11:18 Hudaýberdi Durdyýew | |
HUDAÝBERDI DURDYÝEW
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Ýazyjynyň ady we familiýasy:Hudaýberdi Durdyýew Doglan ýeri:Häzirki Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň Pyrnuwar obasy Doglan senesi:05.05.1932 ýyl Aradan çykan senesi:28.06.2005 ýyl Bilimi:1952 -1958-nji ýyllarda M.Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmen dili we edebiýaty hünäri. Gysgaça maglumat: Hudaýberdi Durdyýew «Akyl gämisi», «Skerso», «Şabram şelpeler», «Dutar dillenende», «Gözellik», «Imanyň kaýda adam?», «Jadyly senet», «Ussat»…atly kitaplaryň awtory. Onuň «Aýal bagşy» eseri boýunça «Mukamyň syry», «Gaýadan güýçli» powesti esasynda surata düşürilen «Gadymy daglaryň rowaýaty» filmleri häzirki günlerde-de teleýaýlymlar arkaly tomaşaçylara ýetirilýär. Ol özüniň bu bu eserleri boýunça surata düşürilen filmleri rus diline terjime edipdir. Ol terjimeleriniň asyl nusgasynyň ýazgysy öý arhiwinde bar. Ýazyjy rus dilinde ýazmaga ökde bolansoň onuň «Akyl gämisi» eseri 1988-nji ýylda «Türkmenistan» neşirýatynda «Kowçeg razuma» at bilen rus dilinde neşir edildi. Ýazyjynyň akyldar şahyr Magtymguly barada giňişleýin öwrenmäge ýykgyn edendigini onuň «Akyl gämisi» eserinden bilip bolýar. Ol ilki döredijilige girişende terjimeçilik işini syýasy eserleri türkmen diline geçirmek bilen başlaýar we soň edebiýata ymykly girýär. M.Şolohowyň, N.Pogodiniň, M.Şatrowyň käbir eserlerini, Marksyň «Kapitalyny» terjime etdi. Belent adamkärçilikli, medeniýetli, köp okaýan juda sowatly ýazyjy, syýasy terjimeleriň ussady, türkmençiligi, milliligi örän gowy bilýän, aýdym-sazyň çyn janköýeri, ökde sazanda hökmünde tanalýan Hudaýberdi Durdyýew dürli ýyllarda ýokary wezipelerde işledi. Ilki TKP MK-nyň medeniýet bölüminiň müdiriniň orunbasary, soňra medeniýet bölüminiň müdiri,1971-1977 ýý. Türkmenistanyň Medeniýet ministri,1977 ý. «Türkmenistan Kommunisti» žurnalynyň baş redaktory,1986 ý. Türkmenistanyň Ýazyjylar soýuzynyň başlygy,1987 ý. Dekabr. TKP MK-nyň aňyýet kätibi,1990-1991 ýý. «Türkmenistan Kommunisti» žurnalynyň, 1992 ý. «Diýar» žurnalynyň baş redaktory bolup işleýär we1997 ýylda pensiýa çykýar. 2005-nji ýylyň 28-nji iýunynda ýogaldy. Ol halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin 1976 ý. «Zähmetde edermenligi üçin» hormat nyşany,1993 ý. «Gaýrat»,1996 ý. «Watana bolan söýgüsi üçin», 2016 ý. ikinji gezek hem «Watana bolan söýgüsi üçin» medallary bilen sylaglandy. Hudaýberdi Durdyýewiň kakasy «Durdy molla» diýlip tanalýar eken. Özem sazanda bolupdyr. Ol 1941 — 1945-nji ýyllarda meýletin urşa gidipdir, ýöne oňa dolanyp gelmek miýesser etmändir. Durdy molla, Isgenderli Orazguly ahun, Ak işan, Könekesirli Kadyrberdi ahun — bular öz döwründe bile Hywada Pirden sapak alan sowatly adamlar bolupdyrlar. Durdy mollanyň aýaly Bibirawka Orazguly ahunyň gyzy eken. Durdy molla bolsa Orazguly ahunyň okuwçysy bolan. Şonda Orazguly ahun iň ökde okuwçym bilen ara ýitmesin — diýip, gyzy Bibirawkany Durdy molla beripdir. Olaryň bäş çagasy dünýä inýär. Uly çagasy gyz Hajar, Rahmanberdi, Hudaýberdi, Azyzberdi, Rahymberdi atly dört sany ogul perzentleri bolan. Hudaýberdi Durdyýewiň gurhany arap dilinden türkmen diline geçiren terjimesiniň ýazgysy öýünde bar. Ol iňlis dilindenem baş çykarýan eken. Sebäbi onuň aýaly Bibi eje iňlis dilinden ylymlaryň kandidaty, filolog bolupdyr. Çagalary: «Kakam bize azerbaýjan hem türk dillerini öwretjek bolup, öýde türkçe, azerbaýjança gürleşýärdi. Belki, her halkyň öz eserini asyl nusgasynda okamak üçin dil öwrenmäge ýykgyn eden bolmagy mümkin. Kakam öz eserleriniň terjimelerini hiç kime ynananokdy» diýip aýdýarlar. Onuň bir ogly, bir gyzy bar. Hudaýberdi Durdyýewe «Ylmy edebiýatyň, syýasy terjimeleriň ussadydy. Her bir eseriň resmi maglumatlaryny rus dilinden türkmen diline dogry terjime etmek her kime başartmaýar» diýip halypalar uly baha berýärler. Döredijiligi: Ýazyjynyň döredijiligine Türkmenistanyň halk ýazyjysy Baýram Jütdiýewiň makalasynda: «Hudaýberdi Durdyýewiň döredijiligi maňa gadymy ýurt ýerlerinde ýene bir günüň gamyny iýip, juda yhlas bilen gömlüp goýlan içi tyllaly humy ýatladýar. Onuň «Şabram şelpeler» oçerkler ýygyndysyny hem-de «Skerso» powestler kitabyny orta goýasym gelýär. «Skerso» ýazyjynyň ilhalar oçerklerinden gelip çykýar. O näme diýildigi? Bir halkyň klassykasyndan dünýä klassykasyna çenli alys ýola diýildigi. Şol ýolda bolsa türkmen aýdym-sazynyň mekdepli-halypaly läheňleri bar. Bethowene, Şopene, Paganinä, Baha tarap aňry gitjegiň çynyň bolsa, köküňi şolaryň demi düşen mukaddes meýdana urmaly bolarsyň. Onuň çeper prozasynyň, ilkinji şowly powestleriniň beýik aňyrsy bar! Gönübek, Kel bagşy, Sary bagşy, Aýal bagşy, Garadäli Gökleň, Sahy bagşy, Çuwal bagşy…Olar saz çalypdyrlar, aýdym aýdypdyrlar. Şonda belent owaz ýerden göge göterilipdir. Ötegçi durnalaryň oňa biparh bolup bilmändigini rowaýatlar habar berýär. Türkmeniň sazyna, ak sakala, bedew ata, el halysyna garaýşy emel däl, ol juda, juda aňyrdan, gözbaşdan gaýdýar. Diýmeli, owazy almaly perdeden çeňkläp alyp bilmeli. Her sözüň, üstünden ýyl aşan saryýagyň dänesi ýaly bolsun, oňa ýüregiňden mähir insin.Ýazyjy gahrymanynyň häsiýetini açýan detallary öňe sürýär, şahsyýetiň kämilleşmek prosesini görkezýär, ony çeper söz bilen keşdeleýär. Onuň «Skerso» powestiniň düýp manysyny iki sözde jemlemek mümkin. Ol — urşa protest. Bütin ömri saz bilen bagly ýazyjy ýaşlygyndan Mylly agadan sapak alýar. Jepbar Hansähet, Şamyrat Gurbannepes, Annageldi Jülge bilen atly halyplaryň işigini kakýar. Ýazyjy gahrymanlarynyň obrazyny gaýma iňňesi bilen keşdeleýär. Onuň agrasdan pähimli ýaşululary dogry sözüň arkasynda durup bilýän ynsaply adamlar. Doýan guş ýaly kanagatly, simap kimin duýgur, daglar deýin buýsançly.Göwün bossanyndan gaýdýan zatlar ýürekden sowa geçmeýär. Hudaýberdi Durdyýew eserlerini ýürek hazynasyndan sogrup alýar-da, ylham göwejinde zer çaýyp, öz ýylysy bilen okyjynyň kalbynyň sonaryna goýberýär. Özem biçak tolgunyp: «Baryň ýol bolsun! Ýaşaň, gülüň, aglaň! Siziň agy-garany saýgaryp bilýän iliňiz bardyr. Şoňa özüňizi aldyrjak boluň!» diýip sargyt edýär. Beýik halypalardan gaýdýan pent durlanyp-durlanyp, göni zehiniňe damýar. Onuň eserleriniň çeper diline geçseň, ýüzüňe misli bahar şemaly urýan ýaly bolýar. Ýazyjy obrazly sözlerden täsin çemen baglaýar. Ol çemeni ysgap-ysgap, elden goýmasyň gelýär. Onuň çille ýüpeginden işilen kirişleri ozalyndan owaz üçin dünýä inen ýaly. Ýüpegiň synasyny elendirip, şeýlebir şirin nagmalar çykýar welin, diňleýjini mum-helim edip eredip barýar. Ol hiç ýerde söz owadanlamaýar. Her sözüň öz obrazy, içki güýji, ruhy göçgünligi bar. Ýazyjy şolaryň başyny birikdirip, kalbyny päkläp, halypalaryň mukaddes meýdanyna girýär. Çeper söz öz-özünden ruh alyp surat çekip barýar. Kä ýerde oňa goşulyp, hol gadymy ýanama gygyrylyşy ýaly, gygyryberesiň gelýär.«Sahy bagşy» oçerkinden alnan kiçijik parçanyň özi, görseň ýazyň sili ýaly dolap-düýrläp alyp gidip barýandyr. Onuň ýazlary hoşroý, gürrüňini edýän sazlaryndan türkmen topragynyň ysy gelýär, reňkini aňyp bolýar, ýylysy ýüregiňe ornaýar, ýola çykan ýorgalaryň sagrysynda çaýly käse goýsaň terpenmeýär, dogumly ýigitleri gurt gözlerini güldürýär, gelinleri — edep-ekramly, olara «Söýlihalany» däl, dünýäniň özüni bagyş etseňem az!» diýlip şeýle baha berilýär. Çeşme:«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň 2021-nji ýylyň 1-nji sany —100-105-nji sahypa. Taýýarlan:Akgül SAPAROWA. Taýýarlanan senesi:24/04/2022 Alnan çeşmesi:https://www.atavatan-turkmenistan.com/hudayberdi-durdyyew/. 19.05.2022ý. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |