18:59 Hyýalda süýjedilen söýgi maşgala gurmak üçin ýeterlik däldir | |
HYÝALDA SÜÝJEDILEN SÖÝGI MAŞGALA GURMAK ÜÇIN ÝETERLIK DÄLDIR
Edebi makalalar
Gündelik iş-aladalaryň agdyklygyny bahana edinip, öňki hatyňy jogapsyz goýanym üçin özümi müýnli saýyp ýördüm. Ahyry ýüregimi bire baglap, gaýry işleri bir gyra süýşürdim-de, her setiri hesreti, her harpy gözýaş damjasyny ýada salýan hatlaryňa jogap ýazyp başladym. ...Has geňirgendiren zat – käbir duýgularyň täsirine berlip, ýaşaýyş we durmuş hakda özboluşly pikir edýänligiň boldy. Seniň garaýyşlaryňy inkär etmek meýlim ýok, çünki maňa ýaramaýandygy ýada meniň düşünjäme laýyk gelmeýändigi seniň pikirleriň ýalňyşdygyny aňlatmaýar. Her ýürek dünýä açylan bir penjire. Her kim dünýäni, durmuşy özüçe görýär. Käteler pikirlerdäki çaprazlyk hakykat nokadyny tiz tapmagymyza eltýär. Şonuň üçin bu ýerde men diňe öz pikirlerimi ýaňzydasym geldi. Ýüregiňe makul görseň, kabul edersiň. Inkär etmäge ýeterlik deliliň bar bolsa, ýüregiň hem şony ündeýän bolsa, ýa-da bu söhbetlerden soňra başga bir çykalgany salgy berse, ýüregiň sesine, salgysyna eýerseň gowy bolar. Ýöne, bir durkuňda – häzirki nokadyňda welin saklanmajak bol. Bagt üçin ýaradylan ynsan bagt hakdaky arzuw-umytlaryndan birjik-de üzülmeli däldir. Bolýan her bir wakanyň biz üçin hökman haýyrly bir tarapy bar. Heniz oglan mahalym babamyň aýdyp beren üç sözi henizlerem ýanyma ýoldaş, aňyma düşünje bolup ýaşaýar: "Birinjisi, Ykbal hiç wagt adamlara ýamanlyk edýän däldir – biziň başymyza gelýän her bir iş, waka, hadysa, ýagdaý biziň has-da taplanmagymyz, bagtly geljege doly taýýarlanmagymyz üçin mekdepdir. Ikinjisi, Ykbal bagty wada berýär – hemişe ynamly we umytly, halalhon we ak ýürekli, yhlasly we maksada okgunly bolan halatymyzda, ykbal bizi bagt bilen gurşajakdyr. Üçünjisi, Ykbal hiç wagt beren wadasyny bozýan däldir". Hemme hal-ýagdaýlar biziň bähbidimiz, bagtymyz üçin ýüze çykýan bolsa, üstesine Ykbal bagty wada berýän we wadasyny hiç wagt bozmaýan bolsa, onda biziň diňe bagta umytly ýaşamagymyz gerek. Seni durmuş ýolundan az-kem sowaşdyran zadyň söýgi hakdaky pikirleriňdigine düşündim. "Bir bakyşda oda salan" hakyndaky ýaňzydypsyň. "Mundan öň söýgä ynanmaýan hem bolsaň, yşka uçrandygyyňy" birin-birin beýan edipsiň. Dünýäde gudrat, keramat, täsinlik kändirem welin, özüm-ä henizlerem ilkinji garaýyşdan söýginiň döreýändigine ynanyp bilemok. Kimdir biriniň bir pikiri, hereketi maňzyňa batyp, göwnüňe ýarap biler, sulhuň alar, gaýtadan görmek islegi ataş alar.., emma bu duýgulara söýgi diýip bolmaz. Söýginiň çynlygyny we çuňlugyny bilmek üçin wagt zerur. Ilkinji duýgularyň täsirine durkuň bilen berilmek ýalňyş netijeler çykarmagymyza eltip biler. Aglaba adamlaryň durmuşynda "söýgi" şeýle bir ýasalýar, taraşlanýar, timarlanýar, eger-de biz bir pikire siňdirýän şeýle yhlasymyzy başga bir maksada hem sarp edip bilsek, onda ajaýyp sungat eserini döretmegi başarardyk. Biz öz ýasan "söýgimiz" esasynda durmuş gurmak isleýäris, emma "ýeller hemişe gämi bilen ugurdaş öwüsmeýär". Maşgala gymmatlygyna düşünmek üçin ol duýgular juda azlyk edýär. Aşyk adam bilen aç adamyň arasynda meňzeşlik bar. Ikisi hem teşne. Biri ruhy-göwni üçin, beýlekisi garny üçin. Açlygyň artdygy saýy ys alyşyň güýçlenýär. Uzak ýerlerdenem bolsa naharyň ysy burnuňa urýar. Elýeterimizde garbanara zat ýok bolsa dagyn, "zagara hemişe bal bolup görünýär"... dogrusy, biz ol tagamlary hyýallarymyzda şeýle bir süýjedýäris.. hat-da aç wagtymyz dilimiziň üstünde duran turşuja tagamlaram juda datly görünýär. Sebäbi aç mahalyň naharyň hili, reňki, görnüşi kän bir bildirip duranok. Aşyk adam hem edil şonuň ýaly, ýüreginiň arzylaýany ýanynda bolmasa, öz hyýallary, pikirleri bilen öňki ýatlamalarynyň üstüni dolup başlaýar. Uzaklardan bir ýerden ol hakdaky habar ýa gürrüň yş berse, ilki bilen şony diňleýär. Gulagyna ýelmeşip galýar. Haýsy zady köp ýatladygyňça ol aňyňda barha berkeýär. Sen diňe şol zat hakda pikir edýärsiň we diňe şony küýseýärsiň. Söýgi hem ruhuň iýmiti. Edil aç adamyň nahar-tagam hakda üznüksiz pikir edişi ýaly, eger-de seniň durmuşyňda kimdir biri iň bolmanda sadaja ýylgyryşy, hat-da ýygralygy bilenem täsir edip bilen bolsa, biz bu ýagdaýy – hyýallarymyza öz elimiz bilen eken we ony süýji ýatlamalar bilen suwaran, umytlara baglan ýagdaýymyzy uly söýginiň uçgunlary hökmünde kabul edýäris. Ony isleýän, küýseýän wagtymyz onuň reňki, görnüşi, hili, häsiýeti hakda çuňňur oýlamaýarys. Aşygyň dünýäsinde "Diňe şol gerek" diýen jümle Zeminiň töweregindäki emeli hemralar deýin dyngysyz aýlanyp dur. Aşygyň dünýäsinde hemme zat – ol. Bu dünýäniň Güneşi hem, Aýy hem, Zemini hem, Asmany hem diňe şol. Mejnun ähli zatda Leýliniň keşbini gören bolsa, aşyk ýürek ähli zady öz magşugynda görýär. Gaýta-gaýta pikir etdigi saýy, bu höwes duýgulary alawlanýar. Biz birbada sulhumyz alan adamlary şonda görmek isleýän häsiýetlerimiz bilen mazaly bezeýäris. Edil körpeje gyzlaryň öz gurjaklaryny bezeýşi ýaly çemeleşýäris. Söýýän adam öz halaýan adamsyna aňrybaş lybaslary-häsiýetleri geýdirýär. Ony göwnüne ýaraýan parlak, ýalpyldawuk, zer-zynatly lybaslar bilen bezeýär. Her geýen eşigi, her gezekde ony öňküsinden has owadan görkezýär. Sebäbi, duýgy edil ösümlik ýaly ösýän zat, ol bir durkunda durmaýar. Ony iň owadan, iň zynatly adam hasaplaýar... ine, biziň ýüregimizde söýgi aglaba halatda şeýle kemala gelýär – ony özümiz ýasaýarys. Emma näme üçindir muňa "ýasama söýgi" diýmeýäris. Onuň "ýasamalygy" welin ahyr-soňy ýüze çykýar. Kimleriň durmuşynda ol ýaňy möwjäp başlan pursaty bir saý-sebäp bilen synalsa, ýene birlerinde durmuş guranlaryndan soň peýda bolýar. Sebäbi, aç adam nahardan gerk-gäbe doýan pursaty ýada iýip-içip açlygyny gideren mahaly, hälki işdädir-küýsegden namnyşan galmaýar... durmuş guranlaryndan soňra hemişe ýanynda görüp ýören gözellige göz öwrenişýär we hälki süýji hyýallar hem ýuwaşýuwaşdan gözden uçup başlaýar. Sebäbi, aşyk onuň hakyky özüne dälde, hyýallarynda kebşirlän, timarlap-taraşlan keşbine öýlenipdi.. Bu bolsa soňlugy bilen "birek-biregi heniz doly tanamandygyňyz" hakdaky hakykatlara syrygyp başlaýar. Durmuş gurup, az salym ýaşaşanlaryndan soňra käbir kimseleriň köňlünde "Indi ölçerip dökýän welin, o diýen owadan, syratlam däl ekeni" diýen pikiriň döremegine onuň özünden başga hiç kim günäkär däl. Ýa-da häsiýetleriň alyşmazlygyny bahana etmek hem şol hokgalaryň biri. Biz hakyky söýgüniň ölçeglerini, talaplaryny öz pikirlerimiz esasynda täzeden hasaplajak bolýarys. Köplenç halatda ilkinji duýgularyň täsirine berlip, durmuş gurmak, akyp ýatan suwuň üstünde duzdan köşk gurmaklyga meňzeýär. Seni gurşan duýgularyň hem aglabasy, gürrüň beriş hörpüňden netije çykarsam, hut şuňa meňzeş. Araňyzdaky bu söýgi şeýle bir alawlap ýanypdyr, "söýgini" – oda, özüňi perwana deňäpsiň. Emma, araňyza bir tow düşüpdir we baglanyşyk kesilipdir. Hatda bu duýgyňyz azajyk wagtyň hem synagyndan geçip bilmändir. Sähel şata döz gelmän dessine çat açýan söýgini bütin ömrüňe nädip ýetirip bilerdiň? Ot öçüpdir, emma sen henizem şol yşka perwana deý özüňi urmak isleýärsiň. Şonsuz ýaşaýyşy göz öňüne getirmeýärsiň, ýöne durmuşyň bu ýerdäki hikmetine düşün, perwananyň ýaşamagy üçin şol oduň öçmegi zerur. Bir wagt bir dostumyň ýaşlyk depderinden okapdym: "Söýgini oda deňedim - ýandym, deňze deňedim – gark boldum, daga deňedim – depesine çykyp bilmedim. Çöle meňzetdim – azaşdym, saňa meňzetdim - ýalňyşdym". Biz, hakyky perwanalar ýaly aslyna doly akylymyz ýetmeýän zada özümizi urýarys. Has gowy günlere, has gowy durmuşa, has ajaýyp mümkinçiliklere çykalga şoldur öýdýäris. Hut perwana ýaly.. perwana janly-jandarlaryň içinde gözi iň ejiz haýwanlaryň biri. Ol daş-töweregindäki tümlükden gorkup, ýanyp duran ody ýagtylyga çykalgadyr öýdüp, özüni şoňa urýar. Halas bolmak üçin urunýar, ýöne heläk bolýar. Perwananyň ýaşamagy üçin ýekeje zat gerek, ol hem şol oduň öçmegi... eger-de durmuş seniň öňüňde hyýalda süýjedilen söýgi oduny öçüren bolsa, bu ýerde seniň üçin uly bähbit bardyr. Belki, siz birek-biregi bagtly edip biljek dälsiňiz. Ol başga birini, sen gaýry birini, ony başga biri, seni hem düýbünden başga biri bagtly etmelidir. Söýgide ýalňyşyp, soňundan ahmyra galanyňdan, soňy ýok zat öňünden sowulsa gowy dälmi näme? Perwana az salym gijeligiň tümlügine – pikirleriň we ýatlamalaryň tümlügine sabyr edip bilse, onuň öňünde ýagty geljek bar. Ol ajaýyp dünýäni, owadan durmuşy, al-elwan daragtlary, hoşboý ysly gülleri, miweleri görmeli. Ol söýginiň gözel, durmuşyň owadan ýerlerinde gezmeli. Hut şonuň üçin hem perwananyň ýaşamagy üçin biwagt ýanan oduň – duýgulardaky ýalan oduň öçmegi gerek. Durmuşdaky her bir waka, eger-de oňa dogry düşünip bilsek, diňe biziň bähbidimize, haýrymyzadyr. Maşgala durmuşy pikirleriňdäki, gylyk-häsiýetleriňdäki, düşünjeleriňdäki sazlaşyk esasynda gurulsa, onuň binýady berk bolar. Munuň üçin ýaş başyňy dürli otlara salmakdan saklap, maşgala gymmatlygy hakdaky sagdyn düşünjeleri okamagyň, öwrenmegiň, wagtyňy, ünsüňi şol zatlara sarp etmegiň has gowy bolar. Onsoňam, gadymdan gelýän kitaplarda ýazylgy: "Söýginiň iň gowy dermany wysaldyr, ýöne gowuşmak miýesser etmese, ylmy kitaplary okaň" diýýär. Ilkinji etmeli zadyň – ünsüňi has gowy zatlara sow. Sebäbi, seniň asyl we asylly maksadyň bagtyýar maşgala gurmak, eneň-ataňy begendirmek, guwandyrmak. Abraý bilen öýli-işikli bolanyňdan soňra, maşgala söýgüsi endigan we dowamly, hakyky söýgä ýazýar. Hyýallarda süýjedilen söýgi hakyky söýgi däldir we bu "ýasama söýgüden" bir pursat öň saplanmak ertirki bagtly durmuşa has ynamly taýýarlanmagyňa ýol açar. Onsoňam, söýgi – bäş harply söz. Eger-de bäş harply söz badyňy alýan bolsa, durmuş – alty harpdan ybarat. Oňa has mäkäm taýýarlanmak gerek. #Rahmet Gylyjowyñ "Aýtmaly habarym bar" kitabyndan | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |