HEÑÑAMLARYÑ HAKYKATY
▶ "AK BUGDAÝYÑ WATANYDYR DIÝARYM"
Halk köpçüliginiñ gündelik durmuşy, gün-güzerany bilen bagly wakalar hem "Awesta" siñdirilipdir.
Zaratuştra ýagşylyk äleminiñ Hudaýy Ahura Mazdadan bagt mekanynyñ nirededigini soraýar. Ahura Mazda onuñ zähmet çekilýän ýerdedigini, öý-jaý, ybadathana gurulýan, çarwaçylyk edilýän, ekerançylyk bilen meşgullanylýan ýerdedigini nygtaýar. Bellemeli ýeri "Awestada" ekerançylyga uly üns berilýär. Daýhançylyk edýän kişi žresler, söweşijiler bilen bir hatarda goýlup mertebeli saýylypdyr. Onda zähmet çekmek ündelýär.
Bilşimiz ýaly, Garaşsyz hem baky Bitarap Türkmenistanymyz ak bugdaýyñ watany hasaplanylýar. Gazuw-agtaryş işleri geçirilende, bugdaýyñ altyndan edilen hoşasynyñ we bugdaý saklanýan gaplaryñ tapylmagy hakykatdan, türkmen halkynyñ ata-babalarynyñ dünýäde iljinjileriñ hatarynda bugdaý ösdürip ýetişdirendigine, ekerançylygyñ ösendigine kepil geçýär. Garaşsyz diýarymyzda "Türkmenistan - ak bugdaýyñ Watanydyr" ady bilen halkara ylmy-amaly maslahatlar geçirilip, bu ugurfa guwandyryjy işler edilýär.
"Awesta" kitabynda bugdaý hasyly bilen bagly ynançlar bar. Bilşimiz ýaly, otparazçylyk garaýyşlary üç müñ ýyla golaý mundan ozal döräpdir. Şol döwürde bolsa, bugdaý doly keramatlaşdyrylypdyr.
"Awestanyñ" maglumatyna görä, bugdaý ekilip, ol ýerden gögerip çykanda, döwler (ýaramaz güýçleriñ betbagtçylygyñ nyşany -A.T.) lerzana gelýär, orlup, galla alnanda, döwler nala çekýär, galladan un edilende, olar gaçmaga başlaýarlar, hamyr edilende bolsa, döwler ýok bolýan edilip görkezilýär. Görşümiz ýaly biziñ ata-babalarymyz gaty ir wagtlardan bäri çöregi mukaddesleşdiripdirler. "Zer gadyryn zergär biler" diýlişi ýaly, ekip kemala getoren oña has gowy düşünýär.
Magtymgulynyñ ruhy ýolbaşça öwrülen eýýamynyñ XIX asyrynda ýaşan Annagylyç Mätäji bugdaýyñ tebigatyna haýran galyjylyk hem tükeniksiz mähir-söýgi bilen seredýär.
- Reñ açar hoş saýaly,
Seniñ ysyñ hoşdan, bugdaý.
Ekip kemala getiren,
Kimdir seni başdan, bugdaý?
Mätäjiniñ bu soragyna "Türkmen" diýip indi bütin dünýä jogap berýär.
Garaşsyz Türkmenistanda indi million-million tonna bugdaý hasyly ösdürilip ýetişdirilýär. Türkmenistan azyk Garaşsyzlygyny doly gazandy. Ol türkmeniñ milli bereket saçagy bolup, göwünlere ganat berýär.
Saparmyrat Türkmenbaşynyñ "Ak bugdaý", "Bugdaý" şygyrlary gönüden-göni türkmeniñ mele-myssyk çöregi hem onuñ mukaddesligi hakyndadyr.
Saparmyray Türkmenbaşy "Ak bugdaý" atly goşgusynda bugdaýyñ bäş müñ ýyllyk taryhyny açyp berýär.
Ak bugdaýyñ watanydyr Diýarym,
Türkmeniñ kalbyndan dörän ak bugdaý.
Allañ keremi sen, sarpa goýýaryn,
Oguz hanyñ ylhamy sen, ak bugdaý.
Ýa-da:
Türkmen düzüñ sümbül bolup galkynýar,
Ýurdum, gallañ deñiz bolup tolkunýar,
Bäş müñ ýyllap galla eken halkym bar,
Berekediñ egsilmesin ak bugdaý.
Türkmen halkynyñ döreden däp-dessurlary, yrym-ynançlary, edim-gylymy müñýyllyklaryñ dowamynda emele gelipdir. Olar wagtyñ ýowuz synaglaryndan geçip türkmeniñ ruhuna siñip gidipdir.
Biziñ şu günki gün durmuşymyza ornan däp-dessurlaeyñ aglabasy otparazçylyk dini bilen baglanyşykly bolup, olaryñ içinde türkmeniñ goñşuçylyk dessuryna degişlilerem bar. Bu dogrusynda "Ruhnamada" şeýle diýilýär:
"Türkmende: "Kyýamat güni goñşudan" diýen nakyl bar. Men köp ýerde bu nakyla nädogry düşündiriş berilýändigine, kä ýerde onuñ ýüzleý teswir edilýändigine gabat gelýärin. Bu nakylyñ manysy milletimiziñ kyýamat baradaky dünýägaraýşyndan gelip çykýar. Ahyrzaman, kyýamat düşünjeleri beýik "Awestadan" ~ türkmen topragyndan gözbaş alýar, dünýäniñ häzirki beýik dinleri-de kyýamata garaýyşlaryny, Zaratuştra pygamberiñ ylhamyndan susup alandyrlar.
Goñşyñ ~ şu dünýädäki synçyñ, o dünýädäki şaýadyñdyr".
Umuman, "Awesta" kitabynyñ watany häzirki Türkmenistandyr. Onda getirilýän ýer-ýurt atlarynyñ aglabasy biziñ ýurdumyzda ýerleşýär. "Awestanyñ" dili gadymy Mari-(Merw), Balh, Howarazm-(Horezm) halklarynyñ dili bolup, ol parfiýan, skif-sak diller toparuna degişlidir.
Otparazçylyk dinine biziñ ata-babalarymyzyñ yslam gelmänkä we miladydan öñki X-XI asyrlardan milady senesiniñ VII-VIII asyrlarda köpçülikleýin kabul edilendigini nazarda tutsañ, onda otparazçylyk şol döwürlere çenli dowam edipdir.
Taryhy çeşmelerde dürlüçe atlandyrylan oguzlaryñ dini garaýşynyñ olaruñ durmuşynda nä derejede orun tutandygy ýörite öwrenilmeli mesele bolup durýar. Şeýle-de otparazçylyk dini döwründe hem dünýäniñ köp bölegine ýaýran oguzlaryñ Gök Tañra uýan bölegi bolup, ol hem ýörite derñewi talap edýär. Din meselesinde milady senesi boýunça V-X asyrlar aralygynda oguz dünýäsinde we onuñ töwereginde dürli wakalar döredi. Olar ýörite öwrenilmäge mynasyp. Oguzlar bolsa hiç bir zada, şol sanda dine hem köre-körlük bilen uýmandyrlar. Din halka, onuñ bähbidine hyzmat etdirilipdir.
Akmyrat TÄJIMOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaly TDMI-niñ türkmen edebiýaty kafedrasynyñ uly mugallymy.
# edebiyatwesungat_2006
Taryhy makalalar