HEÑÑAMLARYÑ HAKYKATY
▶ "AWESTA" KITABYNYÑ RUHY ÄLEMI
"Awesta" kitabynyñ möçberi barada hem maglumatlar bir däl. Käbir işlerde berilýän habara görä, ilki başda bu kitap 12 müñ, käbir ýerde bolsa 30 müñ öküziñ hamyndan ýasalan teletine gyzyl çaýylan harplar bilen ýazylypdyr. Emma bu kitap doly görnüşde biziñ günlerimize gelip ýetmändir. Bize elýeterli "Awesta" kitabynyñ söz sany 83 müñdür. Asyl nusgada ol 345 müñ 700 sözden ybarat bolmaly eken" diýen maglumatlar bar. Emma doly gelip ýetmedik kitabyñ söz sany barada kesgitli bir zat aýtmak juda şertlidir.
"Awestanyñ" möçberi ilki başda 21 kitabh öz içine alypdyr. Emma bu kitap Aleksandr Makedonskiniñ hem araplaryñ ýörişleri döwründe ýitgä duçar bolupdyr. Bu kitap Aleksandr Makedonskiniñ ýöriinde Persepol şäherinde dörän ýangynda zaýa bolýar. Kitaplar şäheriñ baş ybadathanasynda saklanýan eken. Biziñ günlerimize onuñ dörtden bir bölegi gelip ýetipdir diýlip çaklanylýar. "Awestanyñ" gadymy nusgasy Nusaýda 1324-nji ýylda göçürilipdir. Ol häzir Daniýa döwletiniñ Kopengagen şäheriniñ muzeýinde saklanýar.
Gadymy türkmen edebiýatyny soýuzyñ gaty kyn şertlerinde öwrenen alymlar Ö.Ylýasow bilen Y.Hydyrow "Gadymy türkmen edebiýaty" atly kitabynda "Awestanyñ" biziñ günlerimize gelip ýeten kitaplary barada umumy çeşmelere salgylanyp aşaky maglumatlary berýärler:
"Biziñ döwrümize gelip ýeten "Awesta" kitaby ençeme özbaşdak kitaplardan ybarat. Şol kitaplaryñ mazmuny bütewi halda zoroastrizmiñ (otparazçylygyñ -A.T.) dini taglymatlaryny öz içine alsa-da, olaryñ her birinde aýry-aýry mazmun bar. Olar aşakdakylar:
1. WENDIDAT. Bu kitap 22 bapdan düzülipdir. Onda Ahura Mazda we Zaratuştranyñ aýdyşygy arkaly her hili ýamanlyk ruhlar, döwler, olary ýeñmek, günä etmezlik ýaly dini zatlar barada gürrüñ edilýär.
2. WISPARAD. Bukitap bolsa 24 bapdan ybarat. Onda ybadat edilýän pursatdaky aýdylýan dini şygyrlar ýazylypdyr.
3. ÝASNA. Bu kitap "Awestanyñ" iñ uly weas gadymy nusgasy hasaplanýar. Onda dini baýramlary geçirmeklik, dini goşgular, din bile baglanyşykly dürli däp-dessurlar, zoroastrizmiñ hudaýlaryna degişli zatlar hakynda gürrüñ edilýär.
4. ÝAŞT. Bu ýerde 22 sany şygyr berlipdir. Şol şygyrlar mifologik elementler arkaly zoroastrizmiñ hudaýlaryny taryp edýär.
5. KIÇI "AWESTA". Munda güneş, Gün, Aý, Ardwusura, Warhran we başga-da birnäçe hudaýlar hakdaky ybadat ýazgylary bar".
"Awestada" Zaratuştranyñ watanynyñ häzirki Türkmenistandygy açyk aýdylypdyr. Onda Zaratuştranyñ doglan ýurdy şeýle taryplanýar:
"Ol şeýle bir ýurt, ol ýerde san-sajaksyz goşunlara batyrlar serdarlyk we ýolbaşçylyk edýär. Otluk meýdanlary köp, çeşme suwly belent daglar çarwaçylyk üçin gerek bolan ähli zady getirip berýär. Gämi gatnaýan derýalar özüniñ tolkunly suwlarynyñ batly akymy bilen Honrut (Kabul derýsynyñ ýakasy), Mair (Merw), Horewa (Aziýa), Gon (Sardionadaky bir welaýat), Sugd (Sogdy), Hysarozm (Horezm) ülkelerine getirýär".
Ine, şu alnan mysal-jümle hem onuñ watanynyñ biziñ Türkmenistanymyzdygyna kepil geçýär. Mundan başga-da Manyş dagy Mames dagy, Mäne obasynyñ ady Moena han, Kaka - Kakahýa, Känsuw - Kansiwa köli, Haweran düzlüginiñ ady Haroýwe görnüşinde gelýär.
Geçmişe daş atmaly däl. Taryhy, onda-da edebi taryhy özlüginde öwrenmeli. Biziñ türkmençiligimiz 5.000 müñ ýyl içindr kemala geldi. Türkmenleriñ dünýäde 70-den gowrak döwlet gurandygy "Ruhnamada-da" aýdylýar. Güýçli döwlet döretmäge güýçli paýhas gerek. Türkmenler paýhas döredýän halk. Şanly taryhymyzda özbaşdak paýhas döreden iki pygamberi we bu pygamberiñ mynasyp dowam etdirijisini görýäris:
1. Oguz han - ýeke hudaýlyga çagyran Beýik Şahsyýet.
2. Zaratuştra - otparazlyga (bulam ýekehudaýlyk) çagyran beýik şahsyýet.
3. Saparmyrat Türkmenbaşy - bu iki beýik pygamberiñ mynasyp dowam etdirijisi.
Beýik türkmen şu üç mukaddesligi dünýä berdi. Giriş bölümind nygtaýşymyz ýaly, biz bu işimizde Oguz han eýýamynyñ bitewi ylmy ýazgysyny etmegi göz öñünde tutduk, oguz eýýamynyñ edebiýatyny ylmy degşirip, olara öz mümkinçiligine görä güýjümiziñ ýetdiginden baha berip gelýäris. Gozgalýan meseleleriñ içinde özbaşdak öwrenilmeleri köp. Emma biziñ maksadymyz "Ruhnamanyñ" esaslanyp baha bermek. Oña seretmezden, käbir mesele dogrusynda köpräk durmaga mejburdyrys. Şolaryñ biri hem Oguz han, Zaratuştra meselesidir.
Oguz taryhynyñ hem edebiýatynyñ muşdagy Juma Ataýew "Edebiýat we sungat" gazetiniñ 2003-nji ýylyñ 24-nji ýanwaryndaky sanynda "Zoroastr pygamber kim?! Oguz han Türkmen hakynda täze maglumatlar kökeni" atly makalasyny çap etdirdi. Makalada awtor Oguz bilen Zoroastry (Zaratuştra -A.T.) bir şahsyýet hasaplaýar. Biz şu ýerde uzagragam bolsa awtoryñ bu baradaky pikirini doly bermek maksady bilen oña ýüzlenmekçi:
"Eger-de biz Zoroastr pygamberiñ adyny käbir beýleki milletleriñki ýaly, ýapa deger-degmez tasa getirjek bolup durman, hakyky bolşy ýaly okanymyzda hem tüýs türkmen ady ZOR-AS-TUR bolýar duruberýär.
"Zor" sözüni türkmençe düşündirmegiñ hajaty ýok hasaplaýarys. "Tur" sözüniñ gadymy dünýäde, (häli-henizem käbir dillerde) "öküz" manysynyñ bolandygy, "TUR + AN" sözüniñ Oguz ýurdy diýen manyny berýändigi barada, Oguz han Türkmeniñ bolsa, Öküz han, Oks görnüşinde dünýäniñ dürli dillerinde öz zamanasynda giñden tanymal bolandygy barada Saparmyrat Türkmenbaşynyñ "Ruhnamasyna" salgylanyp, öñki makalalarda ýazylypdy... Zoroastr adyny "Zor ~ as Tur" görnüşinden göni türkmençe at, onda-da türkmeniñ milletiniñ nesilbaşysy Oguz han Türkmeniñ ady bolýar".
Awtoryñ "Zor as Tur" sözüni Oguz han diýip okamagy esasly hem täzelik. Oguz hanyñ mawy yşykdan çykan gyza öýlenmegi we "Oguznamalarymyzdaky" başga-da delil bolup biljek zatlar: Gök Tañry, Gün, Ot düşünjeleri awtoryñ peýdasyna diýeli. "Zoratuştra" sözüniñ hem pars dilindäki "Garry düýeli" ýa-da "garry düýäniñ eýesi" many berşi hem ýerlikli däl bolsun. Kanuny döreýän soraglar bar. Çeşmelerde, aýdaly Ý.E.Bertelsiñ we başga-da gaty köp alymlaryñ Zoratuştra miladydan öñ 569-njy ýylda doglan diýen maglumaty nähili ýalan çykýar?! Oguz han miladydan V müñ ýyl añyrda, Zaratuştra bolsa 2,5 müñ ýyl (?!) Oguz elipbiýi, Awesta elipbiýi meselesi, "Awestanyñ" miladynyñ IV asyrynda täzeden ýazylmagy we başga-da şuña meñzeş soraglara nähili düşünmeli? Ýöne başga bir zat bar. Oguz hanyñ Gök Tañry dini bilen otparazçylygyñ içki inçe baglanyşygy bar. Otparazçylyk dini Oguzyñ dininiñ esasyndan köp zatlary alandyr. Oguz nesilleriniñ arasynda nesilbaşymyz Oguz hanyñ adyny göterýän şahsyýetler bolupmy ýa bolmanmy ~ ol düýpli öwrenilmäge mätäçdir. Oguz hanyñ Gök Tañry dininde oduñ mukaddes saýylmagy, otparazçylyk dininde oda çokunylmagy ýaly umumylyklar, elbetde, inkär edilmeli däl hakykatdyr. Bu mesele gaty çylşyrymly bolup, ylmy gözlegleri, çözgütleri talap edýär. Bu meselä kanunalaýyk gozgalan, ýöne doly özleşdirilmedik, çözülmedik, şonuñ ýaly-da geljekde ýörite işlenilmeli mesele hökmünde düşünýäris.
Otparazçylyk dinine görä ot mukaddes. Suwy we ýeri hapalamaly däl. Suw din adatyny saklamak, oda tagzym etmek, çokunmak "Awestanyñ" esasy talaplaryndandyr.
Gadymy sasanylar neslinden bolan patyşalar tagta çykanlarynda mukaddes hasaplap, ot ýakmak däbini amal edipdirler. Soñra şol ot tä patyşa aradan çykýança ýanyp durupdyr. Buthanadaky ýanýan ody bir ýere gidende ýanlary bilen alyp gidipdirler. Meselem, Ýezdigert III araplardan halas boljak bolup, Merwe gelende öz oduny ýany bilen alyp getirýär.
"Awestada" biziñ ata-babalarymyzyñ dünýägaraýşy, dini ynanjyñ olaryñ durmuşynda näderejede orun tutuşy, geçmişiñ mifler älemi we şular ýaly bir giden garaýyşlar jemlenipdir. Şol bir wagtyñ özünde, onda onuñ dörän hem ýazylan, göçürlen döwürleriniñ ruhy dünýäsiniñ şöhlelenýändigini aýtmalydyrys.
"Awestanyñ" biziñ günlerimize gelip ýeten bölekleri onuñ uzak wagtyñ dowamynda emele gelendigine kepil geçýär. Pars barlagçysy doktor Muhammet Moin "Awestanyñ" "Ýasna" kitabynyñ 17 baby "gaty" diýlip, gadymy eýran dilinde ýazylypdyr diýen pikiri orta atýar. Ol munda milady senesinden öñki XI-VI asyrlaryñ wakalarynyñ beýanydygyny tassyklaýar. "Ýaşt" diýip atlandyrylýan kitabynyñ käbir bölümleriniñ ahameni eýran döwletinden irki, miladydan öñki VI asyra degişlidigini nygtaýar. Şeýle ýagdaý "Ýasna" kitabynda-da bar. Kiçi Awestanyñ bolsa, Sasany hökümdary Şapur II (309-379 ýý.) döwründe otparaz ruhanysy Adarbad Mehraspand tarapyndan döredilendigini L.S.Braginskiý "Из истории таджикской народной поезии" (Moskwa-1956, 193-nji sah.) atly işinde habar berýär. Munuñ özi "Awestada" biziñ ata-babalarymyzyñ milady senesiniñ ilkinji müñýyllygynyñ başyndaky III-IV asyryñ we miladydan öñki birinji müñýyllygyñ ruhyýetiniñ beýan edilendigini görkezýär.
(dowamy bar)...
Taryhy makalalar