna degişli küýze bölekleriniň, dokmaçylykda ulanylan ikbaşlaryň, çakmakdaşdan ýasalan zähmet gurallarynyň tapylmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Daşlydepäniň töweregini gurşap oturan obalarda geçirilen etnografiýa barlaglarynyň netijeleri hem-de ýadygärlikde ýüze çykarylan gymmatlyklaryň ylmy seljermeleri, seýisçilik sungatymyz, ekerançylyk, bagçylyk, suw üpjünçiligi, käriz ulgamy, senetçilik, maldarçylyk bilen bagly milli mirasymyzyň naýbaşy nusgalaryny, gadymy oguz nesilleriniň medeni ýörelgelerini öwrenmekde we ýaş nesilleri atalarymyzyň ruhlaryna ygrarly edip terbiýelemekde iňňän ähmiýetli bolan milli däplerimizi dikeltmäge, olar baradaky täze toplanan maglumatlary ylmy dolanyşyga girizmäge mümkinçilik berýär. Daşlydepede baý mazmunly, täsin görnüşli, çuň taryhy gymmatlyklar yzygiderli ýüze çykarylýar. Tapylan ylmy maglumatlar bada-bat ylmy barlaglara çekilip, netijeleri halk köpçüligine ýetirilýär. Geljekde dowam etdiriljek ylmy gözleg işleri Daşlydepäniň taryhyna, şeýle hem, onuň töweregini gurşap oturan gadymy obanyň ýaşaýjylary bolan Oguz hanyň nesilleriniň etnografiýasyny öwrenmäge, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Paryzdepäniň diňe bir Günorta Türkmenistanyň çäklerinde däl, eýsem, tutuş sebitiň ykdysady, medeni durmuşynda tutan ornuny kesgitlemäge ýardam berer. Agamyrat BALTAÝEW, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň bölüm müdiri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |