18:23 Hazara | |
HAZARA
Goşgular
Ýok, göbek ganymam saña dammandyr, Taban murtum başga ýerde syryldy. Göwnümde tolkunýar mawy ummanlar, Ýaşlygym kenarña dañlyp dur indi. Pata alyp geldim saña gumlardan, Durun jemalyñdan sowman gözümi. Çarlagyñ ganatyn ogşan gomlardan, Uzak ýyllar gözläp tapdym özümi. * * * Göwher gyryndysy sepildi deñze, Deñziñ ýüzi tylla zerden gaýmaklan. Ýüregim bendiwan bu gözel meñze, Daş et, ykbal, şu görnüşden doýmakdan. Deñziñ boz şemaly ýüzüñi ýalap, Säherde deñiz deý giñeýär göwün. Ýygnar dañyñ elwan şapagna dolap, Deňziñ düýbündäki ýyldyzlary Gün. * * * Bu gün göwnüm özüñki deý çaýkanýar, Bir-birine için döker dertdeşler. Seniñ goldawyña mätäç men, deñzim, Telim gaýy başdan sowup, mertleşen. Men saña içimi dökeýin, deñzim, Ýöne gyrmança deý zyñma kenara. Zyñsañ, ejizlänmi edersiñ aýan, Gorkýan derdim baryp ýeter ol ýara. * * * Men sähraly Hem dagly Ikisiniñem deñ ogly. Bu dünýä inen çagym Ýassyk bolupdyr dagym. Sähra bilen gundaglap, Ykbalymy şolara Goýupdyrlae deñ baglap! * * * Meñ gözüme dür dänesi, Gara dagyñ gara daşy. Gelenleri penalap dur, Gaýalaryñ galkan döşi. Käkilikler käkeleýär, Çeşmeleriñ gözbaşynda. Söýgi kalbym çekeleýär, Bir dagly gyzyñ gaşynda. Men dagly, dagda doguldym, Daglar arkam-diregimdir. Gursagyma sygmasa-da, Daglar kalbym - ýüregimdir. Aşyrguly BAÝRYÝEW. | |
|
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||