15:15 Hezarfen Ahmet Çelebi hakynda (uçuş proýekti) | |
Hezarfen Ahmet Çelebi
Osmanly döwletiniñ pajarlap ösen döwürlerinde we dünýäde ilkinji gezek uçuş proýektini başaran Türk alymy. Haçan we nirede dogulandygy bilinmedik Ahmet Çelebiniñ durmuşy hakynda maglumat ýok diýen ýalydyr. 1623-1640-njy ýyllar aralygynda soltanlyk eden Soltan Myrat IV döwründe ýaşap geçen Ahmet Çelebi meşhur uçuş proýektini soltanyñ huzurynda synagdan geçirip görüpdir. Hezarfen Ahmet Çelebiden öñ howada uçuşy amala aşyran meşhur Türk alymy Ysmaýyl Jöwher, gollaryna ganat dakyp ilkinji gezek uçmagy başarsa-da proýekt ölümi bilen soñlanypdy. Ilkinji sapar amatly uçuşy başdan geçiren Ahmet Çelebi Ysmaýyl Jöwheriñ durmuş ýörelgelerini we proýektiniñ ýatdan çykaran ýerlerini, nirelerde ýetmeziniñ bardygyny öwrenip yzyny dowam etdirýär. Ol howa akymyny göz öñüne tutup, guşlaryñ nähili uçuşyny derñeşdirip, öz işini amala aşyrypdyr. Uçuşy görmek üçin Okmeýdanyna gelen Soltan Myrat han hem Saraýburnyndaky Sinan Paşşa köşgündedi. Ahmet Çelebi Okmeýdanynda bürgüt ganatlary bilen birnäçe gezek howada uçmagy başardy. Soñ bolsa Galata minarasynyñ iñ beýik ýerine çykdy we özüni boşluk meýdança oklady. Halk haýran galmak bilen seredýärdiler. Ganatlaryny açyp guşlar ýaly ýuwaş-ýuwaşdan hereket etdiren Ahmet Çelebi, Bogazy geçip Üsküdardaky Dogançylar meýdanyna gondy. Munuñ üçin soltan Myrat IV oña altyndan käse sowgat berdi. Ahmet Çelebi soñ Jezaýyra gidip şol ýerde-de dünýäden ötdi. Tolga Uslubaş. Geçmişden Günümize (çenli gelen) Osmanly Alfabetik OSMANLY TARYHY sah:279-280 Terjime eden: PEŞEÑ ogly Afrasyýap | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |