15:16 Şährihaýbaryñ täsin nagyşly küýzesi | |
ŞÄHRIHAÝBARYÑ TÄSIN NAGYŞLY KÜÝZESI
Taryhy makalalar
2019-njy ýylda «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018-2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasy» esasynda, Gökdepe şäherinden 10 kilometr demirgazykda, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň «Gökdepe» daýhan birleşiginiň demirgazyk çetinde ýerleşýän Şährihaýbar ýadygärliginde toplumlaýyn arheologiýa we etnografiýa gözleg işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, Şährihaýbar üç bölekden: erkgaladan, şähristandan we şäheriň daşyny gurşap oturan şäheretek rabatdan ybarat bolup, onuň erkgalasynyň beýikligi 10—11 metre, üstüniň diametri 60—70 metre barabar bolan tegelek görnüşli depedir. Ýadygärlikde geçirilen gazuw-agtaryş gözlegleriň netijesinde ýüze çykarylan tapyndylarda geçirilen arheologiýa we etnografiýa barlaglaryň, şeýle hem, orta asyr ýazuw çeşmeleriniň maglumatlarynyň esasynda şäheriň IX asyryň birinji ýarymynda, hususan-da, Tahyrylar döwletine Abdylla ibn Tahyryň hökümdarlyk eden 828 — 844-nji ýyllarynda gurlandygy, onda XIII asyryň başlaryna çenli ýaşaýşyň gülläp ösendigi anyklanyldy. Şäheriň owalbaşda Beýik Ýüpek ýolunyň Nusaýdan Horezme gidýän şahasynyň ugrunda ýerleşen kerwensaraý görnüşinde bolandygy, soňra bu rabatyň giňelip-ulalyp, dabarasy dag aşan söwda we medeni merkezleriň birine öwrülendigi orta asyr taryhçylarynyň we geograflarynyň eserlerinde birnäçe gezek ýatlanylýar hem-de ol Şähristan diýlip atlandyrylýar. Arheologiýa tapyndylary Şährihaýbaryň ýaşaýjylarynyň ussat küýzegärler we ezber senetçiler bolandygyna güwä geçýär. Munuň şeýledigini ýadygärlikden ýüze çykarylan syrçasyz we syrçalanan, galypda ýasalan gap-gaçlaryň dürli görnüşleriniň, çyralaryň, şemdanlaryň, ýumşak daşdan ýasalan gazanlaryň, binalaryň diwaryny bezemekde ulanylýan dört burçly we sekiz burçly syrçalanan kerpiçleriň, küýzeleri bişirmekde ulanylan sipaýalaryň (üç aýakly enjam), çüýşe önümleriniň, metaldan ýasalan zähmet gurallarynyň hem-de bezeg önümleriniň bölekleri doly tassyklaýar. Tapyndylaryň agramly bölegi küýze önümleri bolup, olaryň arasynda golçalar, inçe bokurdakly we jüründikli küýzeler, tagaralar, esasan hem, dürli göwrümdäki we görnüşdäki şakäseler agdyklyk edýär. Gap-gaçlaryň köpüsi syrçalanan bolup, olaryň düşegi ýaşyl reňkiň dürli öwüşgininde, ýagny açyk asman reňkinden başlap goýy ýaşyla çenli dürli görnüşde reňklenipdir. Asman reňkli düşeginiň ýüzüne gara reňk bilen ösümlik we geometrik nagyşlar çekilen syrçaly şakäseler hem köp duşýar. Şeýle-de, küýze bölekleriniň arasynda mele, açyk goňur reňklileri hem gabat gelýär. Ýüze çykarylan bu arheologiýa tapyndylary şöhratly taryhymyzyň henize çenli mälim bolmadyk sahypalaryny goýnunda saklaýan Şährihaýbaryň taryhy keşbini we Beýik Ýüpek ýolunyň tutan ornuny öwrenmekde derwaýys ylmy maglumatlary berýär. Arheolog alymlarymyz: taryh ylymlarynyň kandidaty A.Berdiýewiň hem-de G.Ýagşymyradowyň arheologiýa, şeýle hem, şu setirleriň awtory tarapyndan alnyp barlan etnografiýa gözlegleriniň netijesinde Şährihaýbarda geçirilen ylmy-gözleg işleriniň güýzki tapgyrynda ýüze çykarylan gymmatlyklaryň arasynda «tazyguýruk» nagyşly şakäsäniň bölegi ylmy taýdan aýratyn gyzyklanma döredýär. Şakäsäniň iç ýüzüniň goýy gök reňkli düşeginiň ýüzüne gara reňk bilen geometrik äheňde «tazyguýruk» nagşy çekilip syrçalanypdyr. Gabyň iňňän sünnälenip ýasalmagy, aýratyn timar berlip reňklenilmegi hem-de onuň düýbüne ruhy dünýämizde keramatly hasaplanylýan iti, tazyny alamatlandyrýan ajaýyp nagşyň çekilmegi, şakäsäniň oguz beginiň köşk aşhanasyna degişlidigini çaklamaga esas berýär. XIII asyrda ýaşap geçen şährihaýbarly küýzegäre türkmen tazysynyň guýrugyny iňňän ezberlik bilen şekillendirmek başardypdyr. Şakäsäniň düýbüne gözellik çaýýan «tazyguýruk» nagşyny içgin synlanyňda, sözlükçi alym S.Myradowanyň «Halyçylyk we el işleriniň sözlügi» atly kitabynda beýan eden şeýle sözleri bada-bat ýadyňa düşýär: «TAZYGUÝRUK [ta:zyguýruk] – keçä, çyrpa we beýleki el işlerine salynýan, gaňyrçak görnüşli nagyş». Milli küýzegärlik sungatymyzda ýüzüne türkmen tazysynyň şekili çekilen gap Dehistan ýaýlasyndaky Misserian ýadygärliginden hem ýüze çykaryldy. Bu küýze miladynyň ilkinji asyrlaryna degişli. Taryhçy Öwez Gündogdyýewiň ýazyşy ýaly, gyzylymtyl-goňur reňkli aw itleriniň – türkmen tazysynyň sadalaşdyrylan heýkeljikleri Mary welaýatyndaky Gäwürgala ýadygärliginiň antiki döwre degişli medeni gatlagyndan tapyldy. Bu ylmy subutnamalar eýýäm miladydan öňki eýýamlarda elguş bilen bilelikde aw etmäge ukyply ajaýyp türkmen tazysynyň tohumynyň döredilendigini tassyklaýar. Bilermenler göz ýetmeýän ýaşyl ýaýlalara, düzlüklere, altynsow çäge alaňlaryna ulaşýan, geçmesi kyn dag gerişleridir baýyrlyklara sepleşýän Garagum sährasynda aw tazylary bilen elguşlaryň gatnaşmagynda amala aşyrylýan awçylygy ösdürmäge ähli zerur şertler bar. Ylgamakda hiç bir jandardan asgyn gelmeýän, hergiz hüşgär hem galdaw häsiýetiniň bardygy, onuň päsgelçilikden ýeňillik we ugurtapyjylyk bilen geçmek ukyby, dünýäde aw tazysynyň sähra şertlerinde kemala gelendigine ýene-de bir ýola güwä geçýär. Ýyndam tazylaryň sowuga duýgurlygy-da, endamynyň syklygy, tüýleriniň nepisligi, hatda olaryň köpüsiniň reňkiniň edil türkmen arwanasynyňky, ahalteke bedewiniňki ýaly altynsow goňur-çypar, gara, kähalatda ak öwüşginli bolmagy aw tazysynyň asyl mekanynyň türkmen sährasydygyny tassyklaýar. Gadymy oba-kentleriň, arheologiýa ýadygärlikleriň ýa-da täsin tebigatly künjekleriň atlarynyň manylary we olaryň taryhy aýratynlyklary her bir bilesigelijini içgin gyzyklandyrýar. Etnograflar, dilçiler, arheologlar, taryhçylar, geografiýaçylar öz işlerinde olaryň manysyny açyp, halk köpçüligine ýetirýärler. Ýer-ýurt atlarynyň ýüze çykyş taryhynyň, dürli döwürlerde üýtgeýşiniň sebäpleri köplenç taryhy wakalar, geçmişde yz galdyran pederlerimiziň atlary bilen bagly bolýar. Şeýle täsin we syrly ady göterýän gadymy oguz obalarynyň biri Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Isbirdendir. Bu obanyň adynyň döreýşi bilen gyzyklanýanlaryň arasynda «Isbirdenmi ýa-da Isgender?!» — diýen sowal bilen ýüz tutýanlara häli-şindi gabat gelinýär. Bu sözüň aňladýan manysynyň syrlarynyň henize çenli doly açylmanlygynyň sebäbini gadymy obanyň taryhynyň ylmy taýdan az öwrenilendigi bilen düşündirip bolar. Belli dilşynas S.Atanyýazow «Türkmenistanyň geografik atlarynyň düşündirişli sözlügi» atly kitabynda: «Isbirden adynyň manysy belli däl» diýip ýazypdyr. Ýöne alymyň agzalan kitabynda Isbirdeniň şiwe gepleşiginde «Üsbürden» diýilýändigini, obanyň adynyň edil Bäherden etrabynyň ady ýaly gadymy türkmen sözüdigini beýan edipdir. Ýeri gelende aýtsak, orta asyr golýazmalarynda Bäherdeniň ady «Abherden» («Abhordan») diýlip agzalýar. Onuň manysy «bol suwly, suwarymly ekerançylygyň ösen künjegi» diýmegi aňladýar. Asyrlaryň jümmüşinde çekimsiz «b» harpynyň öňünde «a» — («ä») harpy geçirilip, agzalan etrabyň häzirki ady döräpdir. Türkmen alymlary tarapyndan Paryzdepäniň we Merkezi Köpetdag degresiniň obalarynyň arheologiýasyny, etnografiýasyny, golýazma-edebi mirasyny, ekerançylyk medeniýetini, seýisçilik sungatyny, kärizlerini we gadymy suwaryş ulgamyny, ösümlikler dünýäsini, senetçilik we ruhy medeniýetini öwrenmek bilen bagly köp ugurly ylmy-gözleg işlerini geçirmek ýola goýuldy. Bu meýilnamalaýyn ylmy barlaglaryň çäklerinde Isbirden obasynda hem etnografiýa we arheologiýa gözlegleri amala aşyryldy. Ýüze çykarylan etnografiýa maglumatlarynyň arasynda, ýaşuly nesliň dilinden ýazylyp alnan «Isbirdende togalanan telpegiňi Ýandaklyagyzdan gözläber» — diýen gadymy aýtgy ünsi çekýär. Munuň iki dürli düşündirilişi bar. Birinjisinde, bu aýtgy irki döwürlerde Isbirden bilen Ýandaklyagyzyň arasyndaky gum etek ýaýlada guralan at çapyşygy bilen bagly döräpdir. Isbirdende çapuwa goşulan atlar Ýandaklyagyz obasyna ýetip, yzyna-pellehana öwrülipdir. Isbirdenden Ýandaklyagyza gaýdýan ýol biraz eňňit bolansoň, öňler «çapuwda telpegiňi gaçyraýsaň, peşmek ýaly ýeliň ugruna togalanyp gum etege sary gaýdýar, onsoň başgabyňy Ýandaklyagyzdaky at öwrüm meýdançadan gözläber» diýer ekenler. Ikinjisi, irki döwürlerde Isbirden bilen Ýandaklyagyz obalary ösen şäherler bolup, olaryň arasynda saklanan ýakyn gatnaşyk bilen baglanyşdyrylýar. Asyrlaryň jümmüşinde isbirdenlileriň belli bir bölegi bol suwly we bereket-rysgally topragy bolan Ýandaklyagyza göçüpdir. Ýeri gelende aýtsak, XV asyryň ahyrynda –XVI asyryň başynda ýaşap geçen belli şahyr Patyşa Hoja gadymy Isbirden obasynda şahyrlar maşgalasynda dünýä inýär. Onuň kümmeti häzirki wagtda Köne Ahal obasyndaky Patyşa Hoja zyýaratgähinde ýerleşýär. Alymlar Patyşa Hojanyň çeper döredijiligi, edebi mekdebi, şahsy durmuşy baradaky köp maglumatlary onuň ogly Hasan Nisarynyň (1516-1596 ýý.) «Muzakkiril-ahlab» eserinde öz şejeresi baradaky ýazan maglumatlaryna esaslanyp öwrendiler. Patyşa Hojanyň bize gelip ýeten mirasyny «Gülzar», «Adalat açary» («Miftakyl adl»), «Ýaşaýşyň maksady» («Maksadyl atwar») ýaly eserleri düzýär. Isbirden obasynyň çetindäki Isbirdenata zyýaratgähiniň galyndylary alymlar tarapyndan öwrenildi. Bu ýadygärlik arheologiýa ylmynda Hyrlydepe diýlip tanalýar. Onuň ady ýadygärligiň üstüne çykmak üçin depäniň daşyndan hyr ýaly aýlanyp çykmaly bolýandygy bilen bagly döräpdir. Hyrlydepe Aşgabatdan takmynan 50 kilometr demirgazyk-günbatarda, Isbirden obasynyň günorta çetinde ýerleşýär. Arheologiýa ýadygärligi 1970-nji ýyllarda G.Koşelenko, 1985-nji ýyllarda W.Pilipko ýaly belli alymlar öwrendiler. Häzirki wagtda ýadygärligiň yzlary daş-töwereginiň düz meýdanyndan 4-5 metr belentlikde, uzaklardan görünýär. Depäniň günorta-günbatardan — demirgazyk-gündogara tarap giňäp gidýän süýrümtik şekili bolup, onuň tutýan meýdany 87x64 metre barabardyr. Hyrlydepede 1970-nji ýyllarda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde onuň düýbüniň tutulan wagtyny, antiki döwrüň gülläp ösen, has takygy biziň eýýamymyzdan öňki III-II-nji asyrlar bilen senelendi. Ýöne 1984-nji ýylda ýadygärligiň töwereginde geçirilen ýer sürüm işlerinde oba ýaşaýjylary tarapyndan demir asyryna degişli humuň ikisi tapyldy. Şol sebäpli, 1985-nji ýyllarda ýadygärlikde düýpli ylmy-barlag işleri geçirmek bellenildi. Netijede, Hyrlydepäniň düýbüniň, hakykatdan-da, antiki döwürden has irki, ýagny irki demir asyrynda — biziň eýýamymyzdan öňki II-nji müňýyllykda tutulandygy ygtybarly ylmy tapyndylaryň esasynda anyklanyldy. Gazuw agtaryş işleriniň netijesinde takmynan 900-e golaý küýze önüminiň bölekleri ýüze çykaryldy. Ýadygärligiň üstünde XIII-XIV asyrlara degişli kümmediň ýadygärlik galyndylary hem-de şol döwre degişli küýze bölekleri saklanyp galypdyr. Bu bolsa Hyrlydepe galasynda şol asyrlara çenli ýaşaýşyň dowam edendigine şaýatlyk edýär. Arheologlar tarapyndan çig maly, ýasalyş tehnologiýasy, reňki we ýüzündäki nagyşlary örän meňzeş humlaryň, küýzeleriň, güldanlaryň, şakäseleriň we beýleki aşhana gap-gaçlarynyň köpüsi Hyrlydepeden 10 kilometr demirgazyk-günbatardaky Garry Käriz ýadygärliginden hem ýüze çykaryldy. Mundan başga-da, Kaka etrabyndaky Daşly, Köpetdagyň günbatar eteginde ýerleşýän Goçdepe, Gyrdepe, Bamy we Börme ýadygärliklerinden, şeýle hem Etrek etrabynyň çägindäki Dehistan ýadygärliklerinden Hyrlydepäniň küýze önümlerine meňzeş gap-gaçlaryň bölekleri tapyldy. Bu bolsa, agzalan ýadygärlikleriň ýaşaýjylarynyň arasynda ýakyn söwda, senetçilik we medeni gatnaşyklarynyň saklanandygyna güwä geçýär. Şu ylmy deliller bize irki demir asyryna degişli Täze Nusaý, Yzgant, Gökdepe, Kaka etrabyndaky Ýelkendepe, Balkan welaýatyndaky Madowdepe, Yzzatguly, Baýramaly etrabyndaky Erkgala, Ýazdepe, Arabalydepe we beýleki oguz şäherlerinde ýaşaýşyň gülläp ösen döwründe Hyrlydepede hem durmuşyň ähli ugurlarynda ösüşiň belent sepgitlerine ýetilendigini habar berýär. Dünýä belli serkerde Aleksandr Makedonskiý Nusaýa gelende Hyrlydepede durmuş gülläp ösüpdir. Eger-de Täze Nusaý bilen Isbirdeniň arasynyň bary-ýogy 50 kilometrdigini nazara alsak, agyr leşgerli grek-rim goşunynyň bir böleginiň Isbirdende düşländigine göz ýetirip bileris. Munuň özi, Isgenderiň yzlarynyň Hyrlydepede — Isbirdenata ýadygärliginde saklanyp galandygyny, hut şoňa görä-de, käbir watandaşlarymyzyň Isbirden obasynyň adynyň Isgenderiň ady bilen taryhy baglanyşygynyň bardygyna ynamynyň belli bir derejede hakykata laýyk gelýändigini tassyklaýar. Elbetde, Hyrlydepäniň taryhy barada has baý we ygtybarly maglumatlary geljekde ýadygärlikde geçiriljek düýpli arheologiýa we etnografiýa gözlegleri ýüze çykarar. Görnüşi ýaly, gadymy Isbirden obasynyň adynyň manysy hem-de onuň çägindäki Hyrlydepe arheologiýa ýadygärliginiň taryhy bizi gadymyýetiň jümmüşine aralaşdyrýar. Ol şan-şöhratly taryhymyzy dikeltmekde henize çenli ylmy dolanyşyga goşulmadyk ähmiýetli ylmy maglumatlary berýär hem-de irki atalarymyz bilen döwürdeşlerimizi baglanyşdyrýan ruhy köpri bolup hyzmat edýär. Köne obanyň ady edil halk aýdymlary, haly gölleridir kaşaň binalardaky täsin mazmunly nagyşlar ýaly syrlylygy hem-de ajaýyplygy bilen bizi özüne imrindirýär, bilesigelijiligimizi barha artdyrýar hem-de şöhratly geçmişimize buýsandyrýar. Agamyrat BALTAÝEW, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik işgärleri bölüminiň esasy hünärmeni, mirasgär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |