17:03 Hatyra | |
Baýram JÜTDIÝEW
Goşgular
▶ HATYRA Meşhur Sahy bagşynyñ ruhuna degsin Guran hana öwrülipdi damarlar, Sönüp ugran gözler goýdy görmäni. Ajal alyp barýar uly bagşyny ~ Saz eredip barýar bitap göwräni. Söýgi ýaly erkli borly ajalam... Wah, diýip bolanok: "Çek how eliñi". Ol bilenok seniñ beýigiñ, pesiñ, Ol bilenok türkmen Bethowenini. Bagşyda kaýyllyk bolmaýar ahyr! Ynha, ol dikeldi. Demin dürsedi. Diýdi: "Tamdyrany äber, köşegim"... Siller bolup süýşüp gaýtdy gursagy. Mundan göterilip, gögüñ ýüzünde, Siñjek boldy durnañ ganat-perine. Pasyrdap-pasyrdap gitjek bolýardy, "Oglan bagşyñ" uçup gelen ýerine. Ol ýerde şeýle bir aýdymlar bardy, Bir demde yşk odun ýandyryp duran. Ol ýerde şeýle bir aýdymlar bardy, Ötegçi durnany gonduryp duran. Gyzamyk çykýardy süñküñi ýaryp, Çünki ejiz, bu senetden ejizdi. Aýdym hökmürowan, ýollar şonuñky ~ Ol süýjülik suwy ýaly tämizdi! Mugan daglarynyñ garyny öwüp, Aýdymyñ sözüne siñjek bolýardy. Ýüzüni ýazlaryñ nuruna ýuwup, Arassa düzüme siñjek bolýardy. Şapagyñ alyna siñjek bolýardy, Galjakdy boz jerenleriñ gözünde. Nähili döwrany goýup gitmeli, Saz ýaly owadan dünýäñ ýüzünde. ...Guran damarlardan rüstemdi dutar, Ol ~ bürgütleñ başyn aýlan dargady. Çyg göründi garry bagşyñ gözünde ~ Senediniñ beýikligne aglady. | |
|
√ Nebis / Goşgular - 06.06.2024 |
√ «Ýene seni ýada salyp erikler...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Ikatýok bilen horaz / basnýa / Goşgular - 22.06.2024 |
√ «Bolanok — diýipdiň — bir ýylda iki...» / Goşgular - 23.10.2024 |
√ Gezek ýetirse / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 18.06.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 26.05.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Gadym ata ertekisi / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Betbagt adam / Goşgular - 22.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |