23:36 "Hristosyñ diwanasy": Lew Tolstoý | |
"HRISTOSYÑ DIWANASY": LEW TOLSTOÝ
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Lew Nikolaýewiç Tolstoý, dünýä belli rus ýazyjysy. ▶ LEW TOLSTOÝ KIM? Lew Tolstoýyñ, Aleksandr Puşkiniñ, Mihail Lermontowyñ, Maksim Gorkiniñ ady islendik türkmene tanyş bolsa gerek. Hatda kitap okamakdan daşda bolan bir raýat hem bu atlary ömrüniñ dowamynda birnäçe gezek eşidendir. Iñ bolmanda ýaşaýan ýerinde bir köçäniñ ady bu beýik ýazyjylaryñ birini adyny göterýändir (ýa-da öñ göterendir). Şonuñ üçin Lew Tolstoý diýilende, bu kim bolýarka diýip señrigini ýygyrjak ýokmuka diýýärin. ■ Lew Tolstoý kim bolupdyr? Onuñ döreden ölmez-ýitmez eserlerine bolan gyzyklanma öñkülerden has artmagy bilenmi näme, ýa-da başga sebäpler bilenmi, soñky döwürlerde bu beýik ýazyjy we onuñ ömri barada dürli jedeller orta atylyp başlandy. Hatda ýazyjynyñ yslamy kabul edendigi barada hem dürli çaklamalar aýdylýar. Dogrudanam şeýle genial adamyñ yslamdan bihabar bolmagy mümkinmi? Hristiýan dininiñ taglymaty barada ýazan birnäçe teologik kitaplary, onuñ ähli dinler bilen bir hatarda yslamyýet bilen gyzyklanan bolmaly diýen netijäni berýär. Ol hiç babatda yslamdan bihabar bolan däldir. Sebäp diýseñ, yslamyñ iñ ösen ýeri bolan, ylym-bilim ojagy, Magtymguly Pyragy ýaly ägirtlerimiziñ kitaplarynyñ daşbasma usuly bilen çap edilen ýeri bolan Kazandaky uniwersitetde okamagy we ondaky sapaklary özbaşdak doly özleşdirip uniwersiteti taşlap gaýtmagy, Kawkazdaky musulman halklarynyñ arasynda bolmagy, Krym urşuna gatnaşmagy ýaly birnäçe zatlar onuñ yslamyýet bilen hem tanyşmaklyga birnäçe şertleri döreden bolmaly. Bu barada ilkinji bolup biz aýdamzok. Muny ruslaryñ hut özi orta atyp jedelleşýärler. Hatda onuñ yslam barada ýazan bir traktatynyñ hem bardygyny, emma ol traktatyñ ýitendigini (ýa-da gizlenip saklanýandygyny) hem orta atýarlar. Ol musulman bolupdyrmy, bolmandyrmy, anyk bir zat aýdyp biljek däl. Bu barada hiç kimem häzirlikçe belli bir zat aýdyp bilenok. Emma L.Tolstoýyñ, A.Puşkiniñ, F.Dostoýewskiniñ yslam bilen ýakyndan gyzyklandygy welin hakykat. Hatda F.Dostoýewskiý bir hatynda tanyşlarynyñ birine Kantyñ kitaby bilen bir "Gurhan" ibermegi sargan ýeri bar. Bärde geñ görer ýaly zat ýok. F.Dostoýewskiý, Lew Tolstoý ýaly bütin ömründe adalatyñ tarapynda bolan, hakykaty gözlän beýik şahsyýetler yslam bilen gyzyklanmagy kanuna laýyk ýagdaýdyr. Garyp-gasarlaryn arkasynda durup, adalaty dabaralandyrmaga çalyşandygy üçin Lew Tolstoýyñ eserlerini sowet döwründe apalap okalanam bolsa, dindarlygy üçin oña her dürli garalamalar atylypdyr. Belki-de, bu onuñ yslama ýakynlaşmagy sebäpli şeýdilendir? Hatda bolşewikleriñ serdary W.I.Leniniñ özi oña "Lew Tolstoý rus rewolýusiýasynyñ aýnasydyr" diýip, şol bir wagtyñ özünde "Hristosyñ diwanasy bolup ýören bir pomeşik diýip atlandyrypdyr. Aşakda W.I.Leniniñ bu makalasyny we onuñ musulmandygy barada jedeli orta atýan makalany dolulygyna dykgatyñyza ýetirmekçidiris. Ýöne makaladan öñ Lew Tolstoýyñ ömri we döredijiligi bilen gysgaça tanyşalyñ: ▶ÖMRI L.N.Tolstoý baý maşgalada, Russiýanyñ Tula şäheriniñ etegindäki Ýasnaýa Polýana obasynda dünýä inýär. Heniz çagajykka ene-atasy aradan çykýar we ol garyndaşlarynyñ elinde ulalýar. Çagalykdan hakykata göz ýetirmäge bolan çuññur gyzyklanmasy bar ekeni. Bilimini tamamlamak üçin Moskwa gidýär. Ol okuwda ýadamazak-armazaklygy bilen tanalýar. Fransuz dilini öwrenip Wolteriñ we J.J.Russonyñ eserlerini okaýar, hatda birnäçe wagtlap bu iki ýazyjynyñ täsirinden çykyp bilmeýär. Soñra Ýasnaýa-Polýana obasyna dolanyp, garyp obadaşlarynyñ arasynda ýaşap başlaýar. Ilkinji eseri "Çagalygymy" şol wagtlar ýazýar. Biraz wagtdan soñra harby gulluga, Kawkaza gidýär. Kawkaz halklarynyñ garyp durmuşy barada gözi bilem gören zatlary esasynda birnäçe hekaýalary ýazýar. 1854-nji ýylda Krym urşuna gatnaşýar. Soñra goşundan aýrylyp Sankt-Peterburga gidýär. Birnäçe eserlerini şol ýerde ýazýar. Ol näçe ýazsa-da hiç derdini egisip bilenokdy. Elmydama beýik ýazyjynyñ ruhy bir zatlary gözleýärdi. Emma gözleýän hakykatyny tapyp bilmän, bir ýerde durup jany jaý tapanokdy. Şonuñ üçin ol Ýewropa ýurtlaryna syýahat etmäge başlady. Germaniýada, Fransiýada, Şweýsariýada boldy. Soñra ýene-de dogduk obasyna dolanyp barýar. Ol ýokary derejeli swet durmuşdan, aşa götergilenmekden, hormat-sylag berilmeginden bizar-peteñi çykypdy. Ýazyja bu zatlaryn asla geregi ýokdy. Şonuñ üçin ol obasynda bir mekdep açýar. Bu mekdep bilim berliş usuly boýunça düýbünden täzeçedi. Göwnüniñ ynjalandygyna ynanan ýazyjy 1862-nji ýylda öýlenýär. L.N.Tolstoý öýlenende Sofiýa Behrs 16 ýaşyndady. Bu maşgala onuñ galagoply kalbyna ynjalyk bermelidi. Ýazyjynyñ Sofiýadan 12 sany çagasy bolýar, ýöne ol çagalaryñ bäşisi aradan çykýar. Dünýä belli iki eseri bolan "Uruş we parahatçylyk" we "Anna Karenina" romanlaryny şol ýyllarda ýazýar. Aýaly onuñ eserlerini ýazmagynda iñ uly kömekçisidi. Hatda aýaly "Uruş we parahatçylyga" her gezek düzediş berilende bu ägirt eseri gaýtadan göçürip, jemi 12 gezek elde göçüripdir. Wagtyñ geçmegi bilen ýazyjy ýene-de ynjalykdan gaçyp başlaýar. Köpçülikleýin halk tolgunşyklarynyñ, aýratynam rus obalarynyñ gözgyny ýagdaýy ony diýseñ gynandyrýardy. Ýazyjy elindäki bar baýlygyny garyp-pukaralara dagadyp, özi hem pukara durmuşda ýaşap başlaýar. Hopul-sopul geýinýär we eşiginiñ ýyrtygyny özi ýamap geýýär. Üýtgemän galan ýekeje zat bardy: olam ýazyjynyñ arman-ýadaman ýazýardy. "Tümlügiñ güýji", "İman näme?", "Hünjiler", "Buthana we döwlet", "Beýanlarym" ýaly eserleri bu ýyllaryñ önümidir. Eserlerinde adamzadyñ dürli meselelerine ýüzlenen Tolstoýyñ dünýä derejesinde gymmaty bardyr. Öz ýurdunyñ jemgyýetçilik syýasy bulaşyklygyny, halkynyñ döreýşini, durmuşyny ussatlyk bilen eserlerinde beýan etmegi başarypdyr. Realistik edebiýatyñ iñ görnükli wekili bolşy ýaly, filosof we pedagog hökmünde-de meşhurlyk gazanypdy. Öýüni terk eden L.N.Tolstoý gyşyñ orra-ortasynda tapdan gaçyp, Astapowonyñ otly duralgasynda 82 yaşynda 1910-njy ýylda aradan çykýar. Polisiýa güýçleri beýik ýazyjyny soñky ýoluna ugratmak üçin halkyñ toplanmagyna çäklendirme girizmek islänem bolsa, müñlerçe obaly daýhanlardan ýaña onuñ jynazasynda aýak basara ýer bolmandyr. Lew Tolstoý ýaşan ömründe agyr kynçylyklara sezewar bolupdyr. Ol marksizmiñ reaksion pikirlerinden täsirlenip, baryny-ýoguny obalylara paýlaýar we garyp-gasarlar ýaly ýaşamaga başlaýar. Hut şonuñ üçin hem onuñ maşgalasy bilen arasy bozulýar. Hristiýan anarhizmini ösdürmek üçin "Hudaýyñ hökümdarlygy öz içimizdedir" kitaby bilen täze bir hristiýanlyk akymyny döretmäge çalyşmagy ýazyjynyñ prawoslaw buthanasy tarapyndan aforoz edilmegine (dinden çykan diýip yglan edilmegine) sebäp bolýar. L.N.Tolstoý ömrüniñ soñky ýyllaryny lapykeç halda geçirýär we halys ruhdan düşüp, öýünden çykyp gidýär. Ol Astapowonyñ otly duralgasynda sowukda ölüp galýar. Ýaşan ömründe ýaşaýyşyñ nämedigini düşündirmäge çalyşyp, döreden eserlerinde muny kemsiz-köstsüz başarýar. Hut şonuñ üçinem Lew Tolstoý iñ beýik rus ýazyjylarynyñ biri hökmünde dünýã edebiýatynda we dünýä taryhynda mynasyp ornuny tapdy. Beýik ýazyjynyñ döreden ýüzlerçe eserleriniñ arasyndan diñe onuñ birnäçe romanlarynyñ we ylym-bilim, pedagogika, teologiýa barada ýazan bary-ýogy birnäçesiniñ adyny görkezip geçdik. Lew Tolstoýyñ çeper eserleri türkmen okyjylary üçin hem diýseñ tanyşdyr. Sowet döwründe ýazyjynyñ 16 tomlugy türkmen dilinde neşir edilipdi. ■ Romanlary: - "Çagalygym"; - "Ýaşlyk"; - "Uruş we parahatçylyk" - "Kazaklar"; - "Iwan Iliçiñ ölümi"; - "Anna Karenina"; - "Direliş"; - "Hajymyrat" (powest); - "Aýalyñ ruhy" we başgalar... ■ Bilim temasynda ýazan eserleri: - "Populýar bilim"; - "Bilim meýilnamalary we geñeşdarlyga giriş"; - "Okuw kitaby"; - "Täze okuw kitaby" we başgalar... ■ Din we ahlak temasynda ýazan eserleri: - "Dogmatik teologiýanyñ tankydy"; - "Injiliñ Kısa Bir İzahı - "Nämä guwanýaryn?" - "Durmuş"; - "Söýgi Hudaýy we goñşynyñ biri"; - "Adamlar näme üçin serhoş bolýarlar?"; - "Ilkinji ädim" (Wegeterianlyk barada); - "Hudaýyñ hökümdarlygy öz içimizdedir"; - "Sebäp we din"; - "Diin we gaýrat"; - "Hristiýanlyk we watansöýûjikik"; - "Non-Resistance" (Ernst H. Krosbä hat); - "Mukaddes kitaby nähili okamaly?"; - "Buthananyñ kezzaplygy"; - "Hristiýan taglymaty"; - "Kast ediş"; - "Öldürmeli dälsiñ" - "Keramatly Sinota jogap"; - "Diñe uruş"; - "Dinde hoşniýetlilik"; - "Din näme?" - "Prawoslaw ruhanylaryna"; - Ýeke-täk ätiýaçlygymyz"; - "Uly günä"; - "Adam öldürme!"; - "Birek biregi söýüñ"; - "Yaşlygyñ goralmagy"; - "Zorlugyñ kanuny we söýginiñ kanuny"; - "Ýeke-täk görkezme"; - "Her gün üçin" we başgalar... | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |