20:06 Hukuk meselesi | |
Berdinazar HUDAÝNAZAROW
Goşgular
▶ HUKUK MESELESI (Kinaýaly goşgy) Bir maşgala bolup, bir öýüň duzun Iýseň-de, bar munda şeýleräk düzgün: Özgäni ulaldyp, kiçeldip özün Gelinler gaýyndan ýaşynmaly däl. Sür döwrany: öz islegiň, öz meýliň. Berjaý et nämäni islese köňlüň. Enesi gyzynyň, atasy ogluň Içerki işine goşulmaly däl Bellik: hawa, eziz ata - eneler, Ogul - gyzlar hem mähriban gelinler, Maslahaty alsyn makul bilenler - Muňa kanun diýip düşünmeli däl. ▶ HAKYKAT Her bir pähimde bar bir hili many, Hawa, tagam datmak açýar işdäni. Çekip bilseň wagtynda çek keşdäni, Garran çagyň iňňe sapmak kyn bolar. Ine biziň güýjümiziň pesligi: Hasyl edip bilemzok her islegi. Tutup bolmaz berilmejek rysgaly, Berjek bolsa bäş diýeniň on bolar. Aşyk däl ýok kükräp gelen ýazlara. Bizden tagzym bu dadylan duzlara! Göze görnen gögerçin dek gyzlara Içden - daşdan ogrygynça syn bolar. Goşgularym manylydyr, gurakdyr, Dogrusyn diýmäge mertlik gerekdir. Halaýykda єsen-sen» diýýän seýrekdir, Oňa derek єmen-men» diýýän kän bolar. Kän kelle döwsek-de terbiýe hakda Ajy hakykaty ýadyňda sakla: Başda gursagyna guýulmadykda Ne-hä namys bolar, ne-de müýn bolar. Utulmagyň üçin kelle göçende Birje säwlik ýeterlik bir göçümde. Bu ýalança gelýänleriň içinde Biri adam bolsa, biri san bolar. ▶ IGENÇLIRÄK GOŞGY Geçen geçdi gitdi bolsa-da agyr Bes indi, geçmişden zeýrenme şahyr. Nätjek şeýle boldy - zabundy döwür, Seniň taryhyň ol - ýigrenme şahyr. Ýatlap durma, gaýdyp gelmez geçen zat, Soň ýerden galanok ýere gaçan zat. Kynlyk dälmi gözleriňi açan zat, Diýmek, onuň üçin jowranma şahyr. Öwren, ýaşap ýören dünýäňden öwren, Gygyrýandan dälde, dymýandan öwren. Herne çuňluklara çümýänden öwren, Ýokarda gaýýandan öwrenme şahyr. Agraslyk aýyp däl, ýöne gaýym bol, Il-günüňe mähriban bol, lazym bol. Ýagşu-ýaman özüň diňe özüň bol, Yşnaksyz kölegä öwrülme şahyr. Çyn söz boldy iň wepaly ýoldaşyň, Seret, sarpa goýýar ýakynyň-daşyň. Arassa kalbyň bar, buýsançly başyň Hergiz ýaýaplama, ýygrylma şahyr. Ykbalyňy ata ýurda baglap geç, Ýüregi çoý, göwünleri awlap geç. Bu topragyň agysyny aglap geç, Il oglusyň, ilden aýrylma şahyr. Fewral, 1997 ý. * * * Ullakan şäherde janyn ynanýan Bir dostum bar, Aman bolsun, sag bolsun. Ullakan şäherde meni ýigrenýän Bir adam bar. Aman bolsun, sag bolsun. Bu şäherde meni ýakyny saýyp Ýören del adam bar, Başy dik bolsun. Bu şäherde meni keseki saýyp Ýören ýakynym bar, Başy dik bolsun. Bu şäherde meni söýüp ýören bar. Sag-salamat bolsun, Minnetdardyryn. Meni görse ýüzün sowup ýören bar, Sag-salamat bolsun, Minnetdardyryn. Başga bir tanşym bar, ýagşy ýamandan Hiç kime hiç bir zat diýenogam ol. Sebäbi hiç kimi ýigrenenogam, Ýöne hiç kişini söýenogam ol. Takdyr meni şu adamdan gorasyn. Beýlekiler maňa o diýen ýat däl. Köpi gören bu köneje dünýäde Ýigrenmek diýeniň täze bir zat däl. ▶ DÜNÝÄ HAKDA DÜNÝEWI GOŞGY Guwduraman, gaýyp ýörmän howada Käte geçmişide salmaly ýada. Sahralary söküp paýu-pyýada Çykypdyk şol gadym oraçalardan. Bu dünýä geňlikden-taňlykdan doly, Ala adamlaryň niýeti-päli. Adalatam az-kem ýylgyrar ýaly Agy aman saklaň garajalardan. Ýatamda, turamda dileýän Hakdan: Gora ak jereni şar-gara okdan, Danalary halas ediň samsykdan Kesiň bikemaly derejelerden. Seret, hon-ha ýalan jort atýar çyna, Bäs gelmek juda kyn galpyň güýjüne. Arlap duran arslan - janyň ujyla, Gorkýan ýylan sypat ýaranjaňlardan. Eý taňrym, görene göz bolupdyryn: Gör kim bilen ýüzbe-ýüz bolupdyryn - Men bu ýalançyda bez bolupdyryn Çem gelen göreldä eýerjeňlerden. Ak garly gyş geldi, geçdi gök ýazym. Şükür, boş gitmedi çeken azabym. Erkek duşman bilen oňşaryn özüm, Daş et dost saýylýan çüpejelerden. | |
|
√ Setirlem / Goşgular - 17.08.2024 |
√ Ajymdan öldüm / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Aýşy-eşret çagynda / Goşgular - 20.08.2024 |
√ Hoş sözli goşgy / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Ýiten ýyldyz / Goşgular - 31.08.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Magtymguly / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Söýüň çagaňyzy / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Sen meniň alma-narymsyň / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Eý, Ýusup, şu gözleri görmeýän Ýakuba gel... / Goşgular - 18.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |