IBERILMEDIK HAT
Näçe ýyllap men aýgyda gelmedim,
Wagt bejerer öýdüp ýürek awusyn.
Ahyry şu haty ýazman bilmedim,
Täleýimden uçup giden tawusym.
Barybir, adybir görküň unutman,
Şol günem ýadymda galdy düýş ýaly.
Hem penjiräň aňyrsynda bulutlaň,
Geçmesi kyn, pursat deýin süýşýäni.
Buýsanjaňdyň, üstesine gedemdiň,
Menem heniz aw görmedik ýeke-nil.
Şol pursat aýgytly pikir edemde,
Bagtymy bagryma basjak ekenim.
Başymdan geçensoň boýun alýaryn,
Ýagşy-ýaman wakakalaryň ençesi.
Açdy söýgiň ýeke sapar bolýanyn,
Soň sataşan gözelleriň sençesi.
Şonda tapan bolsam eziz leglegim,
Has mylaýym ýoluň, gowne degmegiň.
Saçlaryň üstüme saýa bolardy,
Ökünjem ömürlik zaýa bolardy.
Bolmaz eken geçen günleň gaýdymy,
Senem indi äre çykdyň toý berip.
Şanyna ilkinji, soňky aýdymy,
Ýazdym, ýöne bilmen sana goýberip.
■ Suwçy
Onuň irden atyzlardan suw tutup,
Ätmez – sätmez gadam urup ýörenin
Görüp,
Azançynyň ýüzi gyzarar,
Akly haýran bolar agşam göreniň.
Pili gözüň deşip barýar ýalpyldap,
Ýülmenip – ýülmenip aýna dönüpdir.
Yrýa etmän tutýan zer deý suwundan,
Iň gymmatly baýlyk – rysgal önüp dur.
Mahal-mahal hiňlenjirär seredip,
Towlanjyrap akyp barýan keşlere.
Ol ýaşaýşyň hyjuwyna maýyldyr,
Onda inçe ýakym bardyr eşdere.
Garaňky gatlyşyp barýanam bolsa,
Ýolagçy, yzyňa äňet, sägin-de.
Pälwan syrat suwçy gezip ýörendir,
Eýýäm gök meýdanyň aňry çäginde.
Näsazlyklaryň baryn düzedip geçip,
Özem suw deý siňip barýan ýalydyr.
Ýagşyzada kibi elwan şapaga,
Ýuwaş-ýuwaş siňip barýan ýalydyr.
■ Talyp ýyllarym
Yza dolasadym bolsady öwrüm,
Bu durmuşyň çarkandykly ýollaryn.
Ömrümde bagtyýar nowjuwan döwrüm,
Ah talyp ýyllarym, talyp ýyllarym.
Ýaşadym umumy ýatak jaýynda,
Boldy kreý töläp ýaşan aýym-da.
Sagbol ornum boldy bagtyň paýynda,
Ah talyp ýyllarym, talyp ýyllarym.
Iň soňky döwrebap eşik geýmişem,
ençe-ençe gözelleri söýmişem.
Barysyna söýýän sizi diýmişem,
Ah talyp ýyllarym, talyp ýyllarym.
Näçe-näçe synaglardan geçdim men,
Köp zat okap köp zatlary eştdim men.
Bir ajaýyp täsin dünýä düşdüm men,
Ah talyp ýyllarym, talyp ýyllarym.
Kalbymdaky bir ummasyz baýlykdyr,
Owal-ahyr ýüregimde şalykdyr.
Ýadygärlik nyşan bolup galypdyr,
Ah talyp ýyllarym, talyp ýyllarym.
■ Suratkeş dost
Suratkeş dost, senden tenha haýyşym,
Arzuwlam gül bolup gögersin meniň.
Gök asmanda hyýal kimin gaýyşyn,
Çapak çalyp barýan gögerçinleriň.
Çek sen dostum towuklaryň telärin,
Ejemjanyň çörek ýapýan tamdyryn.
Galam hakyň aýlygymda tölärin,
Unudyp men dünýäň gaýgy-gamdygyn.
Şemal ýaly tiz bedewe münjekdim,
Çek sen meniň şady horram şekilmi.
Obanyň üstünden äpet gün çekgin,
Tükeniksiz ýol hem bolsun çekilgi.
■ "KANUNALAÝYKLYK" (degişme goşgy)
Bir bende daglarda ýaşap,
Miweli bag görmän eken.
Bir gün oňa dagdan aşak,
Jülgä düşmek nesip çeken.
Jennetmişin nirä baksa,
Gara baglar doly heňmiş.
Ýazlyp ýatan ýaşyl bakja,
Aslyp duran hozlar geňmiş.
Ahmyr edipdir keseki,
Öňräk gelmänin bu taýa.
Ogşap topragy,kesegi,
Alkyş okapdyr Hudaýa.
"Ýöne bir kemi bar,Allam,
Gawun inçe biýarada.
Hozy-da agaçdan sallap,
Ýalňyşypsyň bu barada"
Ahyr ýadap uklar ýaly,
Ýer agtaryp göz aýlapdyr.
Bir ýere jemläp hyýaly,
Hozuň agajyn saýlapdyr.
Uka gidensoň dessine,
Bir täsin waka bolanmyş.
Hoz agajynyň üstüne,
Bir garga gelip gonanmyş.
Garga şahany egensoň,
Hozuň birin gaçyrypdyr.
Dogry maňlaýna degensoň,
Ol ukudan açylypdyr.
Çilik ýaly çişin elläp,
Akylyna aýlananmyş.
Öz ýalňyşyn özi belläp,
Ine, şeýle oýlananmyş:
"Eger agajyň üstünde,
Torly gawun bişen bolsa.
Menem ýatyrkam astynda,
Şunuň ýaly düşen bolsa.
Mynjyratjak eken barym,
Degen bolsa gara kellä.
Bu dünýäniň sazlap baryn,
Döredenňe şükür, Alla!"
Goşgular