00:19 Hyýal | |
■ HYÝAL
Goşgular
Ýaza ýetip, keýpin çaglan Guşlaryñ gelipdir bagty. Gözellige kalbyñ baglan Ýaz gününde köñlüñ ýagty. Gözüñ gözelligi tirip, Ses goşsañ saba ýeline. Häzie bir ertekä girip, Düşünseñ guşlañ diline. * * * Şaglap gelen mele suwuñ öñüne, Jylawlamak üçin basdylar bendi. Suwuñ togtanyna gyýyldy kalbym, Bendiñ bekligine kalbym begendi. Suwuñ erjelligi, ýatmady ol dek, Bir yş tapyp ahyr böwüsdi bendi. Bendiñ çat açanna gyýyldy kalbym, Suwuñ hyjuwyna kalbym begendi. ■ SÄHRADA Daglaryñ öýmesi al-elwan şapak, Buşlaýar zemine Günüñ dogjagyn. Säher ukusyndan oýanýan bilbil, Nem içip, ogşaýar gülüñ dodagyn. Ganatlary bilen Günüñ kirşine Kakyp, guşlar düzýär ajaýyp mukam. Säher gözelligin gözüñde jemläp Ýaşamakdan uly bagt barmykan?! Gaýdyp gelenime begenýän ýaly, Gülden beslenipdir düzdür beýikler... Sährada galdyran çagalygymy, Hanha, alyp gaçyp barýar keýikler. ■ ELBRUSY SYNLAP... Gögi saklap duran deýin, Elbrus goşa başynda. Arşda dikip köñül öýün, Aýlanyp ýörüs daşynda. Goşa başyn täsin dagyñ, Her kim bir zada meñzedýär. Uzaklardan synlan çagyñ, Misli ak guw - uçup gidýär. Bir görseñem ene ýeriñ, Ak göwsüne edýär çalym. Ony gögüñ emşin görüñ, Şol görnüşden many alyñ. Biri-biriniñ höwrüdir, - Biri magşuk, biri aşyk. Ak gar juwanlañ göwnüdir, Barýar olar menzil aşyp. Belentden belende müñzäp, Al asmanda dagyñ göwni. Meñzeden zadyña meñzäp, Deñläp otyr olar egni. Bu daglara söýgim uly, Meñzetmäni tapdym añsat: Biri - şahyr Kaýsyn Kuly, Beýlekisi - Resul Gamzat. * * * - Ine, Lermontowyñ gaýasy şudur, Bu - şahyryñ gadam uran ýodasy. Gelen myhmanyna goýup çyn gadyr, Gürrüñ bermek kawkazlynyñ kadasy. - Şu ýerde şahyra duşupdyr peri, Şu gowakda düşlän şahyr şol çaglar... Beýleki daglardan üýtgeşik ýeri, Şahyr bilen tanalýarlar bu daglar. ■ GÜÝZ GÜNI Sypyrdy başyndan sary öýmesin, Baglaryñ başyny aýlady güýzem. Güýzüñ sary dili açdy syryny, Beýle ýeñles däldi, agrasdy düýnem. Baglar eçilip dur sahylyk bilen, Tylla teññeleri seçýär gaýgyrman. Açgöz şemal bir ýerlere daşaýar, Nämä gerekdigin özem saýgarman. Soñky teññesine çenli barysyn Şemalyñ eline berip dur baglar. ...Berenni yzyna aljak bolýarmy Indi nä elini serip dur baglar? ■ ETÝUD Aý asmanyñ çala çyzlan dodagy, Bägül deý Zemini öpýär näzirgäp. Ýyldyzlaryñ ýüpek nuruna ýuwnup, Barýar bu älemiñ göwrümi giñäp. Asman gymyldadyp Aý dodagyny, Deñze gaçan ýyldyzlary sanaýar. ...Iki Aýyñ arasynda oturyp, Ýigit Aý gaşynda bagtyn synaýar. ■ KEŞDELER Gül bahar gül sähra çekipdir keşde, Nagyşlar salypdyr her dürli gülden. Ýarynyñ keşbini saklap göreçde, Gülleriñ süññüne siñipdir dilber. Günem bu sährada zülplerin çözlän, Gözüñ ganmaz sähra gyzyñ oýnundan. Keteni köýnegniñ ýakasyn gözläñ, Aslyşypdyr sähra gyzyñ boýnundan. ■ JÖWZADA Gün dagy-daşy-da eredip barýar, Ýere çog dökmegiñ bilenok çenin. Topragyñ nemini demine sorýar, Sähra egne atýar sary çäkmenin. Keşde güller solýar teşne boluplar, Synasna siñdirip bahar günlerin. ...Wagtyndan gijigip ýagan bulutlar, Aglaýar agysyn solan gülleriñ. ■ MIWELI BAGLAR Miwäni bol getiripdir Egipdir bag başyn ýere. Güýz serpaýyn ýetiripdir, Şemal kakýar agras sere. Yrýa miwelerin görüp, Geplejek-geplejek bolýar. Şahasyn ýere ýetirip, Olary çöplejek bolýar... ■ TOMUS GIJELERI Bu gijeler gysgalypdyr, Karz berensoñ gündizlere. Dañlar atýar şeýle bir tiz, Ýañy duşañda gyzlara. Ýyldyzlary - däneleri, Asman göýä bir äpet nar. Gögüñ görkli synalary, Olar misli şem deý ýanýar. Ýok, meni derde goýanok, Uky almagyñ kynlygy. Bir gowy düýşe ýetenok, Gijeleriñ uzynlygy... ■ AÝLY AGŞAM Asmanyñ guşagy - Akmaýañ ýoly, Ene süýdi bilen tümlügi dilen. Misli bakylyga çüýlenen ýaly, Bu asman gümmezi ýyldyzlar bilen. ■ GAR Gyz ädimi bilen ýagýar gunduz gar, Kalba dolýar gyş gününin aklygy. Gar ýaganda bir üýtgeşik many bar, Ýere baksañ, belli munuñ haklygy. Aklyk, päkizelik giripdir güýje, Gara zatlañ bolsa gowşapdyr saly. Göwnüñe bolmasa zemine gije Ap-ak toý köýnegi tikilen ýaly. ■ ÝAZ ETÝUDY Aý ýüze çekipdir gara nikaby, Bulduñ agylynda akja guzular. Ýyldyrym çakarly howanyn taby, Bulduñ kirpiginden hünji üzüler. Bulutlar zemine dikýär gözüni, Küýseýär daglaryñ ýyly gujagyn. Ýyldyrym daglara urup özüni, Otlap berýär çopanlaryñ ojagyn. * * * Ýaganok, damanok goýry bulutlar, Daglaryñ başyndan aýra bulutlar. Gapjygyna oklap Günüñ teññesin, Öñünden alybam muzduñ hemmesin, Ýa olar ýagjagam bolanok çyndan, Ýa el üzesleri gelenok Günden. Bulutly asmanda zeminiñ gözi, Göge galyp barýar asyl öñ özi. Daglaram kem-kemden asmana galýar, Bulutlañ böwrüni deşip, ynjalýar... ■ ÜÇ PIKIR Bir husyt asmana seredip diýdi: "Bu ýyldyzlar teññe bolsady eger, Eýe bolsam özüm umman baýlyga, Karun bordy ilki başyny egen." Bir aşyk asmana seredip diýdi: "Bu ýyldyzlar monjuk bolsady eger, Söýgi bilen daksam ýaryñ boýnuna, Ýarym şatlygyndan erärdi meger." Bir daýhan asmana seredip diýdi: "Bu ýyldyzlar tohum bolsady eger, Heziller edinip topraga sepseñ, Nana mätäç galmaz, deriñe deger." ■ SÄHER Gündogarda ýagşy günüñ baýdagy, Şapagy saklaýar daglañ elinde. Guşlañ topugyndan säheriñ çygy Gözelligi öwýär guşlañ dilinde. Boşluk ýok gök bilen zemin arada, Guşlañ owazyndan dolupdyr dünýä. Dänä derek ýuwdup säher şapagyn, Guşlar şahalara böküşip münýä. Aşyrguly BAÝRYÝEW. | |
|
√ Köçämize seniň gadamyň düşdi... / Goşgular - 24.08.2024 |
√ "Bir gije düýşüme girdi Pyragy..." / Goşgular - 11.07.2024 |
√ Ýadyňdamy, ajalyň?! / Goşgular - 19.07.2024 |
√ Söý meni / Goşgular - 01.08.2024 |
√ Janymdan özge ýary... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Ýaşlyk döwrüň ýatlamasy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Dertdir azapkeş / Goşgular - 23.05.2024 |
√ «Ha» harpy / Goşgular - 12.12.2024 |
√ Galasym gelýär / Goşgular - 13.11.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |