11:55 Şöhratly Nusaýda Isgenderiñ yzlary | |
ŞÖHRATLY NUSAÝDA ISGENDERIÑ YZLARY
Taryhy makalalar
Belli serkerde Aleksandr Makedonskiniň ömri, pelsepesi, harby sungaty we jahanşalygy barada ençeme kitaplaryň, ylmy monografiýalaryň ýazylandygyna, kinofilmleriň düşürilendigine seretmezden, adamzat nesli Aleksandryň yzlaryna dahylly täze maglumatlaryň ýüze çykarylmagyna garaşýar. Miladydan öňki 356-323-nji ýyllarda ýaşap geçen, Makedoniýanyň patyşasy bolan Aleksandr baradaky ençeme hekaýatlardyr rowaýatlar dünýäniň dürli döwletleriniň edebi eserlerinde müdimilik orun alypdyr. Oňa bagyşlanan eserleriň has giňden ýaýrany XII asyryň meşhur şahyry Nyzamy Genjewiniň «Isgendernama» eseri bolup, ondaky «Şerefnama» we «Ykbalnama» diýlip atlandyrylýan iki bölümdäki wakalar gönüden-göni Isgenderiň türkmen topragyndaky yzlary bilen baglydyr. Bu eseriň «Şerefnama» bölümi Isgenderiň doglan gününden başlap, ençeme ýurtlary eýeleýşi, Gündogar ýurtlarynyň ykbalynda serkerdäniň tutýan orny we onuň Rime dolanyp gelşi baradaky wakalaryň beýanyny öz içine alýar. «Ykbalnamada» bolsa, Isgenderiň halypasy Aristotelden hem-de kakasy Filip II alan sapaklary we ylym-bilimi esasynda emele gelen pelsepesi açylyp görkezilýär. Belli serkerde barada antiki döwürde hem-de orta asyrlarda ýazylan şu we beýleki eserlerde Gündogarda Isgender Zülkarneýn ady bilen meşhur bolan Aleksandr Makedonskiniň goşunynyň Türkmenistanyň günbatar etraplaryndaky dagetek düzlüklerinden geçip, Parfiýanyň çäklerine aralaşýandygy, miladydan öňki 330 – 329-njy ýyllaryň gyş paslyny Köpetdagyň etegindäki Täze Nusaý galasynda geçirendigi ýazylýar. Şan-şöhrata beslenen şu waka Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ikinji kitabynda täzeçe röwüş hem-de çuňňur ylmy nazaryýet bilen beýan edilýär: «Alymlaryň tassyklaýşy ýaly, Aleksandr Makedonskiniň goşuny gündogara süýşmek bilen b.e.öň 330—329-njy ýyllaryň sowuk aýlarynda Nusaýda gyşlamagy makul bilipdir. Aleksandr bu ýeriň ýaýlalarynyň gözelligine hem-de ajaýyp nusaý bedewleri ýetişdirilýän täsin tebigatly dag derelerine haýran galypdyr. Käbir çaklamalara görä, beýik makedon serkerdesiniň rowaýata siňen Busefal atly şa bedewi hut şu nusaý atlaryň tohumyndan döräpdir». Etnografiýa ylmynda Isgenderiň beýik gurujy hem-de çuňňur paýhasly akyldar, dörediji bolandygy öwran-öwran ykrar edilýär. Hatda onuň öz eýelän şäherlerinde abadanlaşdyryş, gurluşyk işlerini geçirmek bilen, Gündogar şäherlerine täze ykbal bagyş edendigi ylmy işlerde tekrarlanýar. Şoňa görä-de, dünýäniň çar künjünde Aleksandropol, Aleksandriýa, Isgender ýaly oba-kentleriň, taryhy-arheologiýa ýadygärlikleriniň ýüzlerçesi bar. Professor Ö.Gündogdyýewiň pikiriçe, Aşgabadyň günortasyndaky Täze Nusaý galasy Aleksandr Makedonskiý tarapyndan miladydan öňki 330—329-njy ýyllarda öňki galanyň ýerinde gurulýar hem-de oňa Aleksandropol (Aleksandryň şäheri) diýlip at goýulýar. Belli arheolog T.Hojanyýazowyň tassyklamagyna görä, Miladydan öňki IV asyrda Margiana Aleksandr Makedonskiý tarapyndan eýelenýär. Bu ýerde Aleksandr Margianasy şäheri esaslandyrylýar. Şäheriň galyndysy häzirki wagtda Erkgala diýlip atlandyrylýar. Şu arheologiýa ýadygärliginde Isgender Zülkarneýniň döwrüniň binagärlik galyndylaryny öwrenen özbek arheology Z.Usmanowa Erkgalanyň gorag diwarynyň belli bir böleginiň hakykatdan-da, Aleksandr Makedonskiniň döwründe dikeldilendigini hem-de gurlandygyny arheologiýa gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde subut etdi. Ussat serkerde Isgender ertekilerde waspy ýetirilýän, täsinliklere baý Gündogar medeniýetiniň öňünde baş egýär. Gündogaryň hoştap howaly tebigatyna, datly naz-nygmatyna ýokary baha berýär. Munuň özi, Gündogar halklarynyň ruhy dünýäsinde Isgenderiň hormatynyň barha artmagyna getirýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ikinji kitabynda: «Alymlar Arrianyň, Plininiň, Diadoryň, Plutarhyň we beýleki antik awtorlaryň maglumatlaryna esaslanyp, Aleksandr Nusaýda gyşlanda «Gündogara aşyk bolupdyr» diýip çaklaýarlar. Munuň şeýledigini serkerdäniň bu şäherde bolanda ýerli halkyň milli lybaslaryny geýmegi, olaryň däp-dessurlaryny berjaý etmegi hem tassyklasa gerek. Emma bu ýagdaý onuň egindeşleri tarapyndan gaty bir goldaw tapmandyr, şol sebäpli-de, ýyl ýazgylaryny ýöredijiler öz beýanlarynda: «Aleksandr Gündogary tabyn etdi, Gündogar – Aleksandry!» diýip ýazypdyrlar» diýip, belleýär. Dünýä meşhur pelsepeçi Aristoteliň elinde çagalygyndan tälim-terbiýe alan, edep-ekram öwrenen Isgenderiň ylma, edebiýata, taryha, etnografiýa goýan hormatynyň öran ýokary bolandygy barada ylmy edebiýatlarda öwran-öwran agzalýar. Beýik serkerdäniň köşk diwanynyň düzüminde, eýelän ýurtlarynyň milli baýlyklary, ruhy däpleri barada ylmy maglumatlary toplap, kitaplary ýazan etnografaryň bolandygy hem munuň şeýledigini tassyklaýar. Türkmen alymy N.Gullaýewiň ýazmagyna görä: «Aleksandr Makedonskiý Nusaýa gelende, onuň kätibi Hares Mitilinli tarapyndan söýgini we wepadarlygy dabaralandyrýan «Zeririň hatyrasyna düzülen dessan», «Hurma agajy we geçi» ýaly poemalary ýazga geçirilýär. Bu eserler diňe bir mazmun taýdan däl, eýsem eýýäm şol zamanlarda türkmen topragynda poeziýanyň kämil derejede ösendigine aýdyň şaýatlyk edýär». Aleksandr Makedonskiniň gadymy Nusaýa gelşi barada şeýle mazmunly rowaýat hem bar. Rowaýatda aýdylyşyna görä, dünýäni sarsdyryp gelýän Isgender Zülkarneýn Nusaýa golaýlaşanda, ýerli ilat onuň bilen darkaş gurmalymy ýa-da hezzetläp garşy almaly diýen meseläni maslahat edipdir. Olaryň içinde bir goja: «Adamlar! Nusaýy halas etmegi maňa ynanyň» diýip, orta çykypdyr. Nusaýlylar paýhasly gojanyň maslahatyna eýerip, Isgenderiň gelmeginiň bir gün öňünden şäheri taşlap, çöle siňipdirler. Isgender Nusaýa golaýlaşanda, çaparlar bu ahwal barada jahanyň şasyna habar beripdirler. Täsin habar Isgenderi biynjalyk edipdir. Ol garry bilen duşuşmaga özi gaýdypdyr, geläge-de garrynyň öňünde Güne böwet bolup duruberipdir. Ol gojanyň şäherde ýönelige ýeke özüniň galan däldigini aňyp: — Eý, goja, men ýüzlerçe ýurdy aldym. Men-men diýen patyşalar maňa boýun boldy, paç töledi. Ýöne ömrümde agyr leşgeriň öňünden seniň ýaly ýeke gojany çykaran halka duş gelmedim. Mertlik menden galsyn, aýt dilegiňi — diýipdir. Garry goja: — Eý, jahan patyşasy, meniň artykmaç dilegim ýok. Men häzir güne çoýunyp otyryn. Bir dilegim, Günüň öňünden aýrylsaň bolýar — diýipdir. Garrydan bu sözi eşiden Isgender halypasy Aristotele ýüzlenip: — Eý, halypam! Men jahanda senden soň ikinji dana kişä duşdum. Ol ýeke söz bilen ýurduny, halkyny, ar-namysyny halas etdi. Ol bir söz bilen: — Eý, Isgender! Sen dünýäni alyp, Güne perde bolup bilmersiň — diýdi. Şol gojanyň parasatly sözi üçin hem Nusaýdan sowlup geçmegi buýurýaryn — diýip, goşunyň ýüzüni başga ugra öwrüpdir. Görnüşi ýaly, nusaýly pederlerimiz grek-makedon goşunlaryny parahatçylykly kabul edýärler. Muňa jogap edip Aleksandr Makedonskiý eýelän şäherlerinde parahatlygy we goraglylygy üpjün etmek maksady bilen uly bolmadyk harby goşuny galdyrypdyr. Parfiýada ellin we ýerli medeniýetiň utgaşmasy has çeper we köp öwüşginli medeni däpleriň döredilip, dünýä medeniýetiniň barha baýlaşmagyna getirýär. Munuň aňyrsynda, Aleksandr Makedonskiniň Gündogar medeniýetine goýan beýik hormaty durupdyr. Bu barada pikir ýüwürdeniňde hormatly Prezidentimiziň «Türkmen medeniýeti» atly kitabyndaky sözler bada-bat kalbyňa dolýar: «Miladydan öňki 330-329-njy ýyllaryň gyş aýlarynda Parfiýa şalygynda düşlän Aleksandr Makedonskiý nusaý sazandalarynyň aýdym-sazlaryny diňläpdir, raks-tanslaryna tomaşa edipdir. Rowaýata görä, «Ýelpeselendi» – «Nar agajy» sazy jahan şasyna has ýaranmyş». Görnüşi ýaly, ýaş, dogumly serkerde tarapyndan esaslandyrylan, ilkinji gezek Günbatar bilen Gündogary birikdiren imperiýanyň ömri gysga bolan hem bolsa dünýäniň taryhynda öçmejek yz galdyrýar. Alymlar tarapyndan parasatly hökümdar Aleksandryň täze ýüze çykarylýan yzlary adamzat nesilleri üçin nätanyş bolan maglumatlary berýändigi üçin örän arzylydyr. Şu makalada Isgenderiň diňe şöhratly Nusaý bilen bagly yzlary barada söz açdyk. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde saklanyp galan maglumatlary jemlesek, olaryň özbaşyna bir kitaby emele getirjekdigi ikuçsuzdyr. Taryhymyzyň süňňüne eriş-argaç bolup siňen şeýle etnografik baýlyklarymyz Isgender Zülkarneýn barada ýeterlik maglumatlar beýan edilmän gelinýän dünýä taryhynyň syrlaryny açmaga ýardam eder. Agamyrat BALTAÝEW, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň bölüm müdiri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |