«HERSINIŇ ÖZ OWAZY BAR»
Meniň söhbetdeşim Pirberdi Orazberdiýew ýetmişine ser uran adam, ol ömrüniň 10 ýylyny mugallymçylyga sarp etdi, 30 ýylyny bolsa žurnalistika bagyş etdi. Türkmeniň jadyly senedi dutary bolsa ol bütin ömrüne hemra edindi. Onuň dutara sarpa goýşy biçak aňyrdan. Men muňa onuň bilen söhbetdeş bolanymda hasam göz ýetirdim.– Gowsy, men gürrüňi başdan başlaýyn – diýip, Pirberdi aga maňa ýüzlendi-de, pikirini çugdamlaýan ýaly, birsalym dymyp, söze başlady.
Türkmeniň sazy, dutary jaydyly senet. Onuň maňa eden täsir-ä hasda güýçli boldy. On ýaşlarymdakam daňdanlar düýşümde telpekli ýaşuly dutary elime berip çal diýýä. Menem çalyp otyryn, çalyp otyryn. Birdenem oýansam, ejem, kakam çaý içip oturan eken. «Hany meniň tamdyram» diýdim olara. Olaram aňk-taňk bolup, «Tamdyra diýýäniň näme?» diýip soradylar, öz bolşuma özüm utanyp gitdim. O wagt tamdyra barmy näme. Obamyzda tamdyra çalýanam ýok, tamdyra-da.
Ine, şo günleriň birinde obamyza gazak adamy geldi. Onuň arkasynda gazak dombrasy bar eken. Geň galmaly, dombra tutdan ýasalypdyr. Özem gazma däl-de, dilimlenip ýasalypdyer. Gowy dutar. Menem onuň eýlesine bir geçdim, beýlesine bir geçdim. Aý, garaz şo dutary aldyk. Olaň dutarynyň perzesi on bir bolýan ekeni.
Bir gün obamyza Lenin raýonynyň Alilioý diýen ýerinden bagşy Öwlüýä aga geldi. Aýdym aýtdy. Ony öýmüze çagyrmaga atam-enemden rugsat aldym. Geldi. Dutarymy eline alyp gördi. «Hiç neneň däl» diýdi. Gazaklar kirşi içegäniň daşyndaky ýargakdan edýän ekenler.
Dowaryň içegesiniň ýargagyndan. Ýagny aýyryp, soň towlap- towlap çekip, inçeldýän ekenler. Perzelerem içegeden daňylýa. Gazaklarda birinji perze ýok. Ikinji perzeden başlanýan eken. Bagşy Öwlüýä aga birinji perzäni daňyp berdi. Soň beýleki perzelerin-de türkmen mukamyna laýyklady. Kiriş dakyp berdi. Soň çalmany öwretdi. «Düşmüş» heňi birinji öwrenen zadym boldy. Durmuş gowlandy. Kakam pahyr obalara gidip, garaman diýen agaçdan ýasalan tamdyra getirip berdi. Soň uçilişede okadym. Mugallymçylyk etdim. Mekdebiň direktory boldum. 1944-nji ýylda Lenin raýonunyň «Gyzyl Oktýabr» kolhozynda mekdep direktory bolup işläp ýörkäm, Aşgabatdan argyşa geldiler Olar Mürze mirabyňka myhman boldular.Argyşa gelenleriň birinde döwük dutar bar diýip, eşitdim. Bardym. Dutary görenimden depe saçym üýşüp gitdi. Dutar döwük weli, ýöne dutar dagy däl. Pürli gurçuk diýen ussanyň ýasan dutary. Özem bäş müň manatlyk dutar. Dutaryň eýesi: «Arman döwüldi-dä. Düýe atanlykda basaýdy-da» diýip, başyny ýaýkap otyr. Dutaryň sapy kädidendöwülip aýrylypdyr, gapagam azajyk çat açypdyr. Ol « Aý, muny iki müňem bolsa beräýjek» diýdi. Beýleki oturanlaram gülüşýä, oňa, «Bu kime gerek, iki müň manada kim alar» diýýäler. Meň, aýlygymam şo wagt müň manatdy. Men ony iki müňe satyn aldym. Meniň söwdama gülüşenler tapyldy.
Indi dutary bejertmeli. Bejerdeýin diýseňem ussany nireden tapjak? Kädä sapy oturtmadan kyn zat ýok. Täze ýasaňda beýle däl. Ýönekeý. Täze ýasaňda sapy ýögynyrak oturdýaň-da, gyryberýäň. Bu ýerde welin alkymynda ýarym millimetr gyşartsaň, ujuna çenli bir santimetire çenli gyşaryp gidiberýär. Ony bir oturtdym bolmady, iki oturtdym bolmady, üç oturtdym, ahyry eýdip-beýdip düzläp oturtdym. Gapagyň döwlen ýerine bir ýerden erik agajyny tapyp ýelmedim.
– Kyrk dörtde satyn alan bolsaň, o dutar bireýýäm döwlendir-le?
– Henizem bar o dutar. Oňa meň iki aýlygym gitdi. Muny men «dutar gymmat» diýlende aýtjak bolýan. Şu wagtlar hiç mugallymyň iki aýlygyny berip, dutar almajakdygyny bilýän.
Şeýdip men, garaz Daşhowuz sebtinde bir bagşy bolsa, onuň aýdýan aýdymlarynyň ählisiniň sazyny öwrendim.
– Saz çalmagy öwrenmek ýeňil zat däl. Oňa ýörite halypa gerek. Halypaňyz kim boldy?
– Ellinji ýyllarda «Rodina» diýip, batareýada işleýän radiopriýomnikde türkmen sazyny diňläp başladyk. Olam ýek-tük adamlarda bardy. Sazy, aýdymy halypasyz öwrenmek, ol öwrenmek däl eken. El görüp çalmasaň däl eken. Şeýdip radiodan birtopar sazlary öwrendim. Partiýa mekdebine okuwa geldim. Üç ýyl okadym. Sapar Mämiň Sähet diýip inisi bar. Bile okadyk. Sapardan birtopar zat öwrendim. Magnitofon çykansoň oňa ýazyp aldym. Ýöne el görmeseň bolmaýan eken. 1964-nji ýylda «Sowet Türkmenistany» gazetine habarçy bolup geçdim. Aşgabada ýygy-ýygydan gelmeli bolunýardy. Şonda sazandalar bilen duşuşýas. Ata Ablydan öwrendim. Kärdeşim Mämmet Orsdan öwrendim. Ol Mylly aganyň elinde tälim alansoň, gyjagam, dutaram çalýar. Bir gezegem Ata Ablynyň ýanyna gelip, saz çalyp berdim weli «Ýalňyşyň-a bar, ýöne ony men bilýän, başga adam bilibem durjak däl» diýdi. Şo-ol Pürli gurçugyň ýasan dutaryny Geldi Ugurla gapaklatdym.Dutaryň owazy erbedem däl weli, göwnüm bir gowy dutar küýsäp duransoň, Mämmede öz matlabymy aýtdym. Olam «Baýram ussa erbet ýasanok» diýdi. Bardyk. Olam gaty köp boýun almajak boldy. «Meň agajym ýok» diýdi. «Wagtymam ýok» diýdi. Meňem sypdyrmajagymy bilensoň «Men gymmat ýasaýan» diýdi. «Näçe? – diýdim. «150 manat» diýdi. «200 manat al- diýdim. – ýöne gowy dutar ýasap berseň bolýa. Bahasy hakynda gürrüň ýok» diýdim.
«Mende o ýerde kesilgi tut bar. Getirip bereýin» diýdim. «Aý, bolýa, getirseň getiräý» diýip, göwünli-göwünsiz aýtdy. Getirerem öýdenok. Boýun aldy, nämede bolsa. «Ýöne şo tutlary ýarym metrden kes» diýdi. Daşhowza gelemsoň, tudam samolýota ýükledim. Aşgabatda oglum okaýardy. Ogluma «Öňümden çykawer. Ýüküm agyr» diýip habar etdim. Aşgabatda ýükümizi taksä ýükläp, getirip düşürdik. «Be, getiräýdiňizmi» diýdi Baýram. Soň «dutar taýýar» diýen habar geldi. 150 manat berdim. 50 manadyny yzyna berdi. Ussaň ýasan dutary häzirem bar. Sazy çepbekeý çalamsoň, «maňa çepbekeý ýasap ber» diýipdim. Dutaryň sapynyň çyzygy çep tarapynda bolýar, gulagyň oturdylyşy çep bolýar.
– Sizde dutar ýasamak pikiri haçan döredi?
– Dutar ýasamak pikiri kyrk dördünji ýylda şo köne tamdyrany bejerenimden soňra döräp başlapdy. Ellinji ýyla çenli gören agajymdan ýasajak boldum. Tut ýok. Ahyry ellinji ýylda igde agajyndan bir dutar ýasadym. Dutar sypaty boldy-da.
Baýram ussa bilen tanşanymyzdan soň, oň ýanyna gatnap başladym. Oňa «dutar ýasamagy öwrenjegem diýemok, ýasaýanam» diýemok. Ýöne ýasalyşyny görjek bolýan. Soraýan. Ýöne olam hiç zat aýtmaýar. Ýöne aýdýan zady «Aý, şu üç agajy birleşdirip, birikdirip, şolaň dilini tapmaly» diýýä. Üç agaç diýýänem sap, kädi, gapak. Şondan başga zat aýdanok. Ýöne özüm weli köne dutarlary görüp, dutar ýasaýan. Soranlara «Aşgabatdan satyn alyp getirdim» diýýän. Ýöne dutary, ogryn, hiç kime görkezmän ýasaýan. Dutar ýasaýan diýmäge- de utanýan. Sebäbi, oblast gazetinde bölüm müdiri, soň redaktor boldum. Obkomyň özünde işledim. Men ynha, gullukçymyşym-da. Aýypmyşyn. Pulam alamok. Oňa-muňa «Aşgabatdan sowgat getirdim» diýip, berýän. Segseninji ýylda Aşgabada göçüp geldik. Indi dutar ýasamagyň yzyna, ýüp alyp düşdüm. Ýöne, hiç ussa öwredenok. Garadamagyň Şor diýen ýerinde Gara ussa diýlen adam bar eken. Häzirem bar ol. Şoň ýanyna bardym. Ol odur-budur zat aýtdy. Ak göwünli adam eken. Gowam ýasaýar dutary. Ozal filarmoniýada işlän, häzir pensiýada ýören Agamyrat Rejebowdan hem köp zatlary öwrendim. Hem sazy gowy çalýa, hem dutar ýasaýa. Agamyrat ak göwün bilen öwretdi. Ýöne, Baýram hiç zat aýdanok.
Ondan diňe gözüň bilen ogurlamaly bolýa. Baýramyň ýasan dutarynyň gapagyny dagy goparyşdyryp gördüm. Agamyrat Baýramyň şägirdi. Ýasan dutarymy Agamyrada görkezýän, Gara ussa görkezýän. Olaram kemçiliklerini aýdýalar. Haýsy duş gelse baryberýän.
Onsoň köne dutarlardanam ýygnap, köp zatlary öwrendim. Birtopar köne kädimem bar. Täze dutar berip aldym, birnäçesini satyn aldym. Gökdepede Mämmetmyrat ussa ýaşap geçipdir. Onuň ýasan dutaryny hiç haçan ýasap boljak däl. Etdirjek däl bize. Palçykdan eýdip-beýdip suduryny ýasaýsaňam, ýöne agaçdan ýonup ýasap boljak däl. Oň ýasan dutary özümde ýok. Ýöne ony gördüm.
– Pirberdi aga, şu çaka çenli näçeräk dutar ýasadyňyz?
– Ýasan dutarym ýüzden-ä geçendir. Ýöne birnäçesini özüm, göwnüm ýetmän döwendirin.
– Dutary ýasamak üçin näçe wagt gerek bolýar?
– Maňa şeýle soragy berýän başga-da bar. Menem halypa ussalar bilen gürrüňdeş bolýan. Ýöne onuň belli wagtyny kesgitläp bolanok. Onuň ähli hysyrdysy 50-60 sagada çekýän ýaly. Ilki agajy saýlap kesýän, onsoň ony böleklere bölýäň, taslaýaň, içini köwýäň. Saplyk agaç taýýarlamaly. Onsoň ony guradýaň. Dutaryň kädisini, üstünden bir tomus geçirneseň, dutar bolanok, kädi bolanok. Agajy ölkä gazmaly bolýar. Gatansoň kyn bolýar. Ilki bir aý, iki aý tamyň içinde goýýan, ony. Soň ýuwaş-ýuwaşdan kölegä, bassyrmaň aşagyna çykarýaň. Onsoň tomus güni wagtal-wagtal, bütin bir gün günüň aşagyna taşlamaýaň-da, birki sagat kädini günde goýýan. Bişirýän. Bir millimetriň ýarysy ýarsa-da bolanok. Sapam şoň ýaly edýän. Tuduň hemme ýerindenem gapak bolýar. Ýöne hemme ýeri gowy ses bermeýär.
Ýokary çykdygyça tuduň ýygyrtlary ýygy bolýar. Ýygy ýerinden alsaň gowy ses berýär. Bir metr aşagyndan alsaň, gaty bolýar. Ýygyrdy giň bolýar. Sesi tutuk bolýar.Gapagy tomus güni simden asyp, güne serýäň. 2-3 aý günde durýar. Yzgar galmady diýensoň, tamdyra sim bilen sallap goýup, oda gyzdyrýaň. Meň ýörite tamdyrym bar, dört gyraň edip ýasatdym. Tamdyryň arkasyna el dözer-dözmez yssy çykýança, gyzdyrmaly. Soň ody öçürýän. Ýogsam ol ýanýar. Ýanyp kül bolansoň, üstüne kül guýup, gapagy sallaýan. Onsoň onuň üstüne demir goýýaň. Çäge guýsaňam boljak. Ýöne kül yssysyny gowy saklaýar. Soň köne-küşül zat bilen tamdyry ýapýan, basyrýan. 10-15 minut geçensoň tamdyra gulagymy goýýan. Şo wagt jat-jat ediberse, şatlaberse açmasaň, gapak ýanýar. 15-20 minut geçensoň jat-jat etmese, gapak ýanmaýar. Tamdyr sowaýança goýýaň. Bir tamdyra sekiz-on gapak ýerleşýär. Şondan artyk bolsa gyzgynyň güýjüni köp alýa-da ala bolýar. Köp gapak ýakdym. Häzirem öte geçýär. Ýalňyşym häzir az. Ýanjakmy ýa-da ýok, indi bilýän.
Gowy bişirenden soň, ony ýananda hem öz tilsimi bar eken. Munam ussalar aýdanok. Ýöne munam köne dutarlary görüp, öwrendim. Köne ussalar gapagyň yzyny yza ýatyrýan ekenler, öňüni öňe ýatyrýan ekenler. Ortasynyň pökgerip duran ýerini gapagyň özünden goýsaň, sesi gowy çykýar. Galyň, göni pökgertseň bolanok. Kä ussalar gapagyň aşagyny ýonýa, içini içden ýonup, ýüzden ýonup ýören ussalaram bar. Gadym ussalar gapagyň aşagyny ýonmandyr. Gapagyň aşagy göni, tekiz bolupdyr. Ýöne eşegiň durjak ýerini içden azajyk ýonupdyrlar. Şonda sesi gaty çykýan eken. Dutaryň gapak bilen sapyny dogry getirmegem kyn iş. Gapagy ilki ýonup, boldum edensoň, sapy gapaga bap getirjek bolup, gyryp başlaýan. Gapak bilen sapy boldum edensoň, düzleýän.
Soň 13-nji perzäň ýerini alýan, azajyk kesýäň. Perzeleň eňňidini tapmaly. Eňňidi köp goýberseň, dutar salparýar. Kiriş eliňe degip, çolaşyp durýar. Eňňit kadaly bolanda, onsoň 13-nji perdeden aşak geçseňem, eşege çenli ses berip, dutar owaz çalyberýä. Şu zatlary ussalardan, köne dutarlardan öwrendim. Perzäniň bogluşy hakda. Ýogyn troslar bar. Şolaň içinde perzä ýaramlysy bolýar. «Jigüliň» tekeriniň içindäki sim perze üçin gowy. Onuň polady ýokary hilli eken. Şo simi tamdyrda ýakýan. Gaty ýaksaň güýji gaçýar. Suwuny alyp, gowy gyzartmaly. Agartmaly däl, ýogsam güýji gaçýar. «Dutaryň perzesi bolanok» diýýän adamlaň dutarynyň perzesi agardylany üçindir. Perýokary gatap ugrasa, gowşak bolýar. Iki perzä ýokarda agram salmaly. Käte ýolunýa. Ony taşlamaly bolýa. «Halys men durdum, indi gidibiljek däl» diýip, perzäň özi aýdýa. Şeýdip ýerine eltseň, perze ömür gozganmaýar.
Ýeri gelende aýtsam, gadym wagtlar türkmen dutary bäş perzeden ybarat eken. Soň ýedi bolýar. Ýedinji perze şirwan perzedir. Onsoň perzeleriň sany on ikä ýetirilipdir. On üçünji perzäni Gelenje ussa ýasapdyr. Şonuň üçin o perzä «Gelenje perze» hem diýilýändir. Sap üçin erik agajy gowy. Ol çyg çekmezek bolýa. Eliň ýagy siňensoň-a hasam çyg çekmeýär. Perdäň poladyny saýlamagy başarmaly. Alan adam kösenmeli däl. Dutaryň formasynam her ussa bir hiliräk edýä. Meňki Baýram ussaňky ýaly. Mämmetmyrat ussaňka-da meňzedäýjek bolýan. Dutary gaty tutdan ýasasaň gowy bolanok. Baharda tut ýapraklanda kesseň has gowy. Içi süýtli bolýar. Şo wagt agaç ýumşaýar. Gapak etseňem gowy. Jaýrylanok.
– Tapdyrsa, şahdan edýäs. Ýöne şah tapdyranok. Oňa dag goçunyň şahy gerek. Şah tapdyrmadyk wagty plastmassanyň berkinden edýäs.
Dutaryň gulagyny bürünçden guýýalar. Ýörite gulak guýýan adamlar bar. Dutaryň gulagy sary bolsa gelşikli bolýar.
– Gyjagam ýasaýaňyzmy?
– Ellinji ýylda kädiden bir gyjak ýasapdym. Bir wagtlar Aşgabatda Süren Bagrat diýip, ermeni bardy, dutar, gyjak ýasaýardy. Şondan 450 manada gyjak satyn aldym. Gyjak çalmanam şonda öwrenipdim. Daşhowuzda Söýün Meret diýen bagşynyň ýanynda gyjak çalypdym. Ol Ilaman Annaň şägirdi. Ýöne häzir gyjak ýasamok.
– Pirberdi aga, dutar ýasamagyň azaby özüne ýetik eken. Elbetde, azabyň ýerine düşse gowy. Gowy dutar bolsa näçeden bahalaýaňyz?
– Meň-ä baha dawam ýok. Remont üçin-ä sähelçe zat bilen oňaýýan. Dutary-da alan adam minnetdar bolar ýaly edýän. Ýöne, näme üçin senediň azabam az däl-dä. Onsoňam tudam tapdyryp duranok. Onam nireden, kimden alsaňam, satyn almaly. Ýylda-da döwlete 185 manat patent töleýäs. Tudy Daşhowuz etrabyndan getirýän wagtymyzam bolýar. Onda-da, näme, ynsap diýlen zadam bar-da. Men-ä hemişe şu hakykatdan ugur alýan.– Siz şägirt ýetişdirýäňizmi?
– Hawa, ýetişdirýän. Ýöne, dutar ýasamak örän kyn, zähmet hem-de dykgat talap edýändigi üçinmi, nämämi, ýaşlardan bu hünäri höwesek köp däl. Birki ýyllykda Aşgabatdan Sahy Pälwanow diýen bir ýigit gelip, dutar ýasamagy öwretmegimi haýyş etdi. Köp gatnady, öwrendi. Indi olam özbaşdak işläp bilýä. Gumdanam, «Ýerbent» sowhozyndan Gurbanguly diýen bir oglan gatnap ýör, kakasyna Halyl diýýä, men onuň agasy Aşyrlyny tanaýan. Dynç alyş günleri gelip, dutar ýasamagy öwrenýär.
Işlän wagtym körpe oglum Nepes ýanymdan aýrylanok. On ýedi ýaşynda. Indi olam dutar ýasamagyň birtopar tilsimini bilýär.
– Diýmek kär ýitjek däl-de.
Şeýle bolsun-da!
1988ý. Dekabr
Aýdym-saz sungaty