12:51 Hezreti Alynyñ söýgüli ogly nämüçin Ýezide tabynlygyny bildirdi? | |
HEZRETI ALYNYÑ SÖÝGÜLI OGLY NÄMÜÇIN ÝEZIDE TABYNLYGYNY BILDIRDI?
Taryhy makalalar
Meşhur filosof Žan-Žak Russo “Taryh - okap başarana gözüniñ görüş derejesine görä ýol görkezýän şamçyragdyr” diýýär. Diýmek, taryh ýaly taryhy görüp başarýan gözem möhüm zatdyr. Has dogrusy, gözüñ görme nazaryndan garaşsyz taryh barmy-ýokmy, ol eýýäm aýry çekişmäniñ temasy. Men bolsa her bir ýagdaýda taryhy dürli-dürli gözlerden okamagyñ gereklidigine ynanýaryn. Geliñ, onda bugünem siziñ bilen ýene taryha gaýybana syýahat edeliñ. Syýahat etmeli menzilimiz diýseñ uzak: yslam taryhynyñ irki döwri. Gürrüñi edilmeli şahs bolsa Hezreti Alynyñ (r.a) çagalaryndan biri: Muhammet ibn Hanapyýa. 637-nji ýylda doglandygy aýdylýan Muhammediñ adynyñ yzyndaky "ibn Hanapyýa" ejesiniñ ady bulen baglanyşdyrylýar. Onuñ gyrnakdygy aýdylýan ejesiniñ ady Hawle binti Japar el-Hanapyýadyr. Muhammet ady şunuñ üçin möhümdir; ýaşan ömründe möhüm söweşlere gatnaşypdyr we käbir wajyp meselelerde maşgala agzalaryndan bölünip, başgaça ýoldan gidipdir. Hususanam taryhda özüçe aýry bir ýer tutan aýry garaýyşyñ-eradanyñ wekili bolupdyr. Ýogsa-da, Muhammet haýsy meselelerde bu “aýry” pozisiýada bolduka? ■ PIKIRI ÜÝTGEÝÄR... Bu sowalyñ daşyna geçmänkä şu maglumaty siziñ bilen paýlaşaýyn. Muhammet ibn Hanapyýa Jemel, Syffyn, Nehrewan on müñlerçe musulmanyñ ölümi bilen gutaran söweşlere kakasy bilen bile gatnaşýar we hatda şol söweşlerde söweşjeñ baýdagy göteren şahs. Mälim bolşy ýaly, bu söweşler musulmanlaryñ öz arasynda bolup geçipdir. Emma bärde ýaýdandyrýan bir mesele bar, olam - eger musulman ymmaty biri-birine dogan bolýan bolsa, musulmanlaryñ biri-birine garşy urşuna nähili düşünmelidi? Şonuñ üçin ýokarda agzalan söweşlerde, hususanam Hezreti Alynyñ (r.a) tarapyny tutan käbir kişiler garşydaş tarapy musulman hasaplamandyr we muny aç-açan aýtmakdan çekinmändirler. Ine, Muhammet hem ilki-ilkiler şu pikirde eken. Emma belli bir wagtdan soñ onuñ pikiri üýtgeýär. Bardy-geldi musulman hasap edilmedik tarap ýeñiş gazanan ýagdaýynda, oña boýun egmelimi ýa egmeli däl diýen mesele orta çykýardy. Şonuñ üçin birnäçe aýratyn halatlardan başga ýagdaýlarda halyfa boýun egmek esasy şert hasaplanýar. Hususanam boýun egmek-tabynlygyñy bildirmek (biat) onuñ durmuşynda esasy talaba öwrülýär we bu ýagdaý köp derejede durmuşynyñ galan kysmyna täsir edýär. Başga bir tarapdan, musulmanlaryñ arasynda bolup geçýän çaknyşyklardan bimaza bolandygyny-da bilýäris, edil öz kabylasy Haşymogullaryna we olaryñ garşydaşy Emewiogullaryna bildiren tankydy bellikleri ýaly. Onuñ pikiriçe, her iki urugda tabynlygyndakylaryñ gözünde “hudawylaşdyrylýardy,” bu bolsa ylalaşyp bolmajak ýagdaýdy. [1] Geleliñ, agzamak isleýän şol möhüm meselelerimize. Isleseñiz, Jemel wakasyndan başlalyñ. Söweşiñ bir tarapynda kakasy Aly (r.a), beýleki tarapynda pygamberimiziñ aýaly Äşe (r.a), döwrüñ tanalýan şahslary (we belli sahabalar) Talha ibn Ubeýdulla (r.a), Zubeýr ibn Awwam (r.a) bar. Söweşiñ öñüsyrasy halyf Aly (r.a) söweşjeñ baýdagy ogly Muhammede berjek bolýar. Emma ol baýdagy eline almaga ikirjiñlenýär, munuñ sebäbi bolsa "musulmanlaryñ özara söweşjek bolmalarydy". Näderejede dogry, ony bilemzok, emma taryhy çeşmeleriñ berýän habary-ha şeýleräk. Oglunyñ bu bolşuna Hezreti Aly (r.a) gynanýar. Ahyrynda Muhammet kakasyny kyn ýagdaýda goýman, onuñ göwnüni awlaýar we baýdagy göterýär. ■ GAN BILEN SARSYLÝAR Söweşiñ yzysüre Syffyn söweşi-de bolup geçýär. Taraplar ýene "musulman" we ýene müñlerçe adamyñ ömür tanapy üzülýär. Muhammet bu söweşe-de baýdak göteriji bolup gatnaşýar. Bu söweşiñ alyp baran kän-kän netijeleri bolupdyr. Emma bularyñ biri has möhümdir. Aýratyn bir netije ýaly bolup görünse-de, söweşiñ dowam edýän netijelerinden biri hökmünde Hezreti Alynyñ (r.a) hariji Ibn Müljem tarapyndan şehit edilmegini görkezse bolar. Yslam topraklary dökülen bu mübärek gan bilen gaýtadab sarsylýar, munuñ bilen baglanşyklylykda häkimiýet toparlary hasaplaryny gaýtadan gözden geçirýär we belli bir wagtdan soñ Mugawyýa halyflygy Hasandan (r.a) alyp “döwletiñ” başyna geçýär. Ine, şol ýyl we ondan soñky ýyllar, hem Muhammet ibn Hanapyýanyñ nukdaýnazarynda hemem yslam taryhynda bolan bölünişikler taýdan diýseñ haý-haýly geçen ýyllardyr. Muhammet ibn Hanapyýa bu ýagdaýa, ýagny halyflygyñ Mugawyýanyñ eline geçmegine dogany Hüseýin bilen bile garşy çykýar we hatda Hasan bilen aralarynda dartgynly çekişmeler bolup geçýär. Soñra bolsa ony Medinäniñ eteginde obada ýaşamaga gelen biri hökmünde görýäris. Ol indi syýasatdan uzak durmagy müwessa bilipdi (!) we kufelileriñ Mugawyýa garşy gozgalañ turuzma tekliplerine dogany Hüseýin ýaly oñyn jogap bermeýär. Ýigrimi ýyla golaý wagt şeýdip ýaşaýar. Birdenem Kerbela... Mälim bolşy ýaly, Mugawyýadan soñ Ýezit halyf bolýar we külli musulmanlardan özüne tabyn bolmalaryny talap edýär. Muña Medinede oturan käbir şahslar oñyn jogap bermändir. Bularyñ başynda-da Hezreti Alynyñ (r.a) ogullaryndan Hüseýin (r.a) bardy. Hüseýin ibn Aly şol wagt dogany Muhammet ibn Hanapyýa bilen görüşip, onuñ bilen maslahatlaşmak isleýär. Muhammet bolsa Hüseýine "Ýezitden we onuñ wezipä bellän adamlaryndan ägä bol, özüñi gora. Daş-töwerege çakylyk hatlaryny ugradyp, özüñe tabynlyga çagyr. Işler paşmadyk ýagdaýynda Mekgä, Ýemene ýa-da daglara git" diýýär.[2] Mundan soñ Hüseýin ibn Aly (r.a) maşgalasy we tarapdarlary bilen bile Mekgä gidýär, Mekgede dört aýa golaý wagt galýar. Kufelileriñ çakylygyny alansoñ, Kufä gitmegi makul bilýär. Şol wagt Hüseýiniñ Muhammet bilen görüşendigi we oña-da Kufä gitmegi teklip edendigi aýdylýar. Emma Muhammet onuñ bu teklibini kabul etmeýşi ýaly, çagalaryny-da Hüseýiniñ ýanyna goşup ugratmaýar. Şonda Hüseýin oña: "Meniñ uruljak ýerimde çagalaryñy gorajak bolýarsyñmy?" diýip garşylyk beripdir. Muhammet ibn Hanapyýanyñ bu sözlere jogaby şeýle bolupdyr: "Ne seniñ urulmagyñy, ne-de olaryñ urulmagyny isleýärin. Hem seniñ urulmagyñ bize has agyr deger."[3] Şondan soñ Muhammet ibn Hanapyýa Ýezide tabynlygyny bildirýär, has dogrusy Kerbela pajygasyndan soñam bu kararyndan el çekmändir. Şeýle-de, şol wagt Abdylla ibn Zubeýri däl-de, Ýezidi halyf hökmünde görýär ww Abdylla ibn Zubeýriñ tabynlyk bildirme talabyndan ýüz öwürýär. ■ KÖŞGÜNE ÇAGYRÝAR Esasy dartgynly we oýlandyryjy waka bolsa mundan soñ bolup geçýär. Käbir taryhy rowaýatlar Abdylla ibn Zubeýriñ (r.a) biat talabyny ret eden Muhammede Ýezit hat ýollapdyr we ony köşgüne çagyrypdyr. Şolar ýaly hat Abdylla ibn Abbasa-da (r.a) ugradylypdyr. Abdylla bu hata kesgitli garşylyk görkezip jogap ýazypdyr. A Muhammet bolsa hata oñyn jogap berýär we Ýezidiñ çakylygy bilen Şama gidýär.[4] Şondan soñky döwürde orta çykan we Ýezidiñ goşuny tarapyndan amala aşyrylan Harre Harre gandöküşliginiñ öñüsyrasy da Muhammet ibn Hanapyýa medinelileriñ Ýezide garşy gozgalañ turuzmagyny dogry hasaplamaýar we has takygy olardan tabynlykdan ýüz öwürmezligi talap edýär.[5] Munuñ bilen birlikde, taryhy çeşmeler Muhammet ibn Hanapyýanyñ Kerbela pajygasynyñ aryny almak üçin aýaga galan Muhtar es-Sakafynyñ hereketine ýardam edendigini habar berýärler. Hut Muhtaryñ tabynlygyndaky kaýsanylar topary Muhammet ibn Hanapyýany “Mäti we ymam” hasaplaýar. Hut şol hereketiñ içindäki kerbiýe sektasy bolsa onuñ ölmändigine we Radwa dagynda ýaşaýandygyna ynanýar. Olaryñ pikiriçe, Muhammedi onuñ ýanyndaky ýolbars we gaplañ goraýar hem-de Allanyñ bellän möhletine çenli bu ýagdaý şeýle dowam etmeli, wagty-sagady gelende Muhammet Mäti bolup orta çykmaly we öz häkimiýetini gurmaly. [6] Şol döwre degişli başga bir gyzykly maglumat bolsa Muhammet ibn Hanapyýanyñ tussag edilmegidir. Ony ýakyn adamlary bilen birlikde Zemzem guýusynyñ golaýynda russag eden we öýüñ töweregine odun barsyny basyp, tabynlyklaryny bildirmedik ýagdaýynda öýi otlajakdygyny aýdan halyflygyñ beýleki bir talaşgäei Abdylla ibn Zubeýrdir. Hut şol ýyl (686) Muhammet haj zyýaratyny etmek üçin ýakynlary bilen bile Mekgä gelipdir we Abdylla ibn Zubeýriñ bu ýowuz talabyna gabatlaşypdyr. Netijede Muhammet ibn Hanapyýa gizlinlikde Muhtara hat ugradyp, ony kömege çagyrýar. Kufeden gelen goşun Muhammedi we onuñ ýakynlaryny halas edýär. Emma Muhammet gelen goşun bölüminiñ Abdylla ibn Zubeýriñ goşuny bilen çaknyşmagyna idin bermändir.[7] Ahyrynda-da Abdylmälik ibn Merwana tabynlygyny bildiripdir. 700-nji ýylda Medinede aradan çykandygy aýdylýan Muhammet ibn Hanapyýa barada aýdyljak zatlary, elbetde, bu çaklañja makalanyñ çägine sygdyrmak mümkin däl. Biz bu makalanyñ çäginde Hezreti Alynyñ (r.a) söýgüli ogullaryndan biriniñ - möhüm söweşlerine gatnaşan ogly Muhammet Hanapyýanyñ pikirinde wagtyñ geçmegi bilen üýtgeşmeler bolup geçendigini we munuñ netijesinde Ýezide tabynlygyny bildirendigini, ölýänçä hem şu pikirinde durandygyny belläp geçmekden ybarat. Muña garşylyk hökmünde onuñ diýseñ köp tarapdarlarynyñ käbirleri tarapyndan Mäti we Ymam hasaplanypdyr, "Muhammet Hanapyýa Jengi" ady berlip, şanyna goşgy setirler düzülipdir. Yslamyñ taryhyndan söz açylanda, bu şahsyñ üstünde-de aýratyn durlup geçilse dogry bolar diýip hasap edýärin. Ýogsa-da, hem bu bolup geçen wakalardan, hem-de musulmanlaryñ ýokarda agzalan taryhy wakalardan biz nähili dersleri çykarmaly? Soraga dürli-dürli jogaplaryñ gelmegi mümkin, emma ýazgymyñ başynda Russodan mysal getiren sözümi unutmazlyk lazym: Taryh - adama okap başarşyña görä şamçyrag bolýar. Aýdyn TONGA. Odatv.com, 11.07.2020 [1] Nihal Şahin UTKU, "Kerbeladan soñ Muhammet ibn Hanapyýanyñ abraýynyñ ýokarlanmagy we onuñ syýasy pozisiýasy". [2] Hüseyin Güneş, "Muhammed ibn Hanapyýanyñ Ehli-Beýt bilen özara gatnaşygy". [3] A.g.e [4] A.g.e [5] Nihal Şahin UTKU, a.g.e [6] Yslam ensiklopediýasy. [7] A.g.e Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |