20:03 Ilkinji suratkeş robotyñ geçiren sergisi | |
ILKINJI SURATKEŞ ROBOT SERGI GURADY: OL DÖREDIJILIGIÑ ADAMA MAHSUS SUNGATDYGY HAKDAKY PIKIRI PÜÇEGE ÇYKARÝAR
Şekillendiriş we heýkeltaraşlyk sungaty
"Tehnologiýa şugadar köp ugra aralaşjak bolsa, onda adamyñ nämä geregi bar?" Ai-Danyñ eserleriniñ sergisi Birleşen Korollygyñ paýtagtyndaky "Design Museum" dizaýnerçilik muzeýinde gurnaldy. (AFP) Ai-Da atly adamsypat robotyñ çeken awtoportretleri görkezilen Londondaky täze sergä sungatsöýüjilerdir tehnologiýanyñ muşdaklary gatnaşdy. Dünýäniñ ilkinji suratkeş roboty diýilýän Ai-Dany döredijileriñ pikirine görä bu sergi sungatyñ we döredijiligiñ diñe adama mahsusdygy hakdaky pikiri püçege çykarýar. Ai-Da emeli añyñ kömegi bilen surat çekip, jisimleri şekillendirip, özi hereket edip, göz gyrpyp, gepläp bilýär. Şol sanda ol zenan keşbine bürendirilen adamyñ boýy bilen deñ android suratkeşdir. Robotyñ gözi aslynda özüne "seretmesine" we gören zatlaryny kopiýalamagyna mümkinçilik berýän kameralar. Robotik gollar real portretleri şekillendirip bilýän emeli añ algoritmi tarapyndan dolandyrylýar. Şol bir wagtyñ özünde emeli añ adam suratkeşleriñ eserlerinde ulanylan tehnikalary we reñk şemalaryny-da öz içine alýar. "The Guardian"-yñ berýän habaryna görä, Birleşen Korollykdaky Oksford we Lids uniwersitetlerinden programmistlerden, robot hünärmenlerinden, psihologlardan ybarat topar 2017-2019-njy ýyllarda Ai-Danyñ üstünde işlediler. Robot adyny ilkinji kompýuter programmisti hasaplanýan britaniýaly görnükli matematikaçy Ada Lawleýsden we emeli añyñ iñlis dilindäki gysgaltmasy AI-den alýar. "Livescience" žurnalynyñ habar bermegine görä, geçmişde Ai-Danyñ üstünde işlemek çylşyrymly matematiki modellere esaslanýan abstrakt suratlardan ybaratdy we onuñ ilkinji sergisinde satylan suratlaryñ bahasy bir million dollardan geçdi. Indi bolsa ýörite enjamyñ çeken ilkinji awtoportretleri ýüze çykdy. Şol eserlerden üçüsi 18-29-njy maý aralygynda "Ai-Da: Robotyñ portreti" ady bilen halk köpçüligine açyk sergide goýuldy. Ai-Danyñ dizaýnyna gatnaşan galareýaçy Aidan Meller "Bu suratlar sizi ynjalykdan gaçyrmak üçin görkezilýär" diýdi: "Adamzadyñ ümzüginiñ nirä tarap barýandygyny derñemegi maksat edinýär: Tehnologiýa şugadar köp ugra aralaşjak bolsa, onda adamyñ nämä geregi bar?" # The Independent, Livescience, The Guardian Taýýarlan: Çagla ÜREN. Sişenbe, 25.05.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |