10:50 Heññamlaryñ hakykaty -1: "Awestanyñ" dili we ýazuwy meselesi | |
HEÑÑAMLARYÑ HAKYKATY
Taryhy makalalar
■ ýa-da "Awesta" hakynda ylmy-taryhy oýlanmalar "Awesta" kitaby otparazçylyk dininiñ mukaddes kitabydyr. "Awesta" sözi wesýetnama, nesihatnama, üýtgewsiz ýa-da jedelsiz kada-kanunlar diýen manyny berýär. Bu kitabyñ dörän ýeri häzirki Türkmenistandyr. Türkmen halkynyñ yslam dininden öñ otparazlyk dinine uýandygy "Ruhnamada-da" bellenilýär. Otparazçylyk dini müñýyllyklaryñ dowamynda dini ynanç hökmünde Gündogar halklarynyñ arasynda giñden ýaýrapdyr. Otparazçylyk dini bilen baglanyşykly ynançlar biziñ şu günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Olaryñ köpüsi yslam dinine hem ornaşypdyr. Otparazçylyk döwri dörän dini ynançlar dogrusynda Saparmyrat Türkmenbaşy "Ruhnamada" şeýle ýazýar: "Şol döwürlerde adamlar gökde Güne, ýerde Günüñ bir bölegi hökmünde oda çokunypdyrlar. Ýyldyrym çakanda Hudaý gaharlanýandyr öýdüpdirler. Şeýdip Güne salam bermek, Aýy ýüzüñe sylmak, gelin gelende, baýramçylyklarda şaman oduny ýakmak, aýry-aýry aýlarda tütün çykarmak, otdan towusmak, näsagyñ daşyndan ot aýlamak, şamanyñ dem salan suwundan içmek, suwy Tañry, gudrat hasaplamak ýaly ynançlar türkmenleriñ däp-dessuryna siñipdir, yrymlaryna giripdir. Tüýtätin Gaýtarmyş ata, gökde ýagyş ýagdyrmak üçin sanajyn kakýan Garry mama baradaky suw, ýagmyr bilen baglanyşykly ynançlar otparazçylyk eýýamynda dörän ynançlardyr". Häli-häzire çenli biziñ halkymyzda dogup gelýän Güne salam berilmegi, täze dogan Aýyñ ýüze sylynmagy, Nowruzda şaman oduny ýakyp, otdan towusylmagy otparazlyk eýýamynda dörän ynançlaryñ dowamat ýörelgä öwrülendigini subut edýär. Gündogarşynaslyk ylmynda "Awesta" kitabynyñ dörän ýeri hem wagty, onuñ dili, çeperçiligi ýaly meselelerde gapma-garşylykly pikirler bar. Gündogarşynas alym Ý.E.Bertels bu diniñ dörän ýerini gadymy Merw hasaplaýar. "Ruhnamada" hem mundan 2,5 müñ ýyl golaý bu dini Zaratuştranyñ döredendigi nygtalýar. Gadymy Sogdy, Baktriýa ýaly döwletlerde otparazçylyk dini ýöredilipdir. ▶ "Awestanyñ" dili hem ýazuwy meselesi Dünýäniñ alymlary "Awestanyñ" dili meselesinde köp jedelleşdiler. Kimler ony gadymy eýran dili hasaplady. Başgalary gadymy eýran diliniñ dialekti-şiwesi diýen pikiri öñe sürdüler. Alymlaryñ bir topary bolsa "Awestanyñ öz dili diýen düşünjäni orta atdylar. Meseläniñ şeýle jedelli halda örboýuna galmagyna dogry düşûnmeli. Sebäbi dil ösýän çeperçilik hadysadyr. Dünýäde ynsan aragatnaşygynyñ möhüm serişdesi hyzmatyny bitirýän, ösýän diller bilen bir hatarda, taryha öwrülen diller hem bar. Ýa bolmasa ösüşi başdan geçirip, az sanly adamlara hyzmat edýän dillerem bar. Dil meselesi gaty çylşyrymly hadysadyr. "Awestanyñ" dili meselesinde uly alym, gündogarşynas Ý.E.Bertelsiñ pikiri juda gyzykly hem hakykata golaýdyr. Onuñ pikirine görä, "Awestanyñ" dili gadymy Merw, Balh hem-de Hamun kölüniñ (Belki, Hazar denzi? - A.T.) töwereklerinde ýaşan halklaryñ dilidir. Alymyñ pikirine görä, "Awestanyñ" dilinde parfiýan diline golaý alamatlar, şonuñ ýaly-da sogdy diline, şeýle hem pamir diller toparyna degişli alamatlar bar. Başgaça aýdanyñda, alym "Awestanyñ" diliniñ watanyny skif-sak dillerinde gepleýän halklardygyny ýörite belleýär. "Ruhnamanyñ" öñe sürýän pikirlerinden ugur alsañ, Parfiýa, sogdy, skif, sak dilleri diýilýänler gadymy türkmen taýpalarynyñ dilidir. Şol bir wagtyñ özünde häzirki zaman täjik dili bilen "Awestanyñ" diliniñ arasyndaky dil maşgala meñzeşlik baglanyşygy yzarlamagyñ mümkin däldigini nygtap, gadymy eýran diliniñ sözlük gorunyñ käbir çakly böleklerinde umumylygyñ bardygyny ýazýar. Gündogar metbeçiligini öwrenen alym Almaz Ýazberdiýew: "Gündogar metbeçiligi we köne türkmen basma kitaplary" atly işinde miladydan öñ hem miladynyñ ilkinji müñýyllyklarynda Beýik hemem şöhratlanan patyşalar, soltanlar öz taryhyny ýazyp galdyrypdyrlar. Olar azyndan iki ýa üç dilde öz şöhratlaryny ýazdyrypdyrlar. Olar ilkinji nobatda öz ene dillerinde soñ hem imperiýanyñ çäklerinde ýörgünli bolan, köpüñ düşünýän, aralyk dilleri dilleri saýlap alypdyrlar. "Mysal üçin, Müsüriñ faraonlary özleriniñ resmi ýazgylaryny gadymy müsür, kort we grek, ahameni patyşalary gadymy pars, gun we ortapars, sasany şalary ortapars we parfýan dillerinde monumental ýazgylaryny bina edipdirler". (A.Ýazberdiýew "Gündogar metbeçiligi we köne türkmen basma kitaplary", 22 sah.). Oguz-orhon ýazgylary hem iki dilde oguz hen hytaý dillerindedir. "Awesta" kitaby otparazçylyk dininiñ baş mukaddes kitaby ilki biziñ ülkämizde ata-babalarymyz tarapyndan döredilip, soñra dünýäniñ beýleki ýerlerine (şol sanda Eýrana - A.T.) ýaýrapdyr. Zaratuştranyñ din taglymaty köp halklar, halkyýetler, taýpalar tarapyndan kabul edilipdir. Öñde biz "Awestanyñ diliniñ dürlüçe atlandyrylýandygyny aýtdyk. Oña alymlaryñ bir böleginiñ "Awestanyñ" dilinde dürli dil toparlarynyñ nusgalarynyñ ýa-da onuñ dürli dil toparlaryna meñzeşliginiñ bardygyny delilli gürrüñe salgylanyp düşündirdik. Şol bir wagtyñ özünde monumental ýazgylaryñ pesinden iki-üç dilde ýazylanynam ýatladyk. Eger şeýle bolsa, "Awestanyñ" dili soñra has kämilleşen dilleriñ özenidir. Onda dürli dilleriñ alamatlarynyñ bolmagy bolsa, onuñ soñky dörän dillere esas bolan ortalyk dil bolandyr diýip oýlanmaga esas berýär. Çeşmelerde berilýän maglumatlara görä, "Awesta" kitabynyñ dini däpler hem baýramçylyklar bilen bagly ýazgylary şol döwürdäki ybadathanalarda okalypdyr. Bu hakykaty meşhur rus arheology, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyñ eýesi Wiktor Sarianidiniñ "Marguş: Murgap derýasynyñ köne hanasynyñ aýagyndaky gadymy Gündogar şalygy" we "Goñurdepe: Şalaryñ we hudaýlaryñ şäheri" atly kitaplarynda berilýän maglumatlar hem tassyklaýar. Otparazçylyk uzak wagtlap dini ynanç hökmünde adamlaryñ añynda ýaşapdyr. Şunlukda "Awestanyñ" ýazuw dili bilen adaty gepleşik dilinde tapawut duýlupdyr. Aslynda dil ösýän jemgyýetçilik hadysasy bolansoñ, ýyllaryñ geçmegi bilen bu mukaddes kitaby öz many öwüşgininde, owazlandyryp okamak kynlaşypdyr. Alymlar muny "Awestanyñ" ýazylan dili öz ömrüni paýawlaýardy. Sözleriñ aýdylyşy ýatdan çykyp başlapdy" diýip düşündirýärler. "Awesta" mukaddes kitapdy. Şonuñ üçin ony üýtgetmän, bolşy ýaly owazly okamalydy. Bu bolsa "Awestanyñ" hatynyñ kämilleşdirilmegini talap edýärdi. Çünki, "Awestanyñ" ilki nusgasy semit hatynda bolupdyr. Çeşmelerde berilýän maglumata görä, ol miladydan öñ III-IV asyrda ýazylypdyr. Eýýäm miladynyñ II-III asyrlarynda bolsa, "Awestany" doly transkipsiýasynda ýazmagyñ zerurlygy ýiti duýlupdyr. Mukaddes sözi ýoýman okamak esasy talap bolupdyr. Miladynyñ IV asyrynda Rim döwlet agalygynyñ çäklerinde hristian dinine döwlet dini derejesi berlipdir. Sasany döwletiniñ parasatly patyşasy Şapur II (309-379 ýý.) bu syýasy çäräni öz döwletinde ýola goýýar. Ol otparaz dininiñ ruhanylaryny, alymlaryny toplap, otparazçylyk dininiñ mukaddes ýazgylarynda duş gelýän ähli sesleri ýazyp beýan etmäge ukyply elipbiýi döretmegi we onuñ bilen "Awestany" göçürmegi tabşyrýar. Bu wezipe tiz hem üstünlikli amal edilipdir. Şeýdibem, "Awestanyñ" elipbiýi döräpdir. Bu barada belli taryhçy A.Ýazberdiýew ýörite çeşmelere salgylanyp şeýle maglumat berýär: "Bu wezipe miladynyñ IV asyrynyñ 40-njy ýyllarynda ýokary derejede ussatlarça berjaý edilipdir. Netijede Zoroastrizm taglymatynyñ ruhanylarynyñ içinden çykan näbelli bir geniý haýran galdyryjy takyklyk bilen "Awesta" elipbiýini döredipdir. Bu elipbiýiñ döreýiş taryhyny ilik-düwme öwrenen W.B.Hennig bolsa şeýle nygtapdyr: "Awesta" elipbiýi asyrlar boýy ýuwaş-ýuwaşdan ösüşiñ netijesi bilen däl-de, ýazuw sistemasynyñ kemala gelşiniñ adaty ýoluna mahsus bolmadyk gyşarma eýerip, düýbünden täzeden döredilen zatdyr. Ýeke söz bilen aýtsak, ol oýlanylyp tapylan zatdyr". (A.Ýazberdiýew, Görkezilen kitap, 22 sah.) Emma bu elipbiýiñ gadymy parfýan hatyna gatnaşygy barada zat aýdylmandyr. Bu mesele geljekde ýörite öwrenilmelidir. Çünki, "Awestanyñ" dörän watany häzirki Türkmenistandyr. Onuñ dili hem gürrüñsiz biziñ ata-babalarymyz saklaryñ, sogdylaryñ diline ýakyndyr. Onuñ elipbiýi gürrüñsiz türkmen hat sungatynyñ taryhy bolup durýar. Türkmen milletiniñ şu güne çenli jemi on alty hat görnüşinden peýdalanandygy barada dil biliminiñ çeşmelerinde maglumatlar berilýär. Uzak geçmişde biziñ ata-babalarymyz (olar taryhy çeşmelerde dürli-dürli atlandyrylýarlar) finikiý ýazuwynyñ esasynda dörän arameý, horezm, sogdy, kuman, oguz hat-ýazuwlaryndan, soñra arap, latyn, kiril hatlaryndan peýdalanypdyr. Otparazçylyk dinini esaslandyryjy Zaratuştra miladydan öñ 569-njy ýylda doglupdyr. Emma bu maglumaty has añyrrak äkitmek isleýän alymlar hem bar. "Miladynyñ III-IV asyrlarynda "Awestanyñ" dilini taryhy dil hökmünde çeşmelerde ýatlanylmagy böwrüñi diñledýär. Sebäbi, dil ýuwaş-ýuwaşdan, endigan ösýän aragatnaşyk serişdesidir. Onuñ ömrüniñ VII-VIII asyrda paýawlan bolmagy akyla sygjak zat däl" diýip pikir edýänler-de bolmagy mümkin. Ýöne başga bir zat bat. "Awesta" kitabynyñ diliniñ ömrüniñ paýawlanyp paýawlanmandygyny Zaratuştranyñ doglan senesi bilen şertlendirmek bolmaz. Zaratuştra pygamber täze dilde däl-de, eýsem öñ ýaşaýan diliñ esasynda "Awesta" kitabyny döredipdir. (dowamy bar)... Akmyrat TÄJIMOW, Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niñ türkmen edebiýaty kafedrasynyñ uly mugallymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |