03:06 Henizem ýaşap ýörün: Oraz Täçnazarow | |
HENIZEM ÝAŞAP ÝÖRÜN!
Taryhy makalalar
Şahyr Oraz Täçnazarow 1935-1937-nji ýyllar aralygynda «Sowet Türkmenistany» gazetiniň redaktory bolup işledi, ol türkmen sowet edebiýatyny esaslandyryjylaryň, respublikanyň ýazyjylar guramasynyň gözbaşynda bolanlaryň biri. 1937-nji ýylda O.Тäçnazarow halk duşmany hökmünde repressirlenýär. Köp ýyllaryň dowamynda onuň ady-sory ýitdi. Şahyryň gelni Ýelizaweta Ýefimowna-da tussag edilýär. Ýelizaweta Ýefimowna häzirem aman-esen gezip ýör, ol Aşgabatda ýaşaýar. Men onuň bilen birnäçe gezek duşuşdym. Siziň şu okajak taryhy oçerkiňizi men Ýelizaweta Ýefimownanyň gürrüňleri esasynda ýazdym. – Oraz Täçnazarow ikimiz otuzynjy ýylyň onunjy iýunynda tanyşdyk. Biziň ýaşaýan öýümizden taýak atymlykda türkmenleriň umumy ýatakhanasy bardy. Täçmyrat Orazow diýen biri şol ýerde oba hojalygyndan okaýardy. Günlerde bir gün ejem gijara öýe dolanyp gelýän ekeni. Ol öýe ýeteňkirläberende Täçmyrat Orazow onuň bilen eginleşip, şeýle diýipdir: «Hanym, ýaman giçläpsiňiz-le. Özüňizem ýeke... Ýörüň, men sizi ugradaýyn!» Ejemem oňa: «Meň öýüm ynhajykga... Azara galmaň...» diýipdir. Ol: «Barybir, ugradaýyn» diýipdir. Şeýdip ikisi işigiň deňine gelipdir. Ejem oňa: «Munça bolanyna görä öýde oturalyň. Maşgalam bilen tanyş boluň» diýipdir. Gapy açylanda biz ullakan stoluň başynda tegelenip otyrdyk. Ortada semawar goýup, çaý içýärdik. Ejem bize: «Ine, şu oglan ýolda düşüp, öýümize çenli ugratdy. Menem oňa mürähet etdim» diýdi. Kakam: «Beýle giçläpsiň-le, näme boldy?» diýip, ondan sorady. «Eglendim-dä... Tramwaýam heläk etdi. Başga-da iş çykdy...» Garaz, ejemiň düşündirişinden soň oturdyk. Myhmanam töre geçdi. Oňa çaýam guýup berdik. «Bularyň barysy siziň çagalaryňyzmy?» – diýip, myhman ejemiň ýüzüne äňetdi. — «Büý-ä adamym, galanlaram çagalam»–diýip, ejem düşündirdi. «Bujagaz sary gulpaklyja-da siziň gyzyňyzmy?» – diýip, myhman maňa barmagyny çommaltdy. «Hawa, meňki» diýip, ejem gülümsiredi. Myhman maňa içgin garady-da: «Tüýs biziň ýazyjymyza mynasyp gelinlik ekeni» diýdi. Men muňa ünsem bermändirin. «Müň dilini süýjüdäýşini. Hamana, bagt guşuny tutup elime berýän ýaly. Maňa söz aýdyp ýören başga-da gyt däl-ä. Onsoňam, heniz on ýedimem dolduramog-a...» diýip, men içimden pikir edipdim. Myhman meniň uýam bilen wadalaşypdyr. Ol: «Şu taýdan Troiskide, Moskwa depýasyndan geçenje ýeriňde türkmenleriň dynç alýan öýi bar. Bärden arkaýyn pyýada baryp bolýa. O taýda türkmenem. täjigem, gazagam bar. Özüňizem, jigiňizem myhmançylyga äkideýin. Jigiňizi bir goç ýigit bilen tanyşdyraýyn» diýipdir. Uýam Liza bir gowy ýanýoldaş tapylsa bolýa diýen ekeni. Bada men muny bilemokdym. Uýam soň gürrüň berdi. Dogrusy, özümi nirä, näme üçin äkidilýänine düşünemokdym. Bardyk. Ynha, bir eýwan. O taýda-da ýaýraň stol goýlupdyr. Tükel erkek kişi. Ýigrimi dagy bar. Uýam ikimizden öňňe zenan ýok. Men assyrynlyk bilen oturanlara göz aýladym. Görmegeýlerem bar ekeni. Ine-de, saçy tutuşlygyna syrylan bir ýigit otyr. Ap-ak köýnek-balakly, şol gürläp başlaýar welin, ählisi dymýardy. Beýle-de bir äteňet şeýtan bor oguşýa! Bu ýigit gabadymda otyrdy. Men oňa birki sapar garanjakladym. Soň olam maňa äňetdi. Ondan gözüňi aýrar ýaly däldi. Ýüregim jigläp gitdi, şobada nazarymy sowdum. Men oňa gyýalyk bilen ýene bir sapar seretdim. Ahyry iýlip-içilip bolundy. Täçmyrat Orazow bize: «Ýörüň tokaýa gezelenje gideliň!» diýip, teklip girizdi. Ýanymyz bilen ýene bir täjigem gitdi. Adyna Aly diýýärdiler, familiýasyny teý ýadyma salyp bilemok. Düşener ýaly odeýal aldyk. Bir çüýşe-de portweýn äkitdik, ýekeje-de stakan göterdik. Eýwandan aşak düşmek üçin üçmi ýa dörtmi basgançak bardy. Uýam Orazowdyr Aly bilen bile düşüp ugrady. Iň kiçileri bolamsoň men olaryň yzysüre düşdüm. Birdenem ýaňky kellesi takyr yzymdan ýetdi. – Sizem biz bilenmi?— diýip soradym. – Men tä demim sogrulynça seň ýanyňdan aýrylman – diýip, bada-bat elimden tutdy. Gollary edil gunt düşen ýaly. — Bä, tä demiňiz sogrulýançamy? Eýle bolsa ýörüň – diýdim. Ol goltugymdan tutdy. Aňyrda eýýäm odeýal düşelipdir. Bulgura çakyr guýlupdyr. Saçy syrylgy Oraz stakany göterdi-de, uýama şeýle diýdi: «Warýa, siziň öňüňizde içimi dökmekçi. Men Lizany gören badyma haladym. Men oňa söz aýdýan!» – Birinjiden-ä, Liza ýaňy on ýedisini doldurdy. Ikinjidenem, bu meseläni men özüm çözüp bilmen. Ejemiz bar, kakamyz bar. Öýe geliň, gürleşip göreris–diýip, uýam oňa aýtdy. Şundan dört gün geçenden soň ol bize geldi. Ýene-de söz aýtdy. Şol ýylyň 30-njy iýunynda meniň on ýedi ýaşym doldy. Ol meniň doglan günüme geldi. Maňa atyr getirip berdi. Erkek kişiden ilkinji sapar atyr alyp görşümdi. 8-nji Mart günleri kakam bize –gyzlaryna kiçijik atyrlary sowgat bererdi. Ýöne doglan günüme erkek adamdan ilkinji sowgat alşymdy. Doglan günüme onuň dosty hem geldi, Atdaşy Oraz Täçmämmedow Moskwada okaýardy. Lesnaýa köçesinde ýaşaýardy. Otuz ýedide ony hem tussag etdiler. Ony iki gezek tussag etdiler. Şu wagt onuň aýalydyr gyzy bar. Aýaly rus maşgalasy. Orazyň bir ogly hem bardy, ýöne ol görgüli, mundan birnäçe ýyl ozal dünýäden ötdi. Atdaşlar biziňkä ýygy-ýygydan gelýärdi. Biz Oraz Täçmämmedowa Mişa diýerdik. Elbetde, bar gep munda däldi. Şeý diýmek bilen men olaryň yzygiderli gelip durýandygyny nygtamak isleýärin. Oraza-ha zol-zol: «Gyzyňyzy maňa beräýiň» diýerdi. Kakamam oňa: «Entek alňasama. Gyzym on sekiz beri ýaşasyn ahyry» diýip, düşündirýärdi. «Bolýa, men razy. Ýöne maňa berjegiňize söz beriň. Men garaşaryn» diýip, Oraz nekirtläp-nekirtläp aýdýardy. Ol garaşýardy, bize-de häli-şindi gelip-gidip durýardy. Şol wagtlar men tehnikumda okaýardym. Men otaglaryň birinde sapaklaryma taýynlanýardym, kakam ikisi bolsa syýasat hakynda gürrüňleşýärdi. Kakamyň oňa syny oturýardy. Ejemem ony gowy görýärdi. Duranja akylyň öýjügidi. Birdenem ol Aşgabada gidermen boldy. Ýola şaýlanmanka Oraz maňa şeýle diýdi: «Liza, «Batrak» poemasynyň döremegine seniňem goşandyň bardyr. Uzak wagtlap gyzyň keşbini açyp bilmedim. Seni gören badyma gahrymanym aýdyňlaşdy. Poema senem goşandyryn». Şeýdip poemasyny tabşyrmaga gitdi. Şol ýerden hatam ýazýardy. Hatyň birisem saklanmandyr. Tussag edilmänkä bardy, tussag edensoňlar barysyny aldylar. Ähli zat ýitirim boldy. Şol ýazan hatlarynda Oraz: «Poemama juda ýowuz daradylar. Merkezi Komitete çenli barmaly boldy. Diňe Merkezi Komitet ony kitap edip çykarmaga 1931-nji ýylda rugsat berdi». «Batrak» ikniji sapar türkmen dilinde diňe 1960-njy ýylda neşir edildi. 1931-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Oraz ikimiz toý tutduk. On sekiz ýaşym dolmansoň, şindi pasportym ýokdy. Tehnikuma gidip, dogluş hakyndaky şahadatnamamy aldym. Onda 1913-nji ýylyň 30-njy iýulynda doglan diýlip ýazylandy. Şu şahadatnama-da 1931-nji ýylyň 2-nji fewralynda nika registrasiýasy bellenildi. Şony men henize çenli saklap gelýärin. Bizi hiç ýerde – Orazyň ýaşaýan Frunze raýonynda-da meniň ýaşaýan Leningrad raýonymda-da nikadan geçirmediler. Baran ýerimizde: «Gyzjagaz, on sekiziň dolmasa, biz seni nädip nikadan geçireli?» diýişýäpdiler. Men olara: «Biz eýýäm toý tutup ýörüs» diýdim. Olar: «Etseňiz ediberiň, bize näme?» diýdiler. Orazyň ýanyna gelip, ýagdaýy düşündirdim. «Oň üçin garaşyp durmarys. Nikadan soň geçäýeris» diýip, ol meni rahatlandyrdy. Toýumyza Çary Wellekow aýaly Galýa bilen geldi. Ol şol wagt Merkezi Komitetde sekretar bolup işleýärdi. Toýumyzda Sähetmyradowam boldy. Ol bir söý bilep Moskwa düşüpdi. Orazam ony çagyrypdy. Oraz Täçmämmedowam toýumyzda bardy. Başga-da adam bardy, hemmämiz stoluň başyna geçdik. Hiç hili sowgat-serpaý ýokdy. Diňe ejem iki sany gyzyl çaýylan käse sowgat berdi. — Ine balam, seň bukjaň – diýip, ejem aýtdy. Bizde başga hiç zat ýok. Köçede ýedi orunlyk hökümet maşyny durdy. Biz şoňa mündük. Maşyn bizi Filippow köçejigindäki 22-nji jaýa eltdi. Şo taýda Orazyň otagy bardy. Onuň gapdalynda ýene bir uly otag bardy. Onda sekretar düşläpdi. Irden bizi çaýlamaga çagyrdylar, Matrýona Semýonowna şo ýeriniň komendantydy. Ol eýýäm semawar otlamaga ýetişipdi. Biz girdik welin, näme üçindir, meniň maňlaýymdan öpmäge durdular. By ýerde dört-bäş sany erkek adam bar. Gezekli-gezegine gelip, maňlaýymdan öpdüler. Birhili utanjymdan ýaňa boz-ýaz bolup gidipdirin. Maýyň başlarynda Orazy Türkmenistana iberdiler. Ony folklor ýygnamak üçin Lunaçarskiý ýollaýardy. Lunaçarskini men ömrüme 2–3 ýola görüpdim. 1931-nji ýylyň 4-nji iýunynda Aşgabada geldik. Öňürti Daşkentde düşläpdik. Şo ýerde-de meni bir topar adam bilen tanyş etdiler. Aşgabatda açlykdy. Soň Täçnazarow kimdir birinden goýun satyn aldy. Jylkasyny bir aýry, süňküni bir aýry edip gowurdyk. Dogrusy, gowurma dadyma ýetişäýdi. Men toýludym. Çaga-da iýmit talap edýärdi. Bir günem Orazyň kakasy Täçnazar geldi. Görmegeý gojady. Hemme taraplaýyn tertiplidi. Dolmaçdan dykyz pyýadady. Boýy ortadan ýokarydy. Orazyň özi orta boýludy. Orazyň boýy 170-di, meňki 167-di. Günlerde bir gün üçimiz daşarda, halynyň üstünde çaý içip otyrdyk. Jokrama yssydy. Birdenkä Oraz ýüzüme äňetdi-de, öýe girdi. Şonda kakasy maňa şeýle diýdi: «Seň saçyň goşulan. Beýle ýogyn saçyň bolmagy mümkin däl. Hany, saçyňy çözle, örüp goýber!» Men saçymy çözüp, örüp başladym. Orazyň kakasy halydan galyp, meniň maňlaýymdan öpmäge durdy: «Gör, sen nähili perizat ekeniň, gyzym. Özüňem juda juwan!» Oraz kakasynyň aýdýanlaryny terjime edýärdi. Ol oglunyňka görme-görşe häli-şindi gelip-gidip durdy. Bize kak dadyrýardy. Birnäçe wagt geçenden soň Oraz meni bagyrly dosty Ansiýewiňkä iberdi. Bu ýerde maňa türkmençe öwredip başladylar. Iki hepdäniň içinde gaty köp söz öwrendim. Hatda çalarak gepläbem başladym. Haçan-da Oraz gelende ony türkmençe gepläp, garşyladym. Türkmençe öwrenip ugranyma ol, baý, begenmek begendi. Soň bir goýnuň damagyny çalyp, ähli obany çagyrdylar. Ikimiz ýene Aşgabada gaýtdyk. O wagtlar paýtun bolaýmasa, başga ulag ýokdy. Orazy sylaýardylar. Sylamazça-da däldi. Ol hiç haçan sesine bat bermezdi. Mydama parahat gepleýärdi. Özünem ol geplände bar kişi ony dykgat bilen diňlärdi. 1931-nji ýylda Moskwa gitdik. 16-njy oktýabrda oglumyz boldy. Oraz meni çaga dogrulýan öýe eltip, özi Lesnaýa köçesine gitdi, Şo wagtlar bar dostumyz Lesnaýada ýaşaýardy. Şol ýerik baryp, ol şumjarypdyr. «Saňa nä döw çaldy?» diýip, adamlar aňk-taňk bolşupdyr. «Eý, hudaý, hernä Liza bir ölmäwersin!» «Oňa näme boldy?» «Çaga dogrulýan öýe eltip gaýtdym». «Wiý, bu ýerde basga galar ýaly näme bar? Uly iliň heleýi çaga dogrup ýör-ä?» Şol günüň ertesi-de ol: «Oglum boldy, buşluk!» diýip, begenjinden tans edipdir. Arslanyň dünýä inenine kyrk gün diýlende Orazy Aşgabada Merkezi Komitetiň medeni propaganda bölüminiň müdiri edip iberdiler. Ýaşar ýaly ýer ýokdy. Şonda Weselkow öz öýüni bize berdi. Diňe 1932-nji ýylyň 2-nji fewralynda Nekrasow köçesiniň 42-nji jaýyna göçdük. 1936-njy ýylda bolsa K. Marks köçesine göçdük. Oraz şol döwürde «Baýramaly» poýemasyny ýazýardy. Onuň birinji bölümi türkmen dilinde neşir edilipdi. Ikinji bölümini ol gutaryp bilmedi öýdýän. Oraz tankydy makalalary-da köp ýazýardy. Ol Türkmenistanda ilkinji edebiýat tankytçysydy. 1932-nji ýylda TSSR Ýazyjylar soýuzy açyldy. Orazam onuň baştutany boldy. Soýuz Engels hem-de Gogol köçesiniň burçunda ýerleşýärdi. Onuň her tarapynda iki heýkel bardy. 1934-nji ýylda Moskwada SSSR Ýazyjylar soýuzynyň I gurultaýy açyldy. Men gurultaýyň her gününe gelýärdim. Eger irki mejlise gelmedik bolsam, onda agşamka galýardym. Soňra Oraz ikimiz öýe dolanyp gelýärdik. Oraz gurultaýda doklad bilen çykyş etdi. Georgiý Weselkow, Aman Kekilow, Hojanepes Çaryýew dagy hem gurultaýyň işine gatnaşýardy... Gepiň gerdişine görä aýtsak, Çaryýewi hem 1937-nji ýylda tussag edipdiler. Ony sürgün edenlerinde meň gujagym çagaly türmäniň keselhanasynyň bosagasynda otyrdym. Ol gapdalymdan aýakýoluna geçip barýardy. Birdenem ol şeýle diýdi: «Liza, senden uly haýyş, meni sürgüne äkidýäler, şuny biziňkilere ýetireweri!» Şonda Çaryýewlerden hiç birini tapyp bilmedim. Aşgabatda onuň dogan-garyndaşynyň baryny-ýoguny bilemokdym. Gurultaý gutarandan soň, 30-njy iýunda banket geçirildi. Banketde Otto Ýulewiç Şmidt. Maksim Gorkiý dagy bardy. Oraz meni Gorkiniň ýanyna çagyranda beýik ýazyjy maňa seretdi-seretdi-de, dagy näme diýjeginem bilmän, saçymdan sypalap, «Äl, saç dagam däl!» diýdi. Oraz Gorkiniňkide birnäçe sapar boldy. Içiňi ýakaýyn diýen ýaly, men şo wagtlar nähoşladym. Şonuň üçin onuň bilen bile gidip bilmedim. Ýogsa, Gorkiý ikimizi bile çagyrypdy. Onuň daçasynda Kaganowiç, Woroşilow hem bardy. Kaganowiç lezgi tansyna ökdedi. Bularyň baryny maňa Oraz gürrüň beripdi. Soňra ol azyk senagaty halk komissary Mikoýanyň daçasynda-da bolupdyr. Oraz Gorkiý bilen köp duşuşypdy. Ol gurultaýyň prezidiumynda oturypdy. Gurultaýda men Marietta Şaginýan bilenem tanyşdym. Soň Oraz maňa şeýle gürrüň beripdi. Ýazyjylary aýallary bilen gurultaýa çagyranlarynda Şaginýan: «Adamyňy alsaň bolýamy?» diýipdir. Onuň adamsy daýawdan uzyndy. Şaginýan welin, tersine, çepiksiden ejizjedi. Ýöne şar gara owadan zülpleri bardy. Şol banketde Mihail Ýefimowiç Kolsow ikimiz tans etdik. Meniň welin ýarawlygymyň ugry ýokdy. Şo banket änigine-şänigine deňiç gowy ýadymda galypdyr. Bankedi gaty kaşaň edip gurnapdyrlar. Oňa görnükli artistlere deňiç çagyrylypdyr. Teodor Draýzeriň birinji gurultaýda bolanyny köp kişi oslaýanam däldir. Onuň aşagy galyň köwşi bardy. Dyzyna çenli kelgejik balaklydy. Dyzyndan aşagy ýalaňaçdy. Köýnegi-hä at münüp barýan edermen ýigitleriňkä çalym edip durdy. Arakesme wagty Oraz ikimiz gürleşip durduk. Duýdansyz ýerden biziň ýanymyza Draýzer gelip, şeýle diýdi: «Bu zyba gözel kim?» Oraz iňlis diline suwarady. Ol: «Meniň gelnim. Tanyş boluň, Ýelizaweta Ýefimowna Täçnazarowa» diýdi. Şeýdip tanyşdyk. Oraz ikisi iňlisçe gepleşýärdi. «Russiýada başga-da şunuň ýaly zenanlar barmy? » diýip, Draýzer soraýardy. Çaky men oňa mazaly ýarapdyryn. Gurultaý mahalynda Weselkow «Batragy» rusça geçirip gutardy. Ony Fadeýewe okamaga berdi. Fadeýew poýemany okap: «Muny günübirin çykararys» diýipdir. Kitap 1934-nji ýylda rusça neşir edildi. Şol kitapdan mende galmandyr. Barysyny aldylar. Onuň käbir ekzemplýary Moskwanyň W. I. Lenin adyndaky kitaphanasynda hem-de biziň Karl Marks adyndaky döwlet kitaphanamyzda saklanyp galypdyr. 1935-nji ýylyň 23-nji awgustynda biziň gyzymyz Gulnara dünýä indi. Hut şol ýyl lingwistleriň konferensiýasy-da geçirildi. Oňa köp ýerden adam geldi. Täçnazarow iňňän gyzykly doklad bilen çykyş etdi. Oraz köp dile ökdedi. Şonuň üçinem ol: «Haýsy dilde doklad etmeli?» — diýip, sanap ugrady. Oňa: «Biziň barymyz rusça bilýäs, şo dilde gepläber!» diýdiler. Şundan soň ol dokladyny rus dilinde okap ugrady. Elbetde, doklady özi ýazypdy. Hiç kim oňa kömek bermändi. Konferensiýa leningradly professor Samoýlowiç hem gelipdi. Alym maňa Oraz hakynda köp gürrüň berdi: «Oraz, aslynda türkmenleriň arasynda örän täsin adam. Özem nähilidir birhili ýakymlydan mähirli. Düşbi hem syýasy taýyndan juda taýýarlykly. Haýp, Aşgabatda onuň o diýen gadyryny bilenoklar...» Professor hakykatdanam mamlady. Bu ýerde Oraz Täçnazarowyň garşydaşy köpdi. Haçan-da ýazyjylaryň birinden: «Täçnazarowy tanaýasyzmy?» diýip soranlarynda, ol: «Oň ýaly adamy bütinleý tanamok» diýip jogap beripdi. Muny maňa onuň bilen Täçnazarow hakda gepleşmek islän žurnalistler habar berdi. Ol Orazy itden beter ýigrenýärdi. Tä demi tükenýänçä şoňa ýamanlykdyr nejislik edip gezdi. Täçnazarowyň kakasyna baý diýmek sürtseňem ýokjak däldi. Ol öz mellejiginde der döküp güzeran görýärdi. Orazyň enesi owganlydy. Ol 1935-nji ýylda dünýäden ötdi. Şonda onuň 116 ýaşy bardy. Onuň ýanyna ýörite adamlar gelip, kempiriň «humly gephaltasyny» egsip gidýärdiler. Kempir bäş ýaşly çaga döwründen soň, ähli zady hakydasynda saklapdyr. Adamlaram unutmandyr. Karpow kempiriň ähli gürrüňini ýazyp alýardy. Şol wagt Karpow Baýramalyda ýaşaýardy. Soň ol Aşgabada göçdi. Onuň maşgalasy uludy. Biziňkä ýygy-ýygydan myhmançylyga gelerdi. Oraz bilen gaty gowy görüşýärdi. Köplenç biziňkide ýatyp gidýärdi. Ýer goduklanda kesegiň aşagynda galypdyr diýýärler. Allajanlarym, yzynda bir ogly, üçem gyzy galypdyr öýdýän. Men olary gözläp tapyp bilmedim. Karpowyň birnäçe galyň depderi bardy. Şolara Orazyň enesiniň gürrüň beren ertekidir hekaýatlaryny ýazyp alypdy. Ol bize şolary okap berýärdi. Onluk çyranyň ýagtysyna okaýardy. Kägünler biz tutuş gije ýatman Orazyň enesiniň beren gürrüňlerini diňleýärdik. Georgiý Karpow türkmen dilini suw içen ýaly bilýärdi. Ene obadan-oba göç-gon bilen aç-suwsuz ejir çekişlerini, horlanyşlaryny, baýyň olary ezişini gürrüň berýärdi. Onsoň Orazyň kakasyna baý diýmäge neneň diliň barar? Bu bir Oraza töhmet atmak üçin edilen duzak. Atabaýew, Aýtakow, Popok dagy Orazy sylaýardy. Myhmançylyga-da gelýärdiler. Üstesine, Oraz tagamly palaw bişirmäge-de ökdedi. Nedirbaýyň öýe jaň edip: «Liza, Oraza aýt. Pylanynjy gün pylança wagtda gelsin, oňa bir palaw bişirdeli. Köpden bäri göwnüm palaw küýseýä! Özüňem Arslan jany alyp gelgin» diýýäni düýnki ýaly ýadymda. Diýlen wagty bardyk. Oraz palaw bişirip berdi. Nedirbaýyň aýaly Marianna Iosifowna çaga wraçydy. Atabaýew Oraza ýygy-ýygydan geňeş salardy. Sebäbi Orazyň syýasy taýynlygy bijaý zordy. 1935-nji ýylda «Türkmenfilmde» Oraz Täçnazarowyň «Batrak» poemasy esasynda «Men gaýdyp gelerin» filmi surata düşürildi. Kartina heniz sessizdi. Bu barada merkezi gazetlerem ýazýardy. Şol ýyl Oraz ikimiz Moskwa gitdik. Zähmetkeşler köçelerde kowçum-kowçum bolup, şu kartinany görmäge barýardylar. Hiç kinoteatra bilet tapjak gumanyň ýokdy. Nobata durmalydy, ýogsa, hiç hili reklama beýleki hem ýokdy. Diňe «Men gaýdyp gelerin», «Türkmenfilm» diýlip ýazylgydy. Bolany. Biz kinoteatryň maňlaýyndaky «Metropol» myhmanhanasynda bolýardyk. Hamyla bolamsoň, meni alty-ýedi adamyň öňünden goýberdiler. Iki bilet satyn aldym. Oraz ikimiz kino girdik. Kinony iňňän oňat garşylaýardylar. Oraz töweregine diň salýardy. Kinodan çykamyzsoň-a kimdir biriniň aýdýan zatlaryny eşitmek üçin ol aýagam çekipdi. Barysy gowy diýip baha berýärdi. Halys ýürekden kabul edipdiler. Myhmanhanada ýaşap ýörkäk bir gün ýanymyza Boris Pasternak geldi. Gürrüň edeniňe degýän kişidi. Syrdamdan syratlydy, gadyrlydan salyhatlydy. Maňa-ha ol juda ýarady. Rus diline geçirmek üçin Orazdan iki goşgy sorady. Oraz oturan ýerinden - salymyny bermän goşgularynyň sözme-söz terjimesini etdi. Biz sagat ýarym dagy dünýäň gürrüňini edip oturdyk. Soňam men ony birnäçe sapar gördüm. 1936-njy ýylda Oraz Moskwada Radek bilen duşuşdy. Täçnazarow gazet redaktorlarynyň ýokary kursunda okaýardy. Radek redaktorlaryň öňünde leksiýa okaýardy. Oraz öýe gelensoň Radek hakynda şeýle gürrüň berdi: «Gaty täsin adam. Akylyň öjügi. Gürrüň berýä welin, barysy düşnükli, aýdyň. Ähli kişi üçin düşnükli. Üstesine, adamlaryň geplemegi gypynç edýän syýasy tarapdan gürleýärdi...» Soň ony Stalin atdyrdy ahyry. Karl Radek ýaly pähim-paýhasly adamynyň birden-bire ýok edilmegi nebsiňi agyrdýardy. 1936-njy ýylda Aşgabat–Garagum–Moskwa at çapyşygynyň ýyllygy bellenildi. Oraz Täçnazarow ýörişe gatnaşanlaryň adyndan Staline hat ýazdy, G.N.Weselkow bolsa ony rus diline geçirdi. Türkmen hem rus dillerinde owadan jiltli kitap edip çykardylar. Onuň türkmençesini Oraz, rusçasyny bolsa Weselkow okady. 1937-nji ýylyň fewral aýynyň başlarynda Puşkine bagyşlanan dabaraly ýygnakda O. Täçnazarowa bir tarapyna Puşkiniň şekili çekilen, beýleki tarapyna-da ähli sene ýazgyly bürünç medal gowşurdylar. Soňra oňa Puşkiniň haly portretini sylag berdiler hem-de oňa ilkinji türkmen sowet şahyry diýen at dakdylar. Bu haly öýümizde birnäçe gün durdy. Soň ony Oraz işleýän redaksiýasyna äkitdi. Ony ýazuw stolunyň ýokarsyndan asyp goýdy. Şol ýyl men diş protezi ugrundan okaýardym. Teoriýany gutarypdym. Ýöne türmä saldylar. Türmeden çykyp, sprawka almaga gitdim. Barysy tehnik bolşup işleşip ýör. Maňa welin, barmysyňam diýmediler. Şundаn birnеme sоň Wоronežde ýаşap ýörkäm, şоl ýеrdäki diş рrotezi institutуna girmägу hуýallandym. Nädеndirler öýdýäňiz? Yzуma it sаlyp, kоwup gоýberdiler. «Наlk duşmаnlarуnу оkuwa kаbul edеmzok» diýiр ähli dоkumentlerimi zуňyp gоýberdiler. Тabşyrjagyma gözüm ýеtip durdy. Нaýp, institutуň gарysyndanam gоýbermediler. 1937-nji ýylda Oraz repressirlendi. Dogry ýigrimi ýyldan soňam SSSR Ýokary Sudunyň harby kollegiýasy tarapyndan aklanyldy. Lageriň nähili adynyň bardygyny bilemokdym. Hat alyşmak gadagan edilip, sürgüne äkidilipdi. Kolymanyň töwereklerinde bolmagy ähtimal. Sebäbi haýsy lagerdedigini maňa hiç haçan aýtmandylar. Ýogsa, men Moskwada-da birnäçe sapar ýüz tutupdym. Onuň ölümi baradaky hat mende saklanypdyr. Ölümiň sebäbi — aşgazan keseli. Geň tarapy onuň hiç haçan aşgazany agyrmazdy. Ömründe başy agyryp, baldyry syzlan adam däldi. Ony tussag edenlerinde 33 ýaşy bardy, 38 ýaşynda-da ýogaldy. Tüýs döredijiliginiň gül açýan döwrüdi. Tussag edilende ol «Sowet Türkmenistany» gazetiniň redaktory bolup işleýärdi. Orazyň tussag edilen güni tutuş maşgalamyz–ejem, oglum Arslan, gyzym Gülnar, özüm (şol wagt men sekiz aýlyk göwrelidim) Çülüde bolýardyk. O taýda hökümet daçasy bardy. Oraz hökümetiň çlenidi. Iýulyň ýigrimi birine irden duýdansyz ýerden biziň daçamyzy dökmäge geldiler. Aýtakow, Gurban Sähedow, Täçnazarow dagy şo agşam teýatrda eken. Öýe gelen batlaryna üçüsinem tutupdyrlar. Agşam bizem gitdik Bolsa-da redaksiýa yzymdan maşyn iberipdir. Maşyny Täçnazarowyň orunbasary Hüseýinow iberipdir. Men Aşgabada geldim. 22-nji iýul gijesi meni hem tussag etdiler. Çagalar ejem bilen galdy. Tussag edenlerinde bir zenan, dört sanam erkek kişi bardy. Sekiz aýlyk hamyla gelni tussag etmäge bäş adam gelipdir. Halk duşmany bolan men, gör, nähili ekenim?! Gözümiň alnynda döküp durmadylar. Çünki dek düýnüň özünde öýümiz dörülipdi. Täçnazarowy äkidenlerinde golland pejiniň içindäki kömre çenli döküp çykypdyrlar. Mahlasy, öýi çepbesine çöwrüpdiler. Bir düşegi-hä jyrtym-jyrtym edipdiler. Öýden hiç zat tapmadylar. Aslynda bol-telkilikde ýaşamamyzsoň, gizläre hiç zadymyzam ýokdy. Altyna-ha öýümize myhmanam bolanokdy. Bir wagtlar doglan günümde meni çokundyran ata gyzylysyrga sowgat beripdi. Oraza durmuşa çykanymdan soň ol ysyrgamy aýryp, olary ejeme berip: «Kommunistiň aýaly gyzyla ýanaşmaly däl!» diýipdi. Şol gulakhalkamy ejem satyp, oňa-da azyk-suwluk alypdyr. Sebäbi ejem dagy Moskwada ýaşaýarkalar ezýet ýamanyny çekipdirler. Açlyk şatysyna çydamanam, olary iýmite çalşypdyr. Meniň günümem şularyňkydan enaýy däldi. Aç-suwsuzdyk. Üstesine, bäbejigimi emdirmelidim. Bolsa-da, süýdüm çekilmedi. Oglum sagat ulaldy. Ýogsa, çörek bilen üzümden başga höregimiz ýokdy. Meni tussag edip, türmä dykdylar. Şol ýerde ýyl ýarym ezýet çekdim. Aşgabadyň Stekolnaýa köçesindäki türmede oturdym. 8-nji awgustda ejem çagalarymy getirdi. Ol meniň bilen hoşlaşmaga gelen ekeni. Ejem Moskwa—öýüne gidýärdi. Oguljygymyň alty ýaşy bardy. Şonda ol maňa şeýle diýdi: «Gutardy, bar zadymyzy aldylar. Özümizem köçä kowup goýberdiler. Hatda oýnawaçlarymyzam bermediler». Şeýdip ejem gitdi. Nähilelik bilen ýol aşypdyr–akylyma getirip bilemok. Bolsa-da, çagalaryma hossarçylyk etdi. Agam NKWD-niň Moskwa bölüminde işleýärdi. Ol: «Kakamyň öýünde halk duşmanynyň çagalarynyň ýaşamagyna ýol berip bilmen» diýip, galmagal turzupdyr. Ýogsam bolmanda ol kakamyö öýünde däl-de, aýalynyň öýünde ýaşaýardy. Garaz, agam perzentlerimiň geljekki ykbalyny kesgitläpdir. Purgun gelip, Arslandyr Gulnary äkidipdir. Orazy tutanlarynda Gülnar bir ýaş on bir aýdy. Ol gowy gepläp bilenokdy. Balalarymy haýsydyr bir çagalar öýüne ýerleşdiripdirler. Birnäçe günden soň Arslany Odessa oblastyndaky Berýozka ýollapdyrlar. Şol ýerde halk duşmanlarynyň çagalarynyň ýörite öýi bardy. Gulnarjygymyň öýkenine sowuk degipdir. Şeýle bolansoň, garry kakam ony özüne gyzlyga berilmegini sorap, ondan-mundan haýyş edipdir. Ahyry rugsat beripdirler. Gülnary kakamyň pasportynda gyzy diýlip ýazylan. Oglumy laýyk on ýyl agtardym. Men ony on alty ýaşyndaka tapdym. Mähek daşymy tanamadymam. Onuň üçin görgi bary görlüpdi, gözýaş bary dökülipdi. Bulary söz bilen beýan eder ýaly däl. Ynha, şu haty maňa Aksentewa iberipdir. Bir wagtlar ol türkmen topragynda ýaşapdyr. Soňra ol Borowskiý köçesinde ýerleşýän SSSR Ýazyjylar soýuzynyň kitaphanasynda işledi. Bir gezek oňa Aşgabat şäher Sowetinden şu haty iberipdirler. Aksentýewanyň ýanyna baranymda ol maňa Arslanyň hat ýazandygyny aýtdy. Hat bulaşyk ýazylypdyr. Näme üçindir, adyna Ruslan diýipdir. Megerem, unudandyr. Sebäbi ondan bäri on ýyl aýlanypdyr ahyry. Ine, ol şeýle ýazýar: «1937-nji ýylda meni Ukrainadaky çagalar öýüne tabşyrypdyrlar. Kakam Araz (näme üçindir, Oraz däl) Täçnazarow hem-de ejem Ýelizaweta Iwanowna (bu ýerde-de Ýelizaweta Ýefimowna diýilmändir) ýadyma düşenok. Olaryň diňe Aşgabatda redaksiýada işleýändigini bilýärin. 1932-nji ýylda doglupdyryn. (1931-nji ýylda doglandygy ýadyna düşýän däldir). Häzir Ukrainadaky kolhozyň ýanynda bolýaryn. 5-nji klasa gatnaýaryn. Eýýäm on dört ýaşadym. Şu haty alan adamyň Aşgabadyň gazetine ýazyp, meniň ejemi we kakamy gözleýändigimi ýazmagyny haýyş edýärin. Maňa jogap ýazmagy-da unutmaň. Men Aşgabatda ýaşapdym. Täçnazarow Ruslan. 1946-njy ýylyň 31-nji oktýabry». Berdi Myradowiç Kerbabaýew bir söý bilen şäher Sowetine baranda: «Sen Täçnazarowy, onuň maşgalasyny tanaýaň ahyry» diýipdirler. Olam: «Hawa, tanaýan. Maşgalasy häzir Moskwada. SSSR Ýazyjylar soýuzy bilen aragatnaşygy bar. Onuň tanyş ýazyjylaram köp. Şo ýerde ýygy-ýygydan bolup dur. Oglunyň hatyny şo ýere iberiň» diýipdir. Haty diýlen ýere-de ýollapdyrlar. Şeýdip, hat kitaphana düşüpdir. Men Moskwanyň Sergo Orjonikidze adyndaky awiýasiýa institutynda işleýärdim. Günlerde bir gün halys içim gysyp, Türkmenistanyň wekilhanasyna bardym. Şol wagt ol Filippow köçesidi. Häzir ol ýere Aksakow köçesi diýilýär. Şol ýerde men Gülýa Annamuhammedowany (Nyýazgül Kulyýewa. Ene Kulyýewanyň gyzy – A.Ç.) gördüm. Onuň adamsy MK-nyň ozalky sekretarydy. Şol wagtlar onam tussag edipdiler. Bir seretsem, kimdir biri meni arkamdan gujaklaýar. Beýläme baksam Gülýa dur. Ol diplom goramaga gelen ekeni. Gülýa medisinadan dosent bolan ilkinji türkmen zenanydy. Men ony myhmançylyga çagyrdym. Şol döwrüň puly boýunça 300 manada kireýine ýaşaýardym. Gyzym ikimiz bir demir koýkada oňňut edýärdik. Gülýa maňa: «Bilýäňmi, name, Kerbabaýew şu ýerde gezip ýör» diýdi. – Ýeri, bolanda näme? – Sen maňa telefonyňy ber, ol saňa jaň eder! Men oňa telefonymy berdim. Ertesi işe gelsem, telefon jyňňyrdady. – Liza! — diýip, aňyrdan ses geldi. – Berdi, bu sizmi? – Hawa, näme diýsene, seň ogluň diri. Ýazyjylar soýuzyna gel. Ogluň ýazan haty Aksentewada. Telefony elimden gaçyryp, özümden gidipdirin. Zordan özüme getiripdirler. Trubkany kärdeşlerim alypdyr. Ýagdaýymy düşündiripdirler. Bu wakany tutuş institut eşidipdir. Kerbabaýew kärdeşlerime, maňa «Moskwa» myhmanhanasyna gelsin diýipdir. Meni şo taýyk ugratdylar. Kerbabaýew meni aşakda garşylady. Soň öz bolýan ýerine eltdi. Onuň otagynda ýene bir türkmen bardy. Kimdigi ýadyma düşenok. Tanyş-bilişler hakda gürleşip oturdyk. Berdi Myradowiç gepiň gerdişine görä, Georgiý Nikolaýewiç Weselkowyň Aşgabatda ýaşaýandygyny ýaňzytdy. Täçnazarow bilen Weselkowyň hakyky dostdugyny ol bilýärdi. Weselkow Täçnazarowyň ähli eserini, «Batrak» poemasyny, köp sanly goşgularyny terjime edipdi. Geliň, indi Oraz Täçnazarow hakda-da gürrüň bereýin. Ol 1904-nji ýylyň 25-nji maýynda Tejen raýonynyň Akgoňur obasynda dogulýar. 1919-njy ýylda goşun Sowetiniň ýanyndaky partiýa mekdebinde bolýar. Mekdepde bary-ýogy üç aý okaýar. Şundan soň ony Köneürgenjiň komissariatyna iberýärler. 1-nji türkmen otrýadynyň komandiri bolýar. Ol şo ýerde terjimeçi bolubam işleýärdi. 1921-nji ýylyň awgustynda otrýaddan demobilizlenýär. Oraz Tejene dolanyp gelýär. Wolispolkomyň agitasion bölüminde işe durýar. Soň wolispolkomyň başlyklygyna bellenýär. 1923-nji ýylda komsomolyň oblast komitetiniň sekretary bolýar. 1923-nji ýylyň awgustynda Leningrada okamaga gidýär. 1925-nji ýylda Türkmenistana çagyrylyp getirilýär hem-de partiýanyň okrujkomynyň sekretarlygyna bellenilýär. 1926-njy ýylyň iýulynda Daşhowuzda partiýanyň okrujkomynyň sekretary bolýar. 1927-nji ýylda TK (b) P MK-nyň ispolbýurosynyň çlenligine saýlanylýar. Şondan soňam Leningrada okamaga gidýär. Şo ýerdäki pedagogik institutynda okaýar. Professor Samoýlowiçiňkide ýaşaýar. Professor onuň mugallymydy. Oraz oňa diýseň ýarapdyr. «Gaty düşbi. Haýsy ylma baş goşdugy, derrew düýrläp beýlesine atýar. Ol bar zady gaty çalasyn bişirýärdi, üstesine şolaryň barysyny beýnisinde saklaýardy. Soňra ol bilýänlerini beýlekilere-de öwredýärdi. Mahlasy, gaty täsin adamdy» diýip, professor oňa baha kesýärdi. Oraz Leningraddaky instituty gutarman, 1930-njy ýylda Moskwa gelýär. Moskwada gündogar halklarynyň institutynda okaýar. Şol wagtyň özünde Moskwanyň haýsydyr bir zawodlarynyň birinde syýasy ykdysadyýetden okadýar. Zawodyň ady ýadyma düşenok. Dagy näme! 59 ýyl geçensoň, ýadyňa salaýmak aňsadam däl. Dogrusy, muny hiç kim menden soramandam. Herhal biz aklandyk. Özümem, çagalarymam ýigrimi ýyllap halk duşmanynyň maşgalasynyn tagmasyny çekip geldik. Biz hiç kimiň duşmany däldik. Orazam, menem. Bütin ömrümizi sap ýürek bilen ýaşadyk. Hiç haçan, hiç hili jenaýat etmändik. Akylyňa sygar ýaly däl. Sen-men ýok, tutup, lagere dykmak, bäş ýyldanam ýoguna ýanmak... Otuz sekiz ýaşapdy, juwan wagtynda. Neressäni tussag edenlerinde otuz üç ýaşy bardy. Muňa elhençlik diý-de, goýaý. Oraz göwreli gelniniň tussag edilenini bilenokdy. Oňa diňe ogluň boldy diýipdirler. Bu ikinji oglumyzdy. Indi iki ogul bir gyzymyz bardy. Ulusy Arslandy. Körpe ogluma Igor diýip at goýdum. Bu çagajygam biz ýaly halk duşmanydy. Men ony görgi ýamnyny görüp, türmede dogurdym. Şol wagt içeri işler halk komissary Nodewdi. Ol: «Goý, türmede gaçyrsyn. Halk duşmanlaryny çaga dogrulýan öýe eltip ýörmegiň hajaty ýok» diýipdi. Çaga dogurmak güzap berdi. Üç ýarym günläp gana bulaşyp ýatdym. Diňe perzent jahana inensoň niredendir bir ýerden wraç tapyp getirdiler. Çagany dolamaga zat ýokdy. Men köýnegimi çykaryp, şoňa doladym. Kamerada özüm ýaly aýallaryň bolanam bir gowy zat. Diňe men syýasy tussagdym. Galany ogurlyk-jümürlik üçin ýatyrdy. Şolar dadyma ýetişäýdi, Çagany dolamak üçin biri koftasyny, biri ýubkasyny berdi. Bir sapar menden gaty ýowuz sorag edildi. Oglum üç aýlykdy. Onuň täk özüni kamerada goýdular. Meni soraga çagyrdylar. Şol wagşynyň familiýasy ýadyma düşenok. Agzyndan gelenini porsaýardy. Göwsümden süýt akýardy. Birnäçe sagatlap, burça dykylyp durdum. Çagamy emdirmelidim. «Ganjyk...» diýip, zalym üstüme düwleýärdi. Men oňa: «Siziň aýalyňyzam meň ýaly görgülidir-ä. Men adamym bar. Ýöne ony siz elimden aldyňyz» diýdim. Şol wagt duşumdan gülle şuwlap geçdi. Çekgäm gyzyp gitdi. 1949-njy ýylda Aşgabada gelenimde şu türmä goýbermeklerini haýyş edesim geldi durdy. Şol jaýyň diwarynda ok yzynyň galanyny-galmanyny bilesim gelýärdi. Weselkow şu gülle barada goşgy hem ýazypdy. Hawa, barysyna döz geldim. Soragdan soň oglumyň ýanyna ylgap geldim. Halys süýdüm dökülip gidipdi. Balajygym gök-dalak bolup çyrlaýardy. Men ony çalak-çulak süpürişdirip, emdirdim. Soň ýanyma ýene bir çagaly zenany getirdiler. Onuň adamsy demir ýoluň syýasy bölüminde işleýärdi. Familiýasy hakydamda däl. Özi ermeni gyzydy, ady Rozady. Çagasy bäş aýlykdy. Onuň süýdi çekilipdi. Men, onsoň, öz oglumam, onuň oglunam emdirýärdim. Ähli çagalar ýygnalýança men ojagazy emdirdim. Meniň balajygym on bir ýarym aýlykdy. Oguljygymy gujagymdan sogrup alyp gitdiler. Çagajyk: «Eje, eje!» diýip, çyrlap gitdi. Ol eýýäm köp sözi bilýärdi. Bala gitdi. Demir derwezeler nalaýan ýaly, aýylganç ses etdi. Gaýdyp men ony görmedim. Iki ýarym aýlap süýdüm çekilmedi. Goltugymdan bokurdagyma deňiç süýt çyrşalypdy. Men indi umumy kameradadym. Haçan-da göwsüm hasa bilen saralgy ýagdaýda bu ýerik getirilemde zenanlar uwlaşyberdiler. Aýal gaty köpdi. Ýüz gowraga-ha bardy. Ýatylýan ýeri iki gatdy. Meniň ýerim şolaryň aşagyndaky sement düşekdedi. Iki aý ýarym geçenden soň süýdüm çekilişdi. Şol gün 1938-nji ýylyň 24-nji oktýabrydy. Hut şol günem uprawlýaýuşiý ýanyma geldi. Haramzadanyň familiýasyny unudypdyryn. Barysynyň adyny unudypdyryn. Ýa hupbatly günleri ýatlamak maňa agyr düşýärmikä? Hawa, uprawlýaýuşiý gelip: «özüňizi duýşuňyz nähili?» diýip sorady. «Geň zat, şu gün süýdüm çekildi» diýip, men oňa aýtdym. Ol hiç zat diýmän çykyp gitdi, Görlüp oturylsa, şol gün oglum aýrylan ekeni. 1939-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda, oglum ýogalanyndan üç aý geçenden soň meni boşatdylar. Çykan badyma enäniň öýüne ylgadym. Bara-barmaşa-da: «Igor Täçnazarowy maňa beriň!» diýdim. «O neressejig-ä ejesini küýsäp, ölüp gitdi» diýdiler. Başga hiç zat ýadyma düşenok. Endam-janym goram-gowşak bolup, gürpüldäp ýykyldym: «Näme üçin, nähili beýle boldy?» «Bu posalajyk çagajyga barymyz haýran galdyk– – diýip, olar aýtdylar. — Düşbüdi, gaty owadandy. Şeýle çagany nädip türmede dogurdylarka? Şeýle owadan çaga türmäň daşynda-da seýrek duş gelýär. Oglanjygyň işdäsi kesildi. Diňe gara çörek iýýärdi. Zol-zol: «Eje-eje!» diýip durdy. Bir aýal ýanyna barsa, «eje-eje!» diýýärdi. Soňam «Ýok-ýok» diýýärdi. Yzyndanam ýene aglaýardy. Ahyry ony kesel ýykdy. Içi geçip durmady. Onsoň, keselhana äkitdiler. Şol ýerde-de öýkeni sowuklap, öldi. Tä demi sogrulynça bir aýal gördügi «eje-eje!», soňam: «ýok-ýok!» diýip, üsürgap gitdi...» Niçeme ýyllar ötdi. Şo waka henizem göz öňümden gidenok. Ykbalyň oýnuna bakyň. 1937-nji ýylyň 8-nji awgustynda, sagat 12-de ejem çagalarymy türmä getirdi. Olar meniň bilen hoşlaşmaga gelipdi. Ejem Gülnar bilen Arslany Moskwa alyp barýardy. Gülnary göterip barýardym welin, Arslan jan etegimden aslyşyp, özem gök-dalak bolup: «eje-eje!» diýip gygyrdy. Halys elden-aýakdan galdy. Soň Gülnary elimden aldylar-da, derwezäni açdylar. Gülnaryň elinden tutanymy bilýärin. Başga hiç zat ýadyma düşenok. 1939-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda meni boşatdylar. Woronej şäherine aşdym. Şo taýda-da nähoşlap, Moskwa gitdim. Staliniň doglan güni milisiýa baryp, şeýle diýdim: «Şu gün Staliniň doglan güni. Ýaş toýy bilen. Şuňa gol çekiň!» diýdim. Naçalnik gol çekdi. Ynha, şu ýol bilen öz atam öýüne ýazyldym. Oňa çenli öz önüp-ösen öýüme ýazylmak hem hyllalla düşüpdi. Ýigrimi ýyllap Täçnazarowyň familiýasyny göterip gezdim. Ýigrimi ýyllap Staliniň «möhri» bilen halk duşmany boldum. Onsoň, çagalarymyň güni neneňsi bolandyr öýdýäňiz? Nädip işläp-okadylarka? Balalarym, itiň gününi gördi. Kakalary halkyň duşmany! Oraz aklanýança çagalarym egni gysyk gezdi. Muňa ýigrimi ýyllap garaşdylar. Mende Orazyň SSSR Ýazyjylar soýuzynyň çlenlik bileti saklanyp galypdyr. Oňa Gorkiý gol çekipdir. Biletiň nomeri 79, 1934-nji ýylyň 1-nji iýuny diýen ýazgyly. Täçnazarowy aklanlarynda meni Içeri işler ministrligine çagyryp, şu bileti gowşurdylar. Oraz gapjalandan soň, onuň beýleki doganlarynam tutdular. Orazyň kakasy görgülem birnäçe ýyllap obadan-oba göçüp, gaçyp gezdi. Tapsalar onam tutjakdylar. Doganlarynyň ikisi wepat boldy. Uly dogany Akmyrat eýdip-beýdip yzyna öwrülip geldi. Häzir ol ýok. Onuň bir ogly galdy. Ol ýanyma gelip-gidip durdy. Ýöne iki ýyl mundan ozal öläýdi pahyr. Onuň çagalary gelip dur. Orazyň iki aýal dogany sag-aman ýaşap ýör. Olaryň biri Maryda, beýlekisi Tejende. Täçnazarowy milletçilikde aýypladylar. Tapdylar ýagşyda bir milletçini? Soraga çagyranlarynda: «Ol nähili milletçi bolup bilýä, milletçi bolsa maňa — rusa öýlenermidi ahyry?» diýip, aýak direýärdim. Olar gaýtam, tersinden tutýardylar: «Haçanam bolsa bir gün ol siziňem damagyňyzy çalardy!» «Onuň adama pyçak çekmäge eli barmaz. Ol hiç hili milletçi däl» diýip, menem bir depen ýerimi depýärdim. Tutuş gijämi soragda geçirdim. Gurban Sähedowyň (ol TSSR Halk Komissarlary Sowetiniň başlygynyň orunbasarydy) aýaly Ýekaterina Wasilewna ikimizi bir kamerada saklaýardylar. E.W.Çernuha dünýäden ötdi. Onuň bir ogly bar. Olar Ferganada ýaşaýarkalar myhmançylyga barýardym. Birçakdy – 1958-nji ýyldady. Georgiý Nikolaýewiç Weselkow aradan çykanda Ýekaterina Wasilewna iki sapar biziňkä gelipdi. Fredik onuň uly ogly, kiçisi türmede ýogaldy. Bary-ýogy sekiz aýlykdy. Emip durka alyp gitdiler. Çagalar öýüne tabşyrdylar Şol ýerde-de öldi. Fredige köp okamak miýesser gelmedi. Onuň gül ýaly gelni, iki, çagasy bar. Özi şofýor. SSKP-niň XX gurultaýyndan soň men köp ýerik ýüz tutdum. Şol arzalaryň hemmesi mende bar. Ynha, şuny alyp göreliň: «TKP MK-a, Ýelizaweta Ýefimowna Täçnazarowadan. Oraz Täçnazarowy partiýa babatda dikeltmegiňizi haýyş edýärin. Öz gyzymyň hem oglumyň adyndan ýazýaryn...» Şol wagt 1957-nji ýyldy. Maňa şeýleräk jogap geldi: «1959-njy ýylyň 18-nji martynda TKP MK-nyň býurosy Siziň arzaňyz esasynda Oraz Täçnazarowy partiýa babatda aradan çykandan soň dikeltmegi karar etdi. TKP MK-nyň partiýa komissiýasynyň başlygy Nazarow». Men Merkezi Komitete – onuň ýanyna iki sapar bardym. Bir gezek özi çagyrdy, ikinji gezek özüm bardym. Bu partiýa babatda. Ynha, şunam okap göreliň: «6.11.1959. TSSR Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň giňişleýin mejlisiniň № 2-nji protokolynyň göçürmesi. Gatnaşanlar: Seýitliýew, Seýtäkow, Atajanow, Haldurdy, Esenowa, Gurbansähedow, Kerbabaýew, Kowusow. Diňlenildi: SSSR Ýazyjylar soýuzynyň çleni ýoldaş Oraz Täçnazarowy dikeltmek hakynda. Karar edildi: 1957-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda ýoldaş Täçnazarowyň SSSR Ýokary sudunyň harby kollegiýasy tarapyndan doly aklanylandygyny göz öňünde tutup, ony aradan çykandan soň, SSSR Ýazyjylar soýuzynyň çlenligi hukugyny dikeltmeli. Oraz Täçnazarowyň çagalary Gülnar Täçnazarowa hem-de Arslan Täçnazarowa ýardam bermekde zerur bolan dokumentleri SSSR Edebiýat fonduna ýollamak üçin TSSR Edebiýat fonduna tabşyryk bermeli». TSSR Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň başlygy Gara Seýitliýew. Bu haty 1959-njy ýylyň 13-nji fewralynda aldym, 20 ýyl geçenden soň akladylar. Oraz Täçnazarowyň ogly Arslan Magadanda, gyzy Gülnar Moskwada ýaşaýar. Gyzym 29 ýylyň wraçy. Ol Aşgabatdaky medinstituty gutardy. Iki çagasy–bir ogly, bir gyzy bar. Ikisem instituty gutardy. Gülnaryň gyzy logoped, ogly himiýa institutyny gutardy, harby akademiýada işleýär. Gülnaryň gyzy durmuşa çykan. Onuň gyzy bar. Ogly Serýožanyň bolsa Dmitriý atly ogly bar. Gülnara jan indi ene. Meniň bolsa eýýäm üç çowlugym bar. Arslanyň ogly Wladimir Arslanowiç Täçnazarow Simferopolda ýaşaýar. Institutda okaýar, gurluşykda elektrotehnik bolup işleýär. Özümem, hudaýa şükür, ýaşap ýörün. 76 ýaşadym. Şoňa çenli medisina kitap magazininde 14 ýyl işledim, 1983-nji ýylda 71 ýaşda pensiýa gitdim ahyry. Häzirem bir ol ýerim, bir bu ýerim agyryp dur. Sagaldygym ýanyma adam üýşýär. Olar bilen derdinişýärin. Durmuşymyň agyr ýyllaryny ýatlaýaryn. Şol durmuş maňa gaty täsir etdi. Barysyny çekip-çydamalydy. Çekip bildim. Ynha indem ýaşap ýörün. Troisk obasynda Oraz bilen ilkinji gezek tanşanymda ol meniň bilen bütin ömrüne ýoldaş boljak diýipdi. Şol durmuş alty ýyl, alty aýa çekdi. Şol ýyllar men oňa üç çaga dogrup berdim – iki ogul, bir gyz. Ol perzentlerini halys ýürekden söýýärdi, haýp ýeri, iň körpejesini görmek oňa miýesser etmedi. Oraz Täçnazarow hemişe ýatlanylmaga mynasyp oguldyr. 1989. Mart. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |