13:43 Ibn Fadlanyñ Bulgara syýahaty | |
IBN FADLANYŇ BULGARA SYÝAHATY
Taryhy makalalar
309-310 (921-922-nji) ýyllarda halyf al-Muktadir tarapyndan Wolgada ýaşaýan bulgarlaryň ýurduna Susan ar-Rassiniň ýolbaşçylygynda ilçiler iberilýär. Ilçileriň maksady Hazar döwletine garşy göreşde halyf bilen bulgar patyşasynyň arasynda syýasy bileleşigi ýola goýmakdy. Bu ilçileriň sapary bulgar patyşasynyň haýyşy bilen guralypdy. Olaryň öñde goýan başga bir maksady, olam ýaňy yslamy kabul eden bulgarlaryň arasynda yslam dinini berkitmekden we ýaýratmakdan ybaratdy. Ilçileriň düzümine dört adam girýärdi, olaryň biri hem Ahmet ibn-Fadlandy. Ol öz ýurduna sagaman dolanyp barandan soň halyf üçin syýahat döwründe göreneşiden zatlaryny jikme-jikligi bilen ýazyp berýär. Ilçileriň ýoly Bagdatdan başlanýar. Soňra olar Nahrawan, Hulwan, Reý, Dagman, Nişapur, Sarahs, Merw we Beýkentden Buhara çenli ýol geçýärler. Buharadan Amyderýa ar kaly Horezmi, ol ýerdenem Üstýurduň üsti bilen Ýaýyk derýasyna, Kama boýundaky Powolžýä çenli aralygy geçýärler. Ibn Fadlanyň ýazgysyndaky maglumatlary soň XIII asyrda Ýakut tarapyndan onuň «Ýurtlar sözlüginde« ulanylýar. 1923-nji ýylda Maşatdaky ymam Aly Rza metjidiniň kitapha nasynda golýazmalar ýygyndysy açylýar. Şol ýygyndyda beýleki golýazmalar bilen birlikde Ibn Fadlanyň hem «Ýazgylarynyň« doly teksti hödürlenipdir. Biz hem öz gezegimizde şol ýazgydan bir parçany okyjylarymy za hödürlemegi makul bildik. Ýazgyda gürrüňi edilýän wakalar barypha müň ýyldanam gowrak mundan öň bolup geçipdir. Gürrüňi edilýän guzlar ýada oguzlar biziň atababalarymyz bolmaly. Olaryň myhmansöýerligi, mertligi we batyrlygy, sözüne ygrarlylygy, belent adamkärçiligi … awtor tarapyndan örän joşgunly we täsirli beýan edilipdir. Bu ýazgylary okanyňda türkmenleriň gadymy halkdygyny, batyr we edermen bolandyklaryny, Watany, il-güni janlary-tenleri bilen söýendiklerini ýene-de bir gezek göz ýetirýäris. ■ Guzlaryň ýurduna syýahat Biz işlerimiziň rowaç bolmagyny beýik Taňrydan diläp, 309-njy ýylyň (4.02.922-nji ýyl) zulkada aýynda, duşenbe güni Haka sygynyp, al-Jurjaniýadan çykyp, ýola düşdük we Zamjan diýlip atlandyrylýan rabatda ýükümizi ýazdyrdyk, ol türkleriň derwezesi (bap-at türk) hasaplanylýar. Biz ertesi ýene ýola düşüp, Habap atly ýerde düşledik. Şeýle bir gar ýagdy welin, düýeleriň dyzlaryndan boldy. Şeýdip biz iki günläp bu ýerde galmaga mejbur bolduk. Soň türkmenleriň ýur duna tarap ýenede ýolumyzy dowam etdirdik, şol gidişimize hiç ýerik sowulmadyk. Hiç kime gabat gelmedik. Eger-eger ýekeje daga gözüň düşsündä. Şeýlelikde, biz on günläp ýol ýöredik, horlugam gördük, kynçylygam, güýçli aýaz, onuň üstesine-de garyň ýagmagy zerarly Hörezimdäki sowuk munuň ýanynda asyl tomsuň gününi ýatlatdy. Biz hiç zat aňlamadyk, özümizi ölümiň öň ýanynda duýduk. Takin meniň bilen bile barýardy, onuň ýanynda bolsa türk adamsy bardy, olar öz aralarynda türkçe gürleşýärdiler. Takin maňa ýylgyryp garadyda: «Bu türk Bi aga bizden näme isleýär? Islän zadyny bilsek, oňa tapyp bererdik. Ýogsam ol bizi sowukda öldürjek« diýip aýdýar« diýdi. Men «Oňa - ol siziň «Alladan başga Hudaý ýokdur« diýmegiňizi isleýär« diýip aýt« diýdim. Ol ýylgyrdy-da: «Egerde, biz munuň hakykatdanam, şeýledigini bilýän bolsak, onda hökman şeýle ederdik« diýdik. Soňra biz giden bir äpetäpet agaçly ýere geldi. Ol agaç «At-tag« diýlip atlandyrylýar. Men ol agaçlaryň şahalaryny döwüşdirip, kerwende ot ýakdym, ýoldaşlarymyz oda çoýundylar, geýimgejimlerini çykaryşdyryp, guratdylar… On bäşinji gün diýlende biz beýik daglara gabat geldik, ummasyz daglaryň arasynda sähelçe gazsaň, çeşme suwlary çykýar. ■ Guzlar Biz al-Guzziýa ady bilen tanalýan türk taýpasynyň üstünden geldik. Olar çarwadarlar: olaryň öýleri keçeden ýasalan, olar (guzlar) göçüp-gonup ýörler… Eger-de, olardan biri bir zadyň başyny başlajak bolsa, onda ol tirebaşysynyň ýanyna baryp maslahat soraýar. Ol oňa aýdýar: «Eý, aga, şeýle bir iş etjek welin, näme maslahat berýäň?». Olar öz aralarynda geňeşsiz iş etmeýärler. Ýöne käteler olar bir karar gelseler-de, öz içlerinden dereksiz biri gelip, şol işi başa bardyrtman ýok edýän wagtlary hem bolýar. Men olaryň asmana bakyp: «Bir Alladan özge Hudaý ýok. Muhammet Hudaýyň Pygamberi« diýip oturan wagtlaryna-da gabat geldim, ýöne olar özleri muňa ynanman, duşlaryndan geçip gidýän musulmanlara ýakyn durjak bolup diýän bolmaklary-da ähtimal. Eger-de olaryň arasynda biri bela-betere uçrasa, işi şowuna bolmasa, onda ol asmana garap: «Bir Taňry« diýýär. Aýallary erkeklerinden ýaşynmaýar… Olar azgynlyk diýlen zady bilenoklar, eger-de, şoň ýaly bir zady bilseler, onda ol adamy iki bölege bölýärler, ol şeýle: ony ýanaşyk duran iki sany agajyň arasyna salyp, ol agaçlary bir-birine gowy edip çatýarlar. Ol adamy şol agaçlaryň şahalaryna daňyp goýýarlar-da, soňam birbirine sepleşip duran agaçlaryň daňysyny çözýärler. Agaçlar dogurlanýança, adam iki bölege bölünýär. Bir gezek türkleriň biri «okap ber« diýdi. Gurhanyň okalyşy oňa ýaran bolmagy çemeli, dilmaja garap: «Arasyny bölmän okasyn« diýdi. Bir gezek ol dilmajyň üsti bilen şeýle diýdi: «Şol arapdan sora, biziň Hudaýymyz güýçli we beýik aýalmy?». Men munuň aýdanlaryna ýüregim ýarylara geldi we onuň günäsini geçmegini sorap, Hudaýyň adyna mahabatly sözleri aýdyp başladym. Ol türkem meniň hereketlerimi gaýtalady. Eger-de, «Alladan özge Hudaý ýokdur« diýip gaýtalaýan musulman adamy görseler, şolary gaýtalamak türkleriň endigi eken. Olaryň gudaçylyk düzgüni şeýleräk: eger-de olardan biri başga biriniň maşgalasyndan, şonuň gyzyna, ýada bolmasa, aýal doganyna sawçy bolup gelse, onda ol guda bolan ýerine pylança horezm egin-eşigini sowgat bermeli. Şonda şonça zady töländen soň gelinligi özi bilen äkidýär. Käwagt bolsa galyň (mähr) üçin düýedir at ýada gaýry bir zatlaryňam berilýän wagtlary bolýar. … Egerde türkmenleriň öz içinden dost tutunmasa, ýekeje musulmanam olaryň ýaşaýan ýerinden geçip bilenok. Her gezek şol musulman türküň öýünde myhman bolmaly. Myhman ýerine yslam ýurdundan getirip serpaý ýapýar. Onuň ýanýoldaşyna bolsa ýogran sowgat getirýär. Az-owlak burç, dary, kişmişdir hoz berýär. Musulman myhman gelende, öý eýesi oňa özbaşyna gara öý dikip berýär we näçe iýesi gelse goýun getirýär. Myhman göwni näçe islese, şonça-da goýny sanjyp öldüribermeli. Çünki türkleriň özi goýny sanjyp öldürenoklar. Olar goýny öldürjek bolsalar, onuň kellesine güýçli urgy bilen urup öldürýärler. Egerde myhman ýola düşjek bolsa, oňa-da atdyr düýe ýa-da pul gerek bolsa, onda ol ähli zadyny myhman ýerine goýup, türk dostundan at, düýe we gaýry harajatlary alýar. Şeýdibem ol gitmeli ýeirne ugraýar. Yzyna dolananda ol türk dostundan alan zatlarynyň hemmesini doly gaýtaryp berýär. Ýa-da bolmasa, kerwen bilen geçip barýan bir nätanyş musulman türke gelip: «Men seniň myhmanyň, maňa seniň düýäň, atyň gerek, pul gerek« diýse, ol öz myhmanynyň islän zadyny berip goýberýär. Eger-de şol söwdegäriň giden ýerinde ajal peýmanasy dolsa, kerwenem yzyna dolananda, ýaňky türk kerweni garşylap: «Hany meniň myhmanym?« diýip soraýar. Eger-de, «Öldi« diýip jogap berseler, onda ol kerwendäkileriň iň bir baýyrakdyr öýdýän täjiriniň ýanyna baryp, onuň ýüküni ýazdyryp, öz zatlaryna laýyklap dirhem paýyny, şeýle hem näçe at, näçe düýe beren bolsa şonçada malyny alýar. Şondan artyk ýekeje jinnek ýalam zat alanok. Munuň üçin täjir hiç hili sesini çykaranok. Zatlaryny alandan soň türk täjire garap: «Ol seniň dogan oglanyňdy, onuň bergisini üzmek seniň boýnuňa düşdi« diýip aýdýar. Egerde, ol (birinji söwdegär) gaçyp gitse, onda türk ýaňky ýaly hereket edip, oňa (2-nji täjire) «Olam edil seniň ýaly musulman, sen gowusy şondan alaý« diýýär. Eger-de, ýaňky täjir myhmanyň ýetiren zyýanynyň öwezini dolmajak bolsa, onda üçünji bir täjiriň ýanyna barýar. Egerde, gaçanyň nirededigini anyk bilip, türke salgy berseler, ol ony gözläp birnäçe günlük ýoly geçmeli bolýar. Baryp, tapyp, tä öz zatlaryny alýança şo ýerde bolýar. Türküň düzgüni, ine, şeýle. Ol al-Jürjäniýa tarap myhmançylyga ýola düşse, tä yzyna gaýdýança myh man ýerinde ýaşaýar. Egerde, türk öz musulman dostunyňkyda ýogalaýsa, kerwenem şolaň üstünden geçip gitmeli bolsa, onda ölen türküň dostuny öldürýärler: «Eger-de, sen ony türmä basdyrmak bolsadyň, onda ol ölmezdi« diýip aýdýarlar… Şeýle hem oňa şerap berse, olam diwardan ýykylyp ölse, munuň üçinem şol şerap beren dostuny öldürýärler. Eger-de, kerwende dost ýok bolsa, onda onuň deregine kerweniň içindäkileriň görnükliräk başga birini onuň deregine öldürýärler… … Egerde, türklerde kimdir biri kesellese, öýdäkileriň hiç biri onuň ýanyna girenok, oňa gyrnagy ýada guly seredýär. Oňa öz başyna çadyr dikip berýärler. Ol tä gutulýança ýada ajaly ýetýänçä şol ýerde bolýar. Eger-de ol gul ýa-da garyp bolsa, onda ony çölüň içinde taşlaýarlar. Adam ölende oňa öýe meňzeş edip gabyr gazýarlar, oňa içmek geýdirýärler, guşagyny dakýarlar, ýaýyny ýanynda goýýarlar, agaçdan ýasalan käsä şerap guýup, eliniň aýasynda goýärlar, ähli goş-golamyny ýygnap getirýärler, şeýdibem ony jaýlaýarlar, üstüni ýapyp we palçykdan gara öýe kybapdaş gümmez ýasaýarlar. Näçe aty bolsa, ýüz bolsa ýüz, iki ýüz bolsa iki ýüz, bir bolsazda bir, sanyna görä atlaryny öldürip, kellesinden, aýagyndan, hamyndan we guýrugyndan başga ýerini iýýärler. Galan zatlaryny bolsa agajyň üstüne ýazyp goýup: «Bular onuň jennetde münip gitjek atlary« diýip aýdýarlar. Eger-de ol ýogalanda biriki gün atlaryny bir sebäp bi len öldürmedik bolsalar, onda şol tiräniň ýaşulyrak biri gelip: «Men düýşümde pylany-pylanyny gördüm, ýagny ölen adamy, ol aýtdy: «Ýoldaşlarym bireýýäm meniň deňimden ozup geçip gitdiler, men olaryň yzyndan ýetjek bolup aýaklarymda ysgyn galmady, olaryň yzyndan ýetip bilmän, ýeke özüm galdym« diýip aýtdy«, diýip habar berýär. Ine, şu ýagdaýda adamlar onuň atlaryny öldürip, iýmedik zat larynam mazarynyň başynda ýazyp goýýarlar. Bir-iki gün geçenden soň ýene şol ýaşuly gelip: «Düýşümde men pylany'pylanyny gördüm. Ol: «öýdäkilere we dost-ýarlara aýt, men ýoldaşlarymyň yzyndan ýet dim, ýadawlugym aýryldy« diýip aýtdy« diýýär. Türkleriň ählisi sakgallaryny syrýan ekenler, murtlaryna weli degenoklar. Ýöne men possun atynan çürüje sakgally bir garryja adama gabat geldim. Guz türkleriň patyşasyny Ýabgu diýip atlandyrýarlar. Onuň orunbasaryny Kudarkin diýip atlandyrýarlar. Biz bu türkleriň ýaşaýan welaýatlaryna çykyp, olaryň serkerdebaşysynyňkyda aýak çekdik. Onuň ady Atrak, Al-Katanyň ogly. Ol bize türk öýlerini dikdi, biz onuň gadyrly myhmany bolduk. Onuň öýleri uly. Biziň üçin köp sanly goýun, at getirdiler. Goýny öldürip iýmek üçin, atlary bolsa bize gezim üçin getiripdirler. Biziň hormatymyza ol öz ähli maşgalasyny, agasynyň ogullaryny çagyrdy we gaty köp goýun öldürip, söwüş etdi. Biz bolsa oňa halat ýapdyk. Kişmiş, hoz, burç, dary sowgat beripdik. … Biz ýola rowana bolup, Bagnady derýasyna barýançak ýolumyzy dowam etdirdik. Adamlar düýe hamyndan ýasalan haltalaryny çykaryp başladylar. Onuň içlerini geýimgejim we gaýry zatlar bilen dolduryşdylar. Içi dolansoň her ýol haltasynyň üstüne dör-bäşden ýada azyrak bolup mündiler. Adamlar ak deregiň ýogyň şahalaryny kürek edip, suwy kürekläp ugradylar. Atlardyr düýeler bolsa özlerini suwa urup, derýada ýüzip başladylar. Derýadan söweşiji otriadyň sagaman geçmegi örän möhümdi, olar ýaraglanandy. Olar adamlaryň goragçylarydy, kerweni başgyrtlardan goraýardylar. Bagnady derýasyndan ine, şeýleräk geçdik. Soňra biz Jam diýlip atlandyrylýan derýadan ýol haltalarynyň kömegi bilen geçdik. Soň biz Jahaş, Adal, Ardan, Wariş, Ahti, Wabna derýalaryndan geçdik. Bulaň ählijesem uly derýalar. Bu derýalardan geçenmizden soň biz peçengilere duş geldik, olar deňze meňzeş kölüň boýunda ýurt tutupdyrlar, reňkleri gara, sakgallary düýbünden syrylgy, guzlara garanyňda gaty garyp. Çünki men guzlaryň arasynda bolanymda on müň atly, ýüz müň goýunly adamlara-da duşupdym. … Biz peçenegleriň bir günlik myhmany bolduk. Soň ýola düşüp, Jaýh (Haýj)[1] derýasynyň boýunda saklandyk. Biziň gören derýalarymyzyň içinde ol iň ulusydy. Örän güýçli akym bilen akýardy. Men suwuň içine agdarylan ýol haltasyny hem gördüm, zaýaçylyk köp boldy. Biz derýadan gaty kynlyk bilen geçdik. 1997 ý, sentýabr. ___________________________ [1] Ýaik derýasy (Ural). | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |