22:25 Roman Abramowiç: Putin bilen gatnaşygy, jöhit jemagaty bilen baglanyşygy we milliarderlik derejesi | |
ROMAN ABRAMOWIÇ: PUTIN BILEN GATNAŞYGY, JÖHIT JEMAGATY BILEN BAGLANYŞYGY we MILLIARDERLIK DEREJESI
Publisistika
Britan futbol kluby "Çelsini" satyn alandygy bilen giñden tanalýan Abramowiç Russiýa-Ukraina gepleşiklerinde-de uly rol oýnaýar. Rus milliarderi şol bir wagtyñ özünden Ysraýylyñ we Portugaliýanyñ hem raýaty (AP) Russiýa-Ukraina urşy başlanan wagtyndan başlap Ýewripa bileleşigi (ÝB), ABŞ we Britaniýanyñ Birleşen korollygy (BK) dahylly baýlary sanskiýa berlenleriñ sanawyna girizýär we bu adamlaryñ Günbatardaky emläklerine el urýar. Russiýanyñ döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putiniñem arasynda bolan 11 adamy edil häzirki wagtda BK-yñ sanksiýa sanawynda. Emma BK-da we ABŞ-da sanawa girizmelimi ýa dälmi dawasy gidýän ýene bir oligarh bar: ol hem britan futbol kluby "Çelsiniñ" hojaýyny Roman Abramowiç. Putin bilen ýakyn gatnaşyklarynyñ bardygy bilinýän urşuñ başynda tankyt topunyñ öz garşysyna öwrülmegi bilen kluby satmagy makul bildi we girdejisini Russiýa-Ukraina urşundan jebir çeken ýönekeý raýatlara bagyş etjekdigini aýtdy. Meşhur milliarderiñ beýtmek bilen sanksiýalardan gaça durmaga synanyşýandygy aýdylýar. Beýleki bir ýandan haýyr-sahawat kömekleri agzalanda Abramowiçiñ aýratynam jöhit jemagatynyñ içinde sahylygy bilen tanalýar. Emma käborleri Abramowiçiñ gumanitar işleriniñ Russiýanyñ syýasy täsir gurşawyny giñeltme maksadyna hyzmat edýändigini öñe sürýär. Özüni "jöhit sosialistleriniñ baý pikir-düşünjesine, aktiwizme we medeni mirasyna bagly metbugat organy" hasaplaýan "Jewish Currents" gazetinde Abramowiçiñ jöhit jemagatlaryna eden haýyr-sahawat kömekleri barada aýdyldy. Dawid Klionyñ "Biziñ oligarhymyz" makalasynda rus milliarderiniñ beýleki ýurtlardaky ýöredýän işleri, çagalygy we nädip baýandygy barada-da gürrüñ edýär. Makalada öñe saýlanýan temalaryñ birem Roman Abramowiç we onuñ dünýä syýasatyna ýetirýän täsiri... • Abramowiçi milliarderlige getiren ýol Abramowiçiñ terjimehalyny ýazan Dominik Midgleýdir Kris Hatçinsiñ ýazmagyna görä rus milliarderi 1966-njy ýylda Saratowda, añyrsy Ukrainanyñ, Belorussiýanyñ, Litwanyñ jöhitlerine birikýän jöhit maşgalasynda dünýä indi. Onuñ ene-atasy Roman entek üç ýaşamanka ölüpdir. Ejesi Irina ogryn edilen abort operasiýasynda, kakasy Arkadiý bolsa gurluşyk işlerinde işläp ýörkä heläkçilige uçrap aradan çykypdyr. 1986-njy ýylda ýigrimi ýaşyndaka köçe awtomatlary bilen gidişen Abramowiç 1988-nji ýylda Mihail Gorbaçýowyñ iş şertlerini liberallaşdyrma maksatnamasyndan peýdalanyp oýunjak öndürmäge girişdi. Şondan soñky ýedi ýylda bolsa sowet çagalaryna rezin ördek satma işinden halkara bazarlarda nebit-gaz söwdasyna geçdi. Sowet Soýuzynda iñ girdejili işleriñ başyny çekýän jöhitler ýurt dargandan soñ ösüp barýan erkin bazar ykdysadyýetini-de ellerine alypdyr. Abramowiç hem şolaryñ biridi. Sowet Soýuzy 1991-nji ýylyñ soñunda doly dargansoñ Russiýanyñ täze prezidenti Boris Ýelsin döwletiñ garamagyndaky senagat edaralaryny hususylaşdyrmaga başlady. Biri-biri bilen 1995-nji ýylda tanşan Berezowskiý bilen Abramowiçem täze Russiýanyñ proto-kapitalistleri boldy. Abramowiç şu döwürde özünden on ýaş uly Berezowskiniñ howandarlygyna girdi. Iki şepe Ýelsin döwrüniñ işlerinde dünýäniñ iñ uly energetika kompaniýalaryndan "Sibneft"-de aksiýa alyp milliarder boldy. 1998-nji ýyldaky ykdysady krizisiñ yzyndan Putin iş başyna gelende bolsa iki şepäniñ arasy açyldy. Belli bir wagtdan soñ Putin bilen gidişip başlan Berezowskiý emläklerini hakyky bahasyndan arzan satansoñ, Abramowiç "Sibneftiñ" gözegçiligini öz eline aldy. Bu wakanyñ yzyndan Angliýa giden Berezowskiý 2008-nji ýylda "Sibneftdäki" aksiýalarynyñ aslynda zor bilen elinden alynandygy boýunça arz etdi. 2012-nji ýylda onuñ ýazan arzasy netijesiz tamamlandy. Milliarder 2013-nji ýylda Londondaky öýünde öz janyna kast etdi. Käbir adamlar onuñ öz janyna kast etmeginiñ mümkin däldigini öñe sürse-de netije çykmady we ölümi şübheliligine galdy. Berezowskiý bilen birlikde ýurtdan çykyp gaýsan Wladimir Gusinski-de Putiniñ nägileligini gazanan we şu döwürde ýurtdaky güýjüni ýitiren ologarhlaryñ biridi. Lýuksemburgda ýaşaýan rus bankiri we korrupsiýa garşy göreşiñ aktiwisti Roman Borisowiç bu barada şeýle diýdi: - Abramowiç aldym-berdimli söweşde hojaýynyndan (Berezowskä) ýüz öwüräýmelidi. Şeýle-de etdi. Ol şondan bäri Putine jany-teni bilen hyzmat etdi. • Abramowiçiñ baýlygyny Putin dolandyrýarmy? 2017-nji ýylda geçirilen barlagda Ryssiýanyñ GSYIH-niñ takmynan 60%-niñ deñizden añyrdadygy aýdylypdy. Bulam daşary ýurtda ep-esli trillion dollaryñ bardygyny añladýar. Iñlis žurnalisti we ýazyhy Ben Judah "Putin Kremle ýakyn oligarhlaryñ elindäki puly hakykatdanam öz puly hasaplaýar we bu pul daşary ýurtdaky bähbitli işleri dowam etdirmek üçin ulanylyp bilner. Köplenjem şeýdildi" diýip ýazýar. Abramowiç 2005-nji ýylyñ 27-nji maýynda Kremlde bolan duşuşykda prezident Wladimir Putin bilen (AP) Sowet Soýuzyndan soñky Russiýa hakynda birnäçe kitaplaryñ awtory nýu-ýorkly Maşa Gessen şu babatda "oligarh" sözüniñ "Russiýadaky güýjüñ nähili işleýändigine degişli umuman ýalñyş pikirleriñ döremegine sebäp bolandygyny" aýtdy. Gesseniñ pikiriçe, Ýelsin döwründe bu adalga hakykatdanam garaşsyz magnatlaryñ höküm sürýän sistemasyna baha berende Putiniñ iñ birinji eden işi bu sistemany ýykmak boldy. Gessen bu baýlar üçin "Indi diñe Putiniñ rugsat beren möçberindäki baýlyga ýetip bilýärler" diýýär. 14 milliard dollarlyk baýlygy bardygy pikir edilýän Abramowiç bolsa baýlygyny Putiniñ dolandyrýandygyny aýdýanlara berk garşy çykýar. Mysal üçin, ol geçen ýyl "Çelsini" satyn alma karary bilen birlikde Abramowiçiñ oýunçy satyn alma boýunça esasy işleri Putiniñ buýurýandygyny öñe süren iñlis žurnalisti Katerina Beltonyñ üstünden arz edipdi. Ýöne häzir rus milliarderleri sanksiýa sanawlaryna alynanda, Abramowiç hakdaky bu aýyplamalar halkara jemgyýetçiligiñ ünsüne düşdi. • Baýlygyny Günbatara daşady Abramowiç ýigrimi ýyldan gowrak wagt azyndan 200 million sterlingi BK-daky jaýlaryna daşady. Londonyñ Toni raýonynda bir bina, Günbatar Susseksde bir howluly köşk, Jersidäki "Channel Island" salgyt jennetinde jaý satyn aldy. 2003-nji ýylda şol wagtlar britan futbolynyñ yzynda süýrenip ýören "Çelsi FK-ny satyn aldy we kluby aýaga galdyrdy. Klubyñ güýçlenmegi ony tarapdarlarynyñ arasynda hakyky gahrymana öwürdi. Ýakynda Russiýa-Ukraina urşunhñ protest edilen oýnunda "Çelsiniñ" tarapdarlarynhñ "Roman Abramowiç" diýip gygyryşmagy munuñ bir mysaly. "Çelsiniñ" Abramowiçiñ dünýä boýunça elitalaryñ arasyna girmegine ýol arçandygy pikir edilýär. Milliarderiñ iudeý jemagatlary bilen gatnaşygy iudeý jemagatlaryna eden haýyr-sahawat kömeklerini-de Abramowiçe Ysraýylda-da, ähli jöhit dünýäsinde tanalmagyna getirdi. Russiýanyñ 1993-nji ýyldaky konstitusiýasy dini azatlygy kepillendirensoñ, ýurtdaky jöhit oliharhlarynyñ arazynda jemagat dawasy turdy. Ýokatda ady agzalan mediýa başlygy Gusinskiý belli bir derejede liberal rus-jöhit kongresiniñ (RJC) esaslandyryjylaryndan biri bolan bolsa, Betezowskiý we Abramowiç kökli jöhit guramasy "Çabady" we onuñ Russiýanyñ baş hahamy Berel Lazary goldady. Soñra Abramowiç Lazaryñ başlyklyk edýän we RJC-ny çalt yzda galdyryp, ýurduñ iñ güýçli jöhit toparyna öwrülen Russiýanyñ Jöhit jemgyýetleri Federasiýasynyñ (FJCR) baş maddy hemaýatkärleriniñ biri boldy. 2018-nji ýylda FJCR-niñ başlygy haham Aleksandr Boroda Russiýadaky jöhit jemagatynyñ ösüşiniñ 80%-i üçin Abramowiçe minnetdardyklaryny aýdýardy: - Muny agzaýan bolmasa-da, men agzamak isleýärin. Sebäbi adamlar munuñ çeşmesiniñ kimdigini bilmeýär. Russiýanyñ hemme ýerinde 160-dan gowrak jemgyýetimiz bar we Roman olaryñ hemmesini goldaýar. "Винтаж" rus aýdym-saz toparynyñ R.Abramowiçi mahabatlandyryp aýdan "Roman" aýdymyndan bir epizod Käbir synçylar Abramowiçiñ baýlygyny şeýle görnüşde ulanmagynyñam Putinden üzñe bolup bilmejeguni öñe sürýär. Jöhit guramalarynda rus fondlaryny öwrenen we adyny bermekden saklanan bir çeşme "Putin häkimiýete gelende Gusinskiden dynmaly boldy, ýöne ol jöhitleriñ duşmany hökmünde görülesi gelenokdy" diýdi. "Jewish Currents" gazetine interwýu beren çeşme sözlerini şeýle dowam etdirdi: - Şonuñ üçin RJC-ä alternatiw jöhit guramalaryny gurmagy makul bildi. Abramowiç we onuñ tanşy Lew Lewýew muny etmegine kömek beren iki esasy adamdy. Şeýle-de Abramowiç Russiýada we dünýäde "Çabady" goldamagyny dowam etdirdi. 2001-nji ýylda "Çabadyñ" garamagyndaky Moskwanyñ iñ uly sinagogy bolan "Marina Rosça" sinagogy we "Iudeý jemagaty" merkezine bäş million dollar bagyşlady. 2014-nji ýylda "Çabadyñ" Aspendäki 18 million dollarlyk mega "Iudeý merkeziniñ" açylyş dabarasyna gatnaşdy. Roman Abramowiçiñ ady merkeziñ girelgesiniñ diwarynda haýyr-sahawat kömegini edenleriñ arasynda ýer alypdy. Abramowiç 2012-nji ýylda açylan Moskwadaky 50 million dollarlyk Jöhit muzeýiniñ we "Hoşniýetlilik" merkeziniñ gurluşygyna-da ep-esli maddy kömegini etdi. "Çelsiniñ" içinde-de antisemitizme garşy iş geçirmegi ýola goýan Abramowiçiñ jöhitlere berýän goldawy Russiýanyñ daşyndaky ABŞ-ly we BK-ly belli-başly guramalara-da baryp ýetdi. Jöhitleriñ hak-hukuklaryny goramak maksady bilen gurlan, ştab-kwartirasy ABŞ-da ýerleşen "Töhmetlere we ret edilmelere garşy göreş" bileleşigi-de bu guramalaryñ biri boldy. Ysraýylyñ prezidenti Isaak Hersog noýabrda Abramowiçiñ edýän işlerini "sportyñ ýagşylyk we hoşniýetlilik üçin nähili uly güýç bolup biljekdiginiñ aýdyñ mysaly" diýip baha berdi. Abramowiçiñ soñky ýigrimi ýylda jöhit haýyr-sahawat guramalaryna ýarym milliard dollar bagyşlandygy çak edilýär. • Palestinadaky täze göçüp gelýän jöhitler üçin gurulýan ilatly nokatlary goldaýandygy öñe sürülýär Abramowiçiñ ysraýyl göçegçilerine-de goldaw berýändigi we muny mäkäm gizleýändigi öñe sürülýär. "BBC Arabic" habarlar gullugynyñ 2020-nji ýylda geçiren barlagynyñ netijesi Abramowiçiñ Britaniýanyñ Wirjiniýa adalarynda ýörite hasaba alynan göçme şereketleri ulanýandygyny we "Ir David" fondy diýen ysraýylly ekstremistik topara 100 million dollardan gowrak haýyr-sahawat kömegini edendigini ýüze çykardy. "Elad" diýibem tanalýan topar segseninji ýyllardan bäri jöhit göçegçilerini okkupasiýa astyndaky Gündogar Ierusalime göçürip getirmek işleri bilen meşgullanýar. Barlaglar "Eladyñ" 2005-2018-jji ýyllarda alan haýyr-sahawat kömekleriniñ ýarsyna golaýynyñ añyrsynda Abramowiçiñ durandygyny aýdýar. Ysraýyl merkezli "Peace Now" parahatçylyk toparynyñ deñdeş başlygy Hagit Ofran "Göçüp gelýänleriñ palestinalylaryñ öýlerini zor bilen eýelemek üçin ummasyz köp pula mätäçlikleri bar" diýdi: "Bu diñe bir adamdan gelýän ummasyz pul. Şunça köp haýyr-sahawat kömeginiñ näme üçin edilýändigini özüñiz pikir ediberiñ". • Abramowiç Ysraýylyñ rus syýasatyna täsirini ýetirip bilýärmi? 2018-nji ýylda Abramowiç gaýdyp geliş kanunyna laýyklykda Ysraýylyñ raýaty boldy. Şeýlelik bilen ol Miriam Adelsonyñ yzyndan iñ baý ikinji ysraýylly boldy. Ýewropa we amerikan hökümetleri Abramowiçe sanksiýa girizmegi pikir edip durka, Ysraýyl bu meselä ikirjiñlenmeli çemeleşdi. Häzire çenli Ysraýylyñ premýer-ministri Naftali Bennettiñem beýanatlarynda Russiýanyñ adyny agzamakdan gaça durýandygy göze ildi. Premýer-ministriñ rus goşunlarynyñ Ukraina çozmagynyñ yzysüre özüni alyp barşy jedel turuzdy. Bennett ýaraşyk baglaşymagyny umyt edýändigini aýdyp gepleşik geçirmäge çagyrypdy we Ukrainanyñ territorial bitewiliginiñ tarapynda durýandygyny mälim edipdi. Emma beýanatda "Russiýa" sözüniñ ýeke gezegem agzalmazlygy ünsi çekdi. Synçylaryñ aýtmagyna görä bu ýagdaý uly möçberde Ýakyn Gündogardaky syýasy sazlaşyklardan gelip çykýar. Ýöne ysraýyllylar bilen ruslaryñ arasyndaky giñ gerimli maliýe we şahsy gatnaşuklaryñam şu çemeleşmede täsirlidigi pikir edilýär. Abramowiç munuñ iñ aýdyñ mysaly bolup orta çykýar. Rus we ukrain delegasiýalarynyñ üçünji gepleşiginiñ şu gün geçirilmegine garaşylýar (AA) • Abramowiçiñ gepleşiklerdäki roly Beýleki bir ýandan Ukraina hem jöhitler üçin möhüm ýurt. Jöhit ilatynyñ köplügi boýunça dünýäniñ bäşinji, Ýewropanyñam üçünji ýurdy bolan Ukrainanyñ döwlet ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý Kiýewdäki "Holokost" ýadygärlik binasynyñ ýakynyna raketa düşendigini aýdypdy. Özi-de jöhit bolan Zelenskiý beýanatynda dünýäniñ çar künjündäki jöhitleri Russiýanyñ agressiýasyna garşy seslenmäge çagyrypdy. Şol ikiarada Russiýadaky beýleki jöhit oligarhlar hem ýaraşyga çagyryş etmekde gijikmedi. Munuñ yzysüre Abramowiçiñ Belarus serhedinde bolup geçen ýaraşyk gepleşiklerinde rol oýnandygy orta çykdy. "The Jerusalem Post" gazeti Ukrainantñ talaby boýunça milliarderiñ gepleşiklerde araçyluk edýändigini aýtdy. Habarda Abramowiçiñ gepleşiklere gatnaşmak üçin Ukraina gidendigi aýdylýar. Ysraýylly metbugat organy şeýle-de Abramowiçiñ Ukrainadaky we Russiýadaky jöhit jemagatlary bilen ýakyn gatnaşyklarynyñ bardygyny belleýär. Ukrainanyñ Ysraýyldaku adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçusi Ýewgen Korniçuk Abramowiçiñ gepleşiklere gatnaşýandygy barada üýtgeşik zat aýtmasa-da, "Ýeterlik täsiri bolan, ýardam edip hiljek islendik kişä minnetdardyrys" diýdi. "Jewish Currents", "BBC Arabic", "Jerusalem Post" gazetleriniñ maglumatlary esasynda taýýarlandy. Taýýarlan Çagla ÜREN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||