15:44 Merw-Hyrat edebi mekdebi | |
MERW-HYRAT EDEBI MEKDEBI
Edebi makalalar
Gadymy dünýäniň ösen siwilizasiýa merkezleriniň bäşisiniň esasysy hasaplanýan keremli topragymyz köp müň ýyllyk şanly taryhynyň ähli döwürlerinde medeniýetiň, sungatyň, edebiýatyň kämil ojaklarynyň biri hökmünde şöhratlanyp gelýär. Munuň düýp sebäbini, ilkinji nobatda, tutuş sebitde iň gadymy halklaryň biri bolan oguz nesilleriniň tebigatynda şahyranalygyň, şahandazlygyň, ylma teşneligiň bardygy bilen düşündirip bolar. Şu jähetden oýlananyňda, ene topragymyzda küýzegärçiligiň, zergärçiligiň, demir we agaç ussaçylygyň, binagärligiň, halyçylygyň, sazşynaslygyň, atşynaslygyň, itşynaslygyň, dowardarçylygyň iň irki tejribeleri nesilden-nesle geçirilip gelinýändigi bada-bat kalbyňa dolýar. Şeýle baý medeniýetli halkyň edebiýatynyň hem özgeleriňkiden kämil boljagy ikuçsuzdyr. Çünki edebiýat medeniýetiň aýrylmaz bölegidir. Ata-babalarymyzyň aýdyşy ýaly, ylym-bilime, edebiýata, akyla, danalyga, pähim-paýhasa teşnelik türkmeniň ganyna, aňyna, onki süňňüne siňipdir. Köp müň röwüşli ruhy baýlyklarymyz diňe bir öz Watanymyzyň däl, eýsem, tutuş Gündogaryň medeni mirasynyň baýlaşmagyna öz täsirini ýetiripdir. Pähimdar pederlerimiziň bize galdyran baý mazmunly mirasyny henize çenli dolulygyna öwrenip hem-de dikeldip ýetişmedigem bolsak, milli edebiýatymyzyň dünýä halklaryna nusgalyk derejede kämilligini äşgär edýän ýeterlik ylmy subutnamalarymyz bar. Munuň şeýledigini bilmek üçin küt-küt golýazma çeşmeleriniň sahypalaryny agdarmak ýa-da halkyň ruhy dünýäsinde nesilden-nesle geçip gelýän rowaýatlara, hekaýatlara we beýleki eserlere ýüzleý syn etmegem ýeterlikdir. Ruhy dünýämiziň baýlaşmagyna hem-de onuň tutuş adamzat tarapyndan nusgalyk derejede mertebelenmegine dünýäniň dürli yklymlarynda ýetmişden gowrak döwlet gurmagy we olarda beýik ruhy galkynyşlary amala aşyrmagy başaran oguz hökümdarlarynyň ylmyň-bilimiň, edebiýatyň ösmegine giň mümkinçilikleri döretmegi, halkyň dana ogullaryna, alymlaryna, ýazyjy-şahyrlaryna yzygiderli goldaw, hemaýat bermegi esasy şertleriň biri bolupdyr. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, «Medeniýet halkyň kalbydyr!». Ynsan kalby bagtyýarlyga beslenende medeniýet gülläp ösýär. Asmanymyzyň asudalygy, ýurdumyzyň abadançylygy, ykdysadyýetimiziň kuwwatlylygy, goňşy we alys yklymlarda ýerleşýän hyzmatdaş döwletlerimiz bilen dostanalygy berkitmekde, eşretli zamanada ýaşamak halkyň kalbyny gülledýär, medeniýeti gülledýär, täze-täze eserleri döretmäge ruhlandyrýar. Milli medeniýetimiz barada söz açanyňda, tutuş adamzat aňyýetiniň ösüşine öz täsirini ýetirýän, medeniýetleri baýlaşdyrýan edebiýatymyzyň we edebi gatnaşyklarymyzyň taryhy bada-bat kalbyňa dolýar. Parasatly atalarymyzyň «Halklaryň medeniýetleriniň baglanyşygyny we täsirleşmesini hut şol medeniýetiň öz mazmunynda açmaly» diýen pähimi bar. Şu jähetden söz açanymyzda, türkmen-owgan medeni gatnaşyklarynyň çuň kökleriniň bardygyna ünsi çekmegimiz gerek. Orta asyrlar Gündogar edebiýatynda «Merw-Hyrat edebi mekdebiniň» kemala gelendigi munuň aýdyň mysalydyr. Omar Haýýam, Jamy, Feriduddin Attar, Sagdy, Rudaky, Möwlana Lutfy, Hoja Fazlulla Abu Leýs, Alaýy Şaş, Kemal Türbeti, Derwüş Mansur, şeýle hem sazşynas Hoja Ýusup Burhany ýaly Gündogaryň akyldarlary şol mekdebiň belli wekilleridir. Olaryň köpüsi türkmen topragynda ýaşapdyrlar, käbiri Gaznaly, Seljuk hökümdarlarynyň hemaýat, goldawy bilen dünýä belli eserlerini döredipdirler. Olaryň eserlerinde türkmen halkynyň şöhratly taryhyna, halkyň durmuşyna, däp-dessuryna, edebiýatyna degişli maglumatlar beýan edilýär. Türkmen topragynda ýaşap, myhmansöýer halkymyzyň duz-tagamyndan dadan, baý kitaphanalarda zähmet çeken alymlaryň köpüsi öz adynyň yzyna «Merwezi», «Nesewi», «Abywerdi», «Gürgenji» ýaly nisbeleri kabul edipdirler. «Merw-Hyrat edebi mekdebiniň» wekilleriniň esasy böleginiň «Merwezi» lakamy bilen ylymda we edebiýatymyzda meşhurdygyna üns bermegimiz zerur. Olaryň arasynda XI asyrda ýaşan, Muhammet Awfynyň bellemegine görä, Soltan Sanjaryň döwründe «söz äleminiň häkimi» derejesine mynasyp bolan Abu Hanyfa Merwezi, orta asyrlarda Merwde ýaşan edebiýat we dil bilimi barada kitaplary ýazan Abul Abbas Japar Ahmet Merwezi, Sasanylar döwründe ýaşan merwli sazanda we aýdymçy Barbat Merwezi, XVI asyrda ýaşap geçen asly merwli akyldar, Mogollar döwletiniň hökümdarlary Humaýunyň we Jelaleddin Akbaryň köşgünde şahyrçylyk eden Hoja Hüseýin Merwezi, XVIII asyrda ýaşan belli şahyr we taryhçy Mürze Muhammet Sadyk Humaýy Merwezi, X asyrda ýaşap geçen, Samanylaryň we Gaznalylaryň köşk şahyry bolan Kesäýi Merwezi, 1171-1243-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçen edebiýatçy, taryhçy alym, diwan işgäri Muhammet Awfy Merwezi, Owganystanyň Balh şäherinde doglup, ömrüniň köp bölegini Merwde geçiren, Seljuklaryň döwlet diwanynda debir bolup işlän, «Saparnama» we 11047 beýtden ybarat «Diwany» atly eserleri miras galdyran şahyr hem alym Hekim Nasyr Hysrow Harys Kubbadyýan Balhy Merwezi, 1077-nji ýylda Merwiň gadymy türkmen obasy bolan Harakda doglan we 1139-njy ýylda dünýäden öten, belli älemşynas hem şahyr Ymam Şemseddin Abu Bekr Muhammet ibn Ahmet ibn Abu Bişr Haraky Merwezi dagylar geljekki nesillere galdyran baý edebi we ylmy miraslary bilen aýratyn tapawutlanýarlar. Mälim bolşy ýaly, alymlar, edebiýat, medeniýet, sungat wekilleri biri-biriniň eserlerinden täsirlenýärler, täze eserleri döretmäge ylham alýarlar. Käbir mysallara ýüzleneliň: Omar Haýýam, Nyzamy, Nowaýy ýaly Gündogaryň beýik akyldarlary hut Merwde öz döredijiliklerini kämilleşdiripdirler, ussatlaryň galdyran golýazmalaryny okap, täze eserleri döredipdirler. Seljuk soltany Mälik şanyň goldamagy bilen, Omar Haýýam Merwdäki obserwatoriýa, Ylymlar öýüne ýolbaşçylyk edipdir. Ol Merwde işlän döwründe dünýä belli «Nowruznama» eserini hem-de Jelaly senenamasyny döredipdir. Alyşir Nowaýy Hyradyň hökümdary Hüseýin Baýgaranyň ilki möhürdary, soňra baş weziri, Astrabat welaýatynyň häkimi bolmak bilen, ýurduň abadançylygy ugrunda ägirt uly işleri bitiren döwlet işgäri, adalatlylyk bilen häkimiýeti edara eden, söwdany we ykdysadyýeti, ylym-bilimi, medeniýeti we sungaty ösdürmekde jan çeken ezber diplomat hökmünde uly abraýdan peýdalanýar hem-de emir derejesine mynasyp bolýar. Şol sebäpli akyldar şahyr öz eserleriniň köpüsini Mir ýa-da Emir Alyşir tahallusy bilen döredýär. Şahyryň Nowaýy tahallusynyň manysy bolsa «Täze aý» ýa-da «Owazly» diýmekdir. Ýeri gelende aýtsak, Soltan Hüseýin Baýgara 1438-nji ýylda Owganystanyň Hyrat welaýatynda eneden doglupdyr. Hüseýin Alyşir Nowaýy bilen medresede okapdyr. Hüseýin Baýgara hökümeti dolandyran wagty alymlara, şahyrdyr ulamalara hormat goýupdyr. Dünýä edebiýatyna soňsuz gymmatlyklary bagyş eden Nyzameddin Mir Alyşir Nowaýy bolsa 1441-nji ýylda Hyrat şäherinde eneden dogulýar. Onuň onlarça eseri bolup, olarda türkmeniň ýüzlerçe alym-şahyrlary hakda gyzykly maglumatlar berilýär. Söz ussady Hyradyň hökümdary Hüseýin Baýgaranyň goldaw, hemaýaty bilen Merwde we Hyratda söwdany, ykdysadyýeti, ylym-bilimi, medeniýeti we sungaty ösdürmekde taryhy işleri amala aşyrýar. Öz şygyrlarynda «Maru — Şahu jahanyň tozlaryny maňlaýyma sylsam» diýip, türkmen topragyna beýik söýgüsini beýan eden akyldar Nowaýy Merwde öz serişdeleriniň hasabyna metjitleri, kitaphanalary, medreseleri, mekdepleri, hatdatlaryň we nakgaşlaryň ussahanalaryny, kerwensaraýlary, ýollary, köprüleri, ýaplary, hammamlary gurdurýar. Merwdäki «Hosrowiýe» medresesini bina edýär. Gündogara belli nakgaş Begzat, ussat hatdat Soltan Aly, sazanda Gulam Şady, Gulmuhammet Udy, taryhçy Mirhend, belli edebiýatçylar Döwletşa, Aýfy, şahyr Suheýli we beýlekiler Merwiň ýokary okuw mekdeplerinde ders beren Nowaýynyň ylym-bilim sapaklaryny alypdyrlar hem-de ýakyn goldawlaryna daýanyp ussatlyga ýetişipdirler. Mahlasy, Ýakut Hamawy aýtmyşlaýyn «Orta asyr danyşment-alymlary, akyldar ýazyjy-şahyrlary deňi-taýy bolmadyk onlarça kitaphanalardaky tapylgysyz kitaplar bilen tanşyp, öz eserleri üçin zerur maglumatlary tapypdyrlar, şeýdibem geljekki nesiller üçin baý, gymmatly mirasa öwrülen eserlerini döredipdirler». Gündogaryň beýik akyldary Alyşir Nowaýynyň 30-a golaý goşgular ýygyndysy, uly poemalary we gymmatly ylmy traktatlary biziň günlerimize gelip ýetipdir. Olaryň iň meşhurlary hökmünde şulary görkezmek bolar: «Çar diwan» (dört sany şygyr diwany), «Diwany Fany» (parsça şygyrlar), «Hamsa» (bäş sany uly dessany öz içine alýan toplum), «Lisan at-taýr» («Guş dili»), «Mejalisun-nefais» («Nepisleriň (asylzadalaryň) mejlisleri»), «Muhakamatul-lugataýn» («Dilleriň bäsleşigi»), «Mahbubul-kulub» («Kalplaryň söýeni») we ş. m. Şahyryň şygyrlarynyň köpüsiniň türkmen aýdym-saz sungatynyň iň arzyly eserlerine öwrülendigi, olaryň halk tarapyndan teşnelik bilen diňlenilýändigi, Nowaýynyň eserleriniň ýokary derejede çeperliginden hem-de sada, halky dilde ýazylandygyndan habar berýär. Şu ýerde bagtyýarlyk döwrümizde eziz Watanymyzda asly hyratly, Merwde zähmet çeken hem-de ajaýyp eserlerini döreden Gündogaryň akyldary Alyşir Nowaýynyň döredijiligine uly hormat goýulýandygyny agzamak isleýäris. Şahyr Gara Seýitliýewiň: «Türkmeniň öýünde mejlis açylsa, Nowaýydan başlar bagşylar sazy» diýşi ýaly, türkmen toýlarynda aýdym-saz Nowaýydan başlanýar, akyldar şahyryň ady bilen bagly meşhur sazlar halk tarapyndan gyzgyn garşylanýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen dikeldilen opera sungatynda şahyr Nowaýynyň şygyrlaryna düzülen aýdymlar şirin labyz bilen, ussatlarça ýerine ýetirilip, sungat muşdaklaryna ýetirilýär. «Şasenem-Garyp» operasynda Şawelediň ariýasynyň Nowaýynyň şygryna düzülendigi muňa aýdyň mysaldyr. Beýik söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň we beýleki nusgawy şahyrlarymyzyň şygyrlaryna hem-de Nowaýynyň hormatyna atlandyrylýan sazlara düzülen ençeme ajaýyp halk aýdymlary bar. Olardan Orazgeldi Ylýasowyň «Ýa, Hezret Alydyr», Kiçi Geldimyradowyň «Dur, heniz», Sahy Jepbarowyň «Göwherdendir», «Ýar bolmaňlar», «Näler boldy» ýaly halk aýdymlary, häzirki wagtda ýaş bagşy-sazandalarymyz tarapyndan ussatlyk bilen ýerine ýetirilýär. Edebiýatçy alymlaryň tassyklamagyna görä, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapda beýan edilýän: «Tapan — birini, tapmadyk — ikini», «Başa bela iki barmak dilden geler», «Ýorganyňa görä aýak uzat» ýaly nakyllar Myraly bilen Soltan Söýüniň arasyndaky bolan ötgür söz bäsleşiginiň esasynda döräpdir. Aşgabadyň esasy köçeleriniň biri, şeýle hem Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow etrabynda oba geňeşligi Gündogaryň beýik filosofy Alyşir Nowaýynyň adyny göterýär. Paýtagtymyzyň «Ylham» seýilgähinde taryhda, ylymda, edebiýatda öçmejek yz galdyran beýik şahsyýetleriň hatarynda Nowaýynyň heýkeli hem oturdyldy. Görnüşi ýaly, Bagtyýarlyk döwrümizde Alyşir Nowaýynyň döredijiligine yzygiderli ýüzlenilip durmagy, onuň adynyň köçelerimize, obalarymyza dakylmagy, şahyryň edebi mirasy bilen bagly ylmy eserleriň ýazylyp, makalalaryň çap edilmegi, teleradioýaýlymlarda gepleşikleriň taýýarlanylmagy, şahyryň heýkeliniň «Ylham» seýilgähimiziň törüni bezemegi, onuň ady bilen bagly sazlaryň, aýdymlaryň, halk döredijilik eserleriniň ruhy dünýämizde berk orun tutup, olaryň häli-şindi ýaňlanyp durmagy, beýik söz ussadyna halkymyz tarapyndan näderejede belent sarpa goýulýandygynyň aýdyň nyşanydyr. XVI asyrda Hyratda doglan, «Merw-Hyrat edebi mekdebiniň» parlak ýyldyzyna öwrülen, edebiýat ylmynda öçmejek yz galdyran türkmen şahyrlarynyň ýene-de biri Ýolguly Enisidir. Onuň «Mahmyt bilen Aýaz» atly poemasy orta asyrlar Gündogaryň edebiýatynyň iň kämil eserleriniň biri hasaplanylýar. Orta asyrlar türkmen edebiýatynyň wekilleriniň iki, üç, hatda bäş dilde şygyr ýazmak ussatlygyna eýerendiklerini aýratyn bellemegimiz gerek. Mysal üçin, Omar Haýýam, Nowaýy, Baýram han iki (türkmençe we parsça), Nesimi we Fizuly üç (türkmençe, arapça we parsça), Baýram hanyň ogly Abdyrahym han bäş (türkmençe, arapça, parsça, hindiçe, sanskritçe) dilde eser döredipdirler. Bu kämil edebi ýörelgeleri soňraky asyrlarda ýaşan türkmen nusgawy şahyrlary Nurmuhammet Andalyp, Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy tarapyndan hem dowam edilipdir. Nurmuhammet Andalyp, Şabende hem-de Magrupy ýaly nusgawy şahyrlarymyz Nowaýynyň bäş dessany özüne birikdirýän «Hamsa» edebi ýordumyny dowam edip, ajaýyp dessanlary döredipdirler. Şeýle edebi miraslarymyz tutuş sebitiň halklarynyň edebiýatynyň tuwagyna, gaýmagyna öwrülipdir. Ol eserler halklaryň dostanalygyny pugtalandyrypdyr, edebi mirasy barha baýlaşdyrypdyr. «Leýli-Mejnun», «Şirin-Perhat», «Myraly we Soltan Söýün», «Gülpam», «Hatamtaý», «Babaröwşen» ýaly dessanlar we beýleki ençeme ýokary çeperçilikli edebi eserleri «Merw-Hyrat edebi mekdebiniň» miweleridir. Owgan halkynyň milli saz sungatyna türkmen sazlarynyň ençemesi kabul edilipdir. Olar kämil aýdym-saz eserleri hökmünde mertebelenip gelinýär. Milli saz sungatymyzda hem goňşy owgan halkyna bagyşlanan eserler bar. «Ýusup Owgan» atly sazyň bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Mundan başga-da, «Nowaýy», «Yrak Nowaýy», «Nowaýynyň düşürimi», «Hojambaz nowaýysy» ýaly halk sazlary biziň döwrümize gymmatly miras bolup gelipdir. Agamyrat BALTAÝEW, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik işgärleri bölüminiň esasy hünärmeni, etnograf. “Dünýä edebiýaty” žurnaly, 3/2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |