22:34 Holodilnik | |
HOLODILNIK
Satiriki hekaýalar
Dyňňňň.... Düňk... Ses ýatdy. Biraz wagtdan iň aşakda ýatan hyýardyr pomidorlar biri-biriniň böwründen dürtüşip: "Aý, bu-ýa ýene-de ýatdy-how" diýişip, başlaryny ýaýkaşyp başladylar. İçi şerbetli çüýşeler gözlerini ýaşdan doldurdylar. İň ýokardaky bitin towuk eti bolsa, iki eli bilen öz butlaryny şapbatlaýardy: "Ýeri, indi men näderin?". Ondan bir gat aşakda ýerleşen süýt bolsa, öz bedeniniň agralyp, zaýalanyp barýandygyny duýýardy. Biraz wagtdan soň ýokardan ýagyş ýagyp, ähli ýeri suw-sil etdi. Bu ýagdaý bir gojalyşan holodilnigiň içinde bolup geçýärdi. Özi hem eýýäm gör, näçenji gezek?! Holodilnigiñ gaty rehimdar ýüregi bardy. Ol içinde ýaşaýan zatlary edil öz perzentleri ýaly eý görýärdi, olary zaýalamajak bolup, elinden gelenini edip, işlemäge çalyşýardy. Ol özüniň indi garrandygyny, basym ýerine ýaş holodilnigiň geljekdigini aňýardy. Ýöne, ol bu öýe juda öwrenişipdi. Başga ýere gidesi gelenokdy. Ol bu öýde ýaşaýanlary gaty gowy görýärdi. Öýüň hojaýyny ol her gezek döwlende, onuň yz tarapyndan birzatlary towlaşdyryp, oňa birazajygam bolsa güýç-kuwwat bererdi. Şol zat towlanandan soň, holodilnik iň bolmanda bir-iki hepdeläp işläp bilýärdi. Öý bikesi öz gyzy bilen ony wagt-wagt ýuwup-arassalap durardylar. Öýüň iň körpejesiniň bolsa, häzir holodilnigiň gapysyny açmaga hem güýji ýetenokdy. Ol zordan dik durup, holodilnige ýelmenen ýasama üzümdir alma şekillerini aýryp, soň ýene ýelmäp oýnamagy başarýardy. Bu öýüň ogly bolsa holodilnigiň golaýynda oturyp telewizora serederdi. Holodilnik şonda kino görüp, hezil edinerdi. Garaz holodilnik üçin bu öý bilen hoşlaşmak ölüme barabar ýagdaýdy... Dyňňň... Tarrrrr.... Holodilnik bir silkindi-de, işläp başlady. Ol işlejek bolup, bilini guşap, elinden gelenini edipdi. Hyýardyr pomidorlar biri- birleriniň ellerini gysyp gutladylar. Şerbetli çüýşeler gözýaşlaryny süpürip, ýylgyryşdylar. Bitin towuk ganatlaryny ýaýyp, tans edýärdi. Süýt bolsa, özünden- ä tamasyny üzdi, ýöne indi geljek süýdüň zaýalanmajakdygy üçin garaz olam heşelle kakýardy. Holodilnigiň içi şatlykdan doldy. Öý bikesi ýagyşdan galan suwlary süpürişdirdi. Öýdäkileriňem ýüzi gülýärdi. Sebäbi holodilnik işleýär, diýmek bar zat ýerbe-ýer. Emma, bu şatlyk näçe wagta çekerkä? Holodilnik şeýle bir jan edip işleýärdi welin, sesi dagy gulagyňy deşip barýardy. Onda-da onuň sesi öýdäkilere hoş ýakýardy, sebäbi iýmitler zaýalanjak däldi. Dyňňň... Düňk... Ýene ses ýatdy. Bolmady... Öýe täze, ýaş, sagdyn, uzyndan gelen syratly holodilnik geldi. Garry holodilnik tas özünden gidipdi. Ol indi öýden kowuljagyny aňyp, aglady. Şeýle bir aglady welin, doňakdaky gözýaşlary syrygyp gaýdyp, polda kiçiräk köli emele getirdi. Öýdäkileriň bary täze holodilnigiň daşyndady. Garry holodilnigiň bolsa başyny aşak salyp, şol aglap oturşydy. Birden onuň ýanyna öýüň körpejesi geldi, oňa göwünlik berýän ýaly ony sypalaşdyrdy. Onýança öýdäkileriň bary onuň daşyna üýşdüler. Holodilnik uludan dem aldy: "Gutardy... Häzir meni äkiderler, zyňarlar". Hojaýyn bilen ogly ony emaý bilen göterdiler. Holodilnik gözlerini açyp-ýumup, iň soňky gezek bu mähirli öýi synlady. Dur-la, olar ony daşary çykarmadylar, giň eýwana geçirip, jaýly goýdular. Öýüň gyzy onuň gözýaşlaryny ýumşak esgi bilen süpürişdirdi. Holodilnik şeýle bir bagtlydy, ol bu öýden kowulmajakdygyna göz ýetiripdi. Ol indi hormatly dynç alyşda. Ol esli ýyl işläbem ýadapdy. Onuň indi ýeke-täk wezipesi, öý eýelerine alkyş okap, täze gelen kärdeşine bolsa olara wepaly hyzmat etmelidigini öwretmekdi... | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||