HEŇŇAM HASRATY
■ XX asyryň 20-30-njy ýyllarynda bolşewizmiň Türkmenistanda geçiren zorlukly syýasaty barada
Taryha öwrülen XX asyr, aýratyn hem onuň birinji ýarymy, dünýä halklarynyň köpüsi, şol sanda türkmenler üçin hem ýowuz synaglaryň, gazaply wakalaryň döwri boldy. Ýurdumyz kesekiler tarapyndan basylyp alnandan soň, halkymyz baknalygyň güzaply kynçylyklaryny, 1916-njy ýylyň azat edijilik urşuny, 1914-1918-nji, 1939-1945-nji ýyllaryň jahan uruşlarynyň çäksiz ýitgilerini, 1918-1920-nji ýyllaryň bolşewik-menşewik uruşlarynyň alasarmyk wakalaryny, XX asyryň 20-30-njy ýyllarynyň aýylganç ejirleriniň yzasyny, 1948-nji ýylyň heniz görülmedik tebigy betbagtçylygynyň hupbatyny öz gerdeninde çekmeli boldy. Şu wakalaryň içinde 20-30-njy ýyllaryň wakalary aýratyn gazaply boldy. Çünki öz ýurdunda, dogup dörän watanynda ata-baba däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny berjaý edip, erkana ýaşamak isleýändigi üçin türkmeni ýekirdiler, türkmene ýat bolan düzgünleri kabul etmeýänligi üçin ony duşman saýdylar. Ýagdaý şeýle bolansoň, XX asyryň 20-30-njy ýyllarynyň bütin dowamynda diýen ýaly, halkymyz bolşewistik zulumyna ýangynly garşylyk görkezmeli boldy. Türkmenleriň bolşewistik düzgüne garşy 1920-1922-nji, 1924-nji, 1927-1928-nji, 1931-nji, 1933-nji ýyllarda alyp baran erkinlik ugrundaky uruşlary aýdylanlaryň aýdyň mysaly.
1931-nji ýylyň erkinlik ugrundaky söweşlerine, ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Ahal, Tejen we Mary sebitleriniň Merkezi Garagumda ýaşaýan çarwalary hem işjeň gatnaşdylar. Emma çarwalaryňky çüwmedi: olaryň garşysyna Orta Aziýa harby okrugynyň gowy ýaraglandyrylan goşunlaryny, şeýle hem ýerli GPU (Döwlet syýasy uprawleniýesi) hem-de milisiýa bölümleriniň goşunlaryny ulanmak bilen, sowet hökümetine çarwalaryň erkinlik ugrundaky çykyşlaryny rehimsizlik bilen basyp ýatyrmak başartdy. Milli mertebesini, ata-baba erkinligini goramak üçin baş göteren gerçekleriň müňlerçesi öldürilip, müňlerçesi zyndanlara taşlandy, türkmen çarwasynyň maly-mülki talanyp, aýal-ewtady, oglan-uşagy gum içinde harap boldy.
Erkinlik ugrundaky göreşler basylyp ýatyrylandan soň, Garagumdaky çarwalaryň aman galanlary, Türkmenistanyň dürli ýerlerinden daşary ýurtlara gyssagly göçüp başladylar. 1932-nji ýylyň fewral aýynda ata Watany taşlap, ýat illere ugran uly göç bilen baglanyşykly aýylganç waka bolup geçdi. Biziň söhbetimiz türkmen-owgan araçäginiň golaýjygynda, Bathyz baýyrlarynyň arasynda bolup geçen şol gussaly waka hakynda.
1931-nji ýylyň tomus-güýz aýlarynda Myradaly han, Lulluk baý, Kakabaý, Orazgeldi han we Ýüzbaý ýaly serkerdeler şehit bolanlaryndan soň, Ahal-Tejen-Mary sebitleriniň çarwa etraplarynyň aman galan ilaty Annaguly hanyň, Garaoglanyň, Garry Mollanyň we başga-da birnäçe aksakallaryň baştutanlygynda Owganystana göçmegi karar edýärler. Göçülip baryljak ýeri görmek, göç etjek ilatyň ýaşajak ýerlerini öwrenmek üçin gumlylar 40 sany ýigidiň ugratmagynda Annaguly han bilen Garry Mollany üsti ýükli 20 sany düýe bilen Owganystana iberýärler. Merkezi Garagumdan daşary ýurda ugran ýolagçylar, bolşewik goşunlarynyň yzarlamalaryna garamazdan, uly kynçylyklar bilen araçäge ýetýärler. Bir bada Owganystana aşmak başartmaýar, yzarlanýandyklary üçin Annaguly hanyň topary Eýrana geçmäge mejbur bolýarlar. Ol döwürler Eýranda Reza şa Pehlewi (1925-1941) hökümdarlyk edýärdi. Eýran halky tarapyndan söýülmeýän şanyň serhetçileri, türkmen ýolagçylarynyň ähli zatlaryny ellerinden alyp, özlerinem kowup goýberýärler. Şeýdip, Annaguly hanyň topary uly kynçylyklar bilen Owganystana aşýar. Owganystanda-da şol döwürler Muhammet Nedir şa (1929-1933) patyşalyk edýärdi. Sowet hökümetiniň azar berýändigine garamazdan, öz ýurdunda bolşewik zulmuna sezewar edilip, Türkmenistandan we Merkezi Aziýadan Owganystana gaçyp gelýän ilata Nedir şa assyranlyk bilen azda-kände kömek edýärdi, olara ýurduň demirgazygyndaky welaýatlardan ýaşamak üçin ýer berýärdi.
Annaguly han dagy Owganystana gideninden soň, Merkezi Garagumdaky gumlylara Baýramguly Teleke, Ilaman beg, Akdyr han dagy ýaşulylyk etdiler we Demirgazyk Garagumda bolşewik goşunlary tarapyndan yzarlanylyp ýören Ahmet begiň baştutanlygyndaky daşoguzly çarwalar bilen birleşdiler hem-de 1932-nji ýylyň 19-njy ýanwaryna çenli bileleşip hereket etdiler.
Owganystanda bolan wagtlary Annaguly han bilen Garry Molla 20-nji ýyllaryň ahrynda, 30-njy ýyllaryň başlarynda Türkmenistandan bu ýurda göçüp gelen türkmen ilatynyň abraýly ýaşulylary bilen duşuşyp, göçüp gelmegiň şertleri barada maslahat edýärler. Owganystanda ýurt tutunan daşoguzly ýaşulylar Annaguly hana Demirgazyk Garagumda hereket edýän Ahmet begiň adyna ýazylan hat gowşurypdyrlar. Daşoguzlylar öz hatlarynda bolşewiklere garşy göreşi bes edip, Ahmet bege Owganystana göçüp gelmegi tabşyrýardyler. Gumlylaryň wekilleri yzlaryna gaýtjak bolanlarynda, olary iň gowy ýaraglar bilen ýaraglandyryp, ýanlaryna hem ýedi sany batyr ýigidi ýolbelet hökmünde goşup goýberýärler.
Annaguly hanyň yzyna dolanyp gelenden soň, hossarlaryny alyp Owganystana gitjekdigini anyklap, GPU-nyň işgärleri onuň garry kakasyny we iki sany doganoglanyny tussag edýärler hem-de olary girew edip saklaýarlar. Gumlylaryň wekillerini yzlaryna goýbermezlik üçin geçirilen aýratyn çärelere garamazdan, 1932-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda Annaguly han bilen Garry Molla 62 sany ýigit bilen häzirki Serhedabadyň töwereklerinden bärligine araçäkden geçýärler.
1932-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Orta guýynyň töwereklerinde gumlylar bilen bolşewik goşunlarynyň arasynda uly söweş bolup geçdi. Iki tarapdan hem köp adamlar heläk boldy. Bu şöweşde we 19-njy ýanwarda bolan ikinji söweşiň netijesinde, gumlylaryň 150-ä golaý ýigidi wepat boldy, olaryň 500 sany üsti ýükli kerweni, 100-e golaý aýal, oglan-uşaklary sowet goşunlary tarapyndan olja alyndy. Şundan soň Ahmet beg daşoguzly çarwalar bilen demirgazyk-günbatara, Baýramguly Teleke, Ilaman beg we Akdyr han dagy bolsa Kükürt zawodyndan 100-140 km günorta-gündogarda ýerleşýän Mürzeçyrla we Daşajy guýylaryna tarap gitdiler. Merkezi Garagumda ýaşaýan gumlylaryň Ahmet begden bölünip aýrylmaklarynyň ýene-de bir sebäbi, olar Annaguly hanyň dolanyp gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar.
1932-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Daşajy guýysynda Annaguly han ildeşleri bilen birleşýär. Baýramguly Teleke golaýda bolan söweşler we çekilen ýitgiler hakynda Annaguly hana gürrüň berýär. Ildeşlerinden Ahmet begiň Owganystana gitmek ismeýändigini hem-de onuň Üstýurda tarap gidendigini eşidip, Annaguly han haýal etmän göçmäge taýýarlanyp ugraýar. Munuň üçin ol gum içindäki ähli obalara çapar ugradýar. Ol döwürler Garagum çöli hem ýurdumyzyň oturymly ilat ýaşaýan ýerleri ýaly ilatlaşandy. Biri-birinden gaty uzak bolmadyk aralykda köp sanly çarwa obalary bardy. Emma oturumly ilatdan tapawutlylykda, çarwalar erkindiler. Olar her edip hesip edip, bolşewik hökümetine boýun egmeýärdiler. Şol sebäpden hem sowet hökümeti gumda köp sanly goşunlary saklamaly bolýardy.
Tiz wagtdan Daşajy guýusyna Merkezi Garagumyň dürli ýerlerinden göçegçiler gelip ugraýar. Gumlylaryň Daşajy guýusyna ýygnanmaklaryna we olaryň bu ýere göçüp gelmeklerine Annaguly hanyň özi hem ýakyndan kömek beripdir. Göçegçilere ýardam etmek hem-de olary gum içinde kaňkaşyp ýören bolşewik goşynlaryndan, GPU-nyň hem-de milisiýa bölümleriniň goşunlaryndan goramak üçin, ol uzakdaky çarwa obalaryna ýaragly nökerleri iberýärdi. 1932-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda şeýle nökerleriň topary Meret Hojanyň ýolbaşçylygynda Aşgabatdan 180 km demirgazyk-gündogarda ýerleşýän Mollagurban guýusyndan Owganystana göçmek isleýän 25 sany hojalygy alyp Siňrenli guýusyna alyp gidýärler. 10-njy fewralda Meret Hojanyň topary Mollagurbanyň 30 km günorta-gündogarynda ýerleşýän Jezit guýusyndan hem 40 hojalygy göçürip äkidýär. Meret Hoja Jezit guýusynda daşary ýurda göçmäge taýýarlanyp ýören ilatyň ýolbaşçylaryny tussag etmäge gelen bolşewikleriň ýaragly toparyny hem ýesir alýar. Meret Hoja toparyň ýolbaşçysyny jezalandyrypdyr, galanlarynyň bolsa ellerinden ýaraglaryny alyp, Aşgabada tarap kowup goýberýär.
Owganystana göçmeklik Siňrenli hem-de Daşajy guýusynda güýçli depginlerde alnyp barlypdyr. Bu ýere ummasyz köp çarwa ilaty ýygnanypdyr. Siňrenlide we Daşajyda ýerleşýän gumlylaryň güýçlerini gabamak we ýok etmek maksady bilen sowet hökümeti tarapyndan olaryň garşysyna bu ýerlerde ýerleşýän ýaragly güýçlerden başga-da, Kükürt zawodyndan Loginowyň serkerdeliginde 170 atly, Leonowyň serkerdeliginde GPU-nyň 68 atlydan ybarat 82-nji bölüminiň esgerleri gyssagly ugradylypdyr. Bolşewikleriň bu goşunlarynyň baş maksady, Annaguly hanyň ýigitleriniň garşysyna demirgazykdan hem günortadan söweş hereketlerini alyp barmalydylar. 9-njy fewralda Loginowa ýardam etmek üçin şol döwürde Tejen etrabynyň düzümine giren çarwa etrabynyň merkezi bolan Ýolbarsly guýusyndan Lisiskiniň serkerdeliginde ýene-de 60 sany atly ugradylýar.
Ýerli «murtutlar» - agentler daşary ýurda gitmezinden öň, Annaguly hanyň Ýolbarsla çozmaklygy hem-de ol ýerden göçmek isleýän hojalyklary äkitmegi meýilleşdirýändigini habar beripdirler. TSSR GPU-nyň karary bilen Ýolbarslyda Markiniň serkerdeliginde içeri işler goşun bölümi galdyrylýar. Lisiskiniň atlylary çykyp gidenden iki güň geçensoň, 12-nji fewrala geçilýän gije Garry Molla 30 sany atly bilen Ýolbarsla gelýär. Emma öňünden duýdurylan Markin gowy taýýarlyk gören eken, onuň esgerleri Garry Mollanyň toparyny pulemýot okuna sezewar edýärler. Gijeki söweşde topardan üç adam, şol sanda Garry Mola hem öldürilýär. Erkinlik ugrunda göreşijiler wepat bolanlaryň jesetlerini we göçmek isleýän hojalyklaryň ählisini alyp, Ýolbarslydan demirgazyk-gündogarlygyna tarap çekilýärler.
13-nji fewralda daňdanlar Ýolbarslynyň 30 km demirgazyk-gündogarynda Garry Molanyň ýigitleri Lisiskiniň goşunlarynyň öňünden çykýar. Jeza beriji goşun bilen gumlylaryň arasyndaky söweş günortana çenli dowam edýär. Bolşewikleriň üç esgeri öldürilip, bir esgerem ýaralanýar, gumlylar bolsa dört ýigidini ýitirýärler. Söweşden soň, Lisiskiý Ýolbarsla dolanyp gelýär we aýyyň 15-ne gumlylary gaýtadan yzarlamak hem-de demirgazykdan günorta tarap süýşüp gelýän Loginowyň goşunlary bilen birleşmek maksady bilen Ýolbarslydan çykyp gidýär.
1932-nji ýylyň 16-njy fewralyna çenli, bolşewikleriň jezalandyryjy goşunlary bilen gaça uruşlary alyp barýan gumlylar Marydan 200 km demirgazykda ýerleşýän Han guýynyň töwereginde jemlenip, Owganystana aşmak maksady bilen, günortalygyna demir ýola tarap süýşüp ugraýarlar. Içeri işler gulluklarynyň beren resmi maglumatlaryna görä, göçüň düzüminde 125 ýaragly, 200 sany ýaragsyz ýigit, 500-e golaý aýal, oglan-uşak we 1000 töweregi üsti ýükli düýeler bolupdyr. Emma, bu sanlardan bolşewikleriň bassyr-ýussur edýändikleri görünýär, olaryň jebir-süteme sezewar edilip, ata Watanyny taşlap ýat illere gaçyp barýan gumlylaryň soňraky çeken uly ýitgileriniň sanyny görnetin azaldyp görkezmäge jan edendikleri bildirip dur. Şu söhbetiň dowamynda, adam sany boýunça şeýle uly bolmadyk toparyň garşysyna näme üçin bolşewikleriň şeýle köp sanly jeza beriji goşunlary iberendiklerine hem-de bu sanlaryň hakykata birjikde golaý gelmeýändigine okujylarymyz göz ýetirerler diýip umyt edýäris.
Göç ýola düsenden soň, aýyň 17-sine göçegçileri yzarlap gelýän Leonowyň topary, Han guýynyň 15 km günorta-gündogarynda Loginowyň atlylary bilen birleşýär. Annaguly hanyň baştutanlygyndaky göçüň Orta Aziýa demir ýoluna tarap çalt hereket edýändigini nazarda tutup, TSSR GPU-sy dag atyjylyk diwiziýasynyň serkerdelerine çarwalary demir ýoldan geçirmezlik barada buýruk berýär. Emma aljyraňňylyga düşen sowet goşunlary demir ýoluň ugrunda goşun ýerleşdirmek işini gijikdiripdirler. Şol sebäpden hem, göçüň çen bilen geçäýjek ýerinde ýerleşdirilen dag atyjylyk diwiziýasynyň 3-nji atyjylyk polkunyň esgerleri Garybata, Dörtguýy, Jojukly we Göksüýri demir ýol menzillerindäki orunlaryny zordan 19-njy fewralda gije eýeläp ýetişipdirler. Demir ýoluň şu bölegini has hem berkitmek hem-de göçi demir ýoldan geçirmezlik üçin Äşgabatdan 10-njy bronepoezd getirilipdir. Usti uzaga atýan toply hem-de köp sanly pulemýotlar bilen ýaraglandyrylan bu otly gumlylary demir ýoldan geçirmezlik maksady bilen Garybata-Göksüýri demir ýol menzilleriniň arasynda gije-gündiz, dynman iki yana gatnapdyr. Söweş operasiýasyna ýolbaşçylyk edýän harbylaryň pikiriçe, demir ýoluň ugrunda şunça mukdardaky güýçleriň ýerleşdirilmegi, üstesine-de, bronepoezdiň dynuwsyz hereket etmegi gowy netije bermelidi. Demirgazykdan günorta tarap gyssanmaç gelýän gumlylar iki oduň arasynda galmalydy. Emma bu tersine bolup çykypdyr.
Annaguly han ýörişi ussatlyk bilen gurnamagy başarypdyr. Howpsuz bolar ýaly, ol göçüň ortarasynda aýallary, garrylary, bala-çagalary, olaryň daşyndan ownuk mallary we düýeleri ýerleşdiripdir, bularyň hemmesiniň daşyndan bolsa, halkalaýyn görnüşde elleri ýaragly atly ýigitleri goýupdyr. Şunça güýjüň 1-2 kilometr öňünden, yzyndan we iki gapdalyndan ýolbeletler we aňtawçylar gidýärdiler. Güýçler şeýle ýerleşdirilende olara golaýlaşmak, söweş etmek, göçegçileriň gowşak ýeri bolan parahat ilata, olaryň mal-garalaryna, emlägine zyýan ýetirmek, olja almak kyn düşýärdi. Üstesine-de, şeýle görnüşde hereket etmeklik, garşydaş tarapyň sussuny hem basýardy, sebäbi daşyndan seredeniňde, hamana, ýer süýşüp gelýän ýaly bolup görünýärdi. Gumlylaryň bolşewik goşunlary bilen alyp baran soňraky söweşleri, bu uruş tilsiminiň hakykatdan hem şeýle netije berýändigini subut etdi.
1932-nji ýylyň 19-njy fewralynda Lisiskiniň, Loginowyň we Leonowyň atlylary Jojukly demir ýol menziliniň 50 km demirgazygragynda göçüň yzyndan ýetýärler, onuň daşyny gabap ýok etmäge synanyşypdyrlar. Emma Annaguly han haýal etmän goragy güýçlendirmegi we ýigitlerini ýaýratmagy başarypdyr. Ýagdaýyň howplydyna garamazdan, arhiw maglumatlarynda aýdylyşy ýaly, gumlylar «hatda iki gezek garşylyklaýyn hüjüme-de geçipdirler». Garşylyklaýyn hüjümleriň ikisine-de Annaguly hanyň hut özi baştutanlyk edipdir. «Garaňky gijeden we toparyň serkerdesi Loginowyň aljyraňňylyga düşmegi sebäpli», gumlylar güýçlerini bir ýere jemläp, ýene-de ýollaryny dowam etdiripdirler. Emma bu söweşde gumlylar öwezini dolup bolmajak ýitgilere sezewar bolýarlar. Türkmeniň men diýen goç ýigitleriniň 60 sanysy, şol sanda Ahhaguly han we Garaoglan şehit bolýarlar. Fewral aýynyň tüm garaňky gijesine duwlanyp, garrylar we ýetginjekler şenit bolanlaryň ählisini gyssaly jaýlapdyrlar. Ertesi gün söweş bolan ýerler GPU işgärleri tarapyndan içgin öwrenipdirler. Jeza beriji goşunlaryna yölbelet bolup, hakyna tutulan birlän-ikilän ýerli murtutlar, şehit bolan ýigitleriň mazarlary açylyp görlende, Annaguly han bilen Garaoglanyň jesetlerini tanapdyrlar. Olaryň ikisiniň hem başyny kesip, subutnama hökmünde bu operasiýanyň ýolbaşçysy, Moskwadan iberilen SSSR OGPU-synyň ýörite wekili Sobolýewe tabşyrypdyrlar.
Annaguly hanyň wepat bolmagy göçegçileriň ýagdaýyny diýseň kynlaşdyrypdyr. Olar özleriniň garadangaýtmaz hem-de ugurtapyjy baştutanlaryny ýitiripdirler. Bu ýagdaýy jeza beriji goşunlaryň serkerdeleri hem aýratyn nygtap belläpdirler. «Eger-de Annaguly han ölmedik bolsa, «gozgalaňçylar» gürrüňsiz Owganystana aşardylar» diýlip, arhiw maglumatlarynda aýdylýar. Annaguly han şehit bolandan soň, gumlylara Kadyr Halnazar, Akdyr han, Meret Tentek dagy ýolbaşçylyk edipdirler.
19-njy fewraldaky söweş barada demir ýoluň ugrundaky bolşewik goşunlary wagtynda habardar edilipdir. Emma Orta Aziýa harby okrugunyň goşunlary öz öňlerinde goýlan söweşjeň tabşyrygyň hötdesinden gelip bilmändirler. Jojukly hem-de Dörtguýy demir ýol menzilleriniň aralygynda ýerleşdirilen goşunlar, biri-birine bil baglap, üç kilometrden gowrak aralyga gözegçilik etmändirler. Ine, şol aralykdan hem göçegçiler bildirtmän geçip gidipdirler. Bu işde, elbetde, gumlylaryň aňtawçylarynyň hem gowy işländikleri görünýär.
Orta Aziýa demir ýol ulgamyndan geçen gumlylaryň yzy bilen, 20-nji fewralda Jojukly menzilinden Tarasowyň baştutanlygynda 30 atly, onuň yzyndan bolsa gumlylaryň yzyna düşüp julky çykan Loginowyň we Leonowyň atlylary ugradylypdyr. Şol gün Mary şäherinden 40 km günorta-günbatarda ýerleşýän Şehitli guýusyna şäheriň özünden Kurbatowyň serkerdeliginde 83-nji atly polkuň 50 atlysy, şol polkdan ýene-de 50 atly Ymam Baba demir ýol menzilinden şol ýere iberilýär. Şehitli guýusyna Sarahsdan Ostowskiniň 65 atlydan ybarat serhet goşunlarynyň topary, Guşgydan (häzirki Serhetabat) Mutohiniň serkerdeliginde 83-nji polkuň 100 atlysy, Islim Çeşme we Akrabat serhet galalaryna tarap, şu polkuň baş serkerdesi Žarkowyň baştutanlygynda ýene-de 50 atly ugradyldy. 21-nji fewralda bolsa, Korniýenkonyň serkerdeliginde ýene-de 140 atly Marydan Daşköpri demir ýol menziline otly bilen getirilip, şol ýerden Gümmezli guýysyna tarap ugradylýar.
21-nji fewralda ir sagat ýedide Jojuklynyň 70 km günorta- gündogarynda, gumlylar Kurbatowyň atlylary bilen çaknyşýarlar. Bu söweş barada resmi maglumatlarda şeýle diýilýär: «Çöllük ýeri ussatlarça peýdalanmak hem-de söweşde aýratyn erjellik görkezmek bilen, gozgalaňçylar güýçli ot açyp, Kurbatowyň goşunlaryny gabamagy başardylar. Gozgalaňçylaryň hüjümini saklap bilmän, goşunyndan bäş esgeri öldürilen, iki serkerdesi we üç esgeri ýaralanan Kurbatow yza çekilip başlady, söweş meýdanynda bolsa pulemýot galdyryldy. Soňra takyklanylyşyna görä, Kurbatowyň ýitgi çekmeginiň we gozgalaňçylaryň gabawyna düşmeginiň esasy sebäbi, gyzyl esgerlerem, hatda gyzyl serkerdeler hem göz öňüne getirip bolmajak basga düşüpdirler. Olaryň köpüsi ilkinji gezek söweşe girýändikleri sebäpli, gorkularyndan ýaňa zörledip aglapdyrlar (çeşmede «буквально ревели от страха») we söweşiň öň hatarynda öldürilen pulemýotçylary göpüp, olaryň ýanyna barmaga gorkup, pulemýotlary taşlap gaçypdyrlar. Kurbatowyň toparyndan üç adam söweş meýdanyndan gaçdy, olary diňe ertesi gün tapdylar».
Öýlän sagat üçlerde Kurbatowyň gumlylar bilen söweş eden ýerine ilki Tarasowyň, onuň yzyndanam Loginowyň we Leonowyň atlylary gelip ýetişýärler hem-de gabawa düşen bolşewik göşunlaryna gabawdan çykmaga kömek edýärler. Güýçleriniň gumlylaryňkydan köpdügine garamazdan, gyzyl goşun bölümleri garşydaş tarapyny boýun egdirip bilmeýärdi, tersine, öz güýçlerini 3-5 km aralyga ýaýradyp, gumlylar häli-şindi garşylyklaýyn hüjüme geçýärdiler. Kerweni we bala-çagalary öňe ugradyp, gumly ýigitler tä garaňky düşýänçe söweş etdiler, soňam garaňkydan peýdalanyp, guramaçylyk bilen söweşden çykyp gitdiler. Gumlylary yzarlamagy dowam etdirmek we olara iki tarapdan zarba urmak üçin Kurbatowyň, Leonowyň we Tarasowyň goşunlaryndan 160 atly jemlenip, olaryň yzyndan ugradyldy. Loginowyň goşunlaryny bolsa, halys ruhdan düşendigi hem-de güýçden gaçanlygy sebäpli operasiýadan çykardylar.
Söweşden soň käbir ýigitler Eýran araçägine 60-70 km galandygyny göz öňünde tutup, Eýrana geçmegi teklip edýärler. Emma köp ýgitler «Reza şa-da bolşewikden gowy däl, onuň serhetçileriniň nähilidigini biz öňki gezek gördük» diýşip, teklibi kabul etmeýärler we Owganystana tarap süýşmeklerini dowam etdirýärler.
1932-nji ýylyň 23-nji fewralynda Kurbatowyň-Leonowyň-Tarasowyň goşunlary, Merkulowyň serkerdeligindäki Orta Aziya harby okrugynyň söweşjeň goşunlary bilen birleşýärler. Şol gün sagat 11-lerde sowet goşunlary Sarahsyň 65 km guündogarragyndaky Gara Burun guýusynyň ýanynda gumlylaryň yzyndan ýetýär we garaňky düşýänçä dowam eden söweşe girýärler. Bu söweş barada GPU-nyň resminamalarynda «Bu söweşde gozgalaňçylar öz hüjümlerini güýçli ot açmak bilen dowam etdirip, batyrlyk hem-de erjellik görkezdiler. Söweşiň gidýän wagty olar pyýada nyzam bilen «Ýok bolsun sowet häkimýeti!» diýip gygyryşyp, üç gezek garşylyklaýyn hüjüme geçdiler.
Merkulowyň goşunlary hem edil Kurbatowyňky ýaly, eýýäm söweş başlan badyna aljyraňňylyga we gorkaklyga ýol berdi. Merkulowyň ýaralanmagy goşunlaryň içinde basga düşmeklige getirdi we käbir gyzyl esgerler gaçmaga hyýallanyp ugradylar. Merkulowyň ornuna geçen syýasy ýolbaşçy («политрук») Iwanow (ol hem ýeňil ýaralanan) tertip-düzgüni ýola goýmaga synanyşdy, emma özüniň galmagalynyň we sögünjiniň netije bermeýändigini görüp, ol beýlekileriň hatarynda gaçyp barýan gyzyl esgerleriň birini atdy. Bu çäre gaçyp barýanlara şol bada täsir etdi we tertip dikeldildi. Emma, barybir, ählumumy başagaýlyklar döwründe Merkulowyň goşunyndan iki sany gyzyl esger we bir bölüm serkerdesi söweş meýdanynyny taşlap gaçdy. Olary soňra Daşköpri menzilinden tapdylar» diýlip aýdylýar.
23-nji fewralda günüň ahyryna çenli, gyzyl goşun bölümleri tarapyndan gumlylar gabalýr, emma aýyň 24-ne daňdanlar gumlylar erjellik bilen söweşip, bolşewikleriň gabawuny böwüsýärler we günorta tarap ýollaryny dowam etdirýärler. Bu söweşde gumly ýigitleriň 15-si şehit bolup, gyzyllaryň 10-sy öldürilipdir we 16 sanysy bolsa ýaralanyar. Serhediň golaýlandygyna garamazdan, bolşewikler henizem gumlylaryň hötdesinden gelip bilmeýärdiler, şonuň üçin hem aýyň 23-ne TSSR GPU-nyň berk talap etmegi bilen gumlylary yzarlamak hem-de howadan zarba urmak üçin Daşkentden Germaniýanyň önumi bolan üç sany «Ýunkers» kysymly uçarlar gelip gowuşdy. Uçarlar haýal eilmän Serhetabada ugradylýar.
24-nji fewralda Korniýenkonyň we Ostowskiniň çalt hereket edýän serhet goşunlary birleşdiler we Akrabat serhet galasynyň 40 km demirgazygragynda gumlylar bilen söweşe girdiler. Birleşen goşunlar sekiz sagadyň dowamynda gumlylary gabamaga çalşypdyrlar, emma bu iş olara başartmandyr. Söweşde gumlylardan 20 sany ýigit öldürilýär, bolşewiklerden bolsa üç sany gyzyl esger öldürilip, dördüsem ýaralanýar. Emele gelen gabawa garamazdan, günüň ahyrynda gumlylar gabawdan çykmagy başardylar. Bu söweşden soň adamlarynyň we atlarynyň halys ýadandyklary hem-de söweş ukyplaryny ýitirendikleri üçin Kurbatowyň, Leonowyň, Tarasowyň we Merkulowyň goşunlaryny söweş operasiýadan çykaryp, Daşköpride jemlediler.
24-nji ýanwardaky söweş gumlylar üçin has hem aýylganç boldy. Çünki bu söweşe Daşkentden gelen uçarlaryň hem iki sanysy gatnaşdyryldy. Uçarlar gumlylaryň üstüne 15 kilogramlyk bombalaryň 46 sanysyny taşladylar. Howadan hem-de guryýer goşunlaryňyň hüjümlerinden gowy goransalar-da, taşlanýan bombalar, uçarlara berkidilen pulemýotlar gumlylara uly zyýan ýetirýärdi. Sebäbi olardan ne üsti ýükli düýeleri, ne-de bala-çagalary gorap bolýardy. Uçarlar bolşewikleriň kämil aragatnaşyk serişdeleri bilen üpjün edilen guryýer goşunlaryna yzarlanýanlar barada möhüm maglumatlary yzygider berip durýardylar. Ýogsam, söweşjeň ýigitler buky ýerlerini, ot açyş nokatlaryny saýlamagy ussatlyk bilen başarýardylar. Oba-şäherlerden uzakda, Garagumyň uç-gyraksyz çöllerinde mal yzynda gezip ýören, türkmeniň sähraýy ýigitleriniň erjelligine, olaryň ugurtapyjylygyna köp uruşlary başdan geçiren, SSSR-iň harby akademiýalaryny tamamlan söweşjen hem-de tejribeli bolşewik harby serkerdeleri haýran galýardylar.
25-nji fewralda Marydan uçar gelip Korniýenkonyň goşunlarynyna gumlylaryň öňüni kesmegi we olary serhede tarap goýbermezlik barada buýruk getirýär. Ostowskiniň goşunlaryna bolsa olary yzarlamak buýrulýar. Şol bir wagtyň özünde bolsa, Serhetabatdan iki sany uçar gumlylary bombalamak we bolşewik goşunlarynyň hereketini ugrukdyrmak üçin ugradyldy. Gumlylary serhetden geçirmezlik üçin Žetuhiniň serkerdeliginde Orta Aziýa harby okrugynyň goşunlarynyň atly bölümi Akrabat serhet galasynyň 30 km demirgazyk-günbatarynda, şol goşunlaryň Žarkowyň serkerdeligindäki beýleki bir bölümi bolsa, Akrabadyň özünde ýerleşdirildi.
Birnäçe günläp dynç alman ýol ýörelmegi, gyzyl goşun bilen dynuwsyz söweşleriň alnyp barylmgy netijesinde gumlylaryň ok-därileri gutaraňkyrlady, has beteri-de, diňe bir aýallar-çagalar däl, eýsem ýigitler hem halys surnugypdylar, açlyk-suwsuzlyk bilen bolsa olar öwrenişipdiler. 22-nji fewralda gumlylar öz aralaryndan iň batyr ýigitleriň alty sanysyny iň gowy atlara atlandyryp Owganystana iberdiler. Ýigitleriň üçüsi serhetde gyzyllar tarapyndan tutuldy, ýöne agyr ýaralanan üç sany ýigide Owganystana aşmak başardypdyr. Olar Annaguly hanyň agasy Atanyň ýanyna baryp, göçegçileriň agyr ýagdaýy barada habar berýärler. Ata ýurdundan jyda düşüp, Owganystanda ýurt tutunan türkmenleriň ýaşulylaryna emele gelen ýagdaý barada gürrüň berip, olara maslahat salýar. Mary sebitlerinden göçüp gelen Çoluk baýyň baştutanlygynda haýal edilmän ýaragly goşun düzülýär we Akrabada tarap ugradylýar. Emma kömek gijä galdy: on günläp dowam eden agyr ýörişden soň türkmen-owgan araçäginiň golaýjygynda, bolşewik zulmundan gutulmaga azajyk aralyk galanda gumlylar zabun zarba sezewar edilip, bütinleý ýok edildi.
1932-nji ýylyň 26-njy fewralynda Ostrowskiniň we Korniýenkonyň goşunlary Akrabatyň 20 km demirgazygynda ýerleşýän «Ellibir» jülgesiniň ýanynda (ýene bir maglumatda «Namaksar» diýen ýerde) gumlylaryň yzyndan ýetdi. Bu goşunlaryň okgunly hereketleriniň netijesinde gumlylar jülgä eltýän ýoluň ugrundaky ähli orunlaryndan gysylyp çykaryldy we umuman aýdanyňda gabawa düşdi. Bu ýere Mutohiniň we Žarkowyň serkerdeligindäki 83-nji atly polkuň bölümleri hem gelip ýetişdi we gumlylary gutarnykly gabawa saldylar. Gabawa düşen gumlylar erjellik bilen söweşýärdiler, her edip, hesip edip jülgäniň içine girmäge jan edýärdiler.
Günortan sagat birlerde uçarlar hem hüjüme geçdi, başda 26 bomba, soňky üç uçuşyň dowamynda bolsa, gumlylaryň depesinden ýene-de 60 sany bombany inderdiler. Bathyz baýyrlarynyň arasynda kyýamat gopdy. Gury ýer goşunlarynyň okgunly hereketleriniň we howadan edilen aýylganç hüjümiň netijesinde günüň ahyryna çenli gumlylar doly paýhyn edildi.
Bu gabahat işi amala aşyran sowet harbylarynyň ýokary guramalara iberen maglumatlaryna görä, Ellibiriň eteginde 172 ýigit öldürilipdir, agyr ýaraly ýigitleriň bolsa 22 sanysy ýesir alnypdyr, 50 töweregi aýal, oglan-uşak öldürilip, olaryň 255 sanysy ýesir alnypdyr. Annaguly hanyň toparyna garşy geçirilen yzarlamalaryň we jeza beriş çäreleriniň bütin dowamynda 363 adam öldürilip, 68 sany ýaraly adam ýesir alnypdyr, 16 sany at, 535 sany düýe bolsa olja alnypdyr. Bu sanlar bolşewikleriň berýän maglumatlary. Bu sanlaryň görnetin azaldylyp berlendigi, öldürilen adamlaryň sany barada gyrgynçylygyň günäkärleriniň bassyr-ýussur edýändikleri görnüp dur.
Ellibiriň eteginde gumly ilatyň gyrgyna berilmegine başdan-aýak işeňňir gatnaşan I. M. Çernýawskiý, biziň pikirimizçe, gumly ilatyň ýitgileri barada has doly maglumat berýär, ýogsam «ynsanperwer sowet häkimýetiniň» ganly işlerini gizlemek üçin ol hem wepat bolan aýallaryň, bala-çagalaryň sany barada maglumat bermändir. Gumlylaryň çeken ýitgileri barada gürrüň bermek bilen, Çernýawskiý öz ýatlamasynda «Annaguly hanyň toparlanyşygynda 4500 sany düýeden ybarat kerwen bolup, ony 1500 sany ýaragly atly ugradýardy. 4500 sany düýeden diňe 500 sanysy, ähli ilatdan bolsa 60 sany garry we çaga diri galdy, olaram paýu-pyýada Guşga (Serhetabat) sürüp getirdik. Bu söweşde Gyzyl goşun bölümleri 80 adam ýitirdiler» diýip ýazypdyr. Mysaldan görnüşi ýaly, Çernýawskiý «1500 sany ýaragly atlydan», ýa-da bolmasa erkek adamlardan näçesiniň diri galandygy barada maglumat bermeýär. Ol hem düşnüklidir, sebäbi ýesir düşen 60-dan gowrak agyr ýaraly ýigitler hem-de bu dowzahdan aman sypan birlän-ikilän agyr ýaraly adamlar bolaýmasa, erkek göbeklileriň ählisi diýen ýaly söweşlerde wepat bolupdyrlar. Bu ýagdaý aýallaryň, bala-çagalaryň ýitgileri babatynda-da şeýle. GPU-nyň maglumatlarynda göçüň düzüminde 500 sany aýal, oglan-uşagyň bolandygy, olaryň 50 sanysynyň öldürilip, 255 sanysynyň ýesir alnandygy barada aýdylýar. Eger-de şeýle bolýan bolsa, onda galan 200-e golaý aýal, oglan-uşaga näme boldyka? Ýene-de bir hakykaty bellemek gerek, adatça şeýle göçüň düzümindäki parahat ilatyň sany eli ýaragly ýigitleriň sanyndan birnäçe esse köp bolýar. Şonuň üçin hem 1500 sany ýaragly ýigitleriň ýanynda, iň bolmanda 3000 sany aýal, oglan-uşak bolýar. Sebäbi göçüň düzüminde 4500 sany üsti ýükli düýeler bolup, olaryň aglabasynyň üstünde garrylar, aýallar we çagalar ýerleşdirilipdir.
Ellibiriň eteginde bilan bu söweş örän aýylgaňç bolupdyr. Gabawdan çykmak üçin gumlylar edil ýaraly ýolbars ýaly söweşýärdiler. Gandöküşikli söweşlere aýallar, çagalar hem işeňňir gatnaşypdyrlar. Käbir erkek adamlar «gäwüre olja bolmasyn» diýip, ilki aýallaryny, ýetişen gyzlaryny, soňundanam özlerini öldüripdirler. Ellibirde bolup geçen şeýle ahwalatlary sowet harbylarynyň kagyzlary saralyp giden hasabatlarynda saklanyp galan maglumatlar hem tassyk edýär: «Edil öňki söweşlerde bolşy ýaly, aýratyn hem soňky, 26-njy fewraldaky söweşde gozgalaňçylarda öz maksatlaryna ýetmäge – araçäkden aňryk aşmaga bolan berk ynam bardy. Annaguly hanyň şaýkasyndaky banditleriň, şol sanda aýallaryň, çagalaryň hem ählisiniň kalbyny sowet häkimýetine garşy synpy ýigrenç, dini we milletçilikli kakyn bilen üsti ýetirilip durýan şol islegler gaplap alypdy. Gyzyl goşun bölümleri bilen alnyp barlan uruşlarda, aýallaryň we ýetginjek çagalaryň hem ulylar üçin okop (buky) gazýandyklaryny, kähalatlarda bolsa, olaryň ellerine tüpeň alyp gyzyl goşunlara tarap ok atyşlaryny görmek bolýardy. 26-njy fewraldaky söweşde şeýle waka boldy, şonda bir gozgalaňçy – ýasuly öz aýalyny pyçaklap öldürdi, yzyndanam özüni öldürdi».
Gözi bilen görenleriň gürrüň bermegine görä, söweş bolan gününiň ertesi, Ellibir jülgesiniň öňundäki meýdan, giden bir ölüm meýdany bolup adamlaryň göz öňünda janlanypdyr. Nirä seretseň öldürilen adamlaryň jesetleri, atlaryň we düýeleriň maslyklary, harap bolan öý goşlary dyr-pytrak bolup ýatypdyr. Aýratyn hem öldürilen adam jesetleri gözgynydy, olaryň arasynda dürli ýaşdaky adamlaryň: garrylaryň, aýallaryň, göz monjugy ýaly neresse çagajyklaryň jesetleri hem köp duşýardy. Adam jesetleri Ellibiriň içinden hem tapylypdyr. Söweşiň gyzgalaňly pursaty adamlaryň bir bölegi maşgalalaryny alyp, jülgä tarap gaçan bolmaly. Bu gyrgynçylygyň şaýatlarynyň käbirleri şeýleräk wakanyň şaýady bolupdyrlar. Bir çagajyk uzakly gijäni öldürilen ejesi bilen kakasynyň jesetleriniň arasynda emedekläp geçiripdir, soňam halys surnugyp, olaryň ikisiniň arasynda ölüp galypdyr.
Ellibir gyrgynçylygy barada saklanyp galan ýene-de bir gürrüňe görä, ot-ýalnyň içinden alabasgy bolup gaçyp barýan adamlaryň yzyndan, kakasy-ejesi söweşde öldürilen 7-8 ýaşlyja gyzjagaz, 2-3 ýaşlyja oglan jigisini arkasyna hopba edip, göterip barýar eken. Gyzjagaz howlukmaç barýan adamlaryň yzyny eýgermändir. Jigisini göterip halys surnugan gyzjagaz, ahyr bir beýik depäniň üstünde jigisini oturdyp, gaçyp barýan adamlaryň yzyndan ylgapdyr. Emma doganjygyny ýeke taşlap gitmäge onuň ýürejigi dözmändir. Gyzjagaz iki ýana elewräp, birki ýola yzyna öwrülip, jigisiniň ýanyna-da barypdyr, ahyr bolmanyndan soň, gözlerinden boýur-boýur ýaş dökup, «Wah, jigim jan, men nädeýin, men nädeýin» diýip, ony uç-gyraksyz Bathyz baýyrlarynyň arasynda ýalňyz galdyryp, allowarrada gözden ýitip barýan adamlaryň yzyndan ylgapdyr…
Şöweş tamamlanandan soň, Orta Aziýa harby okrugynyň goşunlarynyň hem-de TSSR GPU-nyň goşunlarynyň hojalyk gulluklary, gyrgyna berlen ilatyň gyzyl-ýaýryt bolup, agdar-düňder ýatan öý goşlarynyň, adam jesetleriniň we haýwan maslyklarynyň arasyndan 187 sany haly, 157 haly çuwal, 106 keçe, 87 palas, 131 haly horjun, 18 halta mata, 30 kg kümüş pul, 192 kg altyn-kümüş şaý-sepleri, 300 garaköli bagana, 243 kg ýüplük, 2240 rubl pul ýygnap alypdyrlar. Ýöne, olja alnan bu zatlar hem azaldylyp görkezilýän bolmaly, sebäbi resmi maglumatlarda «gumlylardan alnan oljalary äkitmek üçin Guşgynyň ähli awtoulaglary we arabalary sürüldi we Guşga getirildi» diýlip aýdylýar. Ýokardaky sanawda getirilýän zatlary düýelere ýükläbem äkidip boljakdygyny ýatladasymyz gelýär. Wepat bolan adamlaryň jesetleri, öldürilen haýwanlaryň maslyklary artykmaç gep-gürrüňleriň ýaýraymazlygy, ýokanç keselleriň döremezligi, esasan hem edilen aýylganç jenaýaty gizlemek üçin gyssagly gömlüpdir
Gumlylaryň gyrylmagy Owganystanda ýaşaýan türkmenleriň ýüreklerini sarsdyrypdyr. Iň soňky demlerinde bölek-büçek bolup araçäkden äňry geçen 20-ä golaý ýaraly adamlar, bolşewik goşunlary bilen bolan söweşler, aýratyn hem Ellibiriň etegindäki gyrgynçylyk barada ajy gözýaş döküp gürrüň beripdirler. Bolşewikleriň Owganystandaky jansyzlarynyň berýän maglumatlaryna görä, bu ýurduň demirgazygynda ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, Günorta Türkmenistandan göçüp gelen, merkezi Gülranda ýerleşýän türkmen ilatynyň ýaşulysy Töre hanyňka gelip, bolup geçen betbagtçylyk üçin çuňňur gynanç bildiripdirler. Türkmen wekilleri Annaguly hanyň gumlylaryndan diri galanlara maddy kömek bermegi wada edipdirler, şeýle hem mundan beýläk daşary ýurda az-azdan, kiçeňräk toparlar bolup göçmeklik karar edilipdir.
Hawa, bu ganly gyrgynçylygyň bolan wagtyndan bäri 80 ýyla golaý wagt geçipdir. Türkmen halky dagynyklyk hem-de baknalyk ýyllarynda köp jebir-jepalary başyndan geçirdi. Ol günleriň geçdigi bolsun. Indi berin türkmeniň nesibesinde beýle gowgaly günler bolmasyn! Milletimizi görüner-görünmez bela-beterlerden Gudraty güýçli Allanyň özi daş etsin!
Mukaddes Garaşsyzlygymyz halkymyzy öz ata Watanynda parahat, erkana we bolelin durmuşa ýetirdi. Mukaddes Hatyra gününde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ata Watan, il-gün üçin, erkanalyk ugrunda baş goýan ata-babalarymyň ruhlaryna sadakalar berlip, aýat-dogalar okalýar. Sadakalaryňyz kabul bolsun eziz adamlar! Goý, ganly jeňlerde ýowuz ýagynyň öňünde döşüni gerip şehit bolan gerçekleriň, kyn günlerde halkymyzyň öňune düşüp ýaşulylyk eden pähim-parasatly gojalaryň, dünýäniň hem-de diniň päkizeligi ýaly gyz-gelinleriň, ene-mamalaryň, jennetiň ak guşlary ýaly neresse çagajyklaryň jaýlary jennet, ruhlary şat bolsun!
Taryhy makalalar