04:15 Adamlaryñ dünýäniñ soñy gelende özlerini nähili alyp barjakdygy barlandy | |
ADAMLARYÑ DÜNÝÄNIÑ SOÑY GELENDE ÖZLERINI NÄHILI ALYP BARJAKDYGY BARLANDY
Publisistika
Emeli añ real durmuşyñ maketini hödürledi. Käbir alymlar Gün radiasiýasy sebäpli Ýer togalagynda ýaşaýşyñ bir milliard ýyldan soñ ýok bolup biljekdigini aýdýar. Günorta Koreýaly ylmy-barlagçylar kompýuter oýny arkaly adamlaryñ Ýer şarynyñ ýok boluşyna berjek effektini barlap gördo. Paý-Çaý uniwersitetinden Ah Reum Kangyñ ýolbaşçylygyndaly topar synaglar üçin köp oýunçyly uly onlaýn rol oýnalýan oýun bolan "ArcheAge"-dan peýdalandy. XXVI Halkara "World Wide Web" konferensiýasynda hödürlenen ylmy işde oýunçylaryñ ilkibada isleýşi ýaly oýun oýnamagyna ýol berilendigi aýdyldy. "ArXiv" internet saýtynda berilen ylmy makalada oýunçylar 11 hepdeläp isleýişleri ýaly tabşyrygy ýerine ýetirmegi, şertleri öwrenmegi, derejeden geçmekleri we toparyñ ştabelirlemegi üçin özbaşyna goýberilendigi aýdylýar. Emma oýunçylar 11 hepdäniñ ahyrynda alypbaryjynyñ öçüriljekdigini we ähli öñegidişlikleri bilen birlikde gahrymanlarynyñam ýok boljagyny bilýärdiler. Şeýtmek bilen oýunçylaryñ soñky wagtlarynda oýunda nähili wagt geçirýändigine syn edildi. Makalada "Şeýlelikde oýunçylaryñ soñky birnäçe gündäki oýunyñ içinde özlerini alyp baryşlarynyñ bolup biläýjek netijeleri manysyny ýitirdi" sözlerine ýer berildi. 270 million oýunçynyñ özüni alyp baryşynyñ ýazgysyny analiz eden barlagçylar topary oýuny yzygiderli formada öldürmäge dowam etmegi saýlap alan birnäçe çapraz oýunçydan başgasynyñ geñ galdyryjy ýagdaýda arkaýyn oýnaýandygyny görüpdir. Topar şeýle-de, oýunyñ soñuna çenli galan adamlaryñ has parahatçylykly hereket etmäge meýil bildirendigini ýazdy. Bularyñ oýuna çyny bilen ýapyşan gatlakdygy aýdyldy. Munuñ bilen birlikde toparyñ "gözden ýitenler" diýip atlandyran, oýuny öz islegleri bilen wagtyndan ir taşlan kişiler, "jogapkärçilik duýgularyny we oýuna baglylyklaryny" ýitirendikleri üçin beýleki oýunçylary öldürmek ýaly antisosial hereketleri etmäge meýillidi. Barlagçylar sosial toparlaryñ gatnaşýan söhbetdeşlik kanallarynyñ soñky müddet ýakynlaşanda "has bagtyýar" bolma meýliniñ bardygyny aýdýar. Bulam "hereket edýän sosial gatnaşyklaryñ ep-esli güýçlenendigini" añladýar. Oýunyñ soñuna galan oýunçylaryñ guran ownuk wagtlaýyn toparlarynyñ sanynda-da partlamalar bolup geçendigi belli boldu. Bulam "täze sosial gatnaşyklaryñ gurulandygyny" görkezdi. Makalada aýratynam şeýle diýildi: "Gadymkylar "Ertir dünýäniñ soñlanjagyny bilsemem, elimdäki alma nahalyny oturdaryn" diýipdir. Emma geçirilen barlagyñ netijeleri bu sözi tassyklamaýar. Oýunçylaryñ tabşyrygy tamamlama, derejeden geçme we umumy ukyplarynda düýpli pese gaçyşlyklaryñ bolandygyny gördük". Barlagçylar topary bu synagyñ Ýer şarynyñ soñunyñ golaýlaşan wagtynda adamlaryñ özlerini nähili alyp barjagyna degişli möhüm maglumatlary berendigini we real durmuşyñ analogiýasy bolandygyny nygtaýar. # "IFL Science", ArXiv Taýýarlan Çagla ÜREN. Penşenbe, 18.05.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |