10:57 Hezreti Muhammet atlaryň geljegi barada | |
HEZRETI MUHAMMET (s.a.w) ATLARYŇ GELJEGI BARADA
Gurhany öwreniş we Hadys ylmy
Ynsanlar üçin tükeniksiz rehim-şepagatyň, merhemetiň eýesi bolan Beýik Biribar öz gullarynyň, ýagny ynsanlaryň bu dünýäde ýaşan döwürlerinde kynçylyk çekmezlikleri, işleriniň ýeňilleşmegi üçin hemme mümkinçilikleri döredipdir. Has dogrusy, Ol bu dünýädäki janly-jansyz barlyklaryň ählisini özüniň ýaradan zatlarynyň iň beýigi bolan ynsana niýetläp ýaradypdyr. Mysal üçin, Allatagala adamlaryň uzak aralyklara çalt we ýadaman barmaklary, özleriniň ýüklerini daşamaklary üçin at, eşek we gatyr ýaly haýwanlary ýaradypdyr. Älemdäki jandarlaryň ählisi ýaly, hiç hili tamakinçiliksiz ynsana hyzmat edýän bu we beýleki çarwa mallary barada Allatagala özüniň kelamy bolan Kurany Kerimiň “Ýasin” süresiniň 71, 72, 73-nji aýatlarynda ynsanlara habar berýär. Alla özüniň başga bir aýatynda hem bu haýwanlar barada aýdyp, soňra adamzat taryhynyň dowamynda ýüze çykjak ulaglara yşarat edýär. hakykatdan hem bu aýat indirilenden soň birnäçe ýüz ýyl soň öňki adamlaryň hyýallaryna hem getirmedik ulaglary – uçarlar, awtomobiller, otlular, raketalar, gämiler oýlanyp tapyldy we olar adam ogullaryna hyzmat edip, olaryň işini has ýeňilleşdirdi. Tehnologiýanyň önümleri bolan bu täze hyzmatçylaryň peýda bolmagy we ulanylyp başlanmagy bilen ýokarda agzalyp geçilen öňki hyzmatçylaryň – janly ulag serişdeleriniň ähmiýeti azaldy hem-de olar belli bir derejede hatardan galdylar. Mälim bolşy ýaly, atlar harby maksatly işlerde, hereketlerde, uruşlarda ulanylýan iň ygtybarly ulag serişdesi bolup adama birnäçe asyrlap, hatda müňlerçe ýyllap hyzmat edip geldi. Tehnologiýadaky öwrülişikler harby gullukda bolşy ýaly, raýatlaryň işlerinde-de köp zady özgertdi. XX asyryň başlaryndan başlap dünýäniň ähli döwleti diýen ýaly özleriniň harby güýçlerini ösdürmäge, kämilleşdirmäge uly ähmiýet berdiler. Äpet gämileriň, zynjyrly tanklaryň, awtomobilleriň we uçarlaryň harby maksatlar bilen öndürilmegi hem-de uruşlarda olardan peýdalanylmagy bilen strategiki hereketler hem düýpli özgerdi. Şol özgerişlikler nertijesinde goşunda öňden bar bolan atly bölümlere zerurlyk galmady we olar kem-kemden ýatyryldy. Şeýlelikde, şol wagta çenli jeň meýdanlarynda adamlar bilen hemişe bile bolan we olara wepaly hyzmat eden atlara derek “demir atlar” peýda boldy. Bu öwrülişige hem ähli meselede bolşy ýaly, Pygamberimiz Hezreti Muhammediň (s.a.w) mundan 14 asyr öň aýdyp giden hikmetli sözleriniň ýene-de birini subut etdi. Has dogrusy, Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) atlaryň düşjek bu ýagdaýy barada şeýle diýipdir: “Atlara uruş üçin ebedilik münülmez”. Bu hadys Ibni Kesiriň arapça tefsiriniň 1-nji kitabynyň “Hezreti Isa” bölüminde beýan edilýär. Kemal ÇINEL. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |