08:16 Kerim şahyryñkyda myhmançylykda | |
KERIM ŞAHYRYŇKYDA MYHMANÇYLYKDA
1987-nji ýylda — şol wagtky Türkmen döwlet pedagogiki sungat institutynyň talyby döwrümiz «Mirasy öwreniş» dersinden okadýan halypamyz Hojanyýaz Kakanepesow, sapak gutaran dessine, barmagyny çommaldyp, üç oglany görkezdi: «Sen, sen, sen ahyrky sapakdan soňra okuw otagynda maňa garaşyň». Bellenilen wagty Hojanyýaz mugallym okuw otagyna gelip: «Oglanlar, döredijilik bilen meşgullanýarsyňyz, zerur işiňiz bolmasa, Kerim kakalara äkideýin, şahyryň täze goşgularyny öz dilinden diňleseň, lezzeti başgadyr» diýip, sözüniň soňuny degişmä ýazdyrdy. Dogrusy, «Kerim kakalaryň» kimdigini birbada aňşyrmadygam bolsak, «Bolýa-bolýa» diýşip, mugallymyň yzyna düşdük. Ýolda Hojanyýaz mugallym ussat şahyr Kerim Gurbannepesowyň inisidigini, şahyryň dogduk mekany Gökdepe etrabynyň Gökdepe obasynda ýaşaýan agasy Kakanepesiň ogludygyny gürrüň berdi. Soňundanam: «Şol sebäpli-de, il-günüň söýgüli şahyryna biz-ä «Kerim kaka» diýip ýüzlenýäs» diýip degişdi. Kerim şahyr «Taýmaz baba», «Ýazmasy agyr düşen goşgy», «Döwür beýle däldir», «Ýaşlyk dramasy» ýaly ýüzlerçe ajaýyp goşgularyň, kitaplaryň awtorydy, şoňa görä-de, şahyr bilen ýüzbe-ýüz duşuşmak, onuň bilen söhbetdeş bolmak uly bagtdy. Şol döwrüň ýaşlary üçin Kerim aganyň goşgularyny ýatdan bilmek, çeper okaýyş agşamlarynda şygyrlaryny şahyryň okaýşyna meňzedip, täsirli okamak ýoňdy. Kerim agalara baranymyzda, günorta nahary wagtydy. Biz gapydan salam berip ätlänimizde, şahyr ýerinden ör turup: «Inim gelipdir-ä, Hojam gelipdir!» diýip, ilki mugallymymyz, soňra biziň bilen gadyrly görüşdi. Hojanyýaz mugallym: «Kerim kaka, ine, geljekde galamyňy eliňden kakyp aljak ýigitleri ýanyňa getirdim, tanyş bol, talyplarym...» diýip, biziň atlarymyzy ýeke-ýekeden tutdy. Şol gezek bize ussat şahyr bilen uzak wagtlap söhbetdeş bolmak bagty nesip etdi. Çaý başyndaky söhbetde şahyryň: «Türkmeniň däbi-dessuram owadan, aýdymy-sazam, dutary-gyjagam owadan, kümüşçiniň çekijiniň owazam, ahalteke bedewiniň gadamlarynyň gürsüldisem owadan, halynyň jadyly nagyşlaram, düwmeleriň şyňňyrdysam owadan, gelin-gyzlaryň hüwdi-lälesem, şygyr bossanam owadan...» ýaly şahyrana sözlerini öz dilinden otuz ýyldan gowrak wagt öň eşiden bolsam-da, edil düýn eşiden ýaly, henize çenli gulagymda ýaňlanyp dur. Biz şahyryň döredijiligi barada ýazylan makalalardyr ylmy işlerde görnükli söz ussadynyň diýseň halky häsiýetli goşgularynyň milli aňyň, milli ruhuň çäklerinde gaýnap, umumadamzat derejesine göterilýändigi barada köp okapdyk. Edebiýat äleminiň daşary ýurtly ägirtleriniň birnäçesiniň ilhalar eserlerini türkmen diline terjime eden Kerim şahyrda tüýs türkmen ýaşulusyna, döwrüň pähim-paýhasly, öňdebaryjy adamsyna mahsus häsiýetleriň ählisi jemlenen eken. Hojanyýaz mugallym: «Kerim kaka, ýaşlara döredijilikde ak ýol arzuw edäýiň!» diýip, haýyş bilen ýüzlendi. Şonda halypa şahyr: «Oglanlar, döredijilik işi üçin, ilkinji nobatda, zähmetsöýerlik gerek, saňa düşünýän hem-de goldaýan mähribanlaryň, döretmek üçin şert, rahatlyk gerek. Men kämahal şu otaga gelnejeňiziň çaý getirip gidendigini-de duýmaýaryn. Onsoň döredijilik işgäriniň öýünde nähili asudalygyň bolmalydygyny göz öňüne getiriberiň. Bolmalysam şeýle. Döredijilige şeýdip, yhlas bilen ýapyşanyňyzda, garaşylýan miwäni ýetişdirip bilersiňiz. Sahy bagşynyň şägirtlerine berýän ak patasy bardyr: «Tebigatyň beren bir göterim zehinini togsan dokuz göterim zähmet bilen doldurmaly». Ýöne şonça zähmeti tutanýerlilik bilen çekmäge-de zehin, şüküranalyk, maksada okgunlylyk gerekdir. Milli mirasymyza uly sarpa goýulýar. Ine, siziň ýokary okuw mekdebiňizde mirasy öwrenijiler üçin hünäriň açylmagy-da muňa mysal. Nesip bolsa, türkmeniň şan-şöhratly geçmişini dünýä tanar, guwanar, nusga alarlar. Ony ylmy taýdan çuňňur öwrenip, many-mazmunyna akyl ýetirip, dünýä ýaýmak bolsa biziň her birimiziň jana-jan borjumyz» diýip, gymmatly maslahatlaryny berdi. Kerim şahyryň miras galdyran şygyr dünýäsi-de, il-günüň arasynda beýik adamkärçiligi bilen gazanan abraý-mertebesi-de, onuň bilen guralýan duşuşyklardaky sözleri-de watanperwerligiň, atalaryň ruhlaryna ygrarlylygyň ajaýyp nusgasy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň çeper döredijilikde, sungatda öçmejek yz goýan şahsyýetlerimiziň galdyran mirasyny çuňňur öwrenmek, olara mynasyp sarpa goýmak, ýaş nesillerimizi pederlerimiziň ruhuna ygrarly edip terbiýelemek babatdaky tagallalary netijesinde Kerim aganyň biçak şahyrana şahsyýeti, onuň şygryýet dünýäsiniň belentligi, döwrüň ruhy dünýäsini şahyrana duýgular bilen dolduryşy barada habar berýän giň gerimli işler alnyp barylýar. Agamyrat BALTAÝEW, TYA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň bölüm müdiri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |