10:40 Ideýasyz eser - edil ýelkensiz gämi ýaly | |
IDEÝASYZ ESER - EDIL ÝELKENSIZ GÄMI ÝALY
Edebi tankyt
"Ideýasyz eser - edil ýelkensiz gämi ýaly". bu sözleri kimdir biri aýtdy we kimiň aýdany şu wagt ýadymda ýok. Ýöne ol adam eseriň ideýasy barada başgada köp zatlar aýtdy. Men häzir size ol aýdylanlar barada elýeter görnüşde ýetirmäge synanşaýyn: Ideýa eseriň ýüregi, ideýasyz eser ýöne bir güýmenje ýaly bir zada öwrülýär. Emma güýmenje eserlere-de kem baha garamaly däl. Mysal üçin Stiwen Kingiň eserleriniň bary güýmenje eserlere degişli. Ýöne ol eserler okyýjyda başga duýgulary oýarmagy başarýar, mysal üçin gorky duýgysyny. Ýa-da başga mysal alalyň: detektiw žanrdaky eserlerde ideýa bolanok, ýöne barybir ol eserler beýleki žanlardan has köp okalýar. Nähili bolanda-da bize içinde ideýa saklaýan eserler gyzykly, şonyň üçinem ideýa barada gürrüňdeşligi dowam edeli. Ideýa diýen zat öz başyna ýönekeý zat, ýöne ideýany subut etmek beýle ýönekeý iş däl. Bir ideýany subut etjek bolsaň bir giden zat ýazmaly. Aýdýan zatlaryň has düşnükli bolar ýaly bar zady praktika geçirip göreli. Aýdaly şeýle bir ideýa bar: "Gyz" däl gyzlara öýlenmek gowy däl. Durmuşa çykmazdan öň jynsy gatnaşykda bolan gyzlara öýlenmek gowy däl. Şeýle gyzlary alsaň, gül ömrüň kül bolýar. Şeýleräk ideýany göz öňüne getiriň. Mysal üçin biz köpçülikde bir ýerde şeýle samsyk sözleri aýtdyk we märeke bize öz nazaryny dikdi. Aýdan sözlerimiz üçin jogap sorady. Aýdan zatlarymyzy subut etmegi talap etdi. Biz hem samsyk däl we aýdan sözlerimiziň yzynda durup bilýäris. Aýdan sözlerimiziň yzynda durmak üçin bolsa, bize gowja sýužet gerek. Ideýa eseriň ýüregi bolsa, sýužet eseriň damarlary. Sýužet ideýany dogry subut etmäge ýardam berýär. Ýöne sýužetdan öň biz "argumentlar" barada pikir etmeli. Ýokarda agzan ideýamyzy subut etmek üçin bolsa şeýleräk argumentlar zerur: —"Gyz" däl gyza öýlenseň ile gürrüň bolýaň. —Dostlaryň arasynda diliň gysga bolýar. —Gelniň bilen bir ýerde görünmäge utanýaň, sebäbi öňüňden bir ýerde gelniň öňki dostlary çykyp üstiňden güläýjek ýaly. —Çagalaryň özüňdenmi dälmi, mydama şübheli gezýäň. —Aýalyňa bolan ynamy doly ýitirýäň. —Öýdäki dawalaryň barynda "sen başdan düzüw däldiň" diýen frazalar mydama eşdilýär. Meň kelläme gelýän argumentlaryň bary şulardan ybarat. Belki-de ideýany subut etjek başgada güýçli argumetlar bardyr? Argumetlar bilen anyklanylandan söň sýužet barada pikir etmeli. Eger argumentlar monjuklar bolsa, sýužet şol monjugyň ýüpjagazy. Başgaça aýdaňda argumentlaryň bary sýužet boýunça izgiderlikde düzülmeli. Awtor argumetlaryň baryny ýekeme ýeke agzap geçmeli. Ýokarda agzalan argumetlaryň üstine men ýenede iki sanagyny özümden goşardym, ýöne ol iki argument barada azajyk soňyrak. Geliň ilki başda agzan ideýamyz üçin sýužet düzjek bolup synanşalyň. Aýdaly bir oglan bir gyza öýlendi we alan gyzy "gyz" däl bolup çykdy. Oglan hiç zat bolmadyk ýaly gyz bilen ýaşaşyberdi. Wagtyň geçmegi bilen olaryň çagasy boldy. Bolan çaga 4-5 ýaşady. Göräýmäne bar zat gowy ýalam bolsa oglanyň ýüreginde şübhe döredi. Oglanyň çagasy öň özüne meňzänok. Ol çaga ejesiniň klasdaş oglanlarynyň birini ýatladýar. Oglan başda hiç zat gürlänok, ýöne iň soňunda ýarylýar we aýaly bilen söwüşip öýden gidýär. Öz çagalarynyň ganyny barlap görmegi teklip edýär. Netijede är aýal öz çagalaryny gan merkezine alyp gidýärler. Edil şu ýerden bolsa eseri başlasaň bolýar. Keselhanada tukat är aýal nobatda durlar. Kiçijik çagajyk kakasynyň ýanyna barjak bolýar, ýöne kaka çaga ýüz berenok, eje bolsa gapdalda sessizje aglap dur. Biziň subut etjek bolýan ideýamyzyň iň birinji argumenty hem şol bolar. Gyz däl gyza öýlenseň, ondan dogulan çaga mydama şübheli bolarsyň. Elbetde hakyky durmuşda bar zat başgaça bolmagy mümkin? Ýöne biz ýazyjy we ýalançy. Biziň maksadymyz okyýjyny özimize ynandyrmaga mežbur etmek. Birinji argumet hökman iň güýçli argumentlaryň biri bolmaly. Iň ejiz argumentlar ortalykda gelmeli we iň güýçli "super" argument eseri jemlemeli. Şeýlelik bilen eseri dowam edeli: Är-aýal öz çagalaryny barlagdan geçirdiler we lukmanlar barlagyň netijesini aýtdylar. Çagaň kakasy hakyky kaka bolup çykdy. Baş gahryman oglan biderek ýere alada galypdyr, ol çyndanam kaka eken. Ýöne baş gahryman oglan barybir injalanok, ol öz çagasynyň özünden däldigine çyny bilen ynanýar. Edil şol ýerde keselhanadaky ýaş lukmanlaryň biri gelniň ýakyn tanyşlarynyň biri bolup çykýar we baş gahrymanyň keseliniň üstine ýene bir kesel goşulýar. Edil şu ýerde biziň argumetlarymyzyň ýene biri işläp başlaýar. Oglan öz gelni bilen nirä çyksada olaryň öňünden gelniniň köne oýnaşlarynyň biri çykaýjak ýaly. Elbetde bu ejiz argument, şonuň üçin biz bu argumenty eseriň fon tarapynda ulanarys. Ýene öňe gideli, baş gahryman oglan gelni bilen ýene söwüşýär öýden gidip öz gowy dostynyň daçasyna göçüp barýar. Şu ýerde baş gahryman oglanyň dostyny hakyky filosow edip görkezmek zerur. Sebäbi kimdir biri biziň baş gahrymanymyza takal okamala, şol sanda okyjylarada. Lukmanlardan dogry habary alyp bilmedik oglan palçydyr bilgiçlere baş urýar. Şol iki arada onuň dosty hem öz pikirlerini aýdyp ýetişýär: —Men saňa şol gyzy alma diýdim, men saňa şol gyzy alma diýdim. Bar zadyň şeýle gutarjagyny men saňa öňem aýtdym. Soň eseriň sýužety azajyk togtaýar, oglan bilen oň dosty bir ýerlerde palçy bar bolsa gatnap başlaýarlar. Oglan bir aýlap öýüne baranok. Soň oglan içgili kellä öz gelniniň oýnaşy hasap edýän oglanyň öýüne barýar we oň bilen söwüşýär. Ile masgara bolýar. Soň baş gahrymanyň dosty bir ýerlerde super-puper palçyň we bilgijiň bardygyny eşidendigini aýdýar. Islendik eserdäki baş gahrymanyň dosty şeýle habary tapmak üçin peýdalanýar we biziň esermizem şol däpden daşa düşmedi. Netijede baş gahryman şol palçyň ýanyna barýar we bar hakykaty bilýär. Palçyň aýtmagyna görä çagaň kakasy kim bolsa şol bolsyn. Gyzdan dogulan çaga hökmany ýagdaýda gyzyň "gyzlygyny" kim alan bolsa şoňa meňzeýär. Baş gahrymyň çagasy öň özünden bolsada, çagaň ruhy hamala oň ejesi bilen kim birinji gezek ýatan bolsa şoňky ýaly. Baş gahryman özini aldanan ýaly duýýar, ol öňkiden beter umytdan gaçýar. Ol asla şeýle zatlara känbir ynananok. Ýöne palçy bilgiç öz pikirini nygtaýar. Kim gyz bilen birinji gezek ýatan bolsa, gyzdan dogulan çagalaryň bary şol birinji oglana meňzeýär. Soň gyz kimden çaga dograsy gelse dogrybersin. Ine meň ulanjak güýçli argumentlarymyň biri. Öňde ýene bir wajyp argument bar. Şol argumet bolsa esere nokat goýýar. Agşamlyk daçada baş gahryman bilen oň dosty arak içip otyrlar. Baş gahryman öz dostyna içini dökýär. Ol şeýle diýýär: —Men hemme zatdan beter bir zady gaty görýän. Ine men öýlenmezden öň, hiç bir gyz bilen ýatyp görmedim. Men diňe öz aýalymy bilýän, başga aýal bilemok. Meň üçin bar zat täzedi, birinji gezekdi. Ýöne aýalym üçin beýle däldi. Ol meniň üçin geň zatlaryň baryny başga oglanlar bilen öň başyndan geçiripdi. Men bolsa bar duýgulary bilelikde başdan geçireris diýip garaşypdym. Aýalymyň birinji duýgularynyň baryny menden ogurladylar. Men şony gaty görýän, —diýýär. Takmynan şeýleräk äheňde baş gahryman pikir ýöredýär. Gepiň tümmek ýeri bar zat bulaşýar. Soň baş gahrymanyň dosty hem oň aýaly bilen ýatanyny boýun alýar. Baş gahryman bolsa ony içgili kellä bagyşlaýar. Ertesi gün irden welin bagyşlanyna ökünip dostunyň daçasyny hem taşlaýar. Soň arak içip başlaýar, işden kowulýar we iň soňunda hasrata çydaman özini asýar. Ýa-da aýalyny we çagasyny öldürýär we soňundan özüni asýar. Şeýleräk ýönekeý mysalda ideýa bilen argumentlar işleýär. Agzan zatlarymyň bary günbatar edebiýatynyň reseptlary we köplenç hökümediň buýrmasy boýunça ýazylýan eserleri döretmek üçin gerek enjamlar bolup durýar. Eger biziň ýurdumyzda, edebiýatyň üsti bilen şeýle ideýany girizip başlasaň, uzagyndan "gyz" däl gyzlary gelin edip alýan oglanlaryň sany azalmaly. Eseriň ideýasy näçe gowy subut edilsede, şonçada çalt azalmaly. Eseriň üstinden näçe köp wagt geçsede, şonçada köp azalmaly. Eserler üçin ideýalar ol diýen kän däl, ýöne şol ideýalary subut etmek üçin argumentlar we sýužet dürli dürli bolýar. Mysal üçin ýene bir ideýany alalyň. Has dogrysy iki sany gapma garşy ideýalary alalyň: "Köp aýallylyk gowy", we "köp aýallylyk gowy däl". Iki ideýanyň dogrydygyny hem okyýja subut edip bolýar. Käbir ýazjylar iki sany gapma garşy ideýalary şol bir eserde subut etmegi başarýarlar. Ýöne şeýle usul bilen ýazylan eserler galp bolýarlar. Ol eser ýazyjyň ýüreginden çykanok, şeýle eser ýazyjyň aňyndan çykýar. Şeýle eserleri köplenç günbatar edebiýaty, halkyň içine zäherli ideýalary siňdurmek üçin peýdalanýar. Okyýjy näme üçindir awtora ynanýar. Awtor bolsa öz gezeginde islendik ideýany okyýja subut etmegi başarýar. Eger başarmaýan bolsa ol eýýäm awtor däl. Köp aýallylygy aklaýan argumetlaryň gözlegine çykaňda ilki bilen musulman dinine ýüz tutmaly. Başga sözler bilen aýdaňda köp aýallylygyň gow taraplaryny eserde sanap geçmeli. Gowy taraplar bolsa şulardan ybarat: 4 aýala çenli Allahyň özi rugsat berdi. Aýallaryň bary bilen bir bada ýatsaň bolýar, (grupawoý seks), bu eýýäm erotiçeski argument. Uly maşgala näme diýseňem gowy. Baş gahryman bir dälde dört sany maşgalany aýaga galdyrany üçin Allah ony ýalkaýar we rysgalyny açýar. Eger hemme erkekler dört aýal alyp başlasalar biziň milletimizde jelepçilik diýen zat ýatar we halkymyz berkär. Köp aýallylygyň gowdygyny subut edýän argumentlar şulardan ybarat. Elbetde köp aýallylygyň erbetdigini subut edýän argumentlar hem bar. Ýöne biz öz özümize garşy gidip, olary şol bir eserde agzap oturmarsa? Biz ol argumentlara gözümizi ýumarys. Argumentlaryň bary taýyn bolansoň diňe baş gahrymany sýužetyň içinden geçiräýmek galýar. Köplenç şeýle usul bilen ýasalan emeli eserde sýužet o diýen güýçli bolanok. Ýöne baş gahryman görelde alynýan gowy adam bolmaly. Bu zerur düzgün. Eger baş gahryman okyýjyň göwnünden tursa, okyýjy baş gahrymana meňzäsi gelýär we oň yzyndan gaýtalaýar, baş gahrymanyň bar sözlerine ynanýar. Eger baş gahryman göreldeli oglan bolup çyksa we okyýja "Beçewazlygyň" gowy taraplaryny sanap başlasa. Okyýjy oňa hem ynanýar. Edil biziň günlerimizde günbatar edebiýaty ýokarda agzan emeli usul bilen ýasalýar. Soňky döwür çykýan eserleriň bary diýen ýaly içinde adamzat üçin zäherli ideýalary göterýär. Şeýle eserler baýraklara-da eýe bolýarlar, okamagada teklip edilýär. Ýöne wagtyň geçmegi bilen şeýle eserler öz özünden ünsden gaçýar. Olaryň içinde diňe sanaýmaljasy klassiki eserleriň hataryna geçmegi başarýar. Ideýalar we olaryň subut edilşi barada näçe gürrüň etseň edip otyrmaly. Iň esasy zat okyýjylar günbatar edebiýatynyň emeli usul bilen döredilýändigine düşünseler boldy. Ýöne eserleriň emeli döredilýändigi muşşakgatyň diňe ýarsy. Günbatar edebiýatynyň önümleri adamzat üçin zäherli ideýalary halkyň içine itekleýär. Esasanam soňky döwür çap edilýän eserler şeýle. Şeýle hereketler üçin Alla olardan irde-giçde jogap sorar. Biziň edebiýatymyz welin başga gep. Edil beýle bir meşhur dälem bolsa adamzada zyýan ýetirme aladasy ýok. | |
|
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||