HEÑÑAMLARYÑ HAKYKATY
▶ "ISGENDER JEMŞIT SALDYRAN..."
"Awesta" kitabynda aýdylyşyna görä iki älem bar bolup, olar ýagtylyk hem ýamanlyk älemidir.
Ýagtylyk älemiñ başynda baş Hudaý iñ uly güýç Ahura Mazda durýar. Ol Beýik Ýaradyjy edilip görkezilýär. Ol özüne alty sany ruh ~ kömekçilerini ýaradýar. Bu ruh kömekçiler adama hersi bir tarapdan kömek edýär. Bellemeli tarapy bu döredilen ruh kömekçiler hem ruhy tarapdan hem anyk durmuş ýaşaýyş tarapdan adama kömek edýär diýlip "Awestada" ýazylypdyr.
"Awestasa" ýüzlerçe, hatda müñlerçe ruhlar bolup, olar howada doludyr.
Ahura Mazdanyñ ogly Aşur otdur. Ol bäş sany asman ody, adamyñ tenindäki ýaşaýyş-ýylylygyñ, agaçda gizlenen ot, ýalyn, ýyldyrym, asmandaky ýagtylyk görnüşde ýüze çykýar. Zaratuştra bolsa, Ahura Mazdanyñ pygamberidir. Mundan başga-da, bu kitapda Anahit, Mitr(a) ýaly hudaýlar hakynda aýdylýar.
Ahura Mazda ýagşylyk hudaýy bolup, ol dünýädäki ýagşy zatlary döredýär. Onuñ garşysyna ýamanlyk Angra Man(ýu) çykyş edip, ol älemdäki iñ ýaman zatlary, arwahlary, jynlary, döwleri, erbet janly-jandarlary ýaradyp, ýere adamlara ýamanlyk etmek üçin iberýär.
Otparazçylyk dininiñ baş kitaby "Awestada" aýdylyşyna görä, Ahura Mazda ýerdäki ýaşaýşyñ möhletini 12 müñ ýyl diýip kesgitlänmiş. Ilkinji üç müñ ýylda Ahura Mazda diñe ruhlaryñ dünýäsini ýaradypdyr diýlip öwredilýär. Soñra Ahura Mazdanyñ garşydaşy Angra Man peýda bolýar. Ýöne "Awestada" onuñ ekizdiginiñ hem ýatlanylup geçilýär. Ahura Mazda Angra Mana parahatçylyk teklip edýär. Emma ol bu teklibi kabul etmeýär. Şol sebäpli hem, Ahura Mazda dokuz müñ ýyllyk göreş yglan edýär.
Ilkinji üç müñ ýylda Ahura Mazda ýer ýaşaýşyny ýaradypdyr. Ilki asmany, soñra suwy, ýeri, ösümlikleri we janly-jandarlary hem adamy gezekli-gezegine döredýär. Bu döwürde Angra Man ýagşylyga göreşde özüne kömek etjek ýaman ruhlary döredipdir.
Üçünji müñ ýyllykda Ahruma (Angra Man) özüniñ ýaradan ýaramaz güýçleri bilen Ahura Mazdanyñ ýagşylyk dünýäsine dökülýär. Onuñ iberen Ajy ýylany ilkinji ýaradylan adam Gaýomarty we onuñ wepaly hemrasy ýoldaşy öküzi öldürýär. Gaýomartyñ maşgalasyndan ýerdäki adamlar köpelipdir. Ýagtylyk güýçlerine birehim söweş arkaly ýamanlyk güýçleri ýeriñ aşagyna dykmak başardýar. Şu ýerde nesilbaşymyz Oguz hanyñ adynyñ öküz manysynyñ bardygyny we onuñ oñonynyñ öküzdigini nazarda tutup, otparazçylyk dininiñ Oguz han pygamberiñ Gök Tañry dininden köp düşünjeleri alypdyr diýmäge esas döredýär.
Dördünji üç müñ ýyl Zaratuştranyñ dogulyşy we onuñ dini wagyş edişi bilen başlanýar. Tura Bratarwahş Zaratuştrany öldürýär. Onuñ ölüminden soñ Zaratuştranyñ üç ogly dünýä inýär.
On iki müñ ýyl geçensoñ, ýagşylyk hem ýamanlyk güýçleriñ-ruhlaryñ soñky çaknyşygy bolmaly. Zaratuştranyñ dowamaty erbet güýçleri ýeñýär. Soñ baky durmuş başlanýar diýlip "Awesta" kitabynda aýdylýar.
"Awesta" kitabynyñ mifiki keşplere baýdygyny aýtmak gerek. Şeýle keşplere mysal edip, Mitrany görkezmek bolar. Ol ösümlikleriñ hudaýy we şol bir wagtda çopanlaryñ hem esgerleriñ piri hasaplanýar. Ol parahatçylygyñ hem bagtyñ goragynda çykyş edýär. Onuñ edýän ähli hereketi adatdan daşary güýje eýedir.
Kitapda Anahitanyñ keşbi bar bolup, ol mifik hyýaly-ylahy keşpdir. Ol "Asman suwlarynyñ hudaýy, mallaryñ we hasyllylygyñ piri saýylýar".
Şuña meñzeş keşpleriñ ýene biri Jemşitdir. "Awestada" ol iñ bir adalatly, gahryman hökümdar edilip görkezilýär. Ol ýaşaýşy yssydan we sowukdan gorap saklaýar. Jemşit ýer ýüzündäki ýaşaýyşy üç esse köpeldipdir. Göýä Jemşidiñ altyndan jamy bolanmyş, ol şoña seredende ýurduñ içindäki ýagdaýy görüp bilipdir. Ol adalatly hökümdar bolupdyr. Ol Magtymgulynyñ döredijiligine-de ornapdyr:
- Seýil edeliñ bu jahana,
Jahanda näler görüner.
Isgender, Jemşit saldyran,
Beýik binalar görüner.
"Awesta" dini kitap bolup, ondaky esasy dünýägaraýyş ýokardakydan ybarat. Ýokarda aýdylanlar bu kitabyñ baş pikir ýörelgesi bolup, onuñ bilen baglanyşykly irili-ownukly wakalary köpdür. Olaryñ her biri barada aýratyn durmak özbaşyna işdir. Indi biz "Ruhnama" we türkmen däp-dessurlary bilen bagly söhbetimize dolanalyñ.
Taryhy makalalar